Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

06.08.2021

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Milli Liderimiz Gyrgyz Respublikasynyň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, häzirki wagtda täze şertlerde gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň söwda-ykdysady hem-de medeni ýörelgeler arkaly bagly bolan goňşy döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkmenistana ýene-de gelip görmäge hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerindäki dabaralara gatnaşmaga şatdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, gyrgyz Lideri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn üns berýändigini belledi.

Gyrgyzystanyň Baştutany Sadyr Žaparow ýurdumyza nobatdaky gezek gelmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny, Hazaryň kenarynda dynç alyş düzüminiň gözüň alnynda özgerýändigini, munuň bolsa ýokary baha mynasypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň Merkezi Aziýada özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de giňeltmek ugrunda çykyş edýändigini belledi, türkmen halkyny sebitiň halklary bilen köpasyrlyk taryhy-medeni we dost-doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Liderleriniň şu gezekki duşuşygynyň hem-de oňa bagyşlanyp geçirilýän forumlaryň we halkara derejeli çäreleriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine, şeýle hem olaryň syýasy, ykdysady, medeni, ynsanperwer ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy üçin amatly sebit hökmünde dünýä gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Söwda, energetika, ulag, ekologiýa we beýleki ulgamlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Baştutany wezipesinde Sadyr Žaparowyň şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana bolan ilkinji saparynyň barşynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň strategik hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezendigi aýratyn bellenildi.

Söhbetdeşler halkara giňişlikde geljekde hem oňyn hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassyklap, sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma döredýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda Gyrgyz Respublikasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň hem-de öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň doly goldanylýandygy bellenildi.

Prezident Sadyr Žaparow ulag-üstaşyr ýollarynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak, häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak ýaly meseleleri çözmekde ýurdumyzyň ornuna ýokary baha bermek bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Hazar deňziniň kenarynda guralan halkara ähmiýetli çäreleriň sebitde hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Taraplar dürli ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmekde Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň ornuny nygtap, işewür duşuşyklaryň, şol sanda işewürler toparlarynyň arasynda gepleşikleriň geçirilmeginiň, ylym-bilim, medeni gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini ýene bir gezek nygtap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Habarlar