Türkmen-täjik gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine çykdy

05.08.2021

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady.

Milli Liderimiz ir bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Biraz wagtdan soň, bu ýere ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolýan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli garşylady.

Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary Aşgabadyň Halkara howa menziliniň belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen zalyna bardylar. Bu ýerde iki dostlukly ýurduň Prezidentleriniň çaý başynda söhbetdeşligi boldy. Onuň dowamynda ösüşiň täze derejesine çykan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň meseleleri, düýn paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda bolan gepleşikler üstünlikli geçdi. Onda iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygy bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere laýyk derejede ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Gol çekilen resminamalar toplumy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde geçirilen gepleşiklerde söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, ýükleri we ýolagçylary üstaşyr geçirmek, gurluşyk, oba we suw hojalygy, ýaşlar syýasaty, syýahatçylyk, medeniýet we sungat ýaly ugurlar, iki ýurduň işewür düzümleriniň gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Söhbetdeşlik tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz täjik kärdeşini uçara münmäge çagyrdy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Arkadag Prezidentimiziň uçarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna we beýleki halkara ähmiýetli çärelere gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna tarap ugradylar.

Howa giňişligine aralaşan uçarda iki dostlukly döwletiň Prezidentleriniň özara söhbetdeşligi dowam etdi. Söhbetdeşligiň barşynda täze taryhy eýýamda iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşini nazara alyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz we belent mertebeli myhman gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň ugurlaryny kesgitlediler.

Özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çäklerinde iki döwletiň sebitleriniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksady bilen, welaýatlaryň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň ähmiýetine garaldy.

Bellenilişi ýaly, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasy kabul edildi we Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda raýatlaryň özara saparlary hakynda Ylalaşyga üýtgetmeler girizmek hakyndaky Teswirnama gol çekildi. Munuň özi iki ýurduň arasynda ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň degişli düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge giň ýol açar diýip, iki ýurduň Liderleri geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirdiler.

Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça geçirilýän halkara çäreleriň ähmiýeti bellenildi we bu forumlaryň, halkara sergileriň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege ynanyşmak, özara bähbitli esasda ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Biraz wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanlary mähirli garşylandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän goldawy üçin birek-birege minnetdarlyk bildirdiler.

Soňra Täjigistanyň Baştutany Halkara deňiz portuna baryp gördi, ol ýerde deňiz portunyň işi we ony ösdürmegiň geljegi bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan sebitiň örän möhüm ulag çatrygyna, özüniň geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýän we şeýle gatnaşyklary durmuşa geçirmek ugrunda yzygiderli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasaty netijesinde, iri halkara logistika merkezine öwrülýär.

2018-nji ýylyň maý aýynda Türkmenbaşy şäherinde häzirki zaman Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ählisi üçin uly ähmiýetli waka boldy. Bu toplum iri halkara düzümleriň birnäçesiniň sertifikatlaryna mynasyp boldy.

Häzirki wagtda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän ulag-üstaşyr söwda geçelgesiniň möhüm bölegi, şeýle hem Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ýük gatnawlaryny üpjün edýän iri logistika merkezi bolup durýar.

Portuň umumy meýdany 1 million 358 müň inedördül metrden gowrakdyr. Gämiler duralgasynyň uzynlygy 3 müň 500 metre deňdir, bu ýerde birbada birnäçe ýük we ýolagçy gämileriniň durmagy üçin zerur şertler döredilipdir.

Iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen Halkara deňiz portunda Ýewropa ýurtlarynyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna hem-de Hindi ummany sebitiniň döwletlerine çykmak üçin ähli şertler bar.

Deňiz porty düzümlerine degişli iň gowy işläp taýýarlamalar ulanylan bu Halkara deňiz porty ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm orun eýeleýär. Ol uly ähmiýetli halkara ulag merkezi hökmünde ýurdumyzyň önümlerini dünýä bazarlaryna bökdençsiz çykarmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedir.

Hazaryň deňiz portunyň üstünden geçirilýän ýükleriň möçberleri ýyl-ýyldan artýar. Onuň üsti bilen Türkmenistana senagat we oba hojalyk enjamlary, awtoulag serişdeleri, demir we agaç önümleri, mineral dökünler getirilýär, daşary ýurtlara bolsa polipropilen, koks hem-de beýleki nebit önümleri, himiýa we gurluşyk serişdeleri iberilýär.

Türkmenistanyň hem, beýleki Hazarýaka ýurtlary ýaly, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de söwda ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işleriň çäklerinde milli gämi gatnawlarynyň mümkinçilikleriniň güýçlendirilmegine uly üns berýändigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda türkmen tarapynyň buýurmasy boýunça söwda flotunda häzirki zaman tankerler we beýleki gämiler guruldy hem-de ulanylmaga berildi, olaryň tehniki häsiýetnamalary hem-de innowasion görkezijileri deňiz gatnawlary bazarynda bildirilýän iň ýokary talaplara laýyk gelýär.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň häzirki zaman düzümleri özüniň ýokary derejeli hyzmatlar ulgamyndaky mümkinçilikleri bilen diňe bir häzirki wagtyň talaplaryny däl-de, geljekki döwrüň talaplaryny hem kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Bu ýerde alnyp barylýan işler wagtyň geçmegi bilen yklymara ýük gatnawlarynyň logistika zynjyrynda düýpli özgertmelere getirip biler, iň gysga we amatly ugurlar hökmünde Türkmenistanyň ýük terminallary bu zynjyryň möhüm halkasy bolar.

Portuň düzümleri bilen tanyşlygyň barşynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti parom, ýolagçy we konteýner terminallaryna baryp gördi.

Ortaça ýyllyk kuwwaty 400 müň TEU bolan konteýner terminaly 249 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. Bu strategik häsiýetli desga Türkmenistany sebitiň eksport-import logistika ulgamynda öňdäki orunlara çykarar. Multimodal logoparkda konteýner ýüklerini saklamak we utgaşykly işlemek boýunça hyzmatlar toplumy ýerine ýetiriler, ol ýükler howa, awtomobil we demir ýol ulaglary bilen getiriler, olary suw ulagyna ýüklemek we düşürmek işleri üpjün ediler. Mysal üçin, demir ýol duralga meýdançasy 450 wagona niýetlenendir hem-de onda gije-gündiziň dowamynda ýüklemek-düşürmek işlerini geçirmek mümkindir.

Konteýner terminalynyň duralgasynyň uzynlygy 480 metre deň bolup, ol birbada ýük göterijiligi jemi 5 müň tonna bolan birnäçe gämide ýüklemek-düşürmek işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

Portuň täze enjamlary hem-de ýükleri işlemek üçin göteriş-ulag tehnikalary bar. Mysal üçin, konteýner terminalynda öndürijiligi sagatda 25 TEU bolan “gämi-kenar” (STS) görnüşli duralga ýük ýükleýjileri işleýär. Şeýle ýük ýükleýjileriň her biri 12 sagadyň dowamynda 300 konteýnerli bir gäminiň ýüküni düşürip bilýär.

Gündelik maglumatlary operatorlaryň monitorlaryna çykarýan gözegçilik hemra ulgamy bilen üpjün edilen konteýner terminaly CTQI (Container Terminal Quality Indicator — konteýner terminallarynyň hil görkezijisi) ölçegine laýyklykda taslandy. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda tutuş dünýäde konteýnerleriň dolanyşygy tiz artýar, bu bolsa konteýner terminallarynyň sanynyň artmagyna täsirini ýetirdi. CTQI ölçeginiň ornaşdyrylmagy hyzmatlaryň bu görnüşinde bir bitewi hil gözegçiligini döretmäge mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň esasy “deňiz derwezesinde” geçirilýän düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de gaýtadan enjamlaşdyrmak işleri netijesinde deňiz ulaglary bilen amala aşyrylýan ýük gatnawlarynyň möçberleri ýyl-ýyldan artýar, şeýle hem bu porta girýän daşary ýurt gämileriniň sany köpelýär.

Portuň deňiz giňişligindäki gämileriň hereketine awtomatlaşdyrylan ulgamlar we elektron tehnologiýalar arkaly hakyky wagt tertibinde gözegçilik edilýär, ähli meýdançalardaky ýüklemek-düşürmek işleri hem şol tertipde dolandyrylýar. Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak maksady bilen, bu taslama “Ýaşyl port” (Green port) halkara standartyna laýyklykda işlenip düzüldi.

Ýolagçy terminalynyň binasy 600 orunlykdyr. Bu ýerde migrasiýa we pasport gözegçiligi, beýleki zerur bolan düzgün-kadalar häzirki zaman derejesinde guralypdyr. Şeýle hem portda myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezleri göz öňünde tutuldy.

Umuman, awtomobil we ýolagçy parom terminalynyň umumy meýdany 230 müň inedördül metr bolup, onuň duralgasynda birbada iki gämi labyryny taşlap bilýär. Ol bir ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň treýlere hyzmat etmäge ukyplydyr.

Täjik Lideri Emomali Rahmon Halkara deňiz porty bilen tanyşmagynyň barşynda Türkmenistanyň “deňiz derwezesiniň” tehniki we tehnologiýa babatda enjamlaşdyrylyş derejesine ýokary baha berdi hem-de daşary ýurtlar bilen özara bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Habarlar