14.05.2021

Ministrler Kabinetiniň we Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy.

Gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi.

Döwlet Baştu...

13.05.2021

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň başynda ýapon Hökümetiniň baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly, gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi. Mälikguly aganyň yhlasly zähmeti, Türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzm...

14.05.2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Pursatdan peýdalanyp, Prezi...

14.05.2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de türkmen we gyrgyz halklaryna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Söhbetdeşler umumadamzat ahlak gymmatlyklaryny we ruhy ösüşi alamatlandy...

14.05.2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym- Jomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Goňşy döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar. Rehimdarlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk ýaly umuma...

Habarlar