Milli Liderimiz ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçdi

01.09.2021

Şu gün paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, talyplary we okuwçylary ýurdumyzda bellenilýän uly baýramçylyk — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän şanly 30 ýyllygy bilen gutlady.

Siz bilen duşuşmak, pikir alyşmak, duýgulary paýlaşmak, Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde gazanylan üstünlikleri beýan etmek — hemmämiz üçin uly taryh. Şol nukdaýnazardan, men hem döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik hökmünde şu gün siz bilen duşuşyp ähli ugurlar boýunça beýan bilen çykyş etmek barada karara geldim diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlendi.

Soňra duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimiziň çykyşyny uly üns bilen diňlediler.

Men şu gün siziň bilen duşuşyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda umumy sapak geçmek barada karara geldim diýip, hormatly Prezidentimiz köp adamly auditoriýa ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýandygyny belledi.

Bu örän möhüm senedir. Şoňa görä-de, halkymyz altyn sahypalar bilen taryha girjek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň her gününi şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine besleýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Biz altyn güýzüň ilkinji gününde Bilimler we talyp ýaşlar gününi milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan wakalar bilen garşylaýarys. Bu gün baý many-mazmunly, ýokary döredijilik ruhuna ýugrulan çäreler eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerini gurşap alýar. Şol çäreler mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar durmuşymyzy dabaralandyrmak bilen, bilimler baýramynyň ägirt uly ähmiýetini açyp görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara ýüzlenip, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belländigini ýatlatdy.

Biz toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda XXI asyrda durnukly ösüşi üpjün edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Biz asylly däbimizi dowam edip, şu gün hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda häzirki zaman multimedia enjamlarydyr sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap orta mekdepleriň birnäçesini dabaraly açyp ulanmaga berýäris. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize ýadygärlik sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleri gowşurýarys. Türkmen, iňlis, rus dillerindäki maglumatlary özünde jemleýän bu kompýuterleriň öz ýurdumyzda öndürilendigi aýratyn buýsançlydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne bolmagy öwüt berdi. Ylym-bilim ynsany belende göterýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris.

Döwlet Baştutanymyz uly höwes bilen okamagy, öwrenmegi, döretmegi, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmagy bagtyýar ýaşlarymyzyň borjy hasaplaýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ýaşlara ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlygyň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýady hökmünde ähmiýetini aýratyn belledi. Üçünji müňýyllygyň öň ýanynda — 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Netijede, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmelere badalga berildi.

Elbetde, 30 ýyl taryh üçin uzak möhlet däl. Muňa garamazdan, şu döwrüň içinde ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň binýatlaryny yzygiderli berkitdik. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işleri amala aşyrdyk. Türkmenistanyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazdyk diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden ýurdumyz parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, Garaşsyz döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Türkmenistan dünýäde BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdir. 2015-nji ýylda bu guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama täzeden makullanyldy. Şeýle hem biziň başlangyjymyz bilen 12-nji dekabr «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edildi.

Döwlet Baştutanymyz Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Bitaraplygyň asuda, agzybir, parahatçylykly, abadan durmuşda ýaşamaga ýol açandygyny, ähli dünýä ýurtlary bilen dostlukly, ynsanperwer, medeni, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik döredendigini nygtady.

Bitaraplyk biziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur. Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem Bitaraplygymyzyň parahatçylygy goldamakda uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyň tassyklaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu gün Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde tanalýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Biziň oňyn Bitaraplyk syýasatymyz halkymyzyň şöhratly taryhyndan, asylly däplerinden gözbaş alýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» kitabymda belleýşim ýaly, eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlarynyň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bu gün Bitarap Türkmenistan sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy we geoykdysady başlangyçlarymyz döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgüdine anyk goşant goşýandygyny görkezýär. Biziň halkara başlangyçlarymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan yzygiderli goldanyp gelinýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şeýdip, gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlara ýüzlenip, bu hakykaty siziň ähliňiz ata Watanymyza buýsanç duýgusyny oýarýan taglymat hökmünde kalbyňyzda götermelisiňiz! Bu taglymat pederlerimiziň arzuw-ynamyndan, yhlasyndan wysal bolan berkarar döwletimiziň geljegine jogapkär nesil, kalby hyjuwdan doly ýaşlar hökmünde sizi belent maksatlara ruhlandyrmalydyr diýdi.

Garaşsyzlyga eýe bolnandan soň döwlet nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy döredildi. Gahrymançylykly we şöhratly taryhymyz dikeldildi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz hakyndaky iňňän beýik, mukaddes düşünjelerimizi Ýer ýüzünde aýan etdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Durmuşdaky ähli düşünjedir bilimler Watandan başlanýar. Äpet Ýer togalagynyň Ýewraziýa yklymynda ýerleşýän Türkmenistan biziň eziz Watanymyzdyr, ata-babalarymyzdan miras galan we soňky nesillere galjak bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu nurana topragy söýmek, goramak, gülletmek biziň her birimiz üçin parzdyr. Biziň at-abraýymyz, mertebämiz we derejämiz şu topragyň şöhratyny belende göterip bilşimize baglydyr. Ata Watanymyzyň her daban ýeri biziň iň beýik mukaddesligimizdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Men ýaşlygymdan halkymyzyň durmuşyny, dünýägaraýşyny, watançylygyny, ahlak kadalaryny, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän nakyllary depderlerime belläp almagy endik edindim. Meniň toplap, ulgamlara salan nakyllarymyň esasynda taýýarlanan «Paýhas çeşmesi» atly kitapda şeýle sözler bar: «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan» diýip, döwlet Baştutanymyz ýaşlara wesýet etdi.

Bu gün Garaşsyz ýurdumyz öz Döwlet baýdagy bilen dünýäde giňden tanalýar. Biziň ýaşyl baýdagymyz dostlugyň we parahatçylygyň baýdagydyr! Döwlet baýdagy galdyrylyp, Döwlet senasy ýaňlananda, her bir türkmenistanly buýsanç bilen ör turýar. Munuň özi bütin durkuň bilen Watan mukaddesligine uýmakdyr.

Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy bolsa şöhratly geçmişimiziň, häzirki günümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, jebisligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny kepillendirýän milli gymmatlygymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow buýsanç bilen nygtady.

Ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly, Watanymyzyň şöhratly taryhy görelde mekdebidir. Halkymyzyň taryhy örän gadymy bolup, ol müňýyllyklary öz içine alýar. Türkmenler şumer, hindi, hytaý, müsür, grek, latyn amerikasy halklary ýaly, dünýä gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklary bagyş eden gadymy halklaryň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Birinji müňýyllygyň başynda Beýik Hun şa döwleti, Rim we Hytaý imperiýalary bilen bäsleşen Parfiýa türkmenleriniň patyşalygy, ikinji müňýyllykda Hindistana çenli gol ýaýradan Gaznaly türkmenleriň döwleti, Hytaýdan Ortaýer deňzine çenli öz täsirini ýetiren Seljuk türkmenleriniň döwleti, ylmyň, medeniýetdir sungatyň gaýtalanmajak nusgalaryny miras galdyran Köneürgenç, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriniň döwletleri Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň taryhy ýolunyň örän beýikdiginiň anyk delilleri bolup durýar.

Gadymy ýazuw çeşmeleri, meşhur taryhçylaryň işleri türkmen halkynyň adamzat taryhynyň dowamynda parahatçylyk, ynsanperwerlik däplerine ygrarly bolandygyny, beýik taryhy we medeniýeti döredendigini ykrar edýär.

Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly beýik şahsyýetlerimiziň döreden kuwwatly türkmen döwletleri dünýä taryhyna altyn sahypalary ýazdy. Görogly beg, Baýram han, Soltan Jelaleddin, Keýmir kör, Gowşut han ýaly merdana gahrymanlarymyz il-ýurt üçin ata çykypdyrlar. Watan goragy ugrunda janyny orta goýan milli gahrymanlarymyzyň ömür ýollary nesiller üçin mertligiň hem-de gaýduwsyzlygyň nusgalyk mekdebidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumy okuw sapagyny dowam edip, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň

Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,

Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.

Gül-gunçasy — gara gözüm garasy,

Gara dagdan iner sili türkmeniň —

diýip, ata Watana, mähriban halka bolan buýsanjyny örän şahyrana beýan edendigini belledi.

Türkmen topragy gadymyýetden bäri şäher medeniýetiniň gülläp ösen mekanydyr. Bu toprakda Merw, Gürgenç, Nusaý, Abiwerd, Dehistan, Sarahs, Amul, Zemm, Şähryslam ýaly uly şäherler döräpdir.

Orta asyr türkmen şäherleri dünýä ylmynyň, medeniýetiniň, edebiýatynyň we sungatynyň öňe gitmeginde, baýlaşmagynda aýratyn hyzmatlary bitiripdir. Umumadamzat medeni ösüşine täsirini ýetiren Margiana, Baktriýa, Horezm, Parfiýa, Seljuk türkmen medeniýetleri, Merwiň, Nusaýyň, Ürgenjiň, Abiwerdiň, Dehistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bütin dünýäde bellidir. Men «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Arşyň nepisligi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Çaý — melhem hem ylham», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmen alabaýy» ýaly kitaplarymda halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan nusgawy gymmatlyklaryndan söz açdym diýip, milli Liderimiz nygtady.

Kaşaň köşkleri, metjit-medreseleri, kerwensaraýlarydyr kitaphanalary bilen şöhratlanan mukaddes topragymyzyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly diňe geografik we ykdysady taýdan däl, eýsem, ylym-bilim, medeniýet babatda hem Gündogar bilen Günbatary birleşdiripdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taryha özboluşly syýahatyny dowam edip, türkmen döwletlerinde ylym-bilimiň ösmegine elmydama uly üns berlendigini, munuň üçin tagalla we serişde gaýgyrylmandygyny aýratyn belledi. Şeýlelikde, şol döwletlerde Muhammet Horezmi, Abu Reýhan Biruny, Ibn Sina, Fahreddin Razy, Abu Bekir Muhammet as-Suly, Abdyrahman Hazyny, Omar Haýýam ýaly beýik alymlar we akyldarlar döräpdir.

Biz taryhyň dowamynda toplanan tejribelerden, döwrümiziň ösüşinden hem-de talaplaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde döwrebap kitaphanalary gurduk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Aşgabat şäherindäki «Asma ýolda», welaýat merkezlerindäki kitaphanalarda asman jisimlerini synlamaga, älem giňişligini öwrenmäge niýetlenen kuwwatly teleskoplar gurnaldy. Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde düýpli, täzeçe ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin zerur şertler döredildi. Bu işler Türkmenistanyň ylmyny dünýäde iň öňdebaryjy, abraýly orunlara çykarjak alymlaryň, inžener-tehnologlaryň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam berýär.

Men «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabymda döwletimiziň dünýädäki şan-şöhratyny, at-abraýyny has-da beýgeltmäge goşant goşjak ýaşlarymyz barada arzuwlarymy beýan edipdim. Siziň bilen duşuşyga gaýtmazymdan öň şol setirlere gaýtadan nazar aýladym. Şol arzuwlarymy şu okuw sapagyna hem goşmagy makul bildim diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz öz kitabyndan şol setirleri okap berip, umumy sapaga gatnaşyjylara olary depderlerine belläp almagy, okuwda, işde, durmuşda özlerine kada edinmegi tabşyrdy: «Biziň topragymyzda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag — ýolgörkeziji boljak eserleri döretjek birunylaryň, lukman hekimleriň, mäne babalaryň, horezmileriň, farabylaryň, merwezileriň, amulylaryň, zamahşarylaryň, kubralaryň, nesewileriň, massonlaryň we sarianidileriň, jykyýewleriň hem-de atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynanýaryn».

Milli Liderimiz ýaşlara ýüzlenip, biziň üçin Watandan beýik gymmatlyk, halkymyzdan eziz düşünje ýokdur. Ata-babalarymyzyň «Towşana — dogduk depe», «Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol», «Ilim-günüm bolmasa, Aýym — Günüm dogmasyn», «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar» ýaly dürdäne sözlerinde Watanyň gadyr-gymmaty, mukaddesligi örboýuna galýar diýlip, aýratyn nygtalýandygyny aýtdy.

Sebäbi Watanyň her daban ýeri, her gysym topragy biziň üçin mukaddesdir. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabymda merdana, batyr, gaýratly hem-de edenli türkmen serkerdesi Soltan Jelaleddin bilen bagly bir rowaýaty getiripdim diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bir gezek söweşde serkerde agyr ýaralanypdyr. Tebipler näçe em etseler-de, sagalmandyr. Şonda serkerde: «Maňa Watanymyň bir gysym topragyny getirseňiz, sagalýan» diýipdir.

Tizden-tiz gadymy Wasa adam ýollapdyrlar. Atlynyň giden yzyna garap, Jelaleddin umytly garaşyp ýatypdyr. Umytda hem uly güýç bar!

Ahyrda atly bir düwünçekde Wasyň topragyny we Amyderýanyň bir jürdek suwuny alyp gelipdir. Serkerdäniň şähdi açylypdyr we tizden sagalyp, aýak üstüne galypdyr.

Milli Liderimiz bu rowaýaty mysal getirip, biziň her birimiziň, şol sanda ýaşlarymyzyň ýürekleriniň eziz Watanymyz, mähriban halkymyz bilen birdigini nygtady. Ýüregi «Mähriban halkym, eziz Watanym, jan Türkmenistanym!» diýip urýan, ilimiziň baky bagtyýarlygy, ýurdumyzyň beýik geljegi üçin okaýan, zähmet çekýän ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjeler ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň köňülleriniň owazy, dilleriniň senasy bolmalydyr. Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende galmagyna bagyş etmelidir.

Men maslahat bolan ýerde söweşe ornuň ýokdugyny zynharlan Oguz hana, ýigidiň abraýyny onuň gahrymançylygyna, pähimine garap kesgitlän Gorkut ata, dostlaryny dogan eýlän Görogly bege ady ebedilige öwrülen gahrymanlar hökmünde belent sarpa goýýaryn. Siz şol edermen ata-babalarymyzyň dowamatydygyňyzy hem hiç haçan unutmaly dälsiňiz! — diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlaryna ak ýol arzuw edip, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ösüşiniň her bir tapgyrynda durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş taýdan ösüşi, ykdysady özgertmeleri üpjün edýän maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Düýpli özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Täze obalar, şäherdir etraplar, ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepdir çagalar baglary, ýollar hem köprüler gurulýar, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrýarys. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gadymyýetden gözbaş alýan milli döwletlilik däplerimizden ugur almak bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirip, iki palataly parlament ulgamyny döretdik. Şeýdip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratik kadalary tapgyrlaýyn ornaşdyrýarys.

Medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda düýpli özgertmeleri üstünlikli dowam edýäris. Gurluşykda, senagatda, oba hojalygynda, nebitgaz pudagynda ýokary ösüş depginlerini gazanýarys. Bu işleriň ählisi irginsiz ynsan zähmeti bilen hasyl bolýar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bagtyýar ýaşlarymyzyň-da döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, önümçilik kärhanalarynda yhlasly zähmet çekýändiklerini, eziz Watanymyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşýandyklaryny buýsanç bilen belledi.

Halal zähmet ynsanyň abraý-mertebesini, ömrüniň manysyny artdyrýar. Şoňa görä-de, ýaşlara şeýle sargyt edesim gelýär: beýik maksatlara ýetmek üçin zähmeti hemişe özüňize hemra ediniň! Siziň çekýän zähmetiňiz hemişe halal, ile-ýurda bähbitli bolsun! diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bagtyýar ýaşlara ýüzlenip aýtdy.

Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, mekdep okuwçylary ýürek joşgunyny beýan edýän eserleri döretdiler. Olarda güneşli ülkämiziň gözelliklerine söýgi, berkarar döwletimize buýsanç ýaňlanýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz okuwa gatnaşyjylaryň öňünde «Ak şäherim Aşgabat» goşgusyndan bir bendi okap berdi:

Galkyp ganat gerdigim,

Sap söýgüden gurdugym,

Ýüregi sen ýurdumyň,

Ak şäherim Aşgabat!

Siz mydama ýurdumyzyň daglaryndan güýç, baglaryndan joş alyp, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşaň! diýip, döwlet Baştutanymyz ýaşlara arzuw etdi.

Okaň, guruň, dörediň! Eziz Watanymyzy, ak şäherimiz Aşgabady, merdana halkymyzy ajaýyp şygyrlaryňyz, kyssalaryňyz, sazlaryňyz, sungat eserleriňiz bilen belentden wasp ediň!

Milli Liderimiz berkarar döwletimiziň ruhubelent ýaşlaryna ýüzlenip, biz dünýädäki çylşyrymly maliýe-ykdysady ýagdaýlara garamazdan, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýäris diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz bäsdeşlige ukyply, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny belläp, bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtady. Sebäbi innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar. Sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen, bütin dünýäni öz içine alýan aragatnaşyk ulgamy döredilýär, täze pudaklardyr düşünjeler peýda bolýar. Döwrüň bu täzelikleri biziň jemgyýetimize hem giňden ornaşýar. Bu bolsa dünýäniň sanly giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagyny, halkara bazarda bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly täze nesil hem kemala gelýär. Bilşimiz ýaly, taryhyň bütin dowamynda ata-babalarymyz ylymdan üzňe ýaşamandyr.

Biziň ýaşlarymyz bu gün pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydyr. Şonuň bilen birlikde, olar adamzadyň ylymda hem-de tehnologiýada gazanan üstünliklerini barha düýpli özleşdirýärler.

Milli Liderimiz öňde duran ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitläp, dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşlarymyzyň innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydygyny, dünýäniň ählumumy tehnologik ösüşinden yza galman, täze tehnologiýalary döretmelidigini aýtdy. Siz täze ylmy işleriňiz, düýpli açyşlaryňyz bilen özüňizi öňdebaryjy nesiller hökmünde dünýä tanatmalysyňyz diýip, hormatly Prezidentimiz ýaşlara ak ýol arzuw etdi.

«Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyz esasynda biz halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny yzygiderli berkidýäris, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrýarys. Bu syýasat, ilkinji nobatda, goldawa we goraga mätäç raýatlara gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Zähmete ukypsyz raýatlara, maýyplara, köp çagaly maşgalalara maddy taýdan üpjünçilik we durmuş hyzmatlary edilýär. Bu iş olara pensiýalar, döwlet kömek pullary, durmuş ýeňilliklerini bermek görnüşinde, tölegler arkaly amala aşyrylýar. Döwlet serişdeleriniň hasabyna köp çagaly maşgalalara, howandarlyga mätäç çagalara, weteranlara, döwlet ýa-da jemgyýetçilik bähbitlerini goramakda saglygyny ýitirenlere goşmaça goldaw berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Entäni goldara hemaýat ýagşy» diýen sözlerini getirip, ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerinden ugur almak bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilendigini ýatlatdy. Şeýle-de Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gurulýar.

Milli Liderimiz ýaşlara ýene-de bir möhüm pent berip, olaryň ynsanperwerligiň we adalatyň tarapdary bolan halkyň nesilleridigini hemişe ýatlarynda saklamagy tabşyrdy.

Agzybirlik, dostlukly gatnaşyklar halkymyzyň hoşniýetli häsiýetleridir.

Atalarymyzyň döreden «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr», «Kömekleşen ýow basar», «Söýenişen ýykylmaz», «El eli ýuwar, iki el birigip — ýüzi», «Dostlukda menzil bolmaz», «Dostsuz başym, duzsuz aşym», «Dost — dostuň aýnasy» ýaly pähim-paýhaslarynda agzybirlik hem-de dostluk gatnaşyklarynyň many-mazmuny nygtalýar. Birek-birege hemaýat etmek, hormat goýmak, ejize ganym bolmazlyk halkymyzda müdimilik gelýän kadadyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bu öwütler ynsanperwerligiň, ýokary ahlaklylygyň şygarlary bolup ýaňlanýar. Görnüşi ýaly, halkymyz ýaşaýyş-durmuşyny akyl-parasat, ylym hem tejribe esasynda gurupdyr. Ynsanperwerligiň, päkligiň, ruhubelentligiň, kiçigöwünliligiň, mertligiň, dogry sözlüligiň, arassa ahlaklylygyň durmuş kadasyna öwrülendigi bellenildi. Şu esasda hem milli edep-terbiýe mekdebi döredilipdir. Şoňa görä-de, ýaşlar ata-babalarymyzyň asylly däplerini durmuş şygaryna öwürmelidir. Bu gün türkmen paýhasy dünýä nur saçýar, türkmen topragynda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şu şöhratly zamanada okamak, öwrenmek, ata-babalarymyzyň döreden mukaddesliklerine wepaly bolmak, eziz Watana jan-u-tenden hyzmat etmek ýaşlarymyzyň baş maksady bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýlelikde, umumy sapagyň birinji sagady tamamlandy. Biraz arakesmeden soň, umumy sapak dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, häzirki döwürde senagat taýdan ösen döwleti döretmegiň ýolunda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny we sebitleri sazlaşykly ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi. Oba hojalygynyň paýy artdyrylýar. Pudagyň dolandyryş usullary düýpli kämilleşdirilip, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Obalarymyz sazlaşykly ösdürilýär.

Ylmyň we tehnikanyň üstünliklerini, iň oňat dünýä tejribelerini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly sebitlerimizde gaýtadan işleýän kärhanalary, döwrebap enjamlar ornaşdyrylan önümçilikleri, ýyladyşhanalary we maldarçylyk toplumlaryny döredýäris. Daýhanlarymyz üçin dünýäniň has kämil oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny satyn alýarys. Oba hojalyk ylymlaryny ösdürmek, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça hem köp işler edilýär. Bu bolsa daýhanyň zähmetini ýeňilleşdirmäge, ýerden alynýan hasyly ýokarlandyrmaga, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmäge ýardam berýär.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça-da uly işler amala aşyrylýar. Siz soňky ýyllarda tokaý meýdanlarynyň çalt depginler bilen giňelýändigini görýänsiňiz diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Awtomobil we demir ýollarynyň ýakalarynda tokaý zolaklary barha köpelýär. Seýilgähler ýylyň bütin dowamynda gök öwüsýär. Bularyň ählisi ýurdumyzda amatly ekologik gurşawy emele getirýär. Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi bolsa suw serişdelerini aýawly saklamaga, daşky gurşawy goramaga we gowulandyrmaga ýardam edýär

Ata-babalarymyz «Bagym bar, barym bar» diýipdirler. Biziň ýurdumyz gülli sähralary, durnagöz suwly çeşmeleri, tereň derýalarydyr kölleri, beýikli-pesli daglary, arça-çynarly, kerkawly, injir-enarly jülgeleri, begres geýnen dereleri, çemenlikli ýaýlalary, çogly güneşi bilen tanalýar. Bereketli türkmen topragy ähli döwürlerde ýadawsyz zähmet hem-de Gün çogunyň bollugy bilen ösdürilip ýetişdirilen datly miweleri, gök-bakja önümleri bilen şöhratlanyp gelipdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýsanç bilen belleýşi ýaly, irki ekerançylygyň we maldarçylygyň mekany bolan ýurdumyzda baryp, biziň eýýamymyzdan öňki VI-VII müňýyllyklarda ilkinji bugdaý çöregi bişirilipdir.

Habarlar