Döwlet Baştutanynyň adyna Ýeňiş Güni mynasybetli baýramçylyk gutlaglary gelip gowuşýar

08.05.2021

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi we Siziň ähli watandaşlaryňyzy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Russiýada we Türkmenistanda ýowuz duşmana garşy egin-egne berip söweşen hem-de mähriban topragymyzyň azatlygy üçin ägirt uly pidalar çeken atalarymyzyň we babalarymyzyň gaýtalanmajak gahrymançylygyny mukaddeslik hökmünde ýatlaýarlar.

Halklarymyzyň ýowuz uruş ýyllarynda taplanan dostlugynyň Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlyk häsiýetli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegi üçin ygtybarly esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Ýurduňyzyň ähli weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere hoşallyk sözlerini we berk jan saglygy, bagt, abadançylyk hem-de uzak ömür baradaky çyn ýürekden çykýan arzuwlarymy ýetirmegiňizi haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,
Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

* * * 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,
Gadyrly doganym!

Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny 9-njy maý — faşizmiň üstünden gazanylan Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy bilen gutlaýandygyma hem-de iň gowy arzuwlarymy ýollaýandygyma şatdyryn.

Bu möhüm sene uruşda umumy duşmana garşy egin-egne berip söweşen özbek we türkmen halklarynyň şöhratly ýeňşi hökmünde ýurtlarymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Watan azatlygy ugrundaky gandöküşikli söweşlerde öz şirin janyny gaýgyrman, hakyky gahrymançylyk görkezen, front üçin gijesini gündiz edip zähmet çeken ata-babalarymyz baradaky ýagty ýadygärlik biziň ýüreklerimizde baky ýaşar.

Häzirki minnetdar nesilleriň adamzada parahatçylyk we asudalyk ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary peşgeş beren weteranlara hem-de ýaşululara mähir, hormat bilen garaýandygy, olar üçin ähli şertleri döredýändigi guwandyryjydyr.

Siziň bilen ýola goýlan yzygiderli we dostlukly gatnaşyklarymyz, ýaňy-ýakynda Aşgabatda geçiren açyk hem-de netijeli duşuşygymyz ýurtlarymyzyň dostluk, agzybirlik, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetli strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna hyzmat eder.

Pursatdan peýdalanyp, Size hem-de Siziň ýakynlaryňyzyň ählisine berk jan saglygyny, maşgala bagtyýarlygyny, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi we Siziň üstüňiz bilen ähli türkmenistanlylary Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

9-njy maý biziň ýurtlarymyzyň taryhynda şanly senedir. Şol gün biz pederlerimiziň duşmana garşy barlyşyksyz göreşde görkezen deňi-taýy bolmadyk gahrymançylygyny, merdanalygyny, watansöýüjiligini hem-de mertligini hormatlaýarys, tylda edermen zähmeti bilen ýeňşe goşant goşanlary ýatlaýarys.

Täjik-türkmen dostluk hem-de köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň biziň halklarymyzyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglygyny, bagt hem-de täze üstünlikleri, dostlukly Türkmenistanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * * 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň baýramy bilen gutlaýaryn.

Ýeňiş güni öz Watanynyň azatlygyny gaýduwsyzlyk bilen goran halklarymyzyň baky gahrymançylygy hakyndaky ýatlamadyr. Bu mukaddes günüň kalplarymyzda beýik gahrymançylygyň hem-de deňsiz-taýsyz watansöýüjiligiň nyşany hökmünde saklanjakdygyna berk ynanýaryn.

Hoşniýetli goňşuçylyga hem-de parahatçylyga ýokary baha berýän Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň we doganlyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de halklarymyzyň bähbitlerine ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglygyny, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

* * * 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi hem-de dostlukly Türkmenistanyň ähli raýatlaryny Beýik Ýeňiş baýramy bilen gutlaýaryn.

Beýik Watançylyk urşunda söweşen ata-babalarymyzyň, tylda zähmet çekenleriň gaýtalanmajak gahrymançylygy baradaky hakyda häzirki we geljekki nesilleriň kalplarynda baky ýaşar.

Harby ýyllaryň synaglarynda berkän dostluk däpleriniň Russiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin pugta esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, türkmenistanly weteranlara, tylda zähmet çekenlere mähirli gutlaglarymy hem-de çuňňur minnetdarlygymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,
Mihail Mişustin,
Russiýa Federasiýasynyň 
Hökümetiniň Başlygy.

* * * 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Bu baýram umumy duşmana garşy egin-egne berip göreşen ata-babalarymyzyň gaýtalanmajak gahrymançylygyny mukaddeslik hökmünde ýatlaýan Russiýanyň we Türkmenistanyň halklary üçin aýratyn many-mazmuna eýedir. Olaryň mertligi hem-de gaýduwsyzlygy netijesinde, häzirki nesiller parahat durmuşda ýaşaýarlar.

Urşuň agyr şertlerinde taplanan dostluk hem-de özara goldaw bermek däpleri häzirki wagtda hem Russiýanyň we Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýär. Biziň ýurtlarymyzyň bilelikdäki tagallalar netijesinde, Merkezi Aziýada hem-de onuň çäklerinden daşarda parahatçylygy, durnuklylygy saklamagyň bähbidine döwrüň wehimlerine, howplaryna netijeli garşy durup biljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizden ähli weteranlara hem-de tylda zähmet çekenlere, Türkmenistanyň dostlukly halkyna Beýik Ýeňiş baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy, jan saglygy, parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi haýyş edýärin.

Dmitriý Medwedew,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Tatarystanlylaryň adyndan we hut öz adymdan Sizi Ýeňiş güni bilen gutlaýaryn.

Parahatçylyk we azatlyk ugrundaky söweşlerde görkezilen gahrymançylyk, köp garaşylan Beýik Ýeňiş biziň halklarymyzy jebisleşdirdi we has-da ýakynlaşdyrdy.

Size we Siziň ýurduňyzyň halkyna parahatçylyk, saglyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Rustam Minnihanow,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Kuba Respublikasynyň parlamentiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de bu täze kanun çykaryjy edaranyň Başlygy wezipesine saýlanylmagyňyz bilen gutlaýaryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Kuba bilen Türkmenistanyň arasynda parlamentara gatnaşyklary berkitmäge çalyşýandygymyzy we muňa taýýardygymyzy beýan edýärin. Iki ýurduň milli parlamentlerinde Dostluk toparlarynyň döredilmegi muňa ýardam eder.

Hormatlamak bilen,
Esteban Lazo Ernandes,
Kuba Respublikasynyň Halk Häkimiýetiniň 
Milli Assambleýasynyň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň.

Şu mukaddes günde biz geljekki nesillerimiziň parahat durmuşynyň bähbidine faşizme garşy göreşde ýeňiş gazanmakda söweş meýdanlarynda hem-de tylda gaýduwsyzlyk görkezen ata-babalarymyzyň deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny aýratyn buýsanç we hoşallyk duýgusy bilen ýatlaýarys.

Mizemez dost-doganlygyň we özara goldawyň şöhratly däpleriniň Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň mundan beýläk-de ygtybarly binýady bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatlamak bilen, 

Kasym-Jomart Tokaýew, 

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 

Sizi we doganlyk Türkmenistanyň halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

9-njy maý deňsiz-taýsyz edermenligiň, gahrymançylygyň we gaýduwsyzlygyň nyşany hökmünde biziň halklarymyzyň şöhratly senenamasynda aýratyn orun eýeleýär. Mizemejek ruhy güýç, söweş meýdanlarynda hem-de tylda görkezilen durnuklylyk we jebislik adamzadyň taryhynda iň gandöküşikli hem-de weýrançylykly urşuň netijesini kesgitläp, faşizmi weýran etmekde möhüm orun eýeledi.

Beýik Watançylyk urşunda ýowuz synag ýyllaryny abraý bilen gerdenlerinde çeken biziň halklarymyzyň dostluk we özara goldaw bermek däpleriniň Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek hem-de pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Şu baýram gününde, Size, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, ähli uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere, Türkmenistanyň tutuş doganlyk halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen, 

Ilham Aliýew, 

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 

Sizi Ýeňiş güni mynasybetli mähirli gutlaýaryn.

Biziň her birimiz üçin bu mukaddes sene Belarusuň we Türkmenistanyň umumy taryh bilen birleşen halklarynyň beýik gahrymançylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Onýyllyklar geçýär, nesiller çalyşýar, ýöne Beýik Ýeňiş harby gahrymançylygyň, edermenligiň we şöhratyň nyşany hökmünde biziň ýurtlarymyzyň senenamasyna baky ýazyldy.

Ata-babalarymyzyň gahrymançylygyna goýulýan hormat hökmünde geçen şol ýyllar baradaky mukaddes hakyda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin pugta esasdyr. Şol hyzmatdaşlyk bize durnukly ösmäge hem-de häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy bilelikde netijeli hereket etmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa jebislik we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen, 

Aleksandr Lukaşenko, 

Belarus Respublikasynyň Prezidenti

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.

Bu şanly günde biz Watan üçin şirin janlaryny gurban eden ähli frontçularyň hem-de tylda tutanýerli zähmet çeken we gahrymançylyk görkezenleriň ýadygärligine minnetdarlyk bilen baş egýäris.

Biziň halklarymyz Beýik Ýeňşi gazanmaga uly goşant goşup, aýratyn gaýduwsyzlyk, edermenlik we jebislik duýgularyny äşgär etdiler.

Häzir biziň borjumyz Ýeňijiler nesliniň bize peşgeş beren baýlygy hasaplanýan parahatçylygy we azatlygy aýawly goramak bolup durýar.

Biziň halklarymyzyň uruş ýyllarynda taplanan dostlugy geljekde hem Ermenistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin mizemez esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa, parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Armen Sarkisýan,

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi beýik baýram – Ýeňiş güni mynasybetli gutlaýaryn.

Bu taryhy gün biziň halklarymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, urşuň gahrymanlaryna çuňňur hormat goýmagyň hem-de olary hatyralamagyň nyşanydyr. Biziň ählimiz öz gymmatly ömri we ykballary bilen ýeňiş gazanan ata-babalarymyzyň gahrymançylygy baradaky hakyda sarpa goýýarys.

Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz synaglaryny deň paýlaşan Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen, 

Askar Mamin, 

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň ähli raýatlaryny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaýaryn.

Bu gün biz parahatçylygyň gazanylmagyna uly goşant goşanlaryň ählisini çäksiz hoşalylk duýgusy bilen ýatlaýarys, hormatly uruş weteranlaryny we tylda zähmet çekenleri sarpalaýarys. Olaryň gahrymançylygy hem-de gaýduwsyzlygy biziň ýüreklerimizde hemişelik saklanar.

Biziň umumy gahrymanlarymyzyň ýagty ýadygärligine wepalylygyň Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasynda geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin ygtybarly çelgi bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Şu şanly günde hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size we Türkmenistanyň tutuş halkyna parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, 

Nikol Paşinýan, 

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň.

Biziň ählimiz üçin bu aýratyn we gymmatly baýram faşizme garşy agyr söweşlerde Watany gaýduwsyzlyk bilen goran, şeýle hem duşmany derbi-dagyn etmäge uly goşant goşan tylda zähmet çeken ata-babalarymyzyň baky gahrymançylygyny hemişe ýatladýar.

Men Beýik Ýeňşiň biziň halklarymyzy birleşdirýändigine hem-de taryhynyň umumylygy we millionlarça ynsan ykballary bilen baglanyşykly bolan Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň örän aýdyň nyşanlarynyň biri bolup durýandygyna şatdyryn.

Edermen uruş we zähmet gahrymanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizden olara meniň berk jan saglyk hem-de abadançylyk, Siziň ýurduňyzyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen, 

Nursultan Nazarbaýew, 

Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti—Ýelbasy

Habarlar