Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýöriteleşdirilen täze dikuçaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy

08.04.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly “ANSAT” kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy.

Bu waka ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz ynsan saglygyny ýurduň baş baýlygy hökmünde yglan edip, halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ony öz wagtynda bejermek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň buýurmasy boýunça Kazan dikuçar zawody (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) tarapyndan öndürilen täze tiz kömek dikuçaryny gözden geçirmek üçin döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşen saglygy goraýyş edaralarynyň dikuçar meýdançasyna geldi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow hormatly Prezidentimize saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek meselelerine hemişe üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de täze dikuçaryň ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň we paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda lukmanlara we paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna ajaýyp sowgat bolandygyny nygtady.

Ministr dikuçaryň esasy tehniki häsiýetnamalary barada hasabat berip, onuň şäher şertlerinde gaýragoýulmasyz tiz kömek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, ýöriteleşdirilen hassahanalara gysga wagtyň içinde näsaglary eltmek üçin niýetlenendigini belledi. Bu dikuçar reanimasiýany, ýokary derejeli bejerişi özünde jemlemek bilen, şikes alan raýatlara gönüden-göni ýerinde ilkinji gyssagly lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik berýän iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Döwlet Baştutanymyz dikuçaryň içindäki ýöriteleşdirilen keseli anyklamaga hem-de näsagyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge niýetlenen enjamlaryň işi bilen tanyşdy. Hususan-da, ýörite görkezijileriň kömegi bilen monitorda elektrokardiogramma, bedeniň kislorod bilen üpjünçiligi, arterial gan basyşy we beýlekiler ýaly görkezijileri synlap bolýar.

Dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň kämil önümi bolan bu enjam dikuçaryň hereket ediş ýagdaýlaryna laýyklykda, ýagny tehnikanyň titremesine, asmana göterilişine we beýleki häsiýetlerine görä taýýarlanandyr. Bu enjam şu kysymly dikuçarlarda birnäçe ýyllardan bäri netijeli ulanylyp gelinýär. Hususan-da, “ANSAT” dikuçarynyň lukmançylyk kysymy sanly defibrillýator bilen üpjün edilendir. Ol ýürek urşunyň ýygylygyny awtomatik usulda seljerýär we zerur bolanda onuň täzeden işlemegini awtomatik usulda amala aşyrýar.

Şeýle hem emeli dem alyş enjamy oturdylandyr. Eger näsaga birden zerurlyk ýüze çykyp, kislorod bilen üpjün etmeli bolsa, bu enjam ulanylýar. Esasy bellemeli aýratynlyk, onuň ýaňy doglan çagadan başlap, has uly ýaşly adamlara çenli ulanmaga niýetlenen köpugurly enjam bolup durýanlygydyr. Raýatyň ýaş görkezijisini girizseň, şonuň esasynda, bu enjamyň özi awtomatik usulda zerur kislorody berýär.

Şeýle hem ýörite sorujy esbaplar enjamlaşdyrylandyr. Ol oturdylanda, başga hiç hili işi ýerine ýetirmän, ony göni şu enjama çatyp bolýar. Munuň özi lukmanlaryň işini köp derejede ýeňilleşdirýän we näsaglara degişli kömegi tiz bermäge ýardam berýän iň kämil üpjünçilikdir.

Mundan başga-da, dikuçarda zerurlyk ýüze çykanda, näsagy kislorod bilen üpjün etmek üçin wideolaringoskop we intubasion turbajyklar hem bar. Bu gurallaryň kömegi bilen intubasion turbany ýalňyşman we näsaga zeper ýetirmän, onuň dem alyş ýollaryna girizip bolýar. Bu bolsa örän amatly ýagdaýy döredýär. Näsagy dikuçardan düşürip, hassahana äkitmeli bolanda hem ony näsagyň ýany bilen alyp gidip bolýar.

Dikuçarda seýikleriň hem dürli görnüşleri bar. Olar oňurgalara ýa-da bedene şikes ýeten ýagdaýynda näsagyň bedeniniň gozganmazlygy üçin ulanylýan lukmançylyk enjamlarydyr.

Uçuş-tehniki häsiýetleri boýunça «ANSAT» dikuçary barmasy kyn bolan ýerlerde gyssagly işleri ýerine ýetirip bilýär. Dikuçar zerur erginleri sowatmak we gyzdyrmak üçin ýörite enjamlar bilen üpjün edilendir. Reanimasiýa we gaýragoýulmasyz tiz kömegi bermek üçin derman hem-de sarp ediş serişdelerine niýetlenen ýörite gutujyklar bar.

Dikuçaryň iň ýokary tizligi sagatda 275 kilometre, iň ýokary uçuş uzaklygy 510 kilometre barabardyr. Onuň ýere gonýan böleginiň goşmaça enjam bilen üpjün edilmegi bolsa dikuçara dag eteklerine, gum we çöllük hem-de barmasy kyn ýerlere gonmaga mümkinçilik döredýär. Bularyň ählisi bu dikuçaryň ýurdumyzda häzire çenli bar bolan şunuň ýaly dikuçarlardan tapawutly aýratynlygydyr.

Ýokary tizlikli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilip, ähli zerur amatlyklar döredilen bu dikuçar şäherde gysga wagtyň içinde ýakyn aralyga bir näsagy alyp barmak üçin niýetlenendir.

Dikuçaryň lukmançylyk bölüminde dürli görnüşli zemmerler, ykjam elektrokardiograf we monitorly defibrilýator enjamy, ergin guýmak üçin infuziomatlar, emeli dem beriş enjamy, awtomatik sorujy enjamlar bar.

