Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

13.05.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklara hemişe sarpa goýup gelen Türkmenistanyň geljekde hem asyrlarboýy doganlyk gatnaşyklary bilen bagly bolan türkmen we azerbaýjan halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini belledi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklary ýylsaýyn berkitmek bilen, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň baý uglewodorod ýataklaryny netijeli özleşdirmek, Hazar sebitinden energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmak üçin netijeli çäreleri görýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, strategik ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şol sanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça işlemegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol işleriň biri Hazardaky “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 21-nji ýanwarynda bu ýatagyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi ynanyşmak hem-de birek-biregi hormatlamak ýörelgelerinde guralýan hoşniýetli goňşuçylyk, dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň beýanyna öwrüldi.

Bu taryhy resminama gol çekilmeginiň mäkäm halkara hukuk binýadynda bilelikde işlemek üçin täze mümkinçilikleri açyp, köp mukdarda daşary ýurt maýalarynyň gelmegi, milli ykdysadyýetleriň pugtalandyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin amatly şertleri döretjekdigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman Hazar meseleleriniň bu sebiti parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk zolagyna öwürmäge mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudygyny nygtadylar. Duşuşygyň çäklerinde türkmen tarapynyň başyny başlan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda ösüşiň gazanylýandygy bellenildi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän möhüm başlangyçlarynyň dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny aýtdy. Çünki olar halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna, şol sanda Ýewraziýa yklymyna howpsuz we üstaşyr geçirmek üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Myhman pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy hem-de ähli türkmen halkyny ýetip gelýän şanly seneler — mukaddes Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy, Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, ýylsaýyn özgerýän hem-de gözelligi bilen haýran edýän türkmen paýtagty Garaşsyzlyk ýyllarynda uly üstünliklere eýe bolan kuwwatly Türkmenistanyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz hem-de «SOCAR» kompaniýasynyň ýolbaşçysy biri-birine hoşniýetli arzuwlary aýdyp, türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkidiljekdigine, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda guralýan, sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Habarlar