Türkmenistanyň Prezidenti şanly wakalara taýýarlyk görmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

07.09.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda öňde boljak Halk Maslahatynyň mejlisini guramak, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram etmek hem-de täze iri desgalaryň birnäçesiniň açylyşy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri hem-de onuň dowamynda garalmagyna hödürlenilýän meseleler barada maglumat berdi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, onda hakyky demokratik ýörelgeleri berkarar etmek boýunça Halk Maslahatynyň işiniň örän wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz Garaşsyz Türkmenistanyň düýpli özgertmeler ýoluna düşüp, kanunyň rüstemligini, raýatlaryň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde yglan edendigini aýtdy. Şu ýörelgelerden ugur alnyp, jemgyýetçilik ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmäge hem-de halkymyzyň agzybirligini berkitmäge ýardam bermäge gönükdirilen giň gerimli işler yzygiderli geçirilýär. Şoňa görä-de, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de tagallalar gaýgyrylmaly däldir diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde, onuň işinde garaljak meseleleri kesgitlemäge toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki taryhy döwürde milletiň asyrlaryň dowamynda döreden demokratik däpleri döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlylygyny şöhlelendirmek bilen mynasyp dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz bular barada aýdyp, Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli meseleleri öz wagtynda we toplumlaýyn çözmegiň ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen bir hatarda, dürli düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, önümçilige öňdebaryjy tejribäni, innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň wajypdygy barada gürrüň edildi.

Şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşi, ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabatlar diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp we eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmäge ýokary derejede taýýarlyk görmegiň hem-de meýilleşdirilen çäreleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap gelmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, öňde boljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze şäherleriň, obalaryň, şäherçeleriň gurulýandygyny we abadanlaşdyrylýandygyny hem-de bu işleriň döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, depginli dowam etdirilmelidigini belledi.

Ulanylmaga tabşyrylan desgalar halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmünde paýtagtymyzyň gözelligini hem has-da artdyrýar. Bu bolsa dünýä derejesinde ykrar edilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Geçirýän giň gerimli işlerimiziň netijesinde, dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilen Aşgabat geljekde has-da gözelleşer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda şanly dabaralaryň çäklerinde şu ýyl ulanylmaga tabşyrylýan desgalaryň ähmiýetini belledi. Şu babatda döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň ýokary hil derejesine hem-de bellenen möhletinde, bildirilýän talaplara laýyklykda ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz iş maslahatyny jemläp hem-de oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň köp derejede tutuş ýurdumyzyň abraýyny kesgitleýändigini belledi. Ak mermerli paýtagtymyz berkarar döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşini aýdyň görkezýän şäherdir. Jemgyýetimiziň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň, aň-bilim kuwwatynyň derejesini beýan edýän merkezdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilmegi baradaky meselä degip geçip, bu şöhratly senäniň türkmenistanlylaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz baş baýramçylygymyza gabatlanylyp, göz öňünde tutulan dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hem-de belent sepgitlere ýetmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar