Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlary

29.09.2021

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Ýakynda geçirilen telefon söhbetdeşligi üçin Size hoşallyk bildirmäge hem-de Sizi we Türkmenistanyň ähli raýatlaryny ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Ýewropa Bileleşiginiň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediň!

Soňky 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan öz döwletliligini berkarar etmek, syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda halkara derejede ösdürmek üçin uly tagallalary etdi.

Men Ýewropa Bileleşiginiň bu oňyn ösüşe öz goşandyny goşup bilendigine, şol sanda syýasy we ykdysady özgertmeleriň esasy wezipelerini çözmek, şeýle hem sebitiň çäklerinde gepleşikleri geçirmek arkaly goşant goşup bilendigine şatdyryn. Bu häzir Owganystandaky wakalar bilen baglylykda aýratyn möhümdir.

Pursatdan peýdalanyp, Ýewropa Bileleşiginiň geljekde hem Türkmenistan we onuň raýatlary üçin hoşniýetli, açyk, ygtybarly hyzmatdaş boljakdygyny tassyklamak isleýärin. 2019-njy ýylda ÝB-niň Aşgabatda wekilhanasynyň açylmagy bileleşigiň Siziň ýurduňyz bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär. Ýewropa Bileleşigi biziň gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin strategiýasynyň ruhunda has-da pugtalandyrmaga taýýardyr.

Biziň geljekki gatnaşyklarymyzyň, şeýle hem ÝB-niň tarapyndan ýardam edilmegi Siziň ýurduňyzyň ösmegine goşant boljakdygyna hem-de ähli türkmen raýatlary üçin mümkinçilikleri gowulandyrjakdygyna tüýs ýürekden umyt edýärin.

Şunuň bilen baglylykda, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýakynda bellenilen Ýörite wekili ilçi Tern Hakaladan onuň Türkmenistana amala aşyrjak saparynyň barşynda Siziň Hökümetiňiz bilen esasy ugurlarda sebit we ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy ilerletmek üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmagy haýyş etdim. Men şeýle hem ilçi T.Hakaladan Siziň 12-nji dekabrda geçirmegi meýilleşdirýän Bitaraplyk boýunça möhüm halkara maslahatda Ýewropa Bileleşigine wekilçilik etmegi haýyş etdim.

Size hem-de ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden bagt we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatly jenap Prezident! Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Tüýs ýürekden arzuwlar bilen,

Şarl Mişel,
Ýewropa Geňeşiniň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de mähirli arzuwlarymy, şeýle hem Siziň ýurduňyza we onuň halkyna bagtyýarlyk baradaky mähirli arzuwlarymy beýan edýärin.

Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Sauli Niinistýo,
Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Gruzin halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan edýärin.

Gruziýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň geljekde hem bilelikdäki tagallalar bilen ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Siziň ýurduňyz üçin şu möhüm baýramçylyk güni biziň halklarymyzyň rowaçlygynyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmäge taýýardygymy tassyklaýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, saglyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy kabul ediň!

Salome Zurabişwili,
Gruziýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi milli baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen mähirli gutlaýaryn.

Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň ösüş we rowaçlyk ýoluny dowam etjekdigine ynanýaryn.

Ermenistanyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary we däpleri biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de bar bolan mümkinçilikleri amala aşyrmak üçin mäkäm binýat bolup durýar.

Ermenistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy bilelikdäki tagallalar bilen has-da ösdürmegi üpjün etmegiň başartjakdygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk hem-de täze üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Armen Sarkisýan,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna gutlaglarymy hem-de abadançylyk we saglyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Filipp,
Belgiýanyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size hem-de ähli türkmenistanlylara tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy beýan edýärin.

Halkyňyzyň rowaçlykda we parahatçylykda ýaşamagyny Beýik Biribardan dileýärin.

Fransisk,
Rim Papasy.

Habarlar