Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy

21.03.2021

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Azerbaýjanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan halklarymyzyň baý milli ruhy mirasyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Tebigaty janlandyrýan hem-de adamlara täze ylham berýän bu bahar baýramy özara düşünişmegiň, dostlugyň we agzybirligiň nyşanydyr.

Azerbaýjanyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem Nowruzyň asylly ýörelgelerine belent sarpa goýýan halklarymyzyň hoşniýetli erk-isleglerine laýyklykda giňeldiljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Bu nurana baýram gününde Size berk jan saglyk, işleriňizde üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi we ähli türkmenistanlylary Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň ýurtlarymyz tutuş adamzady belent taglymlara çagyrýan hem-de täzelenişi we döredijiligi alamatlandyrýan bu ajaýyp halk baýramyny hoşniýetli arzuwlar hem-de umyt bilen garşylaýarlar. Goý, Nowruz biziň dostlukly halklarymyza tükeniksiz şatlyk we abadançylyk eçilsin!

Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda berk dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň geljekde hem halklarymyzyň bilelikdäki tagallalary netijesinde okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, bu beýik baýram gününde Size, Türkmenistanyň nurana geljeginiň ýolunda ähli asylly başlangyçlaryňyzyň üstünliklere beslenmegini, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Rowaçlyklar we ähli gowulyklar hemraňyz bolsun!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Size iň gowy arzuwlarymy uly kanagatlanma bilen ýollaýaryn hem-de gutlaglaryňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin.

Şu ýylyň biziň hemmämiz üçin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň we doganlyk raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ygrarlylygymyzy tassyklaýan ýyla öwrülmegini dileg edýärin.

Size we Siziň raýatlaryňyza abadançylygyň ýar bolmagyny arzuw edýärin.

Fransisk,

Rim Papasy.

Habarlar