Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçdi

06.08.2021

Şu gün Hazaryň kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygy geçirilýär. Awaza Kongres merkezi iň ýokary derejedäki bu forumyň geçirilýän ýeri boldy. Oňa gatnaşmak üçin, biziň ýurdumyza Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kassym-Jomart Tokaýew, Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Täjigistan Respublikasyndan Prezidenti Emomali Rahmon dagy biziň ýurdumyza geldi.

Irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Awaza Kongres merkezine bardy. Bu ýerde, foýede türkmen Baştutany foruma gatnaşmak üçin nobatma-nobat gelýän Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylaryny mähirli we doganlarça garşy aldy. Adaty dostlukly elleşmeden soň Türkmenistanyň Prezidenti hormatly myhmanlaryň her biri bilen aýratynlykda surata düşdi. Sammitden öň döwlet Baştutany Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň başlygy Natalýa German bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary bu maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanda ýygnandylar, onuň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady Forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň Halkara sergisi, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dialogyna we sebitdäki ýurtlaryň milli tagamlarynyň Halkara festiwaly ýaly ykdysady we medeni häsiýetli birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Prezidentler 2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda kabul edilen Kararlaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebitiň geosyýasy we geoykdysady nukdaýnazardan ähmiýetini bellediler, köp asyrlyk taryhy, ruhy we medeni gatnaşyklar bilen baglanyşykly ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň we birek-birege hormat goýmagyň ýokary derejededigini nygtadylar. Bularyň diňe bir sebitiň däl, eýsem tutuş Ýewraziýanyň hem ösüşine oňyn täsir edýändigi-de nygtaldy.

Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmäge, sebit ýurtlarynyň arasyndaky ulag we aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şol sanda, bar bolan ulag dälizleriniň netijeli işlemegini üpjün etmek we täze ulag geçelgelerini döretemek arkaly hyzmatdaşlygy artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda: «BMG-niň resminamalaryna esaslanmak bilen, biz Merkzi Aziýada sebitdäki energiýa islegini kanagatlandyrmaga, şeýle hem halkara tranzit koridorlary arkaly dünýä bazarlarlaryna çykmaga gönükdirilen howpsuz, durnukly energetika hyzmatdaşlygy üçin amatly syýasy, hukuk we ykdysady şertleri döretmek ýoly bilen barýarys» diýip belledi.

Prezidentler söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, eksport-import amallarynyň möçberini ýokarlandyrmak barada pikir alyşdylar. Özara haryt dolanyşygynyň dürlüligini we senagat hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak barada ylalaşyk gazanyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki beýanaty kabul edildi.

Mundan soň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň başlygy Natalýa Germanyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça metbugat konferensiýasy boldy.

Şol gün prezidentler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna baryp gördüler.

Döwlet Baştutanlary Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylyk konsertine gatnaşdylar.

Habarlar