Şeýle hem dikuçar derman serişdelerini sowadyjy we ýyladyjy bokslar, ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen dürli gutular, glýukometr, pulsoksimetr, termometr, köpugurly seýikler, dürli görnüşdäki gurallar, ýanyk şikesli näsaglar üçin niýetlenen dürli görnüşli enjamlar we beýleki sarp ediji serişdeler bilen üpjün edilendir.

Ýeri gelende aýtsak, milli Liderimiziň tagallalary bilen bina edilen iri saglygy goraýyş edaralarynyň ýanynda ýörite dikuçar meýdançalary hem guruldy. Dikuçarlaryň uçup-gonmagy üçin niýetlenen şunuň ýaly meýdançalaryň myhmanhanalarda hem gurnalmagynyň göz öňünde tutulýandygyny bellemek gerek.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri ýurdumyzda näsagda böwrek çalyşmak boýunça ilkinji operasiýanyň üstünlikli geçirilendigi barada hoş habary aýtdy. Böwrek transplantasiýa operasiýasy birnäçe ýyllardan bäri dowamly böwrek ýetmezçilikli näsaga özüniň ýakyn garyndaşynyň böwregi alnyp, ýerine ýetirildi. Bu çylşyrymly operasiýa ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan amala aşyryldy. Häzirki döwürde böwregini beren adamyň we böwrek oturdylan näsagyň ýagdaýy kanagatlanarly, olar lukmanlaryň gözegçiliginde saklanýar.

Döwlet Baştutanymyz bu habary kanagatlanma bilen kabul edip, operasiýanyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we munuň milli lukmanlarymyzyň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň gazanan uly üstünligidigini nygtady.

Milli kanunçylyga laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan adamyň beden agzalaryny ýa-da dokumalaryny transplantasiýa etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiziň tagallasy bilen, häzir ýurdumyzda beden agzalarynyň ýa-da dokumalarynyň transplantasiýasy operasiýasyny amala aşyrmaga doly mümkinçilik döredildi. Bu ugurda dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen milli hünärmenlerimiz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy klinikalarynda hünär kämilleşdiriş okuwlarynda boldular hem-de böwrekleri transplantasiýa etmegiň tärlerini öwrenip, amaly endikleri ele aldylar. Ýurdumyzyň hirurgiýa ugurly merkezi bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň hünärmenleri we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary Halkara okuw-ylmy merkezinde böwrekleri transplantasiýa etmegiň tejribe-synag operasiýalaryny yzygiderli geçirdiler.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda beden agzalarynyň ýa-da dokumalarynyň transplantasiýasy operasiýasyndan soňky döwürde näsaglara gözegçilik etmek we zerur barlaglary geçirmek üçin mümkinçilikler bar hem-de degişli bejeriş-öňüni alyş edaralary zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen doly üpjün edildi.

Dikuçar bilen tanyşdyrmagynyň ahyrynda ministr ilatymyzy gaýragoýulmasyz lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça döredýän şertleri we mümkinçilikleri üçin ähli saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdy hem-de milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz dikuçar bilen tanyşlygyny tamamlap, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen birlikde, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň bu ulgamy ösdürmek babatdaky strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Şu ýerde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň çäginde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň degişli edaralary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde, ýurdumyza toprak-howa şertlerimize laýyk gelýän dikuçarlary getirmegiň möhüm işleriň hatarynda durýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, alnyp barylýan işleri maksadalaýyk dowam etmegi tabşyrdy hem-de täze dikuçar iş ýüzünde ulanylyp görlenden soň, şeýle tehnikany ýurdumyzyň beýleki welaýatlary üçin hem satyn almagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowa hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa tabşyrdy.

Milli Liderimiz lukmançylyk maksatly dikuçarlaryň tehniki binýadyny artdyrmagyň möhümdigi barada aýdyp, Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli, netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Kazanyň dikuçar zawody bilen awiagurluşyk ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk esasynda, onuň howa tehnikalary ýurdumyzyň halk hojalygynda giňden ulanylýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz dikuçaryň tehniki häsiýetnamalaryna ünsi çekip, bu kysymly dikuçarlaryň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendigini hem-de Türkmenistanyň howa şertlerine gabat gelýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky gatnaşyklaryň geljekde-de pugtalandyrylmagynyň möhümdigini nygtap, uzakdaky ilatly ýerlerde ulanylmaga niýetlenen ozaldan ulanylýan köpugurly dikuçaryň hem-de şäher töwereklerinde gyssagly tiz lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen täze dikuçaryň halkymyzyň saglygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowa, içeri işler ministri M.Çakyýewe, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi hem-de eger zerur bolsa, tehnikalary Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň alyp barýan işlerinde hem ulanmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz täze dikuçaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi we bu işleriň doly derejede ýerine ýetirilmegini tabşyrdy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş maksatly täze dikuçary paýtagtymyzyň ilatyna sowgat etmegi milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynda durmuş ähmiýetli ulgamlaryň ösüşinde möhüm orun eýeleýär.

“Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen şygardan ugur alnyp, häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu bolsa adamlaryň ömrüniň ortaça uzaklygynyň ýokarlanmagyna we ilatyň durmuş derejesiniň hiliniň gowulanmagyna ýardam edýär.

Ulgamyň düzümlerini kämilleşdirmek babatda ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde tutuş ýurdumyzda iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri hem-de derman senagatyna degişli desgalar gurulýar. Mahlasy, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümlerini pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Islendik pursatda lukmançylyk hyzmatlarynyň zerur bolan ýerlerine öz wagtynda ýetişip, uzak wagtlap we netijeli hyzmat etmegi üçin täze saglygy goraýyş dikuçaryna ak ýollar arzuw edilip, bereketli ak un sepildi. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň Arkadagly eýýamda döwrebap derejede ösdürilýändiginiň hem-de bagtyýar nesiller tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Habarlar