Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

25.09.2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ylmy, bilim we medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garaýarys. Sebäbi bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni gymmatlyklary wagyz etmek ylmy, bilim we medeni diplomatiýanyň möhüm guraly bolup durýar.

«Dizaýn» ugrundan Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek, Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny, Türkmen alabaý itlerini ýetişdirmegiň milli tejribesini, Türkmen keçe we demirçilik senedini, Türkmen tazysy we elguşçylyk sungatyny, Türkmen milli göreşini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly 300 ýyllygyny ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenýän şanly seneleriň sanawyna goşmak, ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, ÝUNESKO-nyň Mekdepler birleşigine ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesini girizmek biziň öňümizde durýan möhüm wezipelerdir.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň hem-de Mejlisiniň deputatlarynyň ähli tagallalary döwlet bilen jemgyýeti, her bir şahsyýeti sazlaşykly ösdürmegi we olaryň bähbitleriniň deň bolmagyny üpjün etmegi, ýurduň hukuk ulgamyny berkitmegi hem-de kämilleşdirmegi, halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýan kanunlary işläp taýýarlamaga gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Parlament diplomatiýasyny giňeltmek, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, Parlamentara Birleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy, beýleki iri halkara parlament assambleýalary bilen parlament diplomatiýasyny giňeltmek zerur bolup durýar.

Biziň ýurdumyz ägirt uly serişde gorlaryna eýedir. Şoňa görä-de, çig maly gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmaly. Hereket edýän kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmegi we täzeden enjamlaşdyrmagy üpjün etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şol bir wagtda-da ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, häzirki zaman kärhanalarynda işlemek üçin olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak möhümdir. Bu bolsa täze iş orunlaryny döretmäge we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň strategik taýdan möhüm pudaklaryna, şol sanda nebitgaz we himiýa pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek wajypdyr.

Biz ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini, ykdysady we maýa goýum kuwwatyny ulanmagyň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we daşary ykdysady mümkinçiliklerimizi artdyrmagyň esasynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek üçin ähli tagallalary etmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», şeýle hem beýleki döwlet we pudak maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek möhümdir.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin bize şu işleri amala aşyrmak zerurdyr. Ykdysadyýetiň pudaklaryny düýpli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmäge ýardam etmek, döwlet emlägini dolandyrmagyň görnüşlerini we usullaryny düýpli gowulandyrmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ylym-bilim edaralarynda milli maýa goýum ulgamyny döretmek, aň-bilim işine gyzyklanmany ýokarlandyrmak, ylmyň we bilimiň gazananlary esasynda tehnologik açyşlary amala aşyrmak arkaly eýeçiligiň dürli görnüşlerini giňeltmek zerurdyr.

Ýurdumyzyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak möhümdir.

Täze iş orunlaryny, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynda täze iş orunlaryny döretmek, hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek esasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak wajypdyr.

Ilatyň hakyky pul girdejileriniň yzygiderli artmagyny üpjün etmek, işgärleriň zähmet işjeňligini höweslendirmegiň möhüm serişdesi hökmünde ilatyň esasy girdejileri bolan zähmet haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny gazanmak, kömege mätäç adamlara salgylaýyn ýardam bermek, ýeňillikler ulgamyny oýlanyşykly işläp taýýarlamak, durmuş hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak esasynda olaryň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak zerurdyr.

Şeýle hem ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek üçin ykdysady şertleri döretmek we önümçilikleri höweslendirmek arkaly daşky gurşawyň howpsuzlygyny yzygiderli üpjün etmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygarymyza esaslanyp, köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olara goldaw bermek we höweslendirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmelidiris. Bu işleri kanunçylyk esasynda berkitmelidiris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şoňa görä-de, köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan ilatyň durmuş taýdan goraglylygy hakyndaky kanunçylyga degişli üýtgetmeleri girizmek zerur bolup durýar.

Sebäbi, eziz Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolan ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde mähriban enelerimiz uly hormata mynasypdyr we möhüm orny eýeleýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleriň pensiýalarynyň, çaga ideg etmek boýunça döwlet kömek pullarynyň, durmuş kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň has ir pensiýa çykmagy bilen baglanyşykly degişli kanunlara täze kadalary girizmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ruhubelent sözler bilen özüniň maksatnamalaýyn çykyşyny tamamlady. Milli Liderimiziň çykyşy üns bilen diňlenildi hem-de ählumumy dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Soňra milli Liderimiz çykyş etmek üçin Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara söz berdi.

Ilkinji bolup çykyş eden, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Çaryýarguly Hommaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy, mejlise gatnaşýan hormatly ýaşululary, kümüş saçly eneleri hem-de şu günki Halk Maslahatyna gatnaşyjy ähli adamlary baş döwlet baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Maslahata gatnaşyjy milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda parahatçylygyň, agzybirligiň we ynanyşmagyň Watany bolan ýurdumyzyň ýagty geljege tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Himiýa senagatynyň işgärleri döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny doly goldaýarlar diýip, foruma gatnaşyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy babatda edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň wekili çykyşyny joşgunly goşgy setirleri bilen jemläp, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, il ähmiýetli, ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Atajan Gurbanow çykyş edip, obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň daýhan baradaky hemişelik aladasynyň netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzyň oba hojalyk pudagy ägirt uly üstünlikleri gazanýar. Amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň we obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen çäreleriň netijesinde, dänäniň, pagtanyň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilişiniň möçberi ýyl-ýyldan artýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylda geçirilen Halk Maslahatynda pudakda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda, hususan-da, oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrmak baradaky, şeýle hem daýhanlara ýeri uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek barada gol çeken taryhy kararynyň daýhanlar üçin bereketli hasyl ösdürip ýetişdirmäge täze itergi bolandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gaýtadan işleýän kuwwatly kärhanalar, elewatorlar, ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar gurlup ulanylmaga berildi. Maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň sany ep-esli artdy, gök önümleriň hem-de miweleriň öndürilişi köpeldi.

Kärendeçiniň nygtaýşy ýaly, milli Liderimiz bilen geçirilýän duşuşyklar hem-de döwlet Baştutanymyzyň berýän hemmetaraplaýyn goldawlary oba zähmetkeşlerini täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar. Netijede, daýhanlar ak bugdaýyň Watany hasaplanýan türkmen topragynda bereketli hasyl ýetişdirip, Watan harmanyna bir million dört ýüz müň tonnadan gowrak däne tabşyrdylar, bu bolsa Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk şanly senesine mynasyp sowgat boldy.

Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli beren umumy sapagynyň dowamynda oba hojalyk önümçiligini ylmy esasda alyp barmak boýunça maslahatlaryna hem-de öwüt-nesihatlaryna eýerip, ekerançylar öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmazlar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda suwdan oýlanyşykly peýdalanmak, obasenagat toplumyna suw tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda uly işer ýerine ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda suw howdany gurlup ulanylmaga tabşyrylmagynyň ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekerançylyk ýerlerini suw bilen üpjün etmäge, ekin meýdanlaryny giňeltmäge we ýokary hasyl almaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň aladalary netijesinde, Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän hem-de howa gözegçilik ediş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan ýokary öndürijilikli iň täze tehnikalaryň yzygiderli satyn alynýandygy nygtaldy. Munuň özi daýhan üçin oňaýly zähmet çekmegiň şertlerini üpjün edýän, oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga ýardam berýär.

Häzir obasenagat toplumynda hususy önüm öndürijileriň, şol sanda gaýtadan işleýän ulgamda iş alyp barýan hususyýetçileriň hem sany artýar. Bu bolsa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsleşige ukyply hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek, täze iş orunlaryny döretmek we garaşylyşy ýaly, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, kärendeçi aýtdy.

Milli Liderimiziň berýän uly goldawlary netijesinde, obasenagat toplumynyň zähmetkeşleriniň mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin hemme şertler döredilýär, oba ýerlerinde döwrebap mekdepler, çagalar baglary hem-de durmuş-medeni maksatly beýleki desgalar gurulýar. Häzir biziň obalarymyz şäherler bilen bäsleşýär we olaryň ýaşaýjylary munuň üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk bildirýärler diýip, A.Gurbanow nygtady.

