Türkmenistanda ählihalk ýowary geçirildi

17.04.2021

Şu gün ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda şanly seneler -- mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ählihalk ýowary geçirildi.

“Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde geçirilen bu çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ýurdumyzda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek hem-de bar bolan baglara degişli derejede ideg etmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Bu bolsa güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ynsan saglygy üçin ýakymly howa gurşawynyň döredilmegine ýardam edýär.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýowaryň geçirilýän ýerine geldi.

Bu gün dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň hatarynda öz ornuny berkidýän Aşgabat bagy-bossanly şäher hökmünde ykrar edildi. Diýarymyzyň baş şäheri we onuň töwerekleri hemişe gök öwüsýän tokaýlyklar bilen gurşaldy. Munuň özi bu künjekleriň ýokary ekologiýa derejesini üpjün edýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy aprelde şenbe güni Aşgabadyň 140 ýyllygy we Türkmentstanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, köpçülikleýin arassaçylyk-abadanlaşdyryş işlerini geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, binagärlik maksatnamasynda, daşky gurşawy goramakda, şäheriň bezeg aýratynlyklarynda milli ýörelgelere aýratyn üns berilýär. Şol birwagtyň özünde bu ýörelgeler häzirki zamanyň tejribelerine laýyklykda ösdürilýär.

Arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň geçirilýän ýerinde çäre mahalynda ulanyljak gurallaryň köp görnüşleri goýlupdyr. Bu ýerde bag nahallaryna timar bermek üçin niýetlenen gurallar, suwaryş ulgamyna degişli serişdeler, baglaryň düýbüni agartmakda ulanylýan enjamlar görkezilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ekilen bag nahallaryna agrotehniki talaplara laýyk derejede ideg edilmegi olaryň sazlaşykly ösüşini we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, paýtagtymyzyň töwereklerinde tokaý zolaklarynyň, seýilgähleriň çäkleriniň giňelmegini üpjün edýär.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteklerinde pürli hem-de saýaly agaç nahallaryndan ybarat tokaý zolaklarynyň çägi barha giňelýär. Munuň özi bu ýerlerde ösümlik dünýäsini baýlaşdyrýar hem-de arassa howany üpjüg edýär..

Bu gün ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy ýaly wajyp wezipe üstünlikli çözülýär.

Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, mähriban Diýarymyzda Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň töwereklerinde, awtoulag we demir ýollaryň ugrunda, derýalaryň, akabalyryň kenarlarynda döredilýän gök zolaklar şaýatlyk edýär.

Şäheriň gaýtalanmajak binagärlik çözgüdi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen binalary paýtagtymyzyň baş bezegine, halkymyzyň buýsanjyna öwrüldt. Şol birwagtyň özünde ak mermerli Aşgabadyň özi hem bu abraýly kitapda mynasyp orun eýeledi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi babatda jogapkärli çemeleşmeleri öňe sürýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Aziýanyň merjeni hasaplanylýan Aşgabadyň günorta künjegindäki döwrebap binalar dag etekleriniň ajaýyp tebigaty bilen sazlaşýar.

Köpçülikleýin ýowar çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekilen bag nahallaryna ideg edip başlamagy bilen badalga berildi.

Döwlet Baştutanymyz baglaryň artykmaç şahalaryny kesişdirdi, has uzyn çybyklaryň ujuny çyrpdy. Bagbançylygyň esasy usullarynyň biri bolan bu iş baglaryň hasyllylygyna oňyn täsirini ýetirýär.

Bu çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag nahallaryna ideg etmek işlerine girişdiler.

Çärä gatnaşyjylaryň arasynda köpsanly talyp ýaşlaryň bolmagy ösüp barýan ýaş nesilleriň okuwlaryny zähmet bilen utgaşdyrmagy, ene topraga, gözel Diýarymyzyň tebigatyna söýgüniň kemala getirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň möhüm ugur hökmünde kesgitlenendigini aňladýar. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň döreden asylly ýörelgeleriniň döwrebap derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar.

Şunuň ýaly asylly işler ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, Diýarymyzda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasyna möhüm ähmiýet berilýär, däp boýunça, ýaz we güýz pasyllarynda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça wajyp möwsüm guralýar.

Bu işe ähli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň hem-de şäherleriň häkimlikleriniň, medeni ojaklaryň, bilim edaralarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşýandygyny bellemek nerek. Olaryň birleşen tagallasy netijesinde, her ýylda millionlarça düýp bag nahallary ekilýär, şeýlelikde tokaý zolaklarynyň çäkleri giňelýär.

Tokaý zolaklaryna, seýilgählere we her düýp baga ideg etmek işlerine möhüm ähmiýet berilýär.

Bu günki çärä gatnaşyjylaryň agzybirlikli tagallasy netijesinde ekilen bag nahallaryna ideg işleri ýokary derejede geçirildi. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen başy başlanýan asylly işlere örän jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Bu gün Diýarymyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzyň töwereklerinde pürli, saýaly we miweli baglardan ybarat bolan tokaý zolaklarynyň eýeleýän meýdany barha artýar. Şol birwagtyň özünde ýurdumyzda üzümçiligiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Milli ykdyadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, häkimlikler, bilim edaralary ýörite kesgitlenen ýer böleklerinde seýilgäh zolaklaryny döretmek, saýaly we miweli bag nahallaryny, üzümleriň dürli görnüşleri ekmek meselesine aýratyn üns berýärler.

Tokaý zolaklarynyň çäginiň giňelmegi olara degişli derejede ideg işleriniň ýola goýulmagyny talap edýär. Ýurdumyzyň ilaty, aýratyn-da, ýaşlar bag nahallaryna ideg etmäge toplumlaýyn we ylmy taýdan esasdandyrylan usulda çemeleşýärler. Bu bolsa işleriň agrotehniki talaplara laýyk gelmeginde aýratyn möhümdir.

Hormatly Preztdentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bag nahallaryna ideg etmek işlerini tamamlap, egindeşleri bilen bu işleriň tutuş ýurdumyzda geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler bbabatda pikir alyşdy.

Bellenilişi ýaly, bu gün milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda degişli işler kesgitlenen kada laýyk alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň esasy şerti bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny, ekologiýa wezipelerini amala aşyrmak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady.

Habarlar