Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

14.05.2021

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym- Jomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Goňşy döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar. Rehimdarlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk ýaly umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň nyşany bolan bu ajaýyp baýramyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Jomart Tokaýew söhbetdeşligiň barşynda özara hormat goýmak, ynanyşmak hem-de açyklyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň strategik we netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Bu babatda uzakmöhletleýin esasda netijeli özara gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.

Iki ýurduň Liderleri özara gyzyklanmalara halklarymyzyň taryhy, medeni hem-de ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna daýanýan dostlukly türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hoşniýetli goňşuçylyk hem-de umumy bähbitlere gönükdirilen özara hyzmatdaşlygyň ruhunda depginli ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon gepleşiginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Jomart Tokaýew birek-biregi ýene-de bir gezek mukaddes Oraza baýramy bilen gutlap, berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Habarlar