Kärendeçi Halk Maslahatynyň şu mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň çykyşynyň taryhy ähmiýetini belläp, daýhanlaryň täze zähmet ýeňişlerini gazanmak ugrunda mundan beýläk-de ähli güýçlerini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Ekerançynyň nygtaýşy ýaly, oba zähmetkeşleri özleriniň parasatly howandary bolan Arkadag Prezidentine tüýs ýürekden buýsanýarlar. Daýhanlar ýokary öndürijilikli zähmet çekmäge döredilen has oňaýly şertler üçin milli Liderimize çäksiz minnetdardyrlar.

Kärendeçi döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we halkymyzyň bagtyýar geljegi hem-de abadan durmuşy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde täze, ajaýyp üstünlikleri arzuw edip öz çykyşyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly aganyň “Köp ekeliň dänäni!” diýen joşgunly goşgy setirleri bilen jemledi.

Soňra Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän 1-nji önümhanasynyň mehanigi Şaguly Hojaýewe söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmenistanlylary nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy bilen gutlap, halkymyzyň milli Liderimiziň töweregine jebisleşip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybirlik, dostluk we doganlyk ýörelgelerine eýermek bilen, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelerden ruhlanyp, ýagty geljegi ynamly gurýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine uly üns berýändigi bellenildi. Bu ulgama iri maýa goýumlar gönükdirilýär, pudagyň zähmetkeşleri kuwwatly häzirki zaman tehnikalary we enjamlary bilen üpjün edilýär. Netijede, ýurdumyzda täze nebitgazly känler özleşdirilýär hem-de ozaldan işläp gelýänleriniň durky täzelenilýär, “gara altynyň” we “mawy ýangyjyň” öndürilişi artdyrylýar.

Dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanda nebitiň we gazyň gazylyp alnyşyny, olaryň gaýtadan işlenilişiniň möçberini, önümleriň eksport edilişini artdyrmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak üçin has oňaýly mümkinçilikleriň döredilýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ykdysady syýasaty netijesinde, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän harytlary öndürmek hem-de ýerlemek boýunça meýilnama üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça öňdebaryjy ylmy gazanylanlara we täzeçil tehnologiýalara esaslanan senagat desgalary hem-de ekologiýa taýdan arassa önümçilikler gurulýar we ulanyşa tabşyrylýar. Bu bolsa dürli, şol sanda sintetiki nebit önümleriniň çykarylyşynyň mukdaryny artdyrmaga, pudagy depginli ösdürmäge hem-de senagat, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, iki sany gazturbina desgasynyň düýbüniň tutulandygy hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ozal hereket edýän gazturbina desgasynyň 3-siniň durkuny täzelemek işleriniň uly depginde alnyp barylýandygy bellenildi. Munuň özi geljekde elektrik üpjünçiliginiň derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga hem-de çykarylýan önümleriň hilini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň ýüzlerçesi guruldy. “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde gazy gaýtadan işleýän zawodyň hem-de “Galkynyş” iri gaz käninde harytlyk gaz öndürýän zawodyň ulanylmaga tabşyrylmagy ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny täze belentliklere çykarmaga ýardam etdi. Bu hem milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkitmekde uly goşant boldy diýip, TNGIZT-niň işgäri aýtdy.

“Gündogar — Günbatar” gaz geçirijisini hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasynyň amala aşyrylmagy ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary has-da ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Halk Maslahatynyň şu taryhy mejlisine gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşyny uly üns bilen diňländikleri nygtaldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan haýran galdyrýan üstünlikler türkmenistanlylaryň mähriban Watanymyza hem-de öz milli Liderine bolan buýsanjyny artdyrýar. Nebitgaz toplumynyň zähmetkeşleri döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatyny doly goldaýarlar.

TNGIZT-niň işgäri halkymyz baradaky ählitaraplaýyn aladalary üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirip hem-de iň oňat arzuwlaryny aýdyp, öz çykyşyny Gahryman Arkadagymyza bagyşlanan joşgunly goşgy setirleri bilen tamamlady.

Soňra Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat dokma toplumynyň ilkinji guramasynyň başlygy Annajahan Illekowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli watandaşlarymyzy şöhratly baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň tutuşlygyna türkmenistanlylaryň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady. Ösüşiň täze belentliklerine tarap ymtylýan, Watanymyzyň barha artýan halkara abraýyna buýsanýan halkymyz milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär.

