Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary başlandy

04.10.2021

Şu gün günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Şanly waka mynasybetli Özbegistanyň paýtagtynyň howa menzili iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezeldi.

Haly düşelen ýodajygyň ugry boýunça Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uçaryň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Däbe görä, belent mertebeli myhmany milli lybasdaky çagalar uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Soňra türkmen we özbek Liderleriniň awtoulag kerweni howa menzilinden Garaşsyzlyk meýdançasynda ýerleşýän Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik binasyna tarap ugrady. Döwlet berkararlygyny, özygtyýarlylygy hem-de özbek halkynyň abadan durmuşa bolan arzuw-hyýallaryny alamatlandyrýan bu ýadygärlik Daşkent şäheriniň ajaýyp künjekleriniň birini bezeýär.

Granit daşyndan bina edilen bu ýadygärlikde Özbegistanyň çäkleri görkezilen Ýer togalagy şekillendirilipdir. Binanyň ýanynda “Bagtyýar ene” diýen ýene bir ýadygärlik oturdylypdyr. Onda elinde perzendini saklaýan enäniň heýkeli goýlupdyr. Çuňňur many-mazmuna beslenen enäniň bu keşbi nesilleriň dowamatlylygyny, köpasyrlyk milli ýörelgelere hem-de ruhy gymmatlyklara aýawly çemeleşilmegini aňladýar hem-de bu ýörelgeler häzir hem özbek halkynyň agzybirligini we jebisligini üpjün edýär.

Belent ýadygärligiň etegine gül dessesini goýmak dabarasy tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Baştutany Özbegistanyň Prezidenti bilen bilelikde awtoulagda “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugraýar.

5-nji oktýabrda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler, onuň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew taraplaryň mundan beýläk-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de bar bolan kuwwatlyklaryň has doly durmuşa geçirilmegi boýunça mümkinçiliklere gararlar.

Möhüm ähmiýeti bolan bu sapara taýýarlyk işleriniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellemek gerek. Onda 1993-nji ýylyň fewral aýynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýan iki ýurduň häzirki wagtda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi.

Diňe 2007—2021-nji ýyllar aralygyndaky döwürde ýokary derejedäki özara döwlet, resmi hem-de iş saparlarynyň 23-si amala aşyryldy, olar soňky döwürde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň hem-de sebit düzümleriniň — BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň we beýlekileriň ugry boýunça üstünlikli alnyp barylýan netijeli gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam berdi.

Ýurtlaryň ikisi hem öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklara uly umyt baglaýar, bu gepleşikler diňe bir uzak möhletleýin, özara bähbitli esasda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek babatynda däl-de, Merkezi Aziýa sebitiniň giňişliklerinde işjeň ösdürilýän gatnaşyklary hasaba almak bilen hem örän möhümdir.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Özbegistan sebit işleriniň oňyn ösdürilmegine, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, sebitde ygtybarly parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň berkarar edilmegine ýardam bermäge gyzyklanmalarynda bitewi garaýyşlara eýerip, ählumumy ösüşe we abadançylyga ýardam berýärler.

Ýakyn goňşy döwletleriň doly derejeli, işjeň hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy ählumumy bähbitler üçin oňyn halkara gatnaşyklary ugur edinýän Türkmenistanyň daşary syýasatyň örän möhüm we ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

Döwlet Baştutanymyzyň Özbegistana şu gezekki resmi sapary mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gadymy ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm sahypany açar.

Häzirki wagtda, döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda doganlyk döwletler öňden gelýän, her bir tarapyň durmuş-ykdysady ösüşiniň hem-de milli bähbitleriniň ileri tutulýan ugurlaryna doly kybap gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga özara gyzyklanma bildirýärler.

Eýýäm üstünlikli amala aşyrylan giň gerimli bilelikdäki taslamalar, hususan-da, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurulmagy hem-de durmuşa geçirilmegi ýaňy-ýakynda meýilleşdirilen taslamalar hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýediginiň subutnamalarydyr.

Özbegistan ýurdumyzyň öňe sürýän möhüm dünýä ähmiýetli, şol sanda häzirki zaman ulag düzümlerini kemala getirmek hem-de täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar, bu başlangyçlar sebit hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň döwletara aragatnaşyklaryň hemişe ileri tutulýan ugry bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny bellemek gerek, muňa, ilkinji nobatda, ählumumy pandemiýanyň ýetirýän oňaýsyz täsirlerine garamazdan, iki ýurduň arasyndaky barha artýan haryt dolanyşygy hem şaýatlyk edýär. Taraplaryň bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen çuňlaşdyrylmagyna özara gyzyklanma bildirýändikleri geçen aýda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça geçirilen bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisinde hem tassyklanyldy.

