Türkmenistan parahatçylyk dörediji ýurtdur

16.08.2021

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary — dünýäde ählumumy parahatçylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy dowam etmek, mähriban Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy baradaky aladalar beýanyny tapdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda täze gurlan möhüm desgalaryň ulanylmaga berilmegi eziz Diýarymyzyň ösüşiniň täze, nobatdaky sepgitleriniň aýdyň subutnamasy boldy.

11-nji awgustda milli Liderimiz ýurdumyzyň Harby Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze harby bölümiň düzümleri hem-de bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy we dolandyryş bölümine baryp gördi. Bu ýerde täze tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň kömegi bilen Hazar deňzindäki gämileriň hereketlerini yzarlamak mümkin. Şeýle hem milli Liderimiz dürbi arkaly HDG-niň “Sanjar” gorag gämisini gözden geçirdi hem-de harby gullukçylara täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Harby Deňiz Güýçleriniň harby bölüminiň desgalary bu ulgamdaky döwrebap talaplara laýyk guruldy. Okuw bölümi iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy. Okuwlar Harby deňiz institutynyň talyplary tarapyndan işlenip taýýarlanylan programma üpjünçiligi boýunça geçirilýär. Sanly ulgamyň kömegi bilen harby gämileriň dolandyrylyşy, ugurdaş enjamlaryň ulanylyşy, deňiz giňişligine gözegçiligiň alnyp barlyşy öwredilýär.

Harby bölümiň çäklerinde üsti açyk we ýapyk sport meýdançalary bar. Şolarda harby gullukçylar boş wagtlarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp bilerler. Şeýle hem lukmançylyk bölümi, medeniýet öýi, okalga zaly bolan kitaphana, dabaraly çäreleri geçirmek üçin bina bar.

Harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 3 gatly, 60 öýli iki sany döwrebap ýaşaýyş jaýy hem-de ýaş serkerdelere niýetlenen iki gatly umumyýaşaýyş jaýy guruldy.

Öňdebaryjy tehnologiýalar we ugurdaş enjamlar bilen enjamlaşdyrylan umumybilim berýän mekdep, çagalar bagy bar. Köpugurly dükanda gündelik durmuşda zerur bolan harytlaryň ähli görnüşini tapmak bolýar.

Harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli bu ajaýyp baýramçylyk sowgady hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygarynda öz beýanyny tapýan döredijilikli syýasatynyň durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmegi esasy ugur edýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Bu harby bölümde harby gämiler üçin duralga göz öňünde tutuldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Gämileri abatlaýyş kärhanasynda gurlan täze “Deňizhan” atly harby gämi bar. Asylly däbe görä, söweşjeň gämide Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de ýurdumyzyň Harby Deňiz Güýçleriniň baýdagy galdyryldy.

Milli Liderimiz dolandyryş nokadyndan ýurdumyzyň Harby Howa Güýçleriniň ygtyýaryna gelip gowşan döwrebap harby uçarlaryň uçuşyna syn etdi, soňra bolsa Döwlet serhet gullugyna degişli binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze harby bölümiň düzüminde ýaş serhetçiler üçin hemme amatly şertleri bolan ýatakhanalar bar. Ondan başga-da, naharhana, kitaphana, sport meýdançalary, alabaýlar bilen türgenleşik işlerini geçirmek üçin meýdança bar.

Bu ýerde serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, çagalar üçin oýun meýdançasy, awtoulaglar üçin duralga we beýleki düzümleýin desgalar ýerleşýär.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren maslahatynda milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli düzümleriniň harby gullukçylarynyň şöhratly pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny mynasyp dowam etdirmegi, belent watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegi ugrunda zerur tagallalary etmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň, aýratyn-da, dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugy üçin täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän halkymyzyň özboluşly aýratynlygynyň biri-de goldawa mätäç adamlara kömek bermekden ybarat boldy we bu şeýle bolmagynda-da galýar. Bu ynsanperwer däp çaganyň kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň we goramagyň hukuk kepilligini, şonuň ýaly-da, ýetim çagalaryň jemgyýetde öz ornuny tapmagyna, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga gönükdirilen ykdysady we anyk ugurly çäreleri öz içine alýar.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky lukmançylyk edaralarynda howandarlyga mätäç näsag çagalara dürli operasiýa bejergilerini geçirmek üçin Haýyr-sahawat gaznasyndan serişde bölüp bermek hakynda çözgüt kabul etdi.

Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakylan Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri köp wagt geçmedik hem bolsa, eýýäm giň möçberli, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Golaýda Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň etrap hem-de şäher hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýörite ulaglaryň açarlaryny şu ýylyň tomsunda bu sebitlere iş sapary wagtynda döwlet Baştutanymyzyň hut özi gowşurdy.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkiýe Respublikasynda ýangyn sebäpli ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanyp, paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde “Merdanalyk mekdebi” ady bilen geçirilen dabaraly çäre geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň biri boldy. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri, harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, içeri işler edaralarynyň weteranlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, görnükli ýazyjylar hem-de ugurdaş düzümleriň döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar çykyşlarynda Mälikguly aganyň manyly ömür ýolunyň öz halkyňa we mähriban Watanyňa päk ýürekden gulluk etmegiň, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň hem-de belent adamkärçiligiň mizemez nusgasydygyny nygtadylar.

Mälikguly Berdimuhamedow ak ýürekden gulluk edendigi, jenaýatçylygyň garşysyna göreşmekde hem-de jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmekde gazanan üstünlikleri üçin Hormat hatlaryna, döşe dakylýan nyşanlara we köp sanly medallara mynasyp boldy. Onuň tabşyrylan işe jogapkärli çemeleşmegi, harby kasama wepalylygy we öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrunda görkezen erjelligi ýaş harby gullukçylar üçin nusgalyk mekdepdir.

Şeýle hem 1001-nji harby bölüminde Mälikguly Berdimuhamedowyň ýadygärligine hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde döwlet Baştutanymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desseleri goýuldy.

11-nji awgustda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda Garagum derýasynyň suwy bilen ekerançylyk meýdanlaryny üpjün etmek üçin täze suw howdany ulanylmaga berildi.

Bu waka mynasybetli geçirilen dabaraly çärä hökümet agzalary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Balkan welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, oba zähmetkeşleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň merdana suw hojalyk işgärlerini we ähli oba zähmetkeşlerini bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap: “Soňky ýyllarda biz ýurdumyzyň bahasyna ýetip bolmaýan baýlyklaryny goramak, suwuň her damjasyny aýawly we rejeli peýdalanmak boýunça köp işleri amala aşyrýarys. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny, suw hojalyk desgalarynyň we ulgamlarynyň gurluşyklarynda öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys” diýip belledi.

Göwrümi 18 million kub metr bolan suw howdany Garagum derýasynyň 1096-njy kilometrliginde guruldy, bu ýerde sekuntda 30 kub metr suw geçirmäge ukyply suw desgasy ýerleşýär. Ol güýz-gyş döwründe derýanyň aşaky akymynda suw ýygnamaga, ekerançylyk meýdanlary suwarylanda, onuň berlişini sazlaşdyrmaga niýetlenendir.

Bu gidrotehniki toplumyň taslamasy “Türkmensuwylymtaslama” instituty tarapyndan taýýarlanyp, onuň gurluşygyny Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň “Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.

Howdanyň we bendiň gurluşygynda ýerli känlerden alnan gurluşyk serişdeleri ulanyldy, hususan-da, bendiň berkidilmegi üçin 167,5 müň kub metr çagyl gerek boldy. Bendiň umumy uzynlygy 7,8 kilometrden gowrakdyr. Esasy önümçilik desgalaryndan başga-da, ýol we energetika düzümleriniň desgalary guruldy.

Suw geçirijilik ukyby sekuntda 10 kub metre barabar bolan täze suw hojalyk toplumynyň işe girizilmegi Bereket etrabynyň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, oba hojalyk pudagynyň depginli ösüşiniň möhüm ýagdaýy hökmünde suwarymly ýerleriň netijeliligini artdyrmak, bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň durnukly, ýokary hasylyny almak, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek babatynda öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek ugrundaky ýene bir möhüm ädim boldy.

Geçen hepdäniň wakalarynyň hatarynda 12-nji awgustda Hazarýaka döwletlerde her ýyl bellenilýän Hazar deňziniň gününe bagyşlanan “Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat boldy. Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, iri halkara guramalaryň işgärleri gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibine kenarýaka ýurtlaryň Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek işindäki hyzmatdaşlyga degişli möhüm meseleleriň giň toplumy girizildi. Maslahatda Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioköpdürlüligini gorap saklamak, tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak babatda milli derejede alnyp barylýan ulgamlaýyn işleriň esasy ugurlary we netijeleri beýan edildi.

Daşky gurşawy goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşyp, bu hyzmatdaşlygyň yzygiderli, toplumlaýyn, şol sanda BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglylykda, oňyn häsiýete eýe bolmagy ugrunda tagalla edýär. Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki iri forumlaryň belent münberinden öňe süren döredijilikli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Umuman, geçen hepdäniň wakalary döwletimiziň depginli ösüşiniň nobatdaky subutnamasy boldy. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ähli özgertmeler we ägirt uly işler mähriban halkymyzyň rowaçlygyny hem-de ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Habarlar