Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

07.10.2021

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglygyny hem-de Russiýanyň dostlukly halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putiniň baştutanlygynda Russiýa Federasiýasynyň döwletlilik, okgunly durmuş-ykdysady ösüş, halkara giňişlikde ýurduň abraýyny pugtalandyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny nygtady. Türkmenistanda geçen ýyllaryň dowamynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolandygyna hem-de strategik hyzmatdaşlygyň derejesine çykandygyna ýokary baha berilýär.

Russiýanyň Baştutany gutlaglar we mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine, öňden gelýän dostluk hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Telefon arkaly gürrüňdeşligiň dowamynda söhbetdeşler türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde giň ugurlar boýunça okgunly we üstünlikli ösdürilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ugruny we halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin Russiýa minnetdardygyny belledi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar netijeli we yzygiderli häsiýete eýedir. Bu bolsa özara gyzyklanma bildirilýän möhüm ählumumy we sebit meseleleri, şol sanda Owganystandaky ýagdaý bilen bagly meseleler barada içgin pikir alyşmaga ýardam edýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Hazar «bäşliginiň” çäklerinde özara gatnaşyklar köptaraply hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň şu ýyl Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmen tarapy dünýädäki ýeňil bolmadyk pandemiýa zerarly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýa düşünmek bilen, bu sammitiň ýüzbe-ýüz görnüşde geçirilmegini möhüm hasaplaýar. Munuň özi häzirki wagtda gün tertibinde durýan wajyp meselelere içgin seretmek zerurlygy bilen şertlendirilendir. Şolaryň hatarynda durnuklylyk we howpsuzlyk, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak, Hazarda ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri bar. Mundan başga-da, sammit Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklaryny geçirmäge mümkinçilik döreder. Zerur bolan ýagdaýynda, Türkmenistan sammiti guramak meseleleri boýunça içgin pikir alyşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň wekilini kabul etmäge taýýardyr.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň artandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmen statistikasyna laýyklykda, şu ýylyň 8 aýynda, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, haryt dolanyşygy 12,5 göterim artdy. 2021-nji ýylyň 8 aýynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 1 milliard 86 million amerikan dollaryna barabar boldy.

Şunuň bilen birlikde, özara iberilýän harytlaryň sanawynyň yzygiderli giňelýändigi bellenildi. Munuň özi bolsa hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Nebitgaz ulgamynda hem-de gazhimiýa, awtomobil senagaty, gämigurluşyk, howa ulagy we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär.

Ikitaraplaýyn hökümetara toparyň işi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň täsirli guraly bolup durýar. Häzirki wagtda bu toparyň Russiýa tarapyndan başlygy — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň wise-premýeri Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistanda bolýandygy bellenildi. Şu gün bu toparyň başlyklarynyň giňişleýin duşuşygyny geçirmek, iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek hem-de Russiýanyň wekiliýetiniň agzalary üçin ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini guramak göz öňünde tutulýar.

Iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky özara gatnaşyklar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan welaýaty, Tatarystan Respublikasy hem-de Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleri bilen gatnaşyklaryň ep-esli işjeňleşendigi bellenildi. Munuň özi tutuş döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine ýardam edýär.

Şeýle hem ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça däp bolan hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi nygtaldy. Häzirki wagtda türkmen talyplarynyň 36 müňe golaýynyň Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygy netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýar. Biziň ýurtlarymyz mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň şu we beýleki ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermegi göz öňünde tutýarlar.

Häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, aýratyn hem dünýäde koronawirus ýokanjynyň pandemiýasynyň dowam edýändigini nazara almak bilen, saglygy goraýyş ugry boýunça hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Russiýanyň Baştutanyna ýurtda öndürilen waksinalaryň, PZR test-ulgamlarynyň hem-de derman serişdeleriniň Türkmenistana iberilmegine goldaw berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna berk ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Habarlar