Şu gün dostlukly ýurduň paýtagtyndaky ägirt uly häzirki zaman toplumynda — “Ýaşnabad” innowasion tehnoparkynda guralan türkmen-özbek ykdysady forumy ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşiklere işewürlik taýdan özboluşly badalga berdi, bu toplumda innowasion häsiýetli taslamalar amala aşyrylýar, dürli ugurlarda ylmy işläp taýýarlamalar we barlaglar geçirilýär.

Ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalaryna açyk asmanyň astyndaky meýdançada goýlan, Özbegistanda öndürilýän awtoulaglar hem-de oba hojalyk tehnikalary görkezildi, bu tehnikalar eýýäm Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özüniň netijelidigini subut etdi. Binanyň içinde hem daşary bazarlarda uly islege eýe bolan Özbegistanda öndürilýän harytlaryň dürli görnüşleri görkezildi.

Şu ýylyň awgust aýynyň başynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisinde hem belli özbek kompaniýalarynyň harytlarynyň uly üstünlik bilen görkezilendigini ýatladýarys.

Bularyň ählisi taraplaryň her biriniň ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm şerti bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ykdysady foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy uzak möhletleýin esasda guralýan hem-de iki ýurduň Liderleri tarapyndan amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksatlaryna doly kybap gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly üns berýärler.

Iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewürler toparlarynyň ýolbaşçylarynyň syn beriş çykyşlarynda dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna işjeň goşulyşýan goňşy ýurtlaryň üstünlikli amala aşyrýan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň many-mazmuny açylyp görkezildi.

Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň Türkmenistanyň we Özbegistanyň örän baý tebigy serişdeleriniň hem-de bar bolan ägirt uly ykdysady hem-de eksport kuwwatynyň dürli ugurlarda, hususan-da, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat, himiýa senagaty, elektroenergetika, oba hojalygy pudaklarynda, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.

Özbek tarapyna türkmen ykdysadyýetiniň binýatlyk pudaklarynyň gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän ähli babatlarda güýçli ykdysadyýetli hem-de adamlaryň barha ösýän abadançylygyny üpjün edýän we okgunly ösýän döwleti gurmak strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berýän ýörite wideoşekiller görkezildi.

Yzly-yzyna görkezilýän şekillerde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň ösüşini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça deňi-taýy bolmadyk giň möçberli işleriň barşy hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde täze obalary we şäherleri, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen iri senagat kärhanalaryny, durmuş-medeni we düzümleýin maksatly köp sanly desgalary gurmak boýunça taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylyşy barada gürrüň berilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işi hem giňden beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynda ýurdumyzyň telekeçilerine milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda, eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde uly orun berilýär.

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň wekillerini innowasion ykdysadyýeti döretmäge çekmek bilen, olara uly goldaw berilýär. Bu bolsa ýurdumyzda öndürilen harytlaryň içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönüden-göni ýardam edýär.

Häzir Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary iş ýüzünde öňdebaryjy işläp düzmeleri ulanmak arkaly giň möçberli şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Günbe-günden özgerýän ak mermerli Aşgabatda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde dürli maksatly täze desgalaryň gurluşyklary munuň aýdyň mysalydyr. Ýokary innowasion tehnologiýalar hem-de nou-haular şol gurluşyklaryň aýrylmaz bölegidir.

Forumyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary geljegi has uly bolan ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleriň birnäçesini bellediler. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, önümçilik birleşmelerini giňeltmek we çuňlaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek, täze tehnologik işläp düzmeleri ulanmak hem-de innowasion ykdysadyýeti döretmek boýunça işjeň tejribe alyşmak bilelikdäki işiň esasy ugrudyr. Yzygiderli esasda işewürler maslahatlaryny, ykdysady sergileri, işjeň duşuşyklary hem-de gepleşikleri geçirmek şol işleriň ilerlemegine gönüden-göni ýardam eder.

Ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine, şol sanda jemi ABŞ-nyň 13,5 million dollaryna golaý bolan eksport-import amallaryny amala aşyrmak baradaky resminamalara gol çekilmegi Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlylygynyň, ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasy boldy.

Türkmen-özbek ykdysady forumyna gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň iki döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Forum tamamlanandan soň, aýry-aýry ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet we hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Habarlar