Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary

25.04.2021

Şu gün Türkmenistanda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde giň gerimde bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bu günki baýramçylyk dabaralarynyň başlanýan ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda halk arasynda iň meşhur bäsleşikleriň biri — baýramçylyk at çapyşyklary guraldy.

Türkmenleriň gadymdan bäri guraýan at çapyşyklarynyň göwünleri galkyndyrýan joşguny nesilleriň dowamatlylygynyň, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlarynyň gaýtadan dikeldilýändiginiň hem-de ösdürilýändiginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Munuň özi diňe bir halk seçgiçileriniň gudratly tebigat bilen bilelikde kemala getiren ahalteke bedewleriniň iň gadymy we täsin wekilleriniň gözden geçirilişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň nepisligi, çeýeligi hem-de haýran galdyrýan çydamlylygy bilen täsin sazlaşygy emele getirýän gaýtalanmajak gözelligine özboluşly senadyr.

Sahawatly türkmen topragy ähli döwürleriň we halklaryň iň gowy bedewleriniň ýetişdirilýän mekanydyr, olaryň şöhraty Ýer ýüzüne ýaýrapdyr. Türkmen seýisleri köp asyrlaryň dowamynda ýelden ýüwrük bedewleri terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, olaryň taýçanaklaryny saýlap alyp hem-de tohum arassalygyny gorap saklap, dünýä atşynaslygynyň täjine öwrülen atlaryň aýratyn, täsin tohumyny döretdiler.

Türkmenler gadymy döwürlerden başlap, bedewlere tälim bermegiň netijeli tilsimlerini işläp taýýarlapdyrlar. Olaryň hili diňe bir at çapyşyklarynda däl-de, eýsem, agyr söweşlerde hem, haçanda ata-babalarymyz Watan ugrunda söweş meýdanlaryna çykanlarynda-da synagdan geçipdir. Ahalteke bedewi edermen türkmen ýigitleriniň hakyky, wepaly hemrasy bolupdyr. Bu barada diňe bir köp sanly rowaýatlar we hekaýatlar däl-de, häzirki günlere çenli saklanyp galan daşary ýurtly awtorlaryň taryhy ýazgylary şaýatlyk edýär. Olar türkmen behişdi bedewleriniň haýran galdyryjy wepadarlygy barada ýazgylaryny galdyrypdyrlar...

At çapyşyklary türkmen toýlarynyň we baýramçylyklarynyň bezegidir, olaryň netijesinde, ahalteke bedewleri hemişe ajaýyp türgenleşdirilen beden taýýarlygy bilen, uzak aralyklara ýörişlere hem çydamly bolupdyrlar. Biziň günlerimizde sportuň iň gyzykly we özüne çekiji milli görnüşleriniň biri bolan at çapyşyklary ägirt uly meşhurlyga eýedir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýelden ýüwrük bedewler Watanymyzyň ösüşiň we döredijiligiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketini alamatlandyryp, milletimiziň mirasynyň, türkmen halkynyň paýhasynyň dowamatlylygynyň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bütin kalby bilen halk söýgüsini siňdirip, ahalteke tohumly bedewleriň dünýädäki şöhratyny belende götermek, beýik ata-babalarymyzyň atşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de wagyz etmek hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň derejesine çykardy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda behişdi bedewlere ideg etmek hem-de olary köpeltmek, milli atşynaslyk ýörelgelerini gaýtadan dikeltmek, atçylyk sportuny ösdürmek, at çapyşyklary, uzak aralyga atly ýörişleri, atlaryň päsgelçiliklerden geçmegi boýunça seýisleri, tälimçileri hem-de ussat türgenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi.

Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi hem-de tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň bina edilmegi bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň subutnamasydyr.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän şu ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmen bedewiniň milli baýramy ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde geçirilýär, munuň özi biziň şöhratly ata-babalarymyzyň dünýä peşgeş beren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň ýokary ähmiýete eýediginiň nyşanydyr.

...Ir bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýanynda ählumumy ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Toplumyň çägine barýan ýoluň ugrunda ahalteke bedewleriniň ajaýyp gözelligini beýan edýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň uly sergisi guraldy.

Dünýäniň iň gadymy tohumlarynyň biri bolan ahalteke bedewleriniň tebigy gözelligi we nepisligi, örän ösen aňy hem-de ýiti duýgurlygy, düşbüligi, asyllylygy asyrlaryň dowamynda şahyrlar, halyçylar, zergärler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, atyň bezeg esbaplarynyň ussalary üçin ylham çeşmesine öwrüldi. Sergide görkezilýän muzeý gymmatlyklarynda aýawly saklanylýan hem-de nesilden-nesle geçirilýän, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň üstünlikleri we ýeten sepgitleri bilen ruhlanan türkmen halkynyň çäksiz döredijilik zehininiň hem-de inçe sungatynyň subutnamalary bolan milli mirasymyzyň baýlygyny hem-de köpöwüşginliligini beýan etdi.

Dikilen ak öýüň ýanynda bagşylaryň we sazandalaryň çykyşlary, güýçli, çalasyn pälwanlaryň gatnaşmagynda sport ýaryşlary görkezildi. Medeniýet işgärleri baýramçylyk mynasybetli döredijilik sowgadyny taýýarladylar.

Sirk sungatynyň Bütindünýä festiwallarynda hem-de iri halkara bäsleşiklerde gazanan ýeňişleri bilen meşhur bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary öz ussatlygyny we sungatyny görkezdi. Mälim bolşy ýaly, biziň jigitlerimiz Italiýada, Russiýada, Ukrainada, Belarusda, Türkiýede, Hytaýda hem-de beýleki ýurtlarda uly üstünlik bilen çykyş edip, akrobatika we gimnastika tilsimleri, bedewe erk etmek, çapyp barýan atyň üstünde dürli hereketleri ýerine ýetirmek bilen tomaşaçylary hem-de emin agzalaryny hemişe haýran galdyrýarlar.

Umumy ykrar edilmegi boýunça milli atşynaslyk sungatymyzyň esasy aýratynlygy türkmenleriň bedewlere özara ynanyşmak we ynsana wepadarlyk ruhunda tälim berýändikleridir.

Münberler tomaşaçylardan doly. Bu ýere ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we atçylyk pudagynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, at çapyşyklarynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.

Yzygiderli esasda geçirilýän milli derejedäki ýaryşlar diňe bir sportuň bu görnüşiniň abraýyny artdyrmak bilen çäklenmän, çapuw atlarynyň bu täsin tohumynyň giňden wagyz edilmegine gönüden-göni ýardam berýär.

Milli Liderimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň atçylyk pudagy hil taýdan täze derejä çykaryldy. Bu pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, tohumçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, sportuň atçylyk görnüşlerini hem-de at çapmagyň milli ýörelgelerini wagyz etmek boýunça giň gerimli çäreler geçirilýär.

“Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly we beýleki kitaplaryny bagyş eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewlerine goýýan çäksiz sarpasy olaryň dünýädäki şöhratyny has-da belende göterýär. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu kitaplar giň okyjylar köpçüligine elýeterli bolup, alym-atşynaslar üçin gymmatly ylmy çeşmä öwrüldi.

Sanly tehnologiýalar döwründe halkyň taryhy ykbalyny kesgitlän hakyky milli gymmatlyklaryna ýaşlaryň hormatly garaýşynyň ýitmezligi möhümdir. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyzyň özi bu babatda nusga görkezip, agtyklarynda bedewlere bolan söýgini terbiýeläp, olara at çapmagy hem-de atlara ideg etmek başarnygyny we olar bilen türgenleşmegi öwredýär. 2015-nji ýylda ýetginjek çapyksuwarlaryň 1200 metr aralyga geçirilen çapyşygynda çapyksuwar Kerim Berdimuhamedowyň ýeňiji bolandygyny ýatlamak ýerlikli bolar. Häzir hormatly Prezidentimiziň agtygynyň özi atlary terbiýelemek bilen meşgullanyp, bu asylly işe boş wagtyny bagyşlaýar.

Halkymyzyň taryhy at bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ahalteke bedewiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda uly üstünlik bilen geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem esasy nyşany bolandygy ýöne ýerden däldir.

Onuň sport bäsleşikleriniň maksatnamasyna konkur boýunça ýaryşlaryň ilkinji gezek girizilendigi bellärliklidir. Şol ýaryşlarda türkmen çapyksuwarlary halkara ýaryşlaryň öňdebaryjylaryna mynasyp bäsdeşlik görkezip, öz artykmaçlyklaryny subut etdiler hem-de altyn medal gazandylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan diýen bedewiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi atlarymyzyň deňsiz-taýsyz häsiýetleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigini alamatlandyrdy. Milli Liderimiziň seýislän şöhratly ahalteke bedewi taryhda ýatdan çykmajak yz goýdy. Bu bedew iki aýagynyň üstüne galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, ozalky görkezijiden iki esse gowy netije görkezdi.

Häzirki wagtda bütin dünýäde, aýratyn-da, Merkezi Aziýada, Ýewropada, ABŞ-da ahalteke tohum atlaryna sarpa goýýanlar az däldir. Öňler hut türkmen atlary Beýik Ýüpek ýolunyň ösüşinde ähmiýetli orun eýeläpdir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu taryhy ýol täze görnüşde gaýtadan dikeldilýär, bedewlerimiz geljege ymtylýan ýurt bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň şöhratyny tug diýen parladyp, häzir hem hormatly wezipäni ýerine ýetirýär.

...Alypbaryjy baýramçylyk çapyşyklarynyň başlanýandygyny yglan edýär.

Şu gün dürli aralyklarda geçirilen at çapyşyklarynyň jemi ýedisi bolup, şolaryň her birine ýyndam bedewler gatnaşyp, iň gowy sport häsiýetlerini görkezdiler. 1200 metr aralyga geçirilen birinji at çapyşyga goşulan bedewleriň ýaryşyna badalga berlen pursadyndan, tomaşaçylaryň şowhunlary al-asmana göterildi. Bu ýaryşda bedewler maliýe-ykdysady toplumynyň “Polatly” baýragyny almak ugrunda ýaryşdylar. Çapyksuwar B.Kulyýewiň çapan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Gutly diýen gara aty pellehana ilkinji bolup geldi. Ol bu aralygy 1 minut 19,9 sekuntda geçmegi başardy.

Ikinji çapyşyk hem 1200 metr aralyga geçirildi. Nebitgaz toplumynyň “Meleguş” baýragy ugrundaky bu ýaryşda iň gowy wagty Içeri işler ministrligine degişli Garabatyr diýen gurt mele at görkezdi. Ussat çapyksuwar Ö.Ýalkabowyň çapan bu bedewi bellenen aralygy 1 minut 19,2 sekuntda geçdi.

Söwda toplumynyň “Gelşikli” baýragy ugrundaky üçünji çapyşykda bedewler 1200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Tejen diýen dor at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Çapyksuwar S.Çaryýewiň çapan bu aty 1 minut 19,2 sekunt wagt görkezdi.

Ulag-aragatnaşyk toplumynyň “Ýanardag” baýragy ugrundaky çapyşyk hem 1200 metr aralyga geçirildi. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Bäherden atçylyk hojalygyna degişli Gyzlarym diýen dor bedew pellehana ilkinji geldi. Çapyksuwar A.Orazdurdyýewiň çapan bedewi bellenen aralygy 1 minut 19 sekuntda geçmegi başardy.

Gurluşyk-senagat toplumynyň “Pereň” baýragyny almak ugrundaky 1400 metr aralyga güýç synanyşan bedewleriň bäşinji çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kararym diýen dor at ýeňiji boldy. Onuň netijesi 1 minut 33 sekunt, çapyksuwary N.Agamyradow.

Altynjy çapyşyga obasenagat toplumynyň “Garader” baýragy goýuldy. Bu ýaryşda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli Ülker diýen dor at birinji orny eýeledi. Çapyksuwar B.Berdimuhammedowyň çapan bedewi 1400 metr aralygy 1 minut 29,1 sekuntda geçdi.

Jemleýji ýedinji toý çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş baýragy — “Akhan” göçme kubogy ugrunda dartgynly ýaryş boldy. 1400 metr aralyga guralan bu ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen diýen ak-ýal mele at pellehanadan birinji bolup geçdi. Ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň çapan bu bedewi 1 minut 32,2 sekunt wagt görkezdi.

Örän çekeleşikli ýaryşlarda gowudan-gowusyny saýlan dartgynly çapyşyklaryň ählisi häzirki zamanyň milli seýisçilik mekdebiniň täze taryhy eýýamda müňýyllyklardan bäri gelýän däpleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigini aýdyň görkezdi. Dürli aralyklarda türkmen bedewleri ýyndam häsiýetleri bilen birlikde, sportda çydamlylygyny hem subut etdiler.

Çapyşyklaryň arasynda aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Tomaşaçylar häzirki döwrümiziň ägirt uly özgertmelerini wasp edýän bagşylaryň aýdym-sazly çykyşlaryndan lezzet aldylar.

Soňra çapyşyklaryň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Olara ady agzalan baýraklar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bulardan başga-da, jemleýji ýaryşyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme Kubogy, degişli diplom gowşuryldy.

Şeýle hem ozal geçirilen uzak aralyga atly ýöriş boýunça ýaryşyň hem-de konkur boýunça bäsleşigiň ýeňijileri we baýrak eýeleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Dorbedew diýen dor at bilen bilelikde, çapyksuwar H.Toýlyýew ýaryşyň ýeňijisi diýlip kesgitlendi. Ol iň oňat görkezijini — 2 sagat 52 minut 46 sekunt wagty görkezdi. Barha meşhurlyga eýe bolýan sportuň atly görnüşi bolan konkur boýunça ýaryşlarda Milli atly sport merkeziniň Altynhan diýen aty, türgeni Ý.Garajaýew bilen birinji orny eýeledi.

Çapyksuwarlar milli atşynaslyk mekdebiniň şöhratly däplerini saklamak we kämilleşdirmek baradaky aladalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de atçylyk sportuny mundan beýläk-de ösdürmek we ahalteke bedewlerini bütin dünýäde giňden wagyz etmek babatda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Habarlar