Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

26.09.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Myhman Sankt-Peterburgyň ýaşaýjylarynyň hem-de hökümetiniň adyndan milli Liderimizi şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet ösüşiniň ýolunda ajaýyp üstünlikleri gazanandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasy, onuň iri we esasy senagat hem-de medeni merkezleri, şol sanda demirgazyk paýtagty bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Sankt-Peterburgy Türkmenistan bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar baglanyşdyrýar.

Netijeli häsiýete eýe bolan duşuşygyň çäklerinde uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy.

Hormatly Prezidentimiz we Sankt-Peterburgyň gubernatory soňky ýyllarda özara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belläp, köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, geçen ýylyň fewralynda gol çekilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarda 2020 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynda” bellenen ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň anyk ädimleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sankt-Peterburgyň gubernatory mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, okgunly ösýän Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabadyň gözelligine we arassalygyna haýran galýandygyny aýtdy hem-de türkmen Liderinden köp zatlary öwrenýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda A.Beglow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmenistanlylary döwlet Garaşsyzlygynyň şanly senesi bilen ýene-de bir gezek gutlap, uly baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagyň hem-de doganlyk türkmen halky bilen toý şatlygyny paýlaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

***

Şu gün Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary R.Meredow we S.Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýaly hyzmatdaşlar geljegi uly ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, milli Liderimiziň öňe süren giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Habarlar