Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

13.05.2021

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Gadyrly doganym!

Siziň Alyhezretiňizi mübärek Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Açyklyk, raýdaşlyk we geçirimlilik duýgulary bilen ýetip gelen bu mübärek baýramyň, täsiri heniz hem dowam edýän çylşyrymly epidemiýa döwründe tutuş dünýä parahatçylyk, rehimdarlyk, bereket getirmegini arzuw etmek bilen, Türkiýe Respublikasynyň adyndan we hut öz adymdan Size saglyk hem-de bagt, doganlyk türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Rejep Taýyp Ärdogan,

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň halkyny Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Mübärek Oraza aýy asyrlardan bäri ruhy päkligiň, tämizligiň hem-de asylly işleriň amal edilmeginiň döwri bolmagynda galýar. Oraza baýramy bize dostluk, rehimlilik, duýgudaşlyk, ýagşylyk, adalatlylyk we parahatçylyk söýüjilik ýaly belent gymmatlyklary ýatladyp durýar.

Goý, mukaddes aýda aýdylan hoşniýetli arzuwlar hasyl bolsun!

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Mukaddes Oraza baýramy Size we Siziň ýurduňyzyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge ýakymly mümkinçilik döredýär.

Ähli musulman ymmaty üçin mübärek günlerde Size berk jan saglyk, bagt we täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar esasynda hem-de belent ruhy gymmatlyklara — özara düşünişmek, raýdaşlyk, hoşniýetlilik, birek-biregi goldamak ýaly duýgulara daýanmak bilen geljekde hem halklarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine umyt edýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Owganystan Yslam Respublikasynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny Oraza baýramy mynasybetli gutlamak meniň üçin uly hormatdyr.

Ähli musulman ymmaty bu baýramçylygy doga-dilegler etmek bilen belleýär. Goý, Beýik Biribar parahatçylyk, jebislik we bolçulyk baradaky doga-dilegleri kabul etsin!

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Mohammad Aşraf Gani,

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli, Yragyň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan edýärin.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösüşi dileýärin.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Yragyň dostlukly halklaryň hem-de ýurtlaryň arasynda dürli ugurlarda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýaryn.

Size tüýs ýürekden hormatymy beýan edýärin.

Barham Saleh,

Yrak Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa

Palestina döwletiniň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň doganlyk halkyna Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.

Mahmud Abbas,

Palestina Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize mübärek Oraza baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk we bagtyýarlyk baradaky arzuwlarymy ýollamagy hormat saýýaryn.

Şu şatlykly baýramçylyk güni Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň doganlyk halkyna hem-de ähli musulman ymmatyna mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk dileýärin.

Size uly hormat we sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Hamad bin Isa Al Halifa,

Bahreýniň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň halkyny mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Oraza baýramy ähli musulman ymmaty üçin aýratyn baýramçylyk hasaplanylýar. Bu baýram rehimlilik, duýgudaşlyk, haýyrly işler we aladaçyllyk ýaly ruhy gymmatlyklara çagyrýar.

Goý, Beýik Biribar iki ýurduň doganlyk halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň has-da berkemegi we ösmegi üçin Oraza aýynda edilen doga-dilegleri, şeýle hem isleg-arzuwlary kabul etsin!

Hormatlamak bilen,

Askar Mamin,

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň onuň düzümleriniň işgärleriniň adyndan hem-de öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýändigime şatdyryn.

Beýik Biribardan Türkmenistana gülläp ösüşi hem-de rowaçlygy, şeýle hem ähli musulman ymmatyna parahatçylyk we abadançylyk eçilmegini dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ýusef Al-Osaýmin,

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

Habarlar