Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

05.06.2021

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary makullanyldy.

Mejlise gatnaşmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Gün tertibine hem-de “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” Kanunyň 18-nji maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň makullamagy üçin 22-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dördünji maslahatynda kabul edilen kanunlar hödürlenildi.

Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň hem-de komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi hem-de kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça netijenamalar berildi.

“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” hem-de “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynda türkmen jemgyýetiniň gymmatlyklary — watançylyk, zähmetsöýerlik, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiniň özeninde duran belent maksatlara wepalylyk duýgulary öz beýanyny tapýar. Täze kanuna laýyklykda, Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli bu hormatly sylaglara ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanan, Watanymyzy has-da ösdürmek üçin gujur-gaýratyny, başarnygyny, tejribesini gaýgyrmaýan raýatlarymyz mynasyp bolar.

Mejlise gatnaşyjylar “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda” Kanunyň wajypdygyny bellediler, bu resminama milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hususy işewürligini goldamak, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge bazar gurallaryny ornaşdyrmak boýunça maksada gönükdirilen syýasatynyň netijesidir.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny amala aşyrmak babatda kanunçykaryjylyk işiniň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, hususy telekeçiligi ösdürmegiň maksatnamasynyň uly ähmiýetini belledi hem-de bazar gatnaşyklary şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň we döwlete dahylsyz düzümiň sazlaşykly işlemeginiň, degişli ugurda kanunlary yzygiderli seljermegiň hem-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Çykyş edenler maddy, maliýe, intellektual, ylmy-tehniki hem-de beýleki serişdeleri birleşdirmek, bähbitleriň we töwekgelçilikleriň deňagramlylygyny üpjün etmek, düzümiň desgalaryny ösdürmek boýunça taslamalary, meýilnamalary hem-de maksatnamalary amala aşyrmak üçin býujetden daşary çeşmeleriň serişdelerini çekmekde hukuk şertlerini döretmegiň täze kanunyň maksatlarynyň biridigini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny hukuk taýdan goldamak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda öňde goýan wezipelerini, şol sanda eksport kuwwatyny hem-de ýurdumyzyň kompaniýalarynyň maýa goýum işjeňligini artdyrmak hem-de milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça wezipeleri çözmek babatda işleri dowam etmegiň wajypdygy nygtaldy.

Mejlisiň barşynda Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan taýýarlanylan we kabul edilen “Bilim hakynda” Kanunyň rejelenen görnüşiniň ähmiýeti bellenildi. Resminama bu möhüm ulgamda gatnaşyklaryň hukuk binýadyny düzgünleşdirýär hem-de döwlet syýasatynyň ýörelgelerini we bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini hem-de işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli berkidildi. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen hem-de ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ösüşiň strategiýasy, giň gerimli reformalar bilim ulgamynda özgertmeleriň geçirilmegini talap edýär.

Mejlise gatnaşyjylar “Bilim hakynda” Kanunyň rejelenen görnüşiniň ulgamyň örän uly kuwwatyny amala aşyrmak, bilim bermegiň täze ölçeglerini, öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, halkara guramalary hem-de dünýäniň okuw merkezleri bilen özara gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem bu ulgamy maliýeleşdirmek, dolandyrmak we gurluşyny düzmek bilen bagly wezipeleri çözmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, bilim almaga bolan hukugynyň adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biridigi nygtaldy. Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni taýdan ösüşiniň binýady hasaplanylýan bilimiň kämilleşdirilmegi Türkmenistanyň ösüşiniň esasy ugruny düzýär.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň makullamagyna “Firma atlary hakynda” Kanun hödürlenildi. Bu Kanun firma atlary dakylanda bildirilýän talaplary kesgitleýär, olaryň hukuklaryny goramakda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Mejlise gatnaşyjylar “Konteýnerlere degişli gümrük Konwensiýasyna goşulmak hakynda”, “Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgüni hakyndaky Konwensiýasyna goşulmak hakynda”, “Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Watan goragçysy” diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna we döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar girizmek hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda” Kanunlar barada hem pikirlerini beýan etdiler.

Mejlisde “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Dessuryny tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Diwanyny guramagyň we onuň işiniň tertibi hakynda Düzgünnamany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Kararlarynyň taslamalary tassyklanyldy.

Mejlisiň dowamynda başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisiniň gün tertibine girizilen kanunlar biragyzdan makullanyldy hem-de degişli Kararlar bilen berkidildi.

Mejlisiň ahyrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary bu kanunçylyk namalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň kanunçylygynyň hereket edýän ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen öňe ilerletmek boýunça öňde goýan wezipelerini çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Habarlar