Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

03.05.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňünde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Milli Liderimiz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylýyewi we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Häkim şu günler paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň depginleri barada hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Şeýle hem häkim Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli şäheriň baýramçylyk meýdançalarynyň, käbir binalarynyň dürli öwüşginli yşyklar bilen bezelişiniň görnüşlerini hem-de şekillerini görkezdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäheri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ak guw ýaly binalary, gözel keşbi, şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin döredilen amatly şertleri bilen ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýar. Ginnesiň rekordlar kitabynda möhüm orun eýelän ak mermerli şäheriň gündizleriniň ýakymly bolşy ýaly, paýtagtymyzyň agşamky görnüşlerinde özboluşly gözellik bar.

Şanly sene mynasybetli häzirki zamanyň yşyklandyryş ulgamynyň, täzeçil tehnologiýalaryň kömegi arkaly dörediljek älemgoşar öwüşginli gözellik halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşar. Munuň özi 140 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp derejede garşylaýan şäheriň bezeg aýratynlyklaryna, onuň arassaçylygyna, abadançylygyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar.

Şonuň ýaly-da, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek barada hem aýdyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak şanly seneler mynasybetli açylmagy meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmagynyň we olaryň hil babatda bildirilýän talaplara laýyk gelmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda şäher häkimine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Bu gün Aşgabat döwrebap we sazlaşykly ösýän şäher hökmünde ykrar edildi. Bu ýerde adam hakyndaky alada esasy orunda durýar. Şeýle hem şähergurluşyk maksatnamasynda häzirki zamanyň binagärlik we inženerçilik-tehniki taýdan öňdebaryjy gazananlary hem-de milli binagärlik ýörelgeleri utgaşdyrylýar diýip, hormatly Przidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň her bir gününiň uly üstünliklere, täze ýeňişlere beslenmelidigini aýdyp, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine düýpli taýýarlyk görmek, çagalaryň wagtyny gyzykly we peýdaly geçrmeklerini üpjün etmek meselelerine uly üns berilmelidir diýip aýtdy.

Wise-premýer Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýurdumyzyň sebitlerinde we paýtagtymyzda şanly seneler mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşinde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda we ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda gurluşyk senagatyna möhüm ornuň degişlidigini belledi we gurluşyklaryň hiliniň hem-de depginleriniň häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şäheriň bezeg işleri we öňde boljak dabaralar baradaky gürrüňe degip geçmek bilen, häzirki zaman yşyklandyryş we sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän köpöwüşginli bezegli binalaryň ýanynda döredijilik işgärleriniň çykyşlarynyň guralmagynyň we şäheriň meýdançalarynda baýramçylyk ýörişlerini geçirmegiň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly çäreleriň ähmiýetini belläp, onuň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek, mekdep okuwçylarynyň şäheriň gözel ýerlerine gezelençlerini guramak boýunça wise-premýere hem-de häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň şanly ýubileýiniň hormatyna guraljak dabaralary degişli derejede geçirmek üçin zerur çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi we meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere hem-de häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de welaýatlaryň häkimlerini göni aragatnaşyga çagyrdy.

Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow çykyş edip, hasabatyny welaýatyň etraplarynyň gowaça ekişini doly tamamlandyklary baradaky habar bilen başlady.

Häkim şu günler alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, galla oragyna görülýän taýýarlyk, ösüş suwuny tutmak işleri boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Gowaça meýdanlarynda gögeriş gazanylan ýerlerde ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýar. Şunda, oba hojalyk tehnikalary we enjamlar netijeli ulanylýar.

Galla orujy kombaýnlary, ulag serişdelerini, şeýle hem galla kabul edýän bölümleri möwsümine taýýarlamak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.

Ýeralma we beýleki gök, bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, ekinleriň irki görnüşleriniň hasylyny öz wagtynda ýygnamak we ir-iýmişleriň hasylynyň mukdaryny artdyrmak ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem daýhan hojalyklarynda pile taýýarlamak boýunça bellenen meýilnamanyň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin zerur işler amala aşyrylýar.

Häkim Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg işleri bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň öz watgynda geçiilmelidigine ünsi çekdi. Galla oragyny guramaçylykly geçirmek işlerine hemmetaraplýayn taýýarlyk görülmelidir we bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginleri artdyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz häkime anyk görkezmeleri berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew döwlet Baştutanymyza welaýatda gowaça ekişiniň tamamlanandygy baradaky hoş habary ýetirdi. Şeýle hem gowaçalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, ak ekinlere edilýän ideg işleri barada haasbat berdi. Ýeralma, sogan we beýleki gök ekinlere ideg işleri degişli derejede alnyp barylýar. Gallanyň bol hasylyny almak maksady bilen, ak ekinlere ösüş suwuny tutmak zerur tagallalar edilýär.

Şeýle hem gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almak üçin häzirki agrotehniki çäreleriň hiline üns berilýändigi hem-de beýleki ekinleriň ekişiniň bellenilen möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, ähli tagallalaryň edilýändigi habar berildi.

Häkim pile taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, bu önümiň şertnamalaýyn borçnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek babatda görülýän çäreler barada aýtdy.

Häzirki döwürde welaýatda gant şugundyrynyň ekişini bellenilen möhletlerde guramaçylykly geçirmek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda hemmetaraplaýyn işler amala aşyrylýar.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyny bellenilen wagtda tamamlamak üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň, ak ekinlere edilýän idegiň öz wagynda geçirilmeginiň we onuň agrotehniki kadalara laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz galla oragyna kombaýnlary, awtoulaglary, kabul ediş bölümlerini doly derejede taýýarlamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň derejesi, gowaça ekişini agrotehniki kada laýyklykda öz wagtynda tamamlamak boýunça alnyp barylýan işler we ak ekinlere edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem galla oragyna görülýän taýýarlyk, möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň ýagdaýy barada habar berildi.

Şeýle hem gök we bakja ekinlerinden, şol sanda ýeralmadan we sogandan bol hasyl almak ugrunda degişli çäreler amala aşyrylýar.

Häkim ýurdumyzyň dokma pudagy üçin zerur çig mal serişdesi bolan piläniň önümçiligi boýunça şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalaryň edilýändigini aýtdy.

Hasabatyň dowamynda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykan wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmek, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynda ýokary hili üpjün etmek we olary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işler barada maglumatlar aýdyldy. Aýratyn-da, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna açylmagy meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işlerine möhüm ähmiýet berilýär.

Şeýle hem ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri we meýilnamalary öz wagtynda hem-de bellenilen möhletde berjaý etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň girewidigine ünsi çekip, bu babatda öňde duran wezipeleriň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew hasabatyny welaýatyň pagtaçy kärendeçileriniň gowaça ekişini tamamlandyklary baradaky habardan başlady.

Şu günler gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalary we enjamlar doly güýjünde işledilýär.

Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, ak ekinlere ösüş suwuny tutmak, galla oragyna kombaýnlary, awtoulaglary we kabul ediş bölümlerini taýýarlamak hem-de pile öndürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Şeýle hem ýeralmadan we beýleki gök, bakja ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak boýunça ähli zerur tagallalar edilýändigi barada hasabat berildi.

Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şanly seneleriň hormatyna meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp derejede garşylamak we baýramçylyk mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesini üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçadan, bugdaýdan we beýleki ekinlerden bol hasyl almakda möhüm ähmiýeti bolan ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew öz gezeginde welaýatyň pagtaçy kärendeçileriň gowaça ekişini doly tamamlandyklary baradaky habary mälim etdi. Şeýle hem häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaçalara we ak ekinlere edilýän ideg işleri, ekerançylyk meýdanlaryny, suwaryş suw bilen doly üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Galla oragynda işlediljek kombaýnlary, ýük awtoulaglaryny taýýarlamak işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Olaryň we galla kabul edilýän bölümleriň bökdençsiz işini üpjün etmek maksady bilen, ähli zerer çäreler amala aşyrylýar.

Şeýle hem häzirki döwürde welaýatda gant şugundyrynyň ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça işler ýaýbaňlandyryldy we zerur bolan tohumlar taýýarlanyldy.

Welaýatda pile öndurmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işlere giň gerim berildi.

Hasabatyň çäklerinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýlary barada maglumatlar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk ýerlerini gurplandyrmak, ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça we ak ekinlere degişli derejede ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler, şeýle hem galla oragyny guramaçylykly we bellenilen möhletlerde geçirmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigni belledi.

Döwlet Baştutanymyz ähli meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere we häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz gowaça ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ýokary öndürijilikli işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri öz wagtynda çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylda gök ekinlerden bol hasyl almak üçin häzirki alnyp barylýan ideg işleriniň hilini we depginini ýokardandyrmagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, gök önümleriň irki görnüşleriniň öz wagtynda ýygnalyp alynmagy, ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak babatda hem anyk tabşyryklar berildi.

Pile önümçiligi boýunça meýilnamalaýyn tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine möhüm üns berildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerniň hilini, desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini, aýratyn-da, Watanymyzyň Garaşsyzylygyň 30 ýyllygynyň hormatyna açylmagy meýilleşdirilýän binalarda, şeýle hem öňde boljak dabaralaryň baýramçylyk görnüşine beslenilmegi ugrunda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak boýunça häkimlere anyk tabşyryklar berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary toparyň başlygy N.Amannepesowy çagyrdy. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede hem-de welaýatlarda bar bolan çagalar-sagaldyş merkezlerinde ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bu ugurda ýörite topar döredilip, onuň agzalarynyň gatnaşmagynda degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, sagaldyş meýdançalarynda taýýarlyk işleri amala aşyryldy.

Şeýle hem ministr ýurdumyzda ýerleşýän şypahanalaryň hemmesinde adamlaryň saglygyny berkitmek, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar nazara alnyp, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görlendigini belläp, şypahanalaryň möwsüme taýýarlanandygyny habar berdi.

Ministr "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesi baradaky hasabatynyň çäginde aýdylyp, deňziň kenarynda ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Awaza gidýänlere ýollanma hatlary berilýändigini habar berdi.

Raýatlar Awaza gitmezinden öň ýollanma hatlaryny alanlaryndan soňra, ýurdumyzyň welaýatlaynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenen sazlyk öýlerinde olara koronawirus ýokanjyna garşy sanjym ediler. Şeýle hem Döwlet migrasiýa gullugynda dynç alşa gidýän senesi barada bellik ediler hem-de dynç alyş zolagyna gitmek çäklendirilýän döwür üçin rugsatnama berler.

Dynç alşa gitmek üçin raýatlara sanjym ediler, lukmançylyk gözegçiliginden we soňky 72 sagadyň dowamynda СOWID-19-yň test barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama berler.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda döredilýän Dolandyryş merkezi tarapyndan myhmanada bolýan adamlaryň sanawy we hasabaty degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna her gün iberiler.

Dynç alyş zolagynda hyzmat edýän desgalara kabul edilýän işgärler bellenen tertipde lukmançylyk gözegçiliginden geçiriler, şol sanda olardan СOWID-19 barlagyndan geçendigi baradaky kepilnamasy we koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilendigini tassyklaýan resmanamasy talap ediler. Şeýle hem hyzmat edýän işgärler her 15 günden çalşyk esasynda işlärler we her çalşykda lukmançylyk barlagyndan geçiriler. Dynç zolagynda ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň wekilleinden ybarat gözegçilik-geçiriş nokady dörediler.

Şol birwagtyň özünde deňziň kenarynda dynç almaga gelýän raýatlar üçin ýörite gatnawlar ýola goýlar. Degişli myhmanhanalaryň awtoulaglary bilen demir ýol, howa we awtomobil menzillerinde bu ýere gelýän raýatlar garşy alnar hem-de olaryň dynç alyş döwri gutaransoň degişli ugurlar boýunç ugradylar.

Şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagyň wagtlaýyn tertibine laýyklykda, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Içeri işler, Daşary işler, Energetika, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Balkan welaýat we Awaza etrap häkimlikleriniň zolagy dolandyrmak baradaky baş müdirliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýerine ýetirmeli wezipeleri we borçlary kesgitlenildi.

Bu ýerde degişli işleri ýola goýmagyň çäklerinde öňüni alyş çärelerini Keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary topar tarapyndan kabul edilen çözgütler berjaý ediler diýip, ministr sözüni jemledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, tomusky dynç alyş möwsumine taýýarlygyň çäklerinde hökmany sanjymyň geçirilmelidigini we dynç alyş ýerlerine baran çagalaryň saglyk derejesini görkezýän güwänamalaryň berilmelidigini belledi. Umuman, çagalaryň möwsümi şadyýan hem-de gyzykly geçirmekleri, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulmalydyr. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň şypahanalarynyň möwsüme taýýarlygyna möhüm ähmiýet berilmedidigini aýdyp, bu ýere geläýn adamlaryň degişli lukmançylyk barlagyndan geçmegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesine ünsi çekip, deňziň kenarynda amatly dynç alyş şertlerini döretmek, şol birwagtyň özünde adamlaryň saglygyna oňyn täsiri bolan ýagdaýlary göz öňünde tutmak we myhmanhanalaryň arassaçylyk derejesini üns merkezinde saklamak bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetlidigini belledi.

Şeýle hem adamlaryň dynç alýan, suwa düşýän we gezelenç edýän ýerlerinde lukmançylyk ulgamyna degişli ähli zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belläp, dynç alýanlaryň iýmitlenmegi, gezelenç etmegi, sport bilen meşgullanmagy bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda brnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz şu günden başlap, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu ugra degişli wagyz-nesihat we düşündiriş çärelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Hünärmenler we lukmanlar metbugat serişdelerinde, teleradioýalymlarda çykyş edip, häzirki pandemiýa ýokanjy zerarly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlaryň öňüni almak, bu ugurda zerur çäreleri görmek boýunça giňişleýin maglumatlar bermelidirler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary toparyň ýakynda geçiriljek mejlisileriniň birine özüniň hem gatnaşjakdygyny, onda tomusky dynç alyş möwsüminiň öňüsyrasynda bu ugra degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bu babatda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlaryny diňlejekdigini aýdyp, degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar