Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygynyň 2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda çykaran 74/12/1214 belgili bilelikdäki buýrugy

Halkara gatnawyny amala aşyrýan deňiz gämilerini hem-de olarda daşalýan harytlary we ulag serişdelerini gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibini tassyklamak hakynda


2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Gümrük kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 28-nji maddasyna, 2008-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine hem-de 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Halkara gatnawyny amala aşyrýan deňiz gämilerini hem-de olarda daşalýan harytlary we ulag serişdelerini gümrük taýdan resmileşdirmegi kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýarys:

1. Halkara gatnawyny amala aşyrýan deňiz gämilerini hem-de olarda daşalýan harytlary we ulag serişdelerini gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň we «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygynyň orunbasarlary gözegçilik etmeli.

3. Şu buýrugy degişli şahslaryň dykgatyna ýetirmeli.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük «Türkmendeňizderýaýollary»

 gullugynyň başlygy agentliginiň başlygy

 M.Hudaýkulyýew A.Haýytmuradow


Ylalaşyldy:

Türkmenistanyň Döwlet serhet 

gullugynyň başlygy Ý. Nuryýew

«08» iýul 2021 ý.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş 

we derman senagaty ministri N. Amannepesow

«08» iýul 2021 ý.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük

gullugynyň başlygynyň,

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň

başlygynyň 2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda

çykaran 74/12/1214 belgili bilelikdäki

buýrugy bilen tassyklandy



Halkara gatnawyny amala aşyrýan deňiz gämilerini hem-de olarda daşalýan harytlary we ulag serişdelerini gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler


1. Halkara gatnawyny amala aşyrýan deňiz gämilerini hem-de olarda daşalýan harytlary we ulag serişdelerini gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibi (mundan beýläk - Tertip) 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Gümrük kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň (mundan beýläk - Gümrük kodeksi) 28-nji maddasyna, 2008-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine (mundan beýläk - Deňiz gatnawynyň kodