Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýanyň Prezidentini gutlady

27.06.2021

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Uhnaagiýn Hurelsuha Mongoliýanyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Uhnaagiýn Hurelsuha tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, Mongoliýanyň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar