ONLINE HYZMATLARYNY BERMEK IŞI ÝOLA GOÝULDY

16.04.2021


    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça uly ösüşleriň we özgertmeleriň amala aşyrylýan mekanyna öwrüldi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, Türkmenistanyň adalat edaralarynda berilýän hukuk kömekleriniň hilini ýokarlandyrmak babatynda berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň adalat edaralary tarapyndan birnäçe işler durmuşa geçirilýär.

         Şunuň bilen baglylyk-da, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynyň açylmagy hem-de onda Gulluk tarapyndan berilýän birnäçe hukuk hyzmatlaryny almak üçin internediň üsti bilen online görnüşde sargytlary etmek mümkinçiligiň döredilmegi bellenilmäge mynasyp täzelikdir.

          Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynda döredilen bu sanly mümkinçilikden peýdalanmak arkaly şahslar özleriniň gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryny döwlet sanawynda döwlet tarapyndan bellige aldyrmaklyk üçin Gullugyň Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän ýerli edaralaryna online görnüşde nobata durup bilerler. Şeýle-de gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet sanawyndan bellige alyş işleri bilen bagly maglumatlary göçürme hem-de kepilnama görnüşde almak üçin online sargytlary edip bilerler.

         Bu sanly mümkinçilikleriň döredilmegi ilki bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli edaralaryna hukuk kömegini almak üçin gelýän şahslara berilýän hukuk hyzmatlarynyň ýokary hilini üpjün etmeklige ýardam eder.

         Biz Hormatly Prezidentimiziň, Ýurdumyzda döredijilikli işlemäge, Watanymyza gulluk etmäge döredip beren şeýle mümkinçilikleri üçin çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, Belent başy hemişe aman bolsun!

Türkmenistanyň Adalat ministrligi

Habarlar(ru)

08.02.2021