Türkmenistanyň Prezidenti halkymyzy müberek Gadyr gijesi mynasybetli gutlady

08.05.2021

Mähriban halkym! 
Eziz watandaşlar!

Sizi kalplarymyzy tämizleýän, köňüllerimize nur çaýýan mübärek Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, päk ynanjy, ýokary ynsanperwerligi we agzybirligi alamatlandyrýan mübärek Gadyr gijesi milli däp-dessurlarymyza, gadymy adatlarymyza laýyklykda, iň gowy umyt-arzuwlar bilen mynasyp garşy alnyp, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da dabaralandyrýar.

Türkmen halkynyň tämiz ahlaklylyk, päk wyždanlylyk, adamkärçilik, şükranalyk, birek-birege hormat-sarpa goýmak ýaly ruhy gymmatlyklary, ata-babalarymyzyň, meşhur şahsyýetlerimiziň il-ulsa galdyran rehim-şepagat, sabyr-kanagat, mertlik, gaýduwsyzlyk ýaly pent-nesihatlary, dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine, baýlaşmagyna uly goşant bolan milli medeniýetimiz, maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, dini, dünýewi ygtykatlarymyz biziň döredijiligimiziň hem-de rowaçlygymyzyň ynamly sütünleridir. Şoňa görä-de, milli ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, ynançdyr adatlarymyzy, medeni-ruhy mirasymyzy dabaralandyrýan baýramlary we şanly seneleri giňden, ýokary ruhubelentlikde bellemek asylly däbe öwrüldi. Beýik Ýaradan tarapyndan mukaddes Gurhany Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberilip başlanan Gadyr gijesine hem mukaddesligiň, bereketliligiň we parahatçylygyň gijesi — ruhy tämizligi, päk ynanjy, ýokary ynsanperwerligi dabaralandyrýan sene hökmünde aýratyn hormat goýulýar. Halkymyzyň aňyna we durmuşyna berk ornan köpasyrlyk däplerimize laýyklykda, bu mukaddes gijäniň hormatyna agzaçar sadakalary berlip, birek-birege hoş sözler aýdylýar. Abadan we bagtyýar durmuş, ýurt abadançylygy arzuw edilýär, tarawa namazlary okalyp, ýagşy doga-dilegler edilýär.

Beden hem-de ruhy taýdan kämillige goşulýan, köňülleriň nur bilen doldurylýan Oraza aýynyň, sahawatly Gadyr gijesiniň däp-dessurlarynyň özeninde pederlerimiziň rehimdarlyk we adalatlylyk hakyndaky kämil garaýyşlary, belent ynsanperwer gymmatlyklary jemlenendir. Jemgyýetimiziň rowaçlygyny, agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli, iş kesilenleriň günäsini geçýäris.

Oraza baýramyna we Gadyr gijesine aýratyn hormat-sarpa goýulmagy, Beýik Biribaryň kelamy bolan mukaddes Gurhany Kerime uýlup, dini adatlaryň we dessurlaryň berjaý edilmegi müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli däplerimiziň many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýandygyny görkezýär.

Eziz halkym!

Dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran Abusagyt Abulhaýyr, Mahmyt Zamahşary, Jelaleddin Rumy, Muhammet Baýram han, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldarlarymyzyň ýürekdeşlige, dostluga hem-de hoşniýetlilige ýugrulan watansöýüji, adalatly, rehimdar, sabyr-kanagatly, sahawatly we keremli bolmak dogrusyndaky öwüt-ündewlerine gymmatly taglymatlar — mukaddes ýol-ýörelgeler hökmünde örän uly sarpa goýýarys.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ruhy güýjüne, özboluşly taryhy-medeni mirasyna we tejribesine daýanyp, başymyzyň täjine deňeýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da belende galdyrýarys, il-ulsumyzy beýik geljegimize tarap ynamly alyp barýarys. Mähriban halkymyzyň abadançylygyna hem-de milli bähbitlerimize gönükdirilen özgertmelerimiziň çäklerinde döwrebap şäherleri, şäherçeleri we obalary, häzirki zaman bilim edaralaryny, sport toplumlaryny, hassahanalary, şypahanalary, halkara ähmiýetli demir ýollary, ýokary tizlikli awtoulag ýollaryny gurmakda nusgalyk işleri amala aşyrýarys.

Eziz Watanymyza ak ýürekli, yhlasly, arassa hyzmat etmek, özbaşdak, erkin, Garaşsyz ýurdumyzyň üstünliklerine hem-de rowaçlyklaryna buýsanmak, şöhratly geçmişimize, şu günümize, geljegimize beýik ynam döredýän, jemgyýetimiziň kämilleşmegine ýardam edýän milli däplerimizi mynasyp dowam etdirmek, mähriban halkymyzy beýik işlere hem-de ösüşlere galkyndyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr.

Mähriban halkym! 
Eziz watandaşlar!

Sizi sahawatly Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Mukaddes Oraza aýynyň haýyr-sahawatly Gadyr gijesindäki tagat-ybadatlaryňyz, agzaçar sadakalaryňyz, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine, at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolmagynyň hatyrasyna bagyş ediljek doga-dilegleriňiz, isleg-arzuwlaryňyz Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikler arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Habarlar