Döwlet Baştutanlary we syýasy işgärler Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlaýarlar

20.03.2021

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Nowruz baýramy mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, şatlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Şu ýyl Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Men öz administrasiýamyň hem-de Siziň ýurduňyzyň arasynda howpsuzlyk, Owganystanda parahatçylygy dikeltmek hem-de ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, hususan-da, Hazar deňziniň energetika kuwwatyny ösdürmäge çalyşmagyňyz bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigine umyt baglaýaryn.

Biz şeýle hem bäş ýyl mundan öň döwlet sekretary Kerriniň başlangyjy bilen döredilen “C5+1” görnüşiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt edýäris.

Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

Hormatlamak bilen,

Jozef Baýden,

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Türkmen halky üçin däbe öwrülen Nowruz baýramy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we hytaý halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň halkyna mähirli gutlaglarymy beýan etmegi özüm üçin hormat hasaplaýaryn.

Soňky ýyllarda Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda ýurduňyz döwlet gurluşynda hem-de Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milletiň galkynmagynda uly üstünlikleri gazandy. Hytaý tarapy munuň şeýledigine tüýs ýürekden guwanýar.

Hytaý-türkmen gatnaşyklary mäkäm binýada, ösüşiň örän uly kuwwatyna we giň mümkinçiliklere eýedir. Hytaý tarapy tebigy gaz babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy, çig mal däl ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegi, ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrmagy dowam etmäge taýýardyr.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin hem-de Siz bilen bilelikde strategik hyzmatdaşlygy iki ýurduň we halklaryň bähbidine täze derejä çykarmaga taýýardyryn.

Size berk jan saglyk we işiňizde üstünlik, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Si Szinpin,

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gadyrly doganym!

Ýetip gelýän Nowruz baýramy — baharyň janlanyş, täzeleniş we gülläp ösüş baýramçylygy bilen Sizi we Siziň ýurduňyzyň halkyny gutlaýandygyma hem-de tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy iberýändigime şatdyryn.

Nowruz baýramy umumadamzat baýlyklaryny wasp etmek hem-de umumy däpleri, hoşniýetli gymmatlyklary we özboluşly dessurlary özünde jemlemek bilen, biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, baky dostluk we sebitde raýdaşlyk ruhuny pugtalandyrýar.

Biziň bilelikdäki tagallalarymyz hem-de syýasy erkimiz netijesinde Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň umumy bähbidine yzygiderli giňeljekdigine ynanýaryn. Şol hyzmatdaşlyk birek-biregi hormatlamak we goldamak hem-de birek-birege ynanmak ýörelgelerine esaslanandyr.

Şu şatlykly hem-de joşgunly bahar günleri Siziň Alyhezretiňize uzak ömür, berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny Halkara Nowruz güni bilen gutlaýaryn hem-de baýramçylyk arzuwlarymy beýan edýärin.

Ata-babalarymyzyň gymmatly mirasy — gadymy Nowruz baýramy — baharyň nyşany we tebigatyň janlanmagynyň alamaty hasaplanýan baýram bu gün Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýaşaýan millionlarça adamlar üçin dostlugyň, özara düşünişmegiň, birek-biregi hormatlamagyň, döredijilikli işleriň we ýagşy niýetleriň nyşany bolup durýar.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň röwşen Nowruzyň baky däplerine daýanmak bilen, geljekde hem täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna hem-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we täze üstünlikleri, dostlukly Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň doganlyk halklarymyz tebigatyň janlanmagyny, gündiziň we gijäniň deňleşmegini alamatlandyrýan bahar baýramyny hoşniýetli umyt-arzuwlar bilen belleýär.

Gyrgyzystanyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli we strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk we işde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň halkyny gadymy Nowruz baýramynyň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden şatlyk duýgusy bilen gutlaýaryn.

Bahar pasly ussat dörediji kimin topragyň we tebigatyň gözelligini oýarýan täze durmuşy alyp gelýär. Nowruz gadymy däplere baý bolan, kalplara şatlyk we ruhubelentlik çaýýan täze durmuşyň başlanýandygyny alamatlandyrýan baýramdyr.

Biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň has-da giňelmegi bilen, Nowruzyň halklarymyz üçin durmuşyň täzelenmeginiň başlangyjyna öwrülip, tutuş dünýä ýüzüne şatlyk, bereket, bolçulyk, saglyk we abadançylyk getirjekdigine umyt edýärin!

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.

Hasan Ruhani,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Owganystan Yslam Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna Halkara Nowruz güni mynasybetli mähirli gutlaglarymyzy beýan edýärin.

Owganystanyň halkynyň ähmiýetli medeni miraslarynyň biri bolan şu baýramçylygy sebitiň ýurtlarynyň halklary hem-de öz dostlary bilen bilelikde belleýändigini nygtamak guwandyryjydyr.

Nowruz gadymy döwürlerden bäri biziň doganlyk halklarymyzy ýakynlaşdyrýan we birleşdirýän baýramçylyk bolup, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam edýär.

Bu şanly baýramçylygy öz doganlarymyz bilen bellemek bilen, biziň hem-de sebitiň dostlukly döwletleriniň bilelikdäki tagallalarynyň, olary birleşdirýän ykdysady düzümleýin taslamalary amala aşyrmak maksadynda dowam etdiriljekdigine umyt baglaýarys.

Siziň Alyhezretiňizi Nowruz baýramynyň ýetip gelmegi bilen ýene-de bir gezek gutlap, Size berk jan saglygyny we üstünlikleri, dostlukly Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylygy arzuw edýärin.

Mohammad Aşraf Gani,

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Ysraýylyň halkynyň adyndan Sizi, Siziň maşgalaňyzy we türkmen halkyny Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn hem-de berk jan saglygyny arzuw edýärin. Goý, Türkmenistanyň ekin meýdanlary bereketli bahar hasylyna durup, onuň derýalarynyň suwlary joşup aksyn, goý, onuň tebigaty has-da gözelleşsin!

Ysraýylyň we Türkmenistanyň halklary asyrlaryň dowamynda baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny ähli ajaýyplygy bilen baýram edipdir. Ata-babalarymyzyň gadymy taryhy we däpleri biziň halklarymyzy birleşdirmegi dowam edýär, çünki biz Nowruz baýramyny we Pashany belleýäris, bu bolsa, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin mäkäm binýady döredýär.

Bu gün türkmen halky “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Nowruz baýramyny belleýär, şeýle hem Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny çäksiz buýsanç, ajaýyp üstünlikler bilen garşylap, 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde geçirer. Bu Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hem goldanyldy. Jenap Prezident, Siziň bu başlangyjyňyz umyt-arzuwlaryň we röwşen geljegiň nyşanydyr!

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Reuwen Riwlin,

Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Nowruz baýramy mynasybetli Palestina Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we doganlyk türkmen halkyna gutlaglarymyzy beýan edýärin.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň halkyna bolsa üstünlikleri hem-de rowaçlygy, şonuň ýaly-da, biziň ýurtlarymyzyň doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegini dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, biziň hoşniýetli arzuwlarymyzy hem-de Size çuňňur hormat goýýandygymyz baradaky ynandyrmalarymyzy kabul ediň!

Mahmud Abbas,

Palestina Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident!

Türkmen halky üçin däbe öwrülen Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmegi özüm üçin hormat saýýaryn.

Hytaý we Türkmenistan dostlukly ýakyn goňşular hem-de strategik hyzmatdaşlar bolup durýar. Soňky ýyllarda Başlyk Si Szinpiniň hem-de Siziň Alyhezretiňiziň parasatly ýolbaşçylygynda hytaý-türkmen gatnaşyklary ösüşiň durnukly ýagdaýyny saklaýar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk durnukly giňelýär we netijeli häsiýete eýe bolýar.

Hytaý tarapy Bir guşaklyk, bir ugur diýen başlangyjy hem-de Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek başlangyjynyň üstüni ýetirmek, netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek üçin türkmen tarapy bilen bilelikde tagallalary etmäge, iki ýurduň we halkyň bähbidine hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmaga taýýardyr.

Size berk jan saglyk hem-de işiňizde üstünlik, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Li Kesýan,

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi halklarymyz üçin umumy bolan uly baýramçylyk — Nowruz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Goý, şu baýram güni biziň ähli umyt-arzuwlarymyz hem-de ýurtlarymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen asylly maksatlarymyz amala aşsyn! Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasyndaky mähirli gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Askar Mamin,

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ajaýyp bahar baýramy — Nowruz mynasybetli mähirli gutlaglarymy we tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy kabul ediň!

Röwşen durmuşyň başlangyjy hasaplanýan mukaddes Nowruz ykbaly hem-de geçmişi bir bolan biziň doganlyk ýurtlarymyza abadançylyk we bolçulyk getirsin!

Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky umumy ruhy gymmatlyklara we dostluga, şeýle hem strategik hyzmatdaşlyga esaslanan özara bähbitli, hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde hem okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, ýokary jogapkärçilikli işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Nursultan Nazarbaýew,

Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Owganystan Yslam Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk we dostlukly halkyny Nowruz baýramy bilen gutlamak meniň üçin uly mertebedir.

Gadymy taryhy, däp-dessurlary dikeltmekde uly ähmiýete eýe bolan Nowruzy sebitiň ýurtlarynyň bilelikde baýram etmegi halklaryň arasyndaky agzybirligi mundan beýläk-de pugtalandyrar diýip ynanýaryn.

Nowruz baýramyny belleýän döwletleriň halklaryna, şol sanda Türkmenistanyň halkyna Beýik Biribardan rowaçlyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Doktor Abdulla Abdulla,

Owganystan Yslam Respublikasynyň
Milli ylalaşyk ýokary geňeşiniň başlygy.

Habarlar