Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

05.05.2021

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň düýbüni tutmak çäresine gatnaşdy.

Göçme mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralarda 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy hem-de ýurdumyzda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly bu düzümleriň işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň hojalyk işini kämilleşdirmek, dürli düzümleýin desgalary gurmak, harby gullukçylaryň hem-de ýaşlaryň zähmete bolan söýgüsini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklaýar.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gözel künjekleriň birine geldi.

Bu ýerde hormatly Prezidentimizi harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow bu ýerde geçiriljek çärelere görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty kabul edip, täze toplumyň guruljak ýerini hem-de tebigy aýratynlyklaryny synlady. Bu ýerleriniň özboluşly aýratynlygy, dag howasy ahalteke bedewlerine ýaramly howa gurşawyny döreder.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli atçylyk toplumyny bina etmek üçin seçilip alnan ýeri makullap, 500 at saklamak üçin niýetlenen atçylyk toplumynyň taslamalary hem-de çyzgylary bilen tanyşdy.

Bu ýerde içeri işler ministri M.Çakyýew taýýarlynylan taslamalar hem-de toplumyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar we olarda dörediljek şertler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Bu toplumy gurmak üçin bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdany 40 gektara barabar bolup, onuň çäklerinde edara binasy, münberler, açyk manež, bedewler we taýlar hem-de höwür atlar üçin niýetlenen desgalar, weterinariýa binasy, ot-iým ambarlary, tehnikalar üçin niýetlenen desga, atlaryň türgenleşik meýdançasy, çapuw ýodasy, suw howuzlary, awtoduralga, karantin binasy we beýlekiler bar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň gulluk we ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy hem-de bu düzümlere degişli ähli işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar we binalaryň ýerleşjek ýerlerini görkezýän çyzgylar bilen jikme-jik tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ozal gurlan we ulanylmaga berlen şeýle desgalar ýaly, täze athana hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Onda bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, degişli türgenleşikleri geçmek hem-de çapyşyklara taýýarlamak üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir.

Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralarynda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, gulluk atlaryny taýýarlamak hem-de at çapyşyklaryna gatnaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Bu bolsa, türkmen halkynyň şöhratly atçylyk däpleriniň täze taryhy eýýamda hem dowam etdirilmegine ýardam etmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny berkitmegiň, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň dürli ugurlar bilen bir hatarda, bedewleri seýislemek, at çapmak, alabaýlar bilen degişli türgenleşikleri geçmek ýaly hünärleri ele almagynyň, olarda zähmete bolan söýgüni ösdürmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy türkmen halkynyň buýsanjy we baýlygy hasaplanylýan behişdi bedewlerimiziň, alabaýlarymyzyň – milli taryhymyzyň hem-de häzirki döwrüň janly nyşanlarynyň ata Watanymyzyň döredijiliginiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap batly gadamlarynyň beýanydygyny belledi. Geçmişde bolşy ýaly, ýelden ýüwrük bedewler, buýsançly alabaýlar häzir hem halkymyzyň wepaly hemrasy hem-de Watan goragçylarynyň ygtybarly kömekçileridir.

Döwlet Baştutanymyz binagärlik nukdaýnazaryndan athanada şunuň ýaly desgalarda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan inženerçilik-tehniki çözgütler bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň häzirki zaman ösen tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylmagynyň hem-de ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň, ekologiýa ýagdaýynyň nazarda tutulmagynyň möhüm talapdygyny belledi.

“Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň Diýarymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneler bilen utgaşmagynda çuňňur many bardyr. Täze atçylyk toplumy harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini döwrebap derejede ösdürmekde ähmiýetli bolar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şöhratly pederlerimiziň, taryhyň dowamynda öçmejek yz goýan ussat seýisleriň yhlasyndan kemal taran ahalteke bedewleri dünýäniň medeni gymmatlygyna ägirt uly goşantdyr. Türkmen halky bedewlere aýratyn gadyr goýýar. Bu bolsa, bedewleriň dünýädäki abraýynyň belende galmagynyň gözbaşydyr diýip, Arkadag Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy halkymyzyň “At—myrat”, “At agynan ýerde toý bolar”, “Aty pyýada gözi bilen alma...”, “Atyň rysky alnynda” diýen ajaýyp jümleleri döredendigini we bu gün ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly işleriň halkara derejesinde ösdürilýändigini belledi.

