ÜNS BERIŇ BÄSLEŞIK! Ýaş hukukçylaryň arasynda halkara bäsleşigi boýunça Maglumat

26.03.2021

Ýaş hukukçylaryň arasynda halkara bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2140-njy karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýär.

Bäsleşige 30 ýaşa ýetmedik ýaş hukukçy hünärmenler gatnaşýarlar.

Bäsleşigiň mowzuklary şu aşakdakylar bolup durýar:

1) Halkara energetika taslamalarynda halkara hukuk kadalarynyň ulanylyş aýratynlyklary;

2) Halkara ekologiýa hukugynyň wajyp meseleleri we döwrebap hukuk çözgütleri;

3) Halkara ulag üstaşyr geçelgeleriniň halkara hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi

4) Halkara arbitraž kazyýetlerinde döwletiň bähbitlerini goramagyň häzirki zaman tejribesi we gelejegi.

Gatnaşyjylar ýokarda agzalan mowzuklaryň biri boýunça 2021-nji ýylyň 25-nji martyna çenli türkmen, rus ýa-da iňlis dilleriniň haýsy hem bolsa birinde 20 sahypadan geçmeýän “Times New Roman” 14 şriftinde ýazylan, awtor tarapyndan gol çekilen, “pdf” formatyndaky işini elektron poçta arkaly minjustice@online.tm salgysyna ibermeli. Işi 2 sany bäsleşige gatnaşyjylaryň bilelikde ýazmagyna rugsat berilýär. 2021-nji ýylyň 30-njy martynda wideoaragatnaşyk arkaly öz işini esaslandyryp çykyş etmeli.

Bäsleşige hödürlenen işler Topar agzalary tarapyndan 10 bally şkala boýunça aşakdaky esasy ölçegler esasynda seçilip alynýar:

1) mowzugyň işleniliş çuňlugy;

2) tejribede ulanylyş ähmiýeti;

3) ösüş potensialy;

4) esaslandyrylmagy;

5) çykyşyň hödürlenilişi

6) innowasion hukuk teklipleriň we çözgütleriň bolmagy;

Bäsleşigiň ýeňijilerini saýlamak boýunça Toparyň çözgüdi her bäsleşige gatnaşyjy babatynda Toparyň agzalarynyň  sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Toparyň agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

Bäsleşigiň ýeňijileri 2021-nji ýylyň 31-nji martynda yglan edilýär we olar 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara goýlan baýraklar bilen sylaglanylýar we olara degişli Şahadatnamalar gowşurylýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 39-19-19; 39-18-91

Habarlar