Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary

24.05.2021

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen ady dakmak hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň öz ene topragyna, halkyna, mähriban şäherine ägirt uly söýgüsi bilen gurulýan ak mermerli Aşgabat bu gün özboluşly we gaýtalanmajak binalary, gözelligi, sazlaşygy, ýaşyl begresiniň we suw çüwdürimler toplumynyň ajaýyplygy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen haýran galdyrýar.

Häzirki wagtda Aşgabat halkara hyzmatdaşlyk merkezi, olimpiýa hereketleriniň, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine halkara çäreleriň geçirilýän merkezi hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ak mermerli merjen şäherimiz Aşgabat sebitde we dünýäde adamlaryň oňaýly ýaşaýşyny, durmuşyň ýokary derejesini, öndürijilikli zähmetini we göwnejaý dynç alşyny üpjün edýän şäherleriň hataryna goşuldy. Muny Aşgabat şäheriniň ak mermere bürenen şäher hökmünde, şeýle hem köp sanly binalarynyň, desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi subut edýär. Paýtagtymyzyň keşbinde döwletiň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýeten derejesini, bagtyýar durmuşyny, aýdyň geljegini görmek bolýar. Belent mertebeli Prezidentimiziň ýiti paýhasy, taýsyz zehini bilen milli binagärligiň däplerini hem-de täze döwrüň ruhuny aýdyň görkezýän öňdebaryjy çözgütleriň ulanylmagy bilen şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde paýtagtymyz günsaýyn täze görke gelýär.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Arkadag Prezidentimiziň Aşgabat şäherini syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip gelen milli binagärligini täze derejelere ýetirmekde, ak şäherimiz Aşgabady adamzadyň medeni ösüşiniň esasy merkezleriniň biri hökmünde dünýä tanatmakda, häzirki zaman şäher düzümini kemala getirmekde bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny hem-de şahsy goşandyny we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň isleg-arzuwlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň möhüm seneleri bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen ady dakmaly.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy
G.Mämmedowa.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 22-nji maýy.

Habarlar