Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatyna iş saparyna ugrady

22.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyna ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden uçup, biraz wagtdan soň, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde milli Liderimiz mähirli garşylandy.

Welaýat häkimi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitiň gallaçylarynyň döwlete däne tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hoş habary kabul edip, welaýatyň ekerançylarynyň bu sebitde Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde gazanan zähmet ýeňşiniň ähmiýetini nygtap, hemmeleri goşa baýram bilen gutlady. Ýurdumyzda ilkinji bolup, şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetiren lebaply gallaçylaryň Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyrandyklaryny belläp, döwlet Baştutanymyz bu üstünligiň gallaçy daýhanlaryň, kombaýnçylaryň, däne daşaýan awtoulag sürüjileriniň, welaýatyň ähli oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmetiniň netijesidigini aýratyn nygtady.

Häzirki döwürde oba hojalygynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu ugurda esasy maksadymyz ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmakdan, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny has-da berkitmekden ybaratdyr.

Zähmetsöýer daýhanlaryň öňde durýan wezipeleri abraý bilen berjaý edýändiklerini kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň ekerançylarynyň yhlasly zähmet çekip, pagta taýýarlamak baradaky borçnamalaryny hem üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz daýhanlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda gazanan zähmet ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary dowam edýär.

Habarlar