Türkmen Liderini Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň ýolbaşçylary gutlaýarlar

21.05.2021

Türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň sebit ýolbaşçylary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlag iberýärler.

Mariý El Respublikasynyň ýolbaşçysy Aleksandr Ýewstifeýewiň we Udmurtystan Respublikasynyň hökümet ýolbaşçysy Ýaroslaw Semýonowyň gutlaglarynda bellenişi ýaly, bu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen durmuş-medeni desgalary gurmak, ykdysadyýeti ösdürmek, raýatlaryň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylypdyr. Aşgabadyň köp binasy Bütindünýä Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdir, paýtagtyň özi bolsa iri halkara çäreleri geçirmek boýunça abraýly şäher diýlen ada mynasyp boldy.

Çuwaş Respublikasynyň ýolbaşçysy Oleg Nikolaýew Türkmenistanyň Prezidentini we halkyny wideoýüzlenme görnüşinde gutlady. Bu wideoýüzlenmede häzir Aşgabadyň häzirki zaman infrastrukturaly, ylym we medeniýet merkezli, ak mermere beslenen gözel şäherdigi nygtalýar.

Çuwaş Respublikasynyň ýolbaşçysy halkyň zehini we zähmetsöýerligi saýasynda Aşgabadyň öz abadançylygy we ösüşi bilen mundan beýläk-de hemmeleri haýrana goýjakdygyna ynam bildirýär.

“Biz siziň üstünlikleriňize begenýäris. Hawa, Türkmenistan bilen Çuwaş Respublikasynyň arasynda müňlerçe kilometrlik menziller ýatyr, emma bu bize halklarymyzyň eşreti üçin ikitaraplaýyn peýdaly söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge päsgel bermeýär” diýip bellemek bilen, Oleg Nikolaýew ähli Türkmenistanyň raýatlaryna parahatçylyk hem abadançylyk arzuw edýär.

Şeýle hem bu şanly sene bilen Türkmenistanyň raýatlaryny Kazanyň (Tatarystan Respublikasy) we Ižewskiniň (Udmurtystan Respublikasy) şäher häkimleri gutladylar.

Habarlar