Türkmen döwleti beýik döwletdir. Türkmenler bagtyýar we agzybir halkdyr. Bu düşünjeler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miweleridir. Halkymyza mahsus bolan halallyk, maksada okgunlylyk, zähmetsöýerlik hem-de watansöýüjilik ýaly häsiýetler bütin dünýäde abraý getirdi. Döwlet Baştutanymyz bu ajaýyp häsiýetleri kalbynda ornaşdyryp, Watana bolan çäksiz söýginiň nusgalyk göreldesini görkezýär.

Şeýle hem milli Liderimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň maşgala ojagyna yhlasy, türkmen zenanyna mahsus bolan salyhatlylyk, kanagatlylyk, belent adamkärçilik, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleriniň häzirki döwürde ähli gelin-gyzlar üçin nusgalyk bolup durýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, bu gün Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, saýlan hünärlerine eýe bolmaklary, döredijilik we sport bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigine milli Liderimiziň degişli Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy nobatdaky aýdyň subutnama bolup durýar.

Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda, Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag Prezidentimiziň geçiren taryhy umumy sapagynyň ýaş nesillerde tüýs ýürekden buýsanç duýgusyny döredendigi bellenildi.

Şonuň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň aýdan gymmatly maslahatlary hem-de pähim-parasatly öwüt-nesihatlary ýaş türkmenistanlylaryň kalbynda gyzgyn seslenme döredip, olar üçin durmuş çelgisine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda häzirki döwürde öňdebaryjy sanly innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar we ulanylmaga tabşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, A.Illekowa ýakynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly açylan Kaka dokma toplumynyň ýaş dokmaçylary ruhlandyrandygyny belledi. Bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen “ak altyndan” öndürilýän ýokary hilli önümler dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.

Ýurdumyzyň ýaşlary has-da yhlasly zähmet çeker, döwlet Baştutanymyzyň bildirýän belent ynamyny ödemek üçin mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine mundan beýläk-de mynasyp goşant goşar diýip, çykyş eden ynandyrdy hem-de sözüniň ahyrynda goşgy setirlerini okady. Şol setirler hemmetaraplaýyn aladalary we berýän goldawlary üçin Arkadag Prezidentimize çuňňur hoşallygyň beýanyna öwrüldi.

Çykyşlar tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, şu baýramçylyk gününde çykyş edenleriň Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzy ösdürmekde gazanylan ajaýyp üstünlikleri we ýetilen sepgitleri buýsanç bilen belländigini aýtdy. Zähmetsöýer we parasatly halkymyz gazanan üstünliklerine buýsanmaga haklydyr. Aýratyn-da, biz halkymyzyň agzybirligine guwanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Zähmetsöýer halkymyz kynçylykly we şatlykly pursatlarda jemgyýetimizi hem-de döwletimizi ösdürmegiň umumy wezipelerini çözmekde birleşmegi başarýar. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň hojalyk ulgamyny bazar ykdysadyýetine doly geçmäge gönükdirilen ykdysady özgertmeleri mundan beýläk-de amala aşyrmagyň, innowasion ösüşiň häzirki döwürde esasy wezipe bolup durýandygyny bellediler. Bu bolsa, ýurdumyzy mundan beýläk-de senagat taýdan ösdürmäge we ykdysadyýetimiziň netijeliligini ýokarlandyrmaga oňyn täsir edýär diýip, milli Liderimiz çykyş edenleriň ählisine minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, resminamalaryň birnäçesine gol çekdi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky» Perman bolup, şol sylaglar ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, pudaklary ösdürmekde, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda gazanan uly üstünlikleri, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllap ak ýürekden çeken tutanýerli we halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin işde tapawutlanan raýatlarymyza gowşurylýar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda», «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen ady dakmak hakynda» Permanlara gol çekdi.

Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda Çynar Rustemowa ýokary tapawutlandyryş derejesi bolan «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak barada karara gelendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary bolup işleýän Çynar Rustemowa ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda yhlasly, halal zähmet çekip, berkarar Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga uly şahsy goşant goşdy. Şoňa görä-de, ata Watanymyzyň hem-de merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny we gazanan üstünliklerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, oňa ýurdumyzyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak we «Altyn Aý» altyn medalyny gowşurmak barada karara geldik diýip, milli Liderimiz degişli Permana gol çekdi.

Mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Çynar Rustemowa ýokary döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşuryp, ony bu şanly waka bilen gutlady.

Ç.Rustemowa bu belent mertebäniň diňe özüniň çeken zähmetine däl-de, tutuş türkmen zenanlaryna, diplomatlaryna bildirilen belent ynamdygyny belledi. Bu berlen ýokary döwlet sylagy üç mukaddes gymmatlyga — eziz Watanymyza, halkymyza, mähriban Arkadagymyza buýsanjymy, yhlasymy has-da artdyrýar diýip, Türkmenistanyň Gahrymany nygtady.

Bu gün milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan tutuş dünýäde ykrar edilen abraýly döwlet hökmünde öz ornuny ynamly pugtalandyrýar. Ç.Rustemowanyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäniň birnäçe ýurdunda, iri halkara guramalarda türkmen döwletine wekilçilik etmek bagtynyň nesip edendigi üçin ol özüni örän bagtly hasaplaýar. Ýurdumyzyň diplomatlary nirede işleseler hem berkarar döwletimiziň, mähriban Arkadagymyzyň elmydama goldawyny ýakyndan duýup işleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary bilen halkymyzyň köpasyrlyk medeni mirasynyň iň görnükli nusgalary ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi. Bu barada aýtmak bilen, Ç.Rustemowa ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýäde dabaralandyrmaga mynasyp goşandyny goşmakda mundan beýläk-de yhlasyny gaýgyrman zähmet çekjekdigine milli Liderimizi ynandyrdy.

Halkymyzyň arasynda “Zenanyň bagty — Zeminiň bagty”, “Enäniň şatlygy — dünýäniň abatlygy” diýilýär. Ç.Rustemowanyň nygtaýşy ýaly, zenanlar, eneler özleri hakyndaky aladalary hemişe ýüreklerinde göterip, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdyp ýaşaýarlar.

Türkmenistanyň Gahrymany döwlet Baştutanymyza belent ynam, mynasyp gören ýokary döwlet sylagy üçin ýene bir ýola sagbolsun aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Ç.Rustemowany mynasyp bolan ýokary sylagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, ýygnananlara jemleýji sözi bilen ýüzlendi. Hormatly Prezidentimiz nobatdaky kitabyny ýazyp gutarandygyny hem-de ony «Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýip atlandyrandygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk hiç zat bilen ölçäp bolmaýan beýik düşünjedir, döwletimiziň, halkymyzyň agzybirliginiň we bitewüliginiň berk esasydyr. Çuň manyly bu sözde merdana ata-babalarymyzyň erkin, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegleri, şöhratly geçmişimiz, şu günümiz hem-de mähriban Watanymyzyň beýik geljegi beýan edilýär.

Garaşsyzlyk baýramy merdana halkymyza özüni erkin we bagtyýar duýmaga mümkinçilik berýän, Garaşsyz döwletimiziň özbaşdaklygyny hem-de milli bitewüligini şöhratlandyrmak üçin güýç berýän mukaddes baýramdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Garaşsyzlyk baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň gerimli özgertmelerini, agzybir we bitewi türkmen halkynyň dörediji ruhuny özünde jemleýän milli baýramymyzdyr.

Bu gün türkmen döwletiniň bähbitleri şöhratly ata-babalarymyzyň asyrlarboýy edip gelen arzuwlaryna laýyk gelýär hem-de häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri bilen utgaşýar. Şu kadalardan ugur alyp, biz mukaddes türkmen topragynda täze durmuşy gurýarys.

Ýurdumyzda önümçilik we medeni-durmuş maksatly döwrebap kärhanalar, iri binalardyr desgalar gurulýar. Dörediji, özgerdiji zähmetimiz bilen halkymyzyň iň täze taryhyna öçmejek sahypalary ýazýarys. Amala aşyrylýan giň gerimli bu özgertmeler bolsa ata Watanymyzy dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Biz beýik geljegimize, has belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýarys. Aýdyň maksatlarymyzdyr nurana geljegimiz kalbymyzda ynamy artdyryp, durmuşymyza giň many-mazmun çaýýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bütin dünýädäki at-abraýyny berkitmek hem-de has-da ýokarlandyrmak üçin mundan beýläk-de uly hyjuw bilen tutanýerli we joşgunly zähmet çekmelidiris, ähli mümkinçilikleri mähriban halkymyzyň hem-de tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýokarda aýdanlarymyň ählisini, Garaşsyzlygymyzyň milli köklerini, taryhy ähmiýetini men şu kitabymda açyp görkezmäge çalyşdym. Häzirki döwrüň örän möhüm wezipelerini çözmekde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýynyň ornuny beýan etmäge synanyşdym.

Kitapda dünýäniň ähli ýurtlaryny birleşdirmäge gönükdirilen belent maksatlary mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçilikleri hemmetaraplaýyn seljerildi. Bu kitap parahatçylygyň, öňe gitmegiň we ähli adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň üýtgewsiz ähmiýetini okyjylara açyp görkezýär. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze eseriň gyzykly hem-de peýdaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine sowgat boljakdygyna ynam bildirdi we hemmeleri şanly sene bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mähirli gutlady.

Goý, Garaşsyz Watanymyzda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we abadan durmuş bolsun diýip, döwlet Baştutanymyz arzuwyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara berk jan saglyk, uly üstünlikleri, hemişe asmany asuda Garaşsyz ýurdumyza buýsanyp, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, maşgala abadançylygyny arzuw edip, hemmelere, aýratyn-da, Halk Maslahatynyň mejlisini guramaga we geçirmäge işjeň gatnaşan ähli adamlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Biziň baş maksadymyz — berk binýatly beýik döwleti gurmakdyr!

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!

Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan agzybirligiň, bitewüligiň, abadançylygyň we parahatçylygyň ülkesidir!

Goý, bütin Ýer ýüzünde türkmen halkynyň abraý-mertebesi belent bolsun!

Parahatçylygyň, dost-doganlygyň we beýik üstünlikleriň ýurdy bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hemişe gülläp össün!

Milli Liderimiz şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanan şu joşgunly sözleri bilen öz çykyşyny tamamlady.

Şunuň bilen Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.

Ruhyýet köşgüniň ajaýyp zalynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Milli Geňeşiň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşany bolan Altyn şaý milli manadymyzy gowşurmak dabarasy boldy.

Resminamada bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde, dünýä ülňülerine laýyk gelýän konstitusion özgertmeleri amala aşyrmakda, raýat jemgyýetiniň edaralaryny ösdürmekde, ylmy, bilimi, medeniýeti, sungaty, saglygy goraýşy, ýurdumyzyň durmuşynyň beýleki ugurlaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbini özgertmekde, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamakda, ösüp gelýän ýaş nesli Watana söýgi, wepalylyk, mertlik, halallyk ruhunda terbiýelemek işinde Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary göz öňünde tutulyp sylaglanyldy.

Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýubileý sylaglarynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat hem-de halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine alyp barýan asylly giň gerimli işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler.

Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň baý taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan, şol bir wagtda hem döwlet gurluşynyň dünýä tejribesini nazara alýan türkmen döwletliliginiň häzirki zaman nusgasynyň kemala getirilmegi bilen, berkarar Watanymyz öz ösüşinde belent sepgitlere ýetdi. Baky Bitarap Türkmenistan dünýäde «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymaty yzygiderli durmuşa geçirip, ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň hatarynda mynasyp orny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň hem-de “Altyn şaý” milli manadymyzyň ýadygärlik nyşanynyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylaglara Watanymyzyň gülledip ösdürmegiň bähbidine bilelikde amala aşyrylan beýik işler üçin ähli halkymyza berlen sylag hökmünde garaýandygyny belledi. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, dünýäniň halklary we döwletleri bilen özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary ileri tutýan döwlet hökmünde tanalýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini, medeniýetini we sungatyny, saglygy goraýyş, ylym-bilim hem-de sport ulgamlaryny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Hökümet agzalaryna, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygyna hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryna «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanyny gowşurdy.

Sylaglananlar bildirilen uly hormat üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip hem-de munuň özleri üçin aýratyn jogapkärçilik bolup durýandygyny nygtap, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmekde mundan beýläk-de tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Watanymyzyň we halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar