Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

20.09.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri şanly sene — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we mundan 30 ýyl ozal dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň peýda bolandygyny belledi. Şu döwürde ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda, mähriban halkymyzyň aň-düşünjesinde ägirt uly özgerişler bolup geçdi. Döwlet Garaşsyzlygy milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesle geçip gelýän parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi.

Biz mähriban halkymyzyň jebisligine, agzybirligine, ägirt uly döredijilik we zähmet başlangyçlaryna, ýurdumyzyň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanyp, berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, her bir raýatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyryp, bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasyny döretdik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda şäherdir obalarymyzy düýpli özgertmek baş maksadymyza öwrüldi. Şu belent maksatdan ugur alnyp, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglarydyr saglyk merkezleri, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalar, häzirki zaman ulag, aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherdir obalar giň gerimde guruldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmagyň ýolunda döwrüň möhüm wezipelerini çözmekde halk köpçüliginiň orny has-da ýokarlandy. Türkmenistanyň iki palataly Milli Geňeşini döretmek bilen, ýurdumyzyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalar ýazyldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi bolsa, merdana halkymyzyň milli däplere we demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletimiz özbaşdak ösüş ýoluna düşen ilkinji günlerinden bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda halkara gatnaşyklarda uly üstünlikleri gazandy. Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi, sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi, Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy döwletimiziň at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän wakalar boldy.

Döwlet Baştutanymyz geçen 30 ýylyň berkarar Watanymyz, mähriban halkymyz üçin şan-şöhratly bolandygyny, berkarar döwletimiziň binýadyny has-da berkitmek, halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin öňümizde has uly wezipeleriň goýlandygyny, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urulýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy şanly baýram bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen, eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramlaryň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini aýtdy we beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ç.Amanowa söz berildi. Ol bu toparyň jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Permanlara gol çekdi. Oňa laýyklykda, iş kesilen raýatlarymyzyň 2058-si we daşary ýurtly raýatlaryň 6-sy Garaşsyz, berkarar Watanymyzyň şanly baýramy mynasybetli mundan beýläk jeza çekmekden boşadyldy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredilýär diýip, milli Liderimiz belledi. Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde yzygiderli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Mejlisi guramaçylykly geçirmek boýunça meýilnama taýýarlanyldy, onda guramaçylyk meseleleri bilen baglanyşykly ähli çözgütler göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň, milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülýän oňyn halkara başlangyçlaryň ähmiýetini ilata ýaýmak boýunça guralýan wagyz-düşündiriş çärelerine işjeň gatnaşýandyklary bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumymilli foruma hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň, onuň gün tertibini taýýarlamaga jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň we jemgyýetimiziň hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerine ygrarlydygyna şaýatlyk edýän, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň möhüm ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň mejlisiniň hem-de ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli çäreleriň görülmelidigi aýratyn bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmäge ýardam edýän bu şanly wakalar Watanymyzyň häzirki zaman taryhyna täze şanly sahypany ýazyp, döwletimiziň saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrmalydyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Halk Maslahatynyň mejlisine we Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

DIM we degişli döwlet düzümleri giň möçberli guramaçylyk işlerini alyp barýarlar. Dünýä jemgyýetçiligi ýurdumyzda guralýan ýubileý dabaralaryna uly gyzyklanma bildirýär. Meýilleşdirilen dabaralaryň dowamynda halkara derejedäki çäreleriň bolmagy munuň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejedäki we umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän dostlukly, netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrjakdygyny belledi.

Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Özbegistan Respublikasy bilen netijeli, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we giňeltmek bilen baglanyşykly wezipeler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň 22-nji sentýabrynda Daşoguz welaýatynyň wekiliýetini Özbegistanyň Horezm welaýatyna, Lebap welaýatynyň wekiliýetini bolsa Buhara welaýatyna iş saparyna ibermek hakyndaky teklibi hödürledi. Iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary sazlaşykly ösdürmegiň ägirt uly geljegi bolan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Özbegistany hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny hem-de olaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belläp, ähli ugurlar boýunça, şol sanda sebitleriň derejesindäki özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Milli Liderimiz hödürlenen teklibi makullap, degişli Buýruga gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredowa iberdi we resminamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegi üpjün etmek barada wise-premýere hem-de Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri şu ýylda ýurdumyzda meýilleşdirilen halkara çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada-da hasabat berdi. Şolaryň hatarynda VI Hazar sammiti, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygy hem-de “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahat bar. Bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli Guramaçylyk toparlaryny döretmek teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynda goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hem-de abraýly sebitara we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Türkmenistan mundan beýläk-de köpýyllyk netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmaga ygrarlydyr. Munuň özi sebitleýin we ählumumy möçberde durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belläp, degişli Guramaçylyk toparlaryny döretmek hakyndaky Kararlara gol çekdi. Milli Liderimiz resminamalary sanly ulgam arkaly wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna iberip, öňde boljak halkara forumyna hem-de Watanymyzyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna degişli derejede taýýarlyk görmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyny ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly görkezmeleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere gözegçilik edýän sebitinde medeni-köpçülik çäreleriniň degişli maksatnamalarynda göz öňünde tutulan ähli baýramçylyk dabaralarynyň talabalaýyk guralmagy babatynda anyk görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň öňde boljak ýokary derejeli 15-nji duşuşygynyň ähmiýetine ünsi çekip, wise-premýere bu forumy ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin böleklerinde we gözegçilik edýän Lebap welaýatynda Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyna ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy işjeňleşdirmek barada anyk görkezmeleri berdi. Munuň özi uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberleriniň we taýýar önümleriniň mukdarynyň artdyrylmagyny şertlendirýär. Halk Maslahatynyň mejlisine we mähriban Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalyk toplumyna degişli ministrlikde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de gözegçilik edýän Daşoguz welaýatynda Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşygynyň geçiriljekdigi bellenildi. At çapyşyklarynyň ýedisi geçirilip, şolarda ýeňiji bolanlara gymmat bahaly baýraklar gowşurylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mähriban Diýarymyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyzda milli baýramlaryň elmydama halkymyzyň wepadar ýoldaşy, ýurdumyzyň taryhynyň hem-de täze eýýamynyň mizemez arabaglanyşygynyň nyşany hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň gatnaşmagynda geçirilýändigini belläp, wise-premýere at çapyşyklaryny guramagyň meselelerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk-senagat toplumynyň düzümlerinde hem-de gözegçilik edýän Aşgabat şäherinde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk, hususan-da, bu forumy guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli gulluklaryň wekillerinden ybarat toparlary döretmek barada hasabat berdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hem habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş baýramyna aýratyn öwüşgin bermek, şol sanda baýramçylyk günleri nobatçylyk etmegiň tertibini düzmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi hem-de Halk Maslahatynyň mejlisi mynasybetli çäreleriň göwnejaý derejede guralmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi, forumda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak dabaralar ählihalk şatlygy we ruhubelentligi ýagdaýynda geçirilmelidir diýip belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Meýilleşdirilen ähli çäreleriň göwnejaý derejede geçirilmegi üçin gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan taýýarlyk işlerine gözegçiligi güýçlendirmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda hem-de Ahal welaýatynda Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de mähriban Diýarymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek barada hasabat berdi.

Wise-premýer Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Halk Maslahatyna gatnaşyjylar üçin sowgatlary taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigi, söwda we beýleki hyzmatlary etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatyň dowamynda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de häkimlikler bilen bilelikde 21-22-nji sentýabrda Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly toýuna bagyşlanan sergini ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halk Maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisini zerur bolan ähli zatlar, şol sanda ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň çykarýan ýokary hilli dokma, azyk, sowgatlyk hem-de beýleki önümler bilen üpjün etmegiň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz baýramçylyk günlerinde bölek söwda hyzmatyny ýokary derejede guramak üçin ähli çäreleri görmegiň, şunda harytlaryň, şol sanda azyk önümleriniň hem-de edilýän hyzmatlaryň ýokary hiline aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Halk Maslahatynyň mejlisini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gyzgyny bilen halka ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada aýdyldy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralary guramaçylykly geçirmegi üpjün etmek boýunça Meýilnama laýyklykda, ýerine ýetirilýän işler barada-da hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şanly wakalaryň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, Garaşsyzlyk ýyllarynda Diýarymyzda gazanylan ägirt uly üstünlikleri, bu gün döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri döredijilikli açyp görkezmegiň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz şanly senäniň hem-de Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini nygtap, wise-premýere baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, toý dabaralarynda halkymyzyň mizemez bitewüligi hem-de agzybirligi, döredijilik we watansöýüjilik duýgulary, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine täze belent ýeňişlere tarap ynamly gadamy öz beýanyny tapmalydyr.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew 25-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere taýýarlygyň barşy barada hasabat berdi.

Şanly baýram mynasybetli Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryny öz içine alýan buýsandyryjy özgertmeler barada ilat arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirilýär, ylmy-amaly maslahatlar guralýar.

