Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

27.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, häzirki döwürde dünýäde koronawirus ýokanjynyň indi beýleki görnüşleri bilen keselleýän adamlaryň sanynyň köpelýändigini belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň hem-de şu toparyň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazowyň häzirki döwürde ýurdumyzdaky ýagdaý, bu ugurda geçirilýän anyk işler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy N.Amannepesowa söz berdi. N.Amannepesow şu ýylyň 14-nji maýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Dolandyryş merkeziniň we onuň şahamçalarynyň işi talabalaýyk ýola goýuldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça yzygiderli maslahatlar geçirilip, Balkan welaýatynyň bu künjeginde dynç alşy guramak boýunça seljeriş işleri amala aşyryldy diýip, toparyň ýolbaşçysy sözüni dowam etdi.

Ministr Dolandyryş merkezi tarapyndan zolagyň çägindäki desgalarda ýüze çykýan meseleleri dessin çözmek boýunça guramaçylyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýdyp, ýurdumyz boýunça saglyk öýleriniň 18-sinde döredilen nokatlarda ilatymyzyň lukmançylyk gözegçiliginden geçirilýändigini, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildiren raýatlara ýaşajak myhmanhanasyndan ýollamanama getirenden soňra, olara COVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlarynyň ýerine ýetirilýändigini hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan bellige alynýandygyny habar berdi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilatyň arasynda ýüze çykýan soraglara jogap bermek we şol ýerde dynç almagyň tertibi boýunça raýatlaryň arasynda düşündiriş işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň işini täze tassyklanan düzüme laýyklykda gurap, dowam etmegi tabşyrdy. Bu düzümde alnyp barylýan işler, aýratyn-da, dynç alyş üçin döredilen şertler bilen ilatymyzyň habarly edilişi we olaryň ýerine ýetirilişi yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz toparyň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazowa söz berdi. Ol «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkezi tarapyndan amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna girilýän ýerde barlag-gözegçilik nokady döredilip, şol ýerde Türkmenistanyň Içeri işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri tarapyndan barlag-gözegçilik işleriniň alnyp barylýandygy, dynç almaga gelýän raýatlar üçin ýörite ulag gatnawlarynyň ýola goýlandygy habar berildi.

Häzirki wagtda syýahatçylyk zolagynda jemgyýetçilik tertibini, ýol hereketiniň kadalaryny, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin içeri işler edaralaryndan ýörite topar döredildi. Şeýle hem dynç alýanlar üçin amatly şertleri döretmek, howpsuzlygy, jemgyýetçilik tertibini goramak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, zolaga girilýän ýerlerde we tutuş zolagyň çäginde, deňiz ýakasynda ýerli içeri işler edaralarynyň işgärleriniň degişli gözegçilik işleriniň yzygiderli ýola goýulmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, adatdan daşary toparyň başlygy N.Amannepesow täze, has netijeli waksinalary satyn almak boýunça degişli Kararyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz saglyk üçin ýokary netijesi bolan waksinalary satyn almak baradaky teklibi makullady we degişli Karara gol çekip, halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda döwletimiziň zerur bolan serişdeleri gaýgyrmajakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen asylly ýörelgeden ugur alyp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini, ýurdumyzda waksinalaryň bar bolan gorunyň üstüne gor goşup, täze, has netijeli waksinalaryň 1,5 millionyndan ybarat ätiýaçlyk gorunyň döredilmelidigini aýtdy we bu babatda ministre anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz iş maslahatyny dowam edip, täze koronawirus ýokanjynyň bütin dünýäde giňden ýaýran pandemiýa şertlerinde ýurdumyza bu ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almak hem-de raýatlarymyzyň saglygyny goramak üçin ähli zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Gören çärelerimiziň netijesinde häzire çenli ýurdumyzda bu ýokanç kesel bilen kesellenen ýagdaý ýüze çykarylmady. Ýöne, muňa garamazdan, biz ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny güýçlendirmelidiris. Täze koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy goşmaça göreş çärelerini görmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz dürli ýokançlaryň ýaýramagynyň öňüni almak we raýatlarymyzyň saglygyny goramak üçin bu ýerde Dolandyryş merkeziniň döredilendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Dolandyryş merkeziniň işini güýçlendirmek üçin, merkeziň ýolbaşçylaryny çalyşmak barada karara gelendigini aýdyp, bu baradaky hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň düzümini tassyklamak hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Soňra milli Liderimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy N.Amannepesowa ýüzlenip, dynç alyş möwsümi döwründe, ýurdumyzyň gurak howaly zolaga girýändigini nazara alyp, keselleriň ýaýramagyna garşy göreş çäreleriniň kesgitlenen düzgünlere laýyklykda alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Şunlukda, degişli aralygyň saklanmagy, agyz-burun örtükleriniň ulanylmagy we şahsy arassaçylyk kadalarynyň berk berjaý edilmegi möhüm talap bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz zolakda deňiz suwunyň we howasynyň bakteriologik barlaglaryny yzygiderli geçirip durmagy, ýurdumyzyň epidemiologik ýagdaýyna gündelik seljeriş işlerini geçirmegi we ony berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz şu toparyň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazowa ýüzlenip, zolakda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, içeri işler edaralarynyň nobatçylyk edýän döwründe bellenen tertipde rugsatnama resmileşdirilen adamlary olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy esasynda zolaga goýbermek, zolak üçin niýetlenen ulaglaryň ýörite duralgalarda durmagyny üpjün etmek hem-de dynç alyş zolagyna girmäge diňe ýöriteleşdirilen ulaglara rugsat bermek meselelerine üns berilmelidir diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli gulluklaryň öňünde goýlan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, olary talabalaýyk ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

* * *

Şeýle hem şu gün Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň mejlisi geçirilip, onda döwlet Baştutanymyzyň bu düzümiň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitlendi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde koronawirus pandemiýasy zerarly dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça degişli maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary we degişli düzümler tomus möwsüminde raýatlarymyzyň ýokary derejeli dynç alşyny guramak meselelerine möhüm ähmiýet berýärler.

Mejlisiň dowamynda dynç alyş ýerlerinde degişli sarp ediş-anyklaýyş, zyýansyzlandyryş we beýleki derman serişdeleriniň ýeterlik gorunyň bolmagynyň häzirki döwrüň möhüm talabyna öwrülendigi barada aýdyldy. Şunlukda, kesellerden goramak üçin niýetlenen ýörite gorag serişdeleriniň üpjünçiligi, şahsy arassaçylyk kadalarynyň berk berjaý edilişi bilen baglanyşykly meseleler hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Şeýle hem ýokanç keselleri anyklamak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigi barada aýdylyp, bu ugurda barlaghanalaryň üpjünçilik meselelerine möhüm üns berilýändigi nygtaldy.

Mejlisde çykyş edenler türkmenistanlylaryň saglygyny goramak üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýdyp, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Habarlar