Buýsançly bedewiň şekiliniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirilmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we tagallasy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, abraýly baýraklara mynasyp bolmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň beýanydyr. Milli Liderimiz bedewleriň adamlaryň ruhuny götermäge ukyplydygyny, aýratyn yhlas bildirip, olar bilen iş salyşýan adamlaryň tutumlarynyň rowaç alýandygyny köp ýyllaryň durmuş tejribesiniň subut edendigini aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň binýadynda goýuljak ýadygärlik senenama gol çekdi.

Belent Serkerdebaşymyz täze desganyň düýbüniň tutulýan ýerine geldi.

Bu ýerde ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylary milli Liderimiziň toplumyň düýbüniň tutulyş dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýadygärlik ýazgy ýerleşdirilen gutyny gurluşygyň binýadyna oklady.

Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, täze desganyň binýadyna beton garyndylaryny guýdular.

Şeýle hem bu ýerde guralan ähmiýetli çärä Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän ýöriteleşdirilen 1-nji harby mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz okuwçylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň okuwlary, boş wagtlarynda näme bilen meşgullanýandyklary hem-de hünäre bolan höwesleri bilen gyzyklandy.

Harby okuwçylar ýöriteleşdirilen harby mekdepde sanly ulgamyň kömegi arkaly döwrebap bilim alýandyklary, häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirýändikleri barada gürrüň berip, ýaş nesil baradaky aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Şeýle hem okuwçylaryň biri saýlap alan hünäri barada aýdyp, harby psiholog bolmagy arzuw edýändigini habar berdi. Döwlet Baştutanymyz okuwçynyň bu hünäre bolan dünýägaraýşy bilen gyzyklandy.

Mälim bolşy ýaly, psihologiýa hünäri adamlar, olaryň häsiýetleri bilen baglanyşykly meseleleri öwrenýär.

Döwlet Baştutanymyz okuwçynyň hünäre bolan höwesini, aýratyn-da, dünýä ylmynda ähmiýetli ugur hasaplanylýan psihologiýa ylmyna bildirýän gyzyklanmasyny goldap, onuň maksada okgunly, tutanýerli, yhlasyny gaýgyrman köp okamagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi ündew etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň okuwdan boş wagtlaryny sport, zähmet bilen utgaşdyrmagynyň aýratyn ähmiýetlidigini belläp, bu ugra uly üns bermelidiklerini nygtady. Milli Liderimiz sanly ulgamy, kompýuter tehnologiýasy boýunça hemmetaraplaýyn bilim almak, innowasion işläp düzmeleri öwrenmek meseleleriniň ähmiýetlidigini, bu ugurlaryň şu günüň we geljegiň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu babatda ýaşlara maslahatlaryny berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki ylmy-tehniki ösüş döwründe ýaşlar, aýratyn-da, körpe nesiller sanly ulgam, kompýuter tehnologiýasy bilen içgin gyzyklanýarlar. Munuň özi olaryň döwrebap ýörelgeler bilen utgaşykly ösýändigini görkezýär. Şu nukdaýnazardan, okatmak işini guramaga döwrebap çemeleşmek, okuw meýilnamalaryna täze usullaryň ornaşdyrylmagy zerurdyr.

Ýaşlaryň bu ugurdaky ukybyny ösdürmek zerurdyr. Şol birwagtyň özünde ýaşlaryň Watana bolan söýgüsini has-da artdyrmak, halkymyzyň döreden milli gymmatlyklara gyzyklanmalaryny ösdürmek häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylaryna bu ýerde guralan dabaraly çäre mynasybetli sowgatlary gowşurdy.

Harby tälim boýunça bilim alýan ýaşlar sowgatlar, Milli goşunymyzyň kuwwatyny hem-de işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmaga berýän ägirt uly ünsi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar hormatly Prezidentimizden özleri bilen ýadygärlik surata düşmegi haýyş etdiler.

Döwlet Baştutanymyz ýöriteleşdirilen okuwçylara alýan bilimlerini tejribede özleşdirmek, bedenterbiýe we zähmet bilen utgaşdyrmak meselelerinde üstünlik arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümlerine bölünip berlen ýerde harby gullukçylaryň eken miweli baglaryny, üzümçiligi synlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow bagçylykda we üzümçilikde alnyp barylýan işler, onuň suwaryş ulgamynda ulanylýan täzeçil tehnologiýalar barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, dag eteginde ýerleşýän ajaýyp künjekde miweli baglaryň we üzümiň köp görnüşleri ekildi.

Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hormatly Prezidentimize ekilen baglaryň görnüşleri, aýratynlygy, suwaryş ulgamy barada maglumat berýän taslamalary görkezdi. Bu ýerde ir-iýmişleriň alma, armyt, aýwa, erik, garaly, hoz, hurma, pisse, şetdaly, zeýtun görnüşleri ekildi. Häzir üzüm dalbarynyň özboluşly görnüşini döretmegiň meýilleşdirilýändigi hem habar berildi.

Bu ýerde üzümleriň alty görnüşi sazlaşykly ösýär. Üzüm agaçlaryny ýörite germewlere galdyrmak we üzüm dalbarlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Munuň üzümiň hasyllylygynyň artdyrylmagynda hem-de olaryň kesele durnukly bolmagynda ähmiýetlidigini milli daýhançylyk tejribeleri subut etdi.

Bu giňişlikde harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby bölümleriniň her biriniň miweli baglary hem-de üzümçiligi ösdürip ýetişdirmekleri üçin ýer bölekleri berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň arasynda zähmet terbiýesiniň hem-de harby düzgün-nyzamyň berkidilmeginde möhüm ähmiýeti bolan işler giň gerimde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň ylmy esasda ösdürilmegine, suwaryşyň damjalaýyn usulynyň ornaşdyrylmagyna, ylmyň gazananlarynyň we ösen tejribä milli bagbançylyk ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine ugrady.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde geçen dört aýda ýerine ýetirilen işler, Milli goşunymyzyň harby düzümlerini iň täze tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýazky çagyryş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goranmak kuwwatynyň parahatçylygy pugtalandyrmaga, onuň howpsuzlygyny üpjün etmäge hyzmat edýändiginiň, çünki Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň goranmak häsiýetine eýedigini belledi. Soňky ýyllarda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ygtyýaryna gelip gowuşýan iň täze ýerüsti we howa tehnikalary döwletimiziň döwrüň talaplaryna laýyklykda, harby edaralaryň işini guramagyň meselelerine ägirt uly üns berýändiginiň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz öňde durýan işleriň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, Milli goşunymyzyň hünärmenler bilen üpjünçiligini berkitmegiň hem-de harby gullukçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň we şahsy düzümiň arasynda watançylyk-terbiýeçilik işlerini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nobatdaky çagyryş möwsümi barada aýdyp, ony ýokary derejede geçirmegi üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişi ýokary derejede guramak babatynda aýratyn tabşyryklar berildi.

Soňra içeli işler ministri M.Çakyýew 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýurdumyzda hukuk düzgünleriniň bozulmagynyň öňüni almaga hem-de jemgyýetçilik tertip-düzgünini saklamaga, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmäge we ýollarda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, ýol gözegçilik gullugynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, degişli düzümlerde sanly ulgamyna geçmek işleriniň barşy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylygyň we hukuk düzgün-tertibiniň berjaý edilişine gözegçiligiň möhümdigini nygtady. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmegiň meseleleri mydama üns merkezinde saklanylmalydyr.

Milli Liderimiz IIM-niň ähli düzümlerinde işleri guramagyň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagynyň, şonuň ýaly-da, işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň ileri tutulýan ugurlardygyna ünsi çekip, bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän edarasynda dört aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berk berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň düzgünleriniň berjaý edilişini seljermek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, prokuratura edaralarynyň hukuk düzgünlerini goramak hem-de kanunçylygy üpjün edýän wajyp döwlet edarasy hökmündäki ornuny belledi. Döwlet Baştutanymyz giň gözýetimli hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen işlemek boýunça tejribeli ýokary hünärli işgärleri saýlap almaga jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekip, edaranyň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmagyň hasabyna prokuratura edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow Türkmenistanda 2017-2021-nji ýyllarda kazyýet ulgamyny ösdürmegiň döwlet Maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler, şonuň ýaly-da, degişli düzümleriň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak, işgärleriň netijeli gulluk etmegi üçin degerli şertleri döretmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde,ilatyň arasynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hukuk medeniýetiniň ýokarlandyrmagyň wajypdygy, şonuň ýaly-da, durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň maksatlary hem-de wezipeleri barada düşündiriş işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakyndaky Permana gol çekdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de bellenilen ähli giňmöçberli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň aýrylmaz şerti bolan amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny saklamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,syýasy durnuklylygyň, halkymyzyň mizemez agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, onuň parahatçylykly, döredijilikli zähmetiniň ýurdumyzyň düýpli özgertmeler ýoly bilen üstünlikli öňe gitmeginiň möhüm şertidigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Milli howpsuzlyk ministrliginiň öňünde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek barada ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew 2021-nji ýylyň ilkinji dört aýynda ýolbaşçylyk edýän düzüminde bitirilen işler, ata Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramagy güýçlendirmek, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk serhedi bolan Döwlet serhedimiziň eldegrilmesizligini üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň söweşjeň, beden taýdan, syýasy taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra adalat ministri B.Muhamedow ýanwar-aprel aýlarynda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şol sanda döwrüň belent maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen täze kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanunlary halkara hukugynyň kadalaryna kybap getirmek işlerini öz içine alýan hukuk özgertmeleriniň wajyp ugurlaryna ünsi çekip, hereket edýän kanunçylyga yzygiderli esasda seljermäni geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz ilatyň arasynda kabul edilýän hukuk resminamalary barada düşündiriş işlerini ýokary derejede guramagyň wajypdygyny belläp, ministre anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gümrük gözegçiliginiň berk berjaý edilmegi babatynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň serhetlerinden geçýän, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýükleriň artmagy bilen baglylykda, döwrüň talaplaryna laýyklykda gullugyň işini guramak maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň çäklerinden geçýän üstaşyr-ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, gullugyň alyp barýan işleriniň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň zerurdygyny belledi.

Ýükleriň möçberleriniň yzygiderli artmagy Türkmenistanyň halkara giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki derejesiniň berkidilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmeginiň hem-de netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berilmelidigini belläp, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow geçen dört aýda durmuşa geçirilen işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň Gullugyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, işgärler bilen üpjün edilişini pugtalandyrmak barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmagy, ýaş, başarjaň işgärleri taýýarlamagy mundan beýläkki işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Milli Liderimiz gullugyň ähli düzümleriniň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmalydygyny nygtap, anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ministrliklerde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine, döwlet emläginiň netijeli ulanylyşyna gözegçilik etmek boýunça dört aýda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, ulanylmaga berilmeli desgalardaky işleriň ýagdaýyna geçirilen seljerme işleriniň netijesi barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalaryň durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda depginli ösüşi gazanmaga gönükdirilendigini belläp, bu düzümiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz bellenilen meýilnamalaryň öz wagtynda hem-de bellenilen tertibe laýyklykda berjaý edilmegine gözegçilik edilmelidigini aýdyp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalarda gurluşyk işleriniň hiline we möhletlerine berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagy Watany” diýlip yglan edilen ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler, şonuň ýaly-da, durmuş meselelerini çözmekde bitirilýän işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde durýan işleriň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz goranmak häsiýetli Harby doktrinanyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin harby we hukuk goraýjy düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň hem-de Ýaragly Güýçleri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalarynyň wajypdygyny belläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna özüniň garamagyndaky düzümleriň tabşyryklary öz wagtynda hem-de birkemsiz ýerine ýetirilmegine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow göçme mejlisi jemläp, ýygnananlara berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Habarlar