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň çözgütlerine laýyklykda, Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de şanly sene mynasybetli dabaralary guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatlaryň, ilkinji nobatda, ýolagçy gatnatmak ulgamyndaky hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz hyzmatyň medeniýetine degişli meselelere aýratyn üns bermegiň möhümdigini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna şu tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatyna gatnaşyjylary ýokary hilli aragatnaşyk bilen üpjün etmegiň esasy wezipeleriň biridigini aýdyp, bu babatda birnäçe degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny, şol sanda Milli goşunymyzyň kuwwatyny hem-de goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ählisinde öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada sanly ulgam arkaly hasabat berdiler.

Şeýle hem şahsy düzümiň söweşjeň hem-de hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, ugurdaş okuw mekdepleriniň harby talyplaryny we ýaş esgerleri merdana ata-babalarymyzyň şöhratly söweşjeň ýörelgeler ruhunda terbiýelemek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk, Halk Maslahatynyň mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hasabatlarda beýan edilen aýratyn mesele boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de işlerini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli çäreleriň döwrüň talaplaryna we goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň düzgünlerine doly kybap gelýändigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli öňde boljak dabaralara görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, harby ýörişiň döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň kämil tehnikalar bilen enjamlaşdyrylýandygyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, ýurdumyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, türkmenistanlylaryň abadan, döredijilikli durmuşynyň goragynda durýan türkmen esgerleriniň ýokary hünär derejesini hem-de ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Garaşsyzlyk güni mynasybetli her ýyl geçirilýän harby ýörişiň ägirt uly ähmiýetini nygtap, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, harby gullukçylaryň hem-de bu düzümleriň işgärleriniň öňünde kanunylygy hem-de hukuk düzgün-tertibini gorap saklamak ýaly belent jogapkärli wezipäniň durýandygyny aýdyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy baýram edilýän günlerinde geçirilmegi meýilleşdirilen döwlet derejeli ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri çykyş edip, şu günler paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek ugrunda toplumlaýyn çäreleriň görülýändigi barada hasabat berdiler.

Watanymyzyň baş şäherinde we welaýatlaryň ähli etrapdyr şäherlerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak hem-de Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy üçin degişli düzümleriň bilelikdäki sazlaşykly işleri üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, milli senenamamyzyň şanly senesine gabatlanyp geçirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk ruhunyň dabaralanmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Eziz Diýarymyzyň ýeten derejesiniň, gazanýan üstünlikleriniň berk binýadyny emele getirýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmek meselelerine ägirt uly ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, giňişleýin mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine çekdi.

Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly ýubileýi mynasybetli zähmetde tapawutlanan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky birnäçe Permana Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çekiler. Şoňa görä-de, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabaraly ýörişe täze orden-medallaryny dakynyp barar ýaly, sylaglanan raýatlaryň ählisine 26-njy sentýabrda irden mynasyp bolan döwlet sylaglaryny gowşurmak tabşyryldy. Şol günüň ikinji ýarymynda myhmanlary kabul edişlik dabarasy bolar. Agşamlyk bolsa uly Söwda merkeziniň açylyş dabarasy geçiriler.

27-nji sentýabrda irden täze Hökümet toplumynda dabaraly harby ýöriş geçiriler, agşamlyk bolsa sungat ussatlarynyň çykyşlary bolar.

Soňra milli Liderimiz wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa ýüzlenip, 28-nji sentýabrda irden «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda harby gullukçylara mynasyp bolan döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz yhlasly zähmet çekip, gowy netijeleri gazanan welaýat we etrap häkimlerine bolsa, sylaglary pagta ýygymy tamamlanansoň gowşurylsa dogry boljakdygyny belledi.

Däp bolşy ýaly, 28-nji sentýabrda irden Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşyklary geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göz öňünde tutulýan baýramçylyk çäreleri şulardan ybarat diýip belledi hem-de wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa hem-de ähli harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna baýramçylyk günlerinde birnäçe çäreleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, olaryň esasy wezipesiniň tertip-düzgüniň berk berjaý edilişine gözegçilik etmekden ybaratdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna ähli edara-kärhanalarda, häkimliklerde ýolbaşçylaryň gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyny guramak tabşyryldy. «Tiz kömek» we beýleki dessin gulluklar edil sagat ýaly takyk işlemelidir diýip, milli Liderimiz belledi we ähli ýerde nobatçylary degişli buýruklar bilen bellemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer S.Toýlyýewe Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň we ähli arassaçylyk gulluklarynyň işini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlary eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly ýubileýi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar