Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar

22.04.2021

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul etdik. Onuň tutanýerli zähmeti hem-de türkmen döwletiniň we halkynyň öňünde bitiren hyzmatlary ýagşylykda ýatlanar.

Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna bu agyr ýitgi zerarly gynanjymy beýan edýärin.

Beýik Biribardan merhuma iman baýlygyny diläp, Size we Siziň maşgalaňyza duýgudaşlygymy beýan edýärin.

Hasan Ruhani,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň biwagt aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç we hasrat duýgusy bilen kabul etdim.

Size we Siziň maşgalaňyza duýgudaşlygymy beýan edýärin.

2019-njy ýylda ejemiň aradan çykmagy zerarly iberen gynanç hatyňyz meniň maşgalam we hut özüm üçin uly goldaw boldy.

Tüýs ýürekden duýgudaşlygymy beýan edýärin hem-de merhumyň ruhunyň aram tapmagyny dileýärin.

Mun Çže In,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * * 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Öwezini dolup bolmajak ýitgi — Siziň kakaňyzyň aradan çykandygy zerarly duýgudaşlygymy bildirýärin.

Mongol halkynyň adyndan we öz adymdan Size, Siziň maşgalaňyza, dogan-garyndaşlaryňyza çuňňur gynanjymy beýan edýärin.

Haltmaagiýn Battulga,
Mongoliýanyň Prezidenti.

Habarlar