Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

25.09.2021

Şu gün paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilip, ol döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilýän maslahatyň gün tertibine özbaşdaklyk ýyllary içinde gazanylan netijeleri jemlemek, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň baş maksady eziz Diýarymyzy ösdürmek hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek bolup durýar.

Häzirki döwürde şöhratly ata-babalarymyzyň wesýet eden milli halk häkimiýetlilik ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ata Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmelere hil taýdan täze itergi berildi. Ýurdumyzda iki palataly parlamentiň — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Onuň düzümine Halk Maslahaty we Mejlis girdi. Bu waka ýurdumyzyň parlamentiniň taryhynda täze sahypany açdy. Şu ýylyň martynda geçirilen Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen demokratik gymmatlyklaryna ygrarlydygyny görkezdi.

Halk Maslahatynyň mejlisine Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiniň deputatlary, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, talyp ýaşlar bar.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgüne geldi. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy dowamly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine ynamly gadam urýar.

Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, 2021-nji ýyl ýurdumyz üçin ähmiýetli bolan ýyl hökmünde taryha girer diýip belledi. Häzir biz ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde we bitewülikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden we dabaraly belleýäris. Ata Watanymyz şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýini ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Garaşsyz ýurdumyzda dabaraly bellenýän her bir şanly sene ata Watanymyza bolan buýsanç duýgulary bilen kalbymyzy joşduryp, berkarar döwletimizi ösüşiň täze sepgitlerine ruhlandyrýan özboluşly itergi beriji güýç bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda bu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Gysga taryhy döwrüň içinde biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň berk esasy döredildi. Halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly öwrülişik bolup geçdi. Düýpli täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Biziň döwlet Garaşsyzlygymyz ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny hasyl etmäge mümkinçilik berdi diýip, milli Liderimiz belledi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny dabaraly baýram etmek maksady bilen, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giň möçberli çäreler geçirildi. Bu çäreler Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Diýarymyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmeleriň taryhy ähmiýetini, ýurdumyzyň gazanan halkara abraýyny dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmäge mümkinçilik berdi.

Şanly sene mynasybetli geçirilen çäreler mähriban halkymyza Garaşsyzlyk, öz ýurduňa, topragyňa, onuň ýerasty we ýerüsti baýlyklaryna, olaryň netijelerini görmek bagtyna eýe bolmak hakyndaky mukaddes düşünje barada has düýpli oýlanmaga ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak islegini artdyrar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiniň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň, ähli pudaklarda işleýän müňlerçe hünärmenleriň ýylyň dowamynda bu ugurda uly jemgyýetçilik-syýasy hem-de düşündiriş işlerini geçirendigini bellemek isleýärin diýip belledi.

Bu çäreler türkmen jemgyýetiniň häzirki döwürde gazanan ösüş derejesi barada oýlanmakda we oňa baha bermekde möhümdir. Bu üstünlikleri adamlara, aýratyn-da, ýaşlara ýetirmekde, häzirki taryhy döwrüň hakykatyny açyp görkezip, halkymyzda Garaşsyz Watanymyza buýsanç duýgusyny terbiýelemekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärelerde we duşuşyklarda eziz Diýarymyzyň hakyky keşbi, merdana halkymyzyň erkin we bagtyýar durmuşy, egsilmez maddy hem-de ruhy mümkinçilikleri, synmaz erki açylyp görkezildi.

Şu gün Halk Maslahatynyň mejlisinde dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan çykyşlar diňleniler, Garaşsyzlyk ýyllarynda hemişelik Bitarap Watanymyzyň gazanan taryhy üstünlikleriniň jemleri jemleniler we geçen ösüş ýoly seljeriler. Geljek üçin maksatlar we wezipeler, ileri tutulýan ugurlar kesgitlener. Şeýle hem döwlet sylaglaryna mynasyp bolan raýatlarymyzy sylaglarys we olara hormatly atlary dakarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik kadalaryna eýerýän türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşyny şöhratlandyrýan Halk Maslahatynyň şu günki mejlisi biziň her birimizi täze ýeňişlere hem-de zähmet üstünliklerine ruhlandyrsyn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik baýramy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Bu ýere ýygnananlar Senanyň sözlerini uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirýärler.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylaryň öňünde uly maksatnamalaýyn çykyş etdi.

Milli Liderimiz ýygnananlara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýyl bolan 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda biz ýurdumyzyň baş baýramyny, eziz Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýini aýratyn buýsanç bilen garşylaýarys diýip belledi. Bu sene Garaşsyz ýurdumyzyň hem-de agzybir halkymyzyň abraý-mertebesini we şan-şöhratyny arşa göterýän, biziň her birimizi täze, has belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mundan 30 ýyl ozal — 1991-nji ýylyň güýzünde biziň Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň döredilendigini hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilendigini belläp, mejlise gatnaşyjylara we ýurdumyzyň merdana halkyna berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.

Ata Watanymyzyň täze taryhy, biziň gazanan üstünliklerimizdir ösüşlerimiz milli Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Özbaşdaklyk zamanynyň her bir güni, her aýy we ýyly, her onýyllygy örän möhüm syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik wakalaryndan doly boldy. Siziň köpiňiz bu wakalaryň janly şaýady bolduňyz, şol wakalara işjeň gatnaşdyňyz diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Türkmenistan beýik Garaşsyzlygynyň gysga taryhy döwründe bütin dünýäde belent at-abraýa we mertebä eýe bolan özbaşdak döwlete öwrüldi diýip, milli Liderimiz nygtady. Garaşsyzlyk merdana ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak hakyndaky arzuw-isleglerini amala aşyrmak üçin bize şert döretdi. Şu döwürde biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň berk esaslary goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkymyzyň aňynda, medeni we ruhy durmuşynda uly özgerişler bolup geçdi, düýbünden täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Biziň döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan we nesillerden-nesillere geçirip gelýän maddy we ruhy gymmatlyklaryny, belent ynsanperwer däplerini gaýtaryp berdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda, şol sanda daşary syýasatda, senagatda, innowasion hem-de durmuş ösüşinde uly üstünlikler gazanyldy. Demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda biz şol milli tejribämize, şeýle hem ösen döwletleriň tejribesine daýandyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny yglan edip, ýönekeý bolmadyk iň kynçylykly döwürde döwletimize ýolbaşçylyk eden ýurdumyzyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowyň hatyrasyny belent tutýarys. Onuň ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň ägirt uly özgertmeleri amala aşyrandygyny hemişe ýatlarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Şol döwürde döwlet gurluşyny düzgünleşdirýän, dünýä we milli demokratik tejribesine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynadyr düzgünlerine laýyk gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Türkmen halkynyň taryhynyň, medeni-ruhy mirasynyň özboluşly beýany hökmünde döwlet nyşanlarymyz bolan Döwlet baýdagymyz, Döwlet tugramyz we Döwlet senamyz döredildi.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasy esasynda döwletiň we jemgyýetiň, her bir şahsyýetiň bähbitlerini düzgünleşdirmäge hem-de deňligini üpjün etmäge gönükdirilen kanunlar işlenip düzüldi. Harby, hukuk goraýjy we milli howpsuzlyk edaralary düýpli özgerdildi. Türkmenistanyň milli goşuny, şol sanda Guryýer goşunlary, Harby-howa we Harby-deňiz güýçleri, Serhet goşunlary döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ýurdumyzda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli puluň dolanyşyga girizilendigini belledi.

Soňra milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasynda Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr diýlip beýan edilýär. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridigi nygtalýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda her bir adamyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny amala aşyrmak, döwletiň we jemgyýetiň demokratik kadalaryny hem-de hukuk esaslaryny berkitmek döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Konstitusiýasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň, Adam hukuklary baradaky ählumumy Jarnamanyň maksatlaryna we kadalaryna ygrarlydygy tassyklanýar. Şu maksat bilen, ýurdumyzda Adam hukuklary boýunça milli meýilnama kabul edildi. Bu meýilnama adam hukuklaryny berjaý etmegiň köp ugurlydygyny göz öňünde tutýar hem-de geljekde kämilleşdirmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda, zenanlar bilen erkekler üçin deň hukuklary üpjün etmek düzgüni hem biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edilmegi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny özbaşdak kesgitlemek üçin amatly şertleri döretdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Merdana ata-babalarymyzyň jemgyýetimizi birleşdirýän milli döwleti döretmek baradaky arzuwlaryny goldanyp, täze demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak, täze raýat jemgyýetini döretmek, ýurdumyzy dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň birine öwürmek boýunça tapgyrlaýyn işler amala aşyryldy.

Geçen döwürde raýatlarymyzyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, bäsleşige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu işler häzirki döwürde hem netijeli dowam edýär.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň möçberiniň 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçendigini belledi. Bu serişdeleriň 60 göterimden hem köpüsi senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy onuň umumy möçberiniň 15 göterimine golaýlaýar. «Adam maýasyna», ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna hem köp serişdeler goýberildi. Häzirki döwürde Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň maliýe taýdan durnukly ösüşi saklanýar.

Ýurdumyzyň nebitgaz gorlary hojalyk pudaklaryny durnukly ösdürmek üçin zerur bolan düýpli maýa goýumlaryny toplamakda aýratyn orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly daýanjyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz uglewodorod serişdeleriniň dünýä ähmiýetli gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ägirt uly energiýa mümkinçiliklerini öz halkynyň we bütin adamzadyň bähbidine netijeli peýdalanmaga jogapkärli çemeleşip, bu ugurda anyk, yzygiderli ädimleri ädýändigini belledi.

Tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek «mawy ýangyjyň» gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm maksatlaryndan biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan kabul eden Rezolýusiýasy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmagyň hem uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti bardyr. Türkmen tebigy gazynyň täze energetika köprüsi Günorta Aziýanyň uly ýurtlaryna ony uzak möhletleýin ibermegi üpjün edip, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. Sebitde işewür hyzmatdaşlygy, parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrar.

Energetika senagaty hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolup durýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda täze kuwwatly elektrik stansiýalaryny gurup, ulanmaga bermek, hereket edýän gazturbinaly elektrik stansiýalaryny döwrebap ýagdaýa getirmek hem-de olaryň täzelerini gurmak boýunça depginli işler alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda halkalaýyn energetika ulgamy döredildi. Häzirki zaman energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary peýdalanmak esasynda elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak, ýerli tebigy-howa şertlerini nazara alyp, Gün we ýel energiýasyny almak bilen bagly taslamalary amala aşyrmak boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Mary welaýatynda Merkezi Aziýada iň uly ýokary tehnologiýaly elektrik stansiýasy guruldy. Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli bolsa, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megawat bolan gazturbinaly täze elektrik stansiýasy ulanmaga berildi. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda Gün we ýel elektrik energiýasyny öndürýän stansiýany gurmak hem göz öňünde tutulýar. Bu işleriň ählisi ata Watanymyzy elektrik energiýasy bilen özüni doly üpjün edýän we ony daşary ýurtlara hem ibermäge örän uly mümkinçiligi bolan döwlete öwürýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalyk pudagy hem yzygiderli ösüşe eýe boldy. Ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň bütewi ulgamyna laýyklykda, her ýyl bu pudaga köp möçberde maýa goýumlary goýulýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şeýle hem ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň hasylyny ýokarlandyrmak, seleksiýany we tohumçylygy ylmy esasda ösdürmek, oba hojalygyna has tygşytly tehnologiýalary, iň öňdebaryjy ylmy-tehniki usullary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman galla we maldarçylyk toplumlary, ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar guruldy. Dünýäniň öňdebaryjy firmalarynyň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalary, däne hem-de pagta ýygýan kombaýnlary yzygiderli satyn alynýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenabat şäherindäki himiýa kärhanasynda, «Tejenkarbamid», «Marykarbamid» we «Garabogazkarbamid» zawodlarynda, «Balkanabat» hem-de «Bereket» ýod kärhanalarynda, «Maryazot» we «Garabogazsulfat» önümçilik birleşiklerinde ýokary hilli mineral dökünler we himiýa önümleri öndürilýär. Munuň özi zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, gallanyň we gowaçanyň, şalynyňdyr gant şugundyrynyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmäge, azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ak bugdaýyň ýurdy bolan Garaşsyz döwletimizde şu ýyl gallaçylarymyzyň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan hem köp däne tabşyrandygyny kanagatlanma bilen belledi. Bu ajaýyp netije zähmetsöýer daýhanlarymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň şanly baýramyna mynasyp sowgadydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde we bol hasyl almakda ýaşaýşyň çeşmesi bolan suwa hemişe aýratyn orun degişlidir. Gadymy türkmen topragy suwarymly ekerançylygyň ilkinji mekanlarynyň biri bolupdyr. Ata-babalarymyz bol hasyl berýän bereketli toprakda ýaşamak bilen, ýeri işläp bejermegiň, suwa sarpa goýmagyň we ony tygşytly ulanmagyň nusgalyk usullaryny bize miras galdyrypdyr. Suw damjasyny altyn dänesine deňäp, dag jülgelerinden gözbaş alýan çeşmeleriň, ýaplaryňdyr akabalaryň suwuny tygşytly ulanypdyr.

Şoňa görä-de, halkymyz «Suw damjasy — altyn dänesi», «Daýhanyň hazynasy — ýer, suw», «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl» ýaly, suw bilen bagly köp sanly nakyllary döredipdir. Biziň günlerimizde hem, ata-babalarymyzyň parasatly däplerine eýerip, suwy tygşytly we netijeli ulanmak döwlet syýasatymyzyň örän möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Suw hojalyk desgalarydyr ulgamlary gurlanda, ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň häzirki zaman usullary ulanylýar.

Biz Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, zeý suwlaryny toplaýan «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurup, ýurdumyzda daşky gurşawa aýawly garamak boýunça möhüm işleriň amala aşyrylýandygyny bütin dünýä görkezdik. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda göwrümi 18 million kub metr bolan howdany ulanmaga berdik, Bu taslamanyň amala aşyrylmagy suw serişdelerini aýawly ulanmakda we oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda ýene-de bir möhüm ädim boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Daşky gurşawyň arassalygyny we baýlygyny gorap saklamak, tebigy serişdelere aýawly garamak we olary tygşytly ulanmak, önümçilige ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça işleri amala aşyryp, biziň ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm ekologiýa we suw meselelerini çözmekde abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Aşgabatda sebit merkezini açmak, Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny we Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky biziň tekliplerimiz dünýäde giň goldaw tapdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda hem Türkmenistan howanyň üýtgemegine getirýän ýaramaz täsirleri azaltmak we oňa uýgunlaşmak maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça teklipleri öňe sürdi. Ýurdumyz çölleşmä garşy göreşmek, suw we energetika serişdelerini aýawly ulanmak, daşky gurşawy goramak, serişde tygşytlaýjy hem-de «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga, şol sanda dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge gönükdirilen taslamalarydyr maksatnamalary taýýarlamak baradaky başlangyçlar bilen çykyş etdi.

«Türkmenistanyň Aral boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň», «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» rejelenen görnüşiniň, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň we sebitiň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň esasy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

«Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» diýlişi ýaly, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza eýerip, her ýyl ýurdumyzda millionlarça düýp bag nahallaryny ekmek indi asylly däbe öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçen ýyl Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we welaýatlarda 25 million düýp miweli, saýaly, pürli baglar hem-de üzüm ekilen bolsa, bu ýyl Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ilkinji gezek 30 million düýp nahal oturtmak göz öňünde tutulýar.

Soňra milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz Diýarymyzyň önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge, iş orunlaryny artdyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça-da uly işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, ýurdumyzda köp sanly häzirki zaman tehnologiýaly kärhanalardyr zawodlar gurlup ulanmaga berildi. Diňe soňky döwürde Mary we Garabogaz karbamid zawodlary, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod we «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy bina edildi. Bu kärhanalaryň önümleri ýurdumyza daşary ýurt pulunda goşmaça girdejileri getirýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzdaky 80-den gowrak iri dokma kärhanasynda dürli nah we garyşyk ýüplük taýýarlanýar. Dünýä bazarlarynda uly isleg döredýän tüýjümek, jins we örme matalar, köp görnüşli taýýar eginbaşlardyr el halylary öndürilýär. Ýaňy-ýakynda hem Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze dokma toplumy işe girizildi we Babadaýhan etrabynda-da ýene bir dokma toplumyny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Häzirki döwür täze garaýyşlarydyr innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýalara we düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Biz milli ykdysadyýetimiziň täze, depginli ösýän ugruna öwrülen elektron senagaty döredýäris. Häzirki döwürde ýurdumyzda smart-telewizorlar, noutbuklar, planşetler, monobloklar, sensorly ekrany bolan kompýuterler, çek-printerler, skanerler we beýleki görnüşdäki elektron önümler öndürilýär.

Bu ugurda biz ylmy-barlag edaralary we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri, elektron aragatnaşygyň önümçilik kärhanalary bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyny geljekki ösüşiň esasy şertlerinden biri hasaplaýarys. Senagat we awtomobil elektronikasyny, lukmançylyk hem-de kompýuter tehnikasyny, elektron we beýleki harytlary öndürmek, şeýle hem täze kärhanalary döretmek zerur diýip pikir edýäris.

Telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi size gowy mälimdir. Häzirki döwürde kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin has amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, azyk bolçulygyny döretmekde, senagat kärhanalarydyr söwda merkezlerini, häzirki zaman obalaryny gurmakda hususy pudaga uly orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bäsdeşlige ukyply, import harytlarynyň ornuny tutýan, eksporta niýetlenen ýokary hilli önümleri öndürýän, Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoluny hem-de Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezini gurýan we beýleki iri taslamalary amala aşyrýan hususy kärhanalaryň alyp barýan işlerini aýratyn belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy baradaky alada biziň döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 43 milliard 800 million manat gönükdirildi we özleşdirildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda 91 hassahana, 153 saglyk öýi we merkezi, 85 medeniýet öýi, 370 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 529 orta mekdep, 117 sport mekdebi, 86 sany sport desgasy, 7 müň kilometre golaý awtomobil ýollary guruldy. Bulardan başga-da, umumy meýdany 42 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi, köp sanly beýleki durmuş maksatly taslamalar amala aşyryldy.

Täze önümçilik we durmuş maksatly desgalary, awtomobil hem-de demir ýollary, köprüleri gurmagyň halkara we milli taslamalary üstünlikli amala aşyryldy. Şol desgalaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Eýran, Gündogar — Günbatar gaz geçirijilerini bellemek bolar. Şonuň ýaly-da transmilli Demirgazyk — Günorta, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýollaryny, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprülerini, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny mysal getirmek bolar. Bu Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan ägirt uly işleriň diňe bir bölegidir.

Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi, döwletimiziň älem giňişligini özleşdirýän ýurtlaryň hataryna goşulmagy, şäherdir obalarymyzyň özgerdilmegi, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülmegi ata Watanymyzyň gazanan bu beýik üstünliklerine we ýeňişlerine buýsanç duýgularyny döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ykdysadyýetimiziň çalt ösýän we geljegi uly pudaklary bolan ulag hem-de aragatnaşyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge hem aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugurlary amala aşyrylýan ulag-logistika strategiýasynyň esasynda goýuldy. Bu ulgamlara dünýä ylmynyň gazanan üstünliklerini we häzirki döwrüň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak esasynda demir ýol, awtomobil, howa, deňiz hem-de derýa üpjünçilik desgalarynyň düýpli durky täzelenýär. Dünýä belli kompaniýalaryň öndürýän ýolagçy awtobuslary, ýeňil we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Bu strategiýanyň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa ulag ulgamyna ýurdumyzyň işjeň goşulmagyna ýardam berýär. Garaşsyz Watanymyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bäsdeşlige ukyply ulag üpjünçilik ulgamyny emele getirmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistan Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag gatnawlarynyň taslamasyny amala aşyrmak bilen, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli), Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, TRASEKA halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar.

Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň kenarynda Türkmenbaşy Halkara porty bina edildi. Ony diňe biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň hem «esasy deňiz derwezesi» diýip atlandyryp bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şu ýyl Akina — Andhoý menzilleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýol, Kerki — Şibirgan ugry boýunça uzynlygy 153 kilometr bolan elektrik geçiriji, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary ulanmaga berildi.

Biziň alyp barýan ulag syýasatymyzy dünýä jemgyýetçiligi işjeň goldaýar diýip, milli Liderimiz nygtady. Biziň başlangyçlarymyz we tekliplerimiz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy dört sany taryhy Rezolýusiýany kabul etdi.

Bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 75-nji maslahatynyň 96-njy umumy mejlisinde “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi 2021-nji ýylyň halkara derejede ykrar edilen ähmiýetli wakasy boldy.

Bu Rezolýusiýanyň kabul edilmegi halkara ulag we logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde täze mümkinçilikleri döretmäge, ony ählumumy hem-de sebit derejelerinde berkitmäge ýardam berer. Biziň uzak möhletli halkara strategiýalarymyzy we taslamalarymyzy ýerine ýetirmäge, Birleşen Milletler Guramasynyň 70-nji mejlisinde kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmaga hemaýat eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Häzirki döwrüň ylmy-tehniki ösüşine, iň täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanmak bilen, biz ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmekde baý tejribe topladyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Ruhy taýdan ösen, beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge hem uly üns berilýär. Öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda nesillerimiz üçin häzirki zaman bilimlerini ele almakda, ylym we döredijilik bilen meşgullanmakda giň mümkinçilikler döredilýär. Okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslary kämilleşdirilýär, milli maksatnamalar we konsepsiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen birlikde, jemgyýetimizi birleşdirýän we ruhlandyryjy güýç bolan milli medeniýetimizi ösdürmäge hem-de wagyz etmäge aýratyn üns berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Häzirki zaman teatrlary, kitaphanalarydyr muzeýleri, medeniýet öýleri milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň depginli ösýändiginiň aýdyň şaýadydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçen zamanlaryň ruhy aýratynlygyny, beýik ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyny özünde jemleýän milli mirasymyzy hem-de medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmek, gorap saklamak we öwrenmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna aýawly garalýandygyna şaýatlyk edýär. Geçmişden geljege geçirilýän gymmatlyk hökmünde döwürleriň arabaglanyşygyny beýan edip, nesilleri birleşdirýär. Sebäbi medeniýet halkyň kalbydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz jemgyýetde sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny emele getirmegi, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty has-da işjeňleşdirmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, bu ugurda uly işleriň geçirilýändigini belledi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzda birnäçe howply ýokanç keseller ýok edildi. Bu ugurda gazanylan üstünlikler üçin halkara güwänamalar we tassyknamalar berildi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyzda häzirki zaman hassahanalary we ylmy-kliniki merkezler, Olimpiýa şäherçesi, köpugurly sport toplumlary, stadionlar, sport meýdançalary guruldy. Sportuň döwrebap üpjünçilik ulgamlary döredildi.

Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, halkara Olimpiýa hereketiniň ösüşine mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzda Aziada — 2017, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça estafetalar we köpçülikleýin welosiped ýaryşlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýaly sport ýaryşlary ýokary derejede geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmen sportunyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medaly gazanyldy. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara giňişlikde sport abraýynyň belende galýandygyna şaýatlyk edýän örän ýokary sport üstünliginiň nyşanyna öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türgenlerimiziň mundan beýläk-de halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyny mynasyp gorajakdyklaryna, watansöýüjiligiň we sport ussatlygynyň aýdyň mysallaryny görkezjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejileriniň çalt depginler bilen artmagy ýurdumyzyň maýa goýum işjeňligine oňyn täsirini ýetirýär. Soňky ýyllaryň dowamynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi yzygiderli ýokarlanýar. Onuň serişdeleriniň köp bölegi jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlaryny goldamaga gönükdirilýär.

Welaýatlarda köp möçberde maliýe serişdeleri obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça işleri amala aşyrmak üçin sarp edilýär.

Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň uly bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, şol sanda saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, jemagat hojalygy ulgamlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilýär. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň, nyrh syýasatynyň oýlanyşykly alnyp barylmagynyň, hususy başlangyçlara goldaw berilmeginiň, goşmaça durmuş ýeňillikleriniň berilmeginiň hasabyna, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýokary netijeler gazanyldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça wezipeler kesgitlendi. Şol wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde biz häzirki we geljekki nesilleriň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, durnukly ösüşe geçmek boýunça zerur işleri amala aşyrýarys. Ilatymyzy elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk we bilim hyzmatlary bilen üpjün etmegi başardyk. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirini azaltmak boýunça hem zerur çäreler görüldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi babatda Türkmenistan dünýäde ýokary girdejili ýurtlaryň ortaça derejesine ýetdi. Bu bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň görkezijisidir. Bu üstünliklerimizi Halkara Pul gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki abraýly halkara guramalar tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, milli önüm, jemi içerki önüm, jemgyýetçilik önümçiliginiň möçberi, maýa goýumlar, pul dolanyşygynyň umumy möçberi ýaly makroykdysady görkezijiler ýokary derejede durnukly saklanýar. Bulardan başga-da, ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklaryny tehniki taýdan üpjün etmäge, düzümleri döwrebap ýagdaýa getirmäge, durmuş-ykdysady maksatnamalary we iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilýän serişdeleriň möçberleri hem ep-esli artdyryldy.

Ykdysady özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda ösen önümçilik düzümi, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamy bolan, esasy zat bolsa, adam maýasy bilen ýokary derejede üpjün edilen milli ykdysadyýetiň döredilendigini häzir biz ynamly aýdyp bileris.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, döwletara we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, daşary ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmagyň, maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmegiň hasabyna, biz ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna gatnaşmagynyň derejesini barha ýokarlandyrýarys.

Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, biz ählumumy ykdysady çökgünligiň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini azaltmak boýunça uly işleri dowam etdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Býujet ulgamynyň durnukly bolmagyny gazanmak, döwletiň çykdajylar boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegini netijeli dolandyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda zerur işleri amala aşyrýarys.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerleriniň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Paýtagtymyzda täze iri ýaşaýyş toplumlarynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, şeýle hem ýurdumyzyň dürli sebitlerinde häzirki zaman obalarynyňdyr şäherçeleriniň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli 30 desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulypdy. Ýöne, mähriban halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde, ýanwar — sentýabr aýlarynda 56 sany iri desga, şol sanda umumy meýdany 509 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de 14 sany iri desgany we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň birnäçesini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň möçberi 6,2 göterim artdy. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkeýändiginiň we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasynyň synçysynyň derejesiniň berilmegi söwdany we telekeçiligi ösdürmekde möhüm ädim boldy. Bu bolsa, milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek, ähli pudaklaryň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. «Fitch Ratings» halkara agentligi biziň ýurdumyza «B+durnukly» derejäni berdi. Şeýle derejäniň alynmagy ykdysadyýetimiziň depginli ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýöne biz gazanylan üstünlikler bilen birjik-de çäklenmeli däldiris. Geljekde hem başlan özgertmeler syýasatymyzy dowam etmegi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmegi baş maksadymyz hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Häzirki döwürde biziň öňümizde oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmegi gowulandyrmak, ýer-suw serişdelerini tygşytly we oýlanyşykly ulanmak, daşky gurşawy goramak ýaly örän giň möçberli wezipeler durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Biz milli ykdysadyýetiň häzirki ösüş şertlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmalydyrys. Täze ykdysady gatnaşyklary emele getirmelidiris. Hususan-da, oba hojalyk pudagynda özgertmeleri durmuşa geçirmäge telekeçileri giňden çekmelidiris. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz çykyşyny dowam edip, oba ilatynyň ýaşaýşynyň durmuş-ykdysady derejesini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bizden ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda özgertmeleriň täze tapgyryny geçirmegi hem talap edýär.

Habarlar