Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara

04.09.2021

Milli aýdym-saz sungatymyzyň mähriban ýaş ýyldyzlary!

Berkarar döwrümiziň bagtyýar körpeleri!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda toýlarymyz toýlara ulaşýar. Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanly toýuna guwanç we buýsanç duýgulary, ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen barýar.

Eziz Diýarymyz ajaýyp tebigaty, göwnaçyk, zähmetsöýer adamlary, bendi ediji mahmal aýdym-sazlary bilen haýran galdyrýar. «Ýyl görki bahar-ýazdyr, toý görki aýdym-sazdyr» diýlişi ýaly, türkmenler aýdym-saza çäksiz hormat goýýan şahandaz halk. Türkmen dutarynyň, gyjagynyň, gargy tüýdüginiň, gopuzynyň mylaýym, tolgundyryjy owazyna mähriban halkymyzyň ylham-joşguny, mähir-muhabbeti, ýürek söýgüsi, belent arzuwlary siňipdir.

Garaşsyzlyk baýramynyň toý dabaralaryna özboluşly bezeg berýän zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryndaky ata Watanymyzy, köpasyrlyk şöhratly taryhymyzy, tebigatymyzyň gözelligini we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünliklerimizi wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary biziň göwün guşumyzy ganatlandyryp, mawy asman bilen mele topragymyzyň arasyndaky giňişlikde ak guwlar kimin ganat ýaýdyrýar.

Sungat äleminiň ýaş zehinleri bolan siziň hemmäňizi bu ajaýyp aýdym-saz baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Geljekde sungatymyzy baýlaşdyrmak we kämilleşdirmek üçin siziň täze-täze aýdym-sazlary döretjekdigiňize, medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä çykmagy ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işlere mynasyp goşant goşjakdygyňyza, kalbyňyzdan joşup çykýan ýakymly aýdymlar bilen bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Bagtyýar çagalar!

Geljegimiz bolan çagalaryň kalbynda sungata söýgini terbiýelemekde we ösdürmekde, zehinleri ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşigine uly orun degişlidir. Siziň şirin aýdym-sazlaryňyz, sazlaşykly tanslaryňyz eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bolan beýik söýgüdir. Mähriban Diýara, il-günümize wepalylygyň belent nusgasydyr, ruhubelentligimiziň hem-de bagtyýarlygymyzyň çeşmesidir. Siziň jadyly owazlaryňyz mukaddes Garaşsyzlygymyzy, oňyn Bitaraplygymyzy, synmaz berkararlygymyzy wasp edýän, ýurdumyzyňdyr halkymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýan ajaýyp sungatdyr.

Garaşsyz Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurdy — arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesidir. Bagtyýar nesillerimiziň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim almagy, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi üçin döwletimiz ähli şertleri döredýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerimizde, etraplarymyzda, obadyr şäherlerimizde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap mekdepler, mekdebe çenli çagalar edaralary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri guruldy we gurulýar. Biz geljekde hem çagalarymyzyň döwrebap bilim-terbiýe almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy, zehinlerini kämilleşdirmegi — bagtyýar geljegimiz üçin amala aşyrýan özgertmelerimizi üstünlikli dowam ederis.

Mähriban ýaş ýyldyzlar!

Eziz körpeler!

Sizi zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, durmuşyňyzyň şadyýan, çaga kalbyňyzda beslän päk arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny, geljekde hem ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermegiňizi arzuw edýärin.

Siziň eziz Watanymyzy, asuda durmuşy we bagtyýarlygy wasp edýän ajaýyp sungat eserleriňiz, şirin owazlaryňyz, joşgunly sazlaryňyz elmydama belentden-belent ýaňlanyp dursun!

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Habarlar