Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

29.08.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.

Milli Liderimiz telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin jenap Şarl Mişele minnetdarlyk bildirdi. Bu söhbetdeşlik ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmaga oňat mümkinçilik döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklap, bu gün biziň öňümizde gatnaşyklary giňeltmek wezipesiniň durýandygyny belledi. Bu gatnaşyklaryň meseleleri köpdürli bolup, olar özara gyzyklanma döredýär. Şol meseleleriň hatarynda Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň bilen çäkleşýän zolaklarda parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek, energetika howpsuzlygy, ulag, ekologiýa, suw serişdelerini peýdalanmak meseleleri bar.

Milli Liderimiz bu ugurlar boýunça strategik maksatlaryň we bähbitleriň gabat gelýändigini kanagatlanma bilen nygtap, şolary peýdalanmagyň möhümdigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ýewropa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň çäklerinde, hususan-da, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” Bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde hem-de hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meseleleri boýunça netijeli ösdürilýändigi aýratyn bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki sebitara gatnaşyklaryň bu ugurda nusgalyk bolup, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasaty we howpsuzlygy babatdaky meseleler boýunça ýokary derejeli Dialogyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeliligini nygtady. Olar sebitiň durnukly ösüşi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ynanyşmak esasynda guralýan netijeli gatnaşyklar barada durup geçdi.

Milli Liderimiz jenap Şarl Mişeliň Owganystandaky ýagdaýa berýän bahasy, şeýle hem Ýewropa tarapynyň bu ýurt bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda garaýşy bilen tanşandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz esasy ýörelgeleriň üçüsi barada durup geçdi. Häzirki döwürde goňşy ýurtda wakalaryň ösüşi bilen baglylykda, Türkmenistanyň garaýşy şol ýörelgelere esaslanýar.

Birinjiden, biz syýasy nukdaýnazardan Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Goňşy hem-de Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan Owganystanda parahatçylygyň tiz ýola goýulmagy üçin degişli gatnaşyklara we şertleriň döredilmegine ýardam etmäge taýýardyr.

Ikinjiden, ykdysady nukdaýnazardan iri düzümleýin taslamalary, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem Owganystany Türkmenistan bilen birleşdirýän demir ýollaryň taslamalaryny amala aşyrmak bilen bagly meseleleri has-da ilerletmegiň möhümdigini belleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Üçünjiden, parahatçylygy ýola goýmak boýunça häzirki işlere ýardam etmek üçin Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömegini bermek meselesi.

Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň doganlyk owgan halkyna gös-göni ynsanperwerlik kömegini yzygiderli berýändigi bellenildi. Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna mekdepleriň, hassahanalaryň, metjidiň gurulmagy, ynsanperwer ýükleriň yzygiderli ugradylmagy Owganystan üçin uly goldaw bolup durýar.

Türkmen tarapy ýokarda görkezilen çemeleşmelere esaslanmak bilen, häzirki owgan ýagdaýynyň başlanan wagtyndan öz garaýşyny resmi taýdan beýan etdi diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hususan-da, Türkmenistan Owganystanyň içerki syýasy durnuklylygyna we howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna hemişe uly gyzyklanma bildirip, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni-siwilizasiýa ýakynlygyndan ugur alyp gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biz Owganystandaky ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşmagy ugrunda çykyş edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet gurluşynyň özara kabul ederlikli görnüşleriniň tapylmagy netijesinde hem-de goňşy Owganystanda ýaşaýan ähli etniki toparlaryň giňden gatnaşmagynda bu ýurtda hukuk giňişliginde täze milli edaralaryň kemala geljekdigine ynam bildirdi.

Owganystanyň hoşniýetli goňşusy hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda, halkara bileleşik bilen bilelikde ýurtda parahatçylygy, raýat ylalaşygyny we durnuklylygy gazanmakda, Owganystanyň ykdysady, durmuş we ynsanperwer taýdan ösmeginde owgan halkyna hemmetaraplaýyn ýardam etmäge gönükdirilen işini dowam etmäge taýýardyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Owganystana hemmetaraplaýyn ýardam etmek işinde Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň tagallalarynyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda bolup geçýän häzirki ýagdaýda Türkmenistanyň amala aşyrýan işleri barada durup geçmek bilen, ýurdumyzyň türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklaryny hem-de owgan halkyna zerur ynsanperwerlik goldawyny bermek boýunça anyk çäreleri görýändigine ünsi çekdi.

Hususan-da, Türkmenistan hereket edýän şertnamalara laýyklykda, goňşy döwlete elektrik energiýasyny ibermegini dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik energiýasy Owganystana birnäçe ugurlar boýunça iberilýär. Munuň özi Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny, ýurduň günbatar we demirgazyk-günbatar sebitlerini elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Şonuň bilen birlikde, türkmen-owgan serhedinde gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň bökdençsiz işlemegi üpjün edilýär. Şunda iki ýurduň ilatynyň saglygyny goramak maksady bilen, ählumumy pandemiýa şertlerinde Türkmenistanyň döwlet edaralary serhetden ýük daşalanda, serhediň goralmagyny, gümrük, sanitariýa, fitosanitariýa we gözegçiligiň hem-de barlagyň beýleki görnüşlerini üpjün etmek meseleleri boýunça “Taliban” hereketiniň wekilleri bilen yzygiderli gatnaşyklary amala aşyrýar. Döwlet serhedinden geçirilýän ýükleriň agramly bölegini nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, bugdaý, gündelik sarp edilýän harytlar düzýär.

