Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

18.05.2021

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet baýdagyna gül goýmak dabarasy boldy.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna we Aşgabadyň 140 ýyllygyna beslenen ýylda bellenilýän baýramçylyklar giň gerimi bilen tapawutlanýar. Türkmen halky milli Lideriniň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda uly ähmiýetli başlangyçlary durmuşa geçirýär, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge täzeçil çemeleşýär.

Bu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan şanly senesini — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden hem-de dabaraly belleýär. Olar türkmen halkynyň mizemez jebisligini hem-de parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny beýan edýär.

Gojaman Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde seleňläp duran belent Konstitusiýa binasynyň ýanynda ir säher bilen baýramçylyk çäreleri başlandy. Bu ene topragymyzda ýaýbaňlandyrylan beýik özgertmeleriň many-mazmunyny aýdyň görkezýär.

Watandaşlarymyzyň bu şanly senelere bolan garaýşy aýratyndyr. Olar halkymyzy has-da jebisleşdirip, watançylyk duýgusyny artdyrýar, onuň döredijilik ylhamyny joşdurýar.

Konstitusiýa binasynyň ýanyna gelen milli Liderimiz ýörite bellenen ýere geçýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy dabaraly ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýa binasynyň etegine gül çemenini goýýar. Ýurdumyzyň Baş Kanuny türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, olary has-da pugtalandyrdy. Döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolan Konstitusiýamyz halkymyzyň agzybirlik, demokratiýa, watançylyk we adalatlylyk hakyndaky köpasyrlyk arzuwlaryny özünde jemleýär.

Esasy Kanun döwlet gurluşynyň milli hem-de dünýä tejribesini, däp-dessurlary we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemlemek bilen, döwrüň talaplaryny hem-de umumy kabul edilen halkara hukugyň kadalaryny nazara almak arkaly kämilleşdirilýän çeýe hukuk guralydyr.

28-nji martda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw Kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň Karary bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre türkmen döwletiniň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän halk häkimiýetlilik ýörelgelerini has-da pugtalandyrmak işinde şanly waka öwrüldi.

Milli Liderimiziň baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygynyň gazanylmagyna gönükdirilendir. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly ulgamynyň döredilmegi bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň durmuşynda täze tapgyr başlandy.

Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, beýleki dabara gatnaşyjylar Konstitusiýa binasynyň etegine gül desselerini goýýarlar.

Bu baýramçylyga goýulýan belent sarpa ata-babalarymyzyň asuda toprakda erkin ýaşamak we zähmet çekmek barada arzuwlan bagtyna eýe bolan türkmenistanlylaryň Garaşsyz Watanymyza buýsanç duýgularyny artdyrýar.

Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň waka baýramçylyk lybasyna beslenen beýleki meýdançada dowam etdi. Bu ýerde dünýäde iň uzyn sütünleriň biri — 133 metrlik baýdak sütüni ýerleşip, onda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar.

Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde, Köpetdagyň eteginde oturdylan ýaşyl Tugumyz şäheriň islendik künjeginden diýen ýaly görünýär. Ol asuda asmanda buýsançly pasyrdap, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, döwürleriň hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, türkmen halkynyň baý taryhyny we medeniýetini, paýhasly durmuş pelsepesini, şöhratly geçmişini, ajaýyp şu gününi hem-de nurana geljege okgunlylygyny alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy baýdak sütüniniň öňündäki meýdança gelip saklanýar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy dabaraly ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent baýdak sütüniniň etegine gül çemenini goýýar. Döwlet Baştutanymyzyň yz ýany bilen bu ýere dabara gatnaşyjylar gül desselerini goýdular.

Bu gün Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri, sebit we dünýä derejesindäki dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň esasynda guralýan daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny şöhlelendirýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli amala aşyrýan öňdengörüjilikli täzeçillik strategiýasy dünýäde ata Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şanly sene mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylygyň we dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär edýär. Geljekde hem biziň iň beýik maksadymyz ösen demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň — berkarar Watanymyzyň dünýä ösüşindäki eýeleýän ornuny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmakdan ybarat bolar.

***

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň hormatyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baýramçylyk çäreleri geçirildi. Dabara gatnaşyjylaryň ruhubelentligi türkmenistanlylaryň milli Liderine — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, bedew bady bilen öňe tarap gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyza buýsanjynyň beýanyna öwrüldi.

Sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary dabaralaryň öwüşginini has-da artdyrdy.

Bu gün Garaşsyz Watanymyzy, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, ene topragymyzyň gözelligini hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ylhamyny wasp edýän ajaýyp aýdymlar belentden ýaňlandy.

Habarlar