Türkmenistanyň Prezidenti TASS agentligine interwýu berdi

02.10.2021

Häzirki döwürde Garaşsyz Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda maglumat alyşmak we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça gatnaşyk etmek babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.

Iri habarlar agentlikleri, abraýly neşirler, meşhur habar beriş ýaýlymlary bilen bilelikde, Garaşsyz Türkmen döwletiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek, ýurdumyzyň halkara maglumat giňişligine goşulyşmagy, täzelik habarlaryny, syn beriş makalalaryny metbugat we elektron köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda internet giňişliginde ýerleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biri Russiýa Federasiýasynyň TASS diýen meşhur döwlet habarlar agentligidir. Türkmenistan bu agentlige ýurtlaryň we halklaryň arasynda syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýän köpmillionly okyjysy bolan öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň biri hökmünde garaýar.

Ýaňy ýakynda «TASS» habarlar agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman Aşgabatda sapar bilen boldy. Onuň saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça ýurdumyzyň eýeleýän esasy ýörelgeleri barada interwýu berdi hem-de Russiýanyň hem-de daşary ýurtlaryň köp sanly okyjylaryny gyzyklandyrýan sowallara jogap berdi.

Interwýu dolulygyna ýakyn wagtda merkezi neşirlerde çap ediler.

Habarlar