Milli Liderimiz Owganystandaky ýagdaýyň Merkezi Aziýa ýetirýän täsiri bilen bagly meseleler barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň häzirki wagtda geosyýasy nukdaýnazardan, çylşyrymly ýagdaýy başdan geçirýän sebitde ýerleşýändigini belledi. Şonuň bilen birlikde, Bitaraplyk derejesi biziň ýurdumyza Garaşsyzlyk ýyllarynda sebitde durnukly syýasy gatnaşyklar üçin şertleriň döredilmegine, ynamly syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna mümkinçilik döretdi.

1996 — 2001-nji ýyllarda ýurduň çäkleriniň 90 göterimi “Taliban” hereketiniň garamagynda bolan goňşy Owganystanyň taryhyndaky çylşyrymly döwürler barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu ýurduň halkyna ykdysady hem-de ynsanperwerlik kömegini bermegini dowam edýändigini belledi. Türkmenistanyň Mazari-Şarif we Hyrat şäherlerindäki konsullyklary şol wagtda hem işlerini dowam edip, Owganystanyň ilatyna konsullyk hyzmatlaryny bermek boýunça öz wezipelerini ýerine ýetirdiler.

Türkmenistan Owganystandaky çylşyrymly içeri syýasy ýagdaýlara garamazdan, 1999-2000-nji ýyllarda Aşgabatda “Taliban” hereketiniň hem-de şol döwürde Ahmad Şah Masudyň baştutanlygyndaky “Demirgazyk alýansyň” arasynda gepleşikleriň dört tapgyrynyň geçirilmegini gurady. Şol gepleşikleriň Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilendigini bellemek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz şol döwürde taraplaryň ikisiniň hem geňeşmeleriň netijeli bolandygyny ykrar edendiklerini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda beýan edilenleri jemläp, wakalaryň geljekde ösüşiniň goňşy ýurtdaky täze häkimiýetiň Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de beýleki döwletler bilen gatnaşyklarynyň derejesine gürrüňsiz bagly boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistan özüniň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň dowamynda dünýädäki migrasiýa meselelerini çözmek boýunça köptaraplaýyn tagallalara işjeň gatnaşyjy bolup çykyş etdi. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda biziň sebitimizde, hususan-da, Owganystanda we Täjigistanda aýratyn çylşyrymly wakalaryň ýaýbaňlanan döwründe ýurdumyz bosgunlaryň onlarça müňüsini kabul etdi, olara Türkmenistanyň çäginde ýaşamak üçin howpsuz şertleri döredip, ähli zerurlyklar bilen üpjün etdi.

Şol sebäpli hem Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, şunuň ýaly çylşyrymly ynsanperwerlik ýagdaýlaryny oňyn çözmekde uly tejribä eýedir hem-de hiç wagt bu işlerden daşda durmady diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselede ýurdumyzyň garaýşy barada aýdyp, häzirki wagtdaky çylşyrymly epidemiologiýa ýagdaýlarynda bosgunlary kabul etmek baradaky çözgüde sagdyn çemeleşmegiň hem-de ynsanperwer meseleleriniň beýleki ugurlary bilen birlikde, ilkinji nobatda, örän howply koronawirus ýokanjynyň giň möçberde ýaýramak töwekgelçiligine çynlakaý baha bermegiň zerurdygyny belledi.

Halkara borçnamalaryny, şol sanda halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek bilen, Türkmenistanyň birnäçe ýurtlaryň, şol sanda Ýewropa döwletleriniň raýatlaryny Owganystandan alyp gaýtmak işleriniň bökdençsiz guralmagyny üpjün etmek üçin özüniň howa giňişligini açandygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu ýylyň 15-nji awgustyndan başlap, häzirki wagta çenli Owganystandan raýatlary alyp gaýdýan uçarlara ýurdumyzyň howa giňişliginden geçmek üçin onlarça ygtyýarnamanyň berlendigini, bu işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini Ýewropa Bileleşiginiň Başlygyna habar berdi.

Öz nobatynda, jenap Şarl Mişel Türkmenistanyň Baştutanynyň ählumumy howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine hem-de Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhümdigini hem-de öz wagtynda öňe sürlendigini aýdyp, Ýewropa Bileleşiginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasy ugruny hem-de döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandygyny belledi.

Milli Liderimiz häzirki wagtda halkara bileleşigi tolgundyrýan möhüm meseleler boýunça açyk hem-de oňyn söhbetdeşlik üçin Ýewropa Bileleşiginiň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň sebitiň mundan beýläk-de parahatçylykly we durnukly ösüşi üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Jenap Şarl Mişel hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkyna we onuň Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilendigini hem-de 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Türkmenistanyň teklip eden Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilendigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeli Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň baýramçylygyna çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, oňa ählumumy bähbitlere hem-de döwrüň talaplaryna kybap gelýän durnukly ösüş häsiýetini bermäge taýýardyklaryny ýene bir gezek tassyklap, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen asylly işlerinde birek-birege üstünlikleri arzuw etdiler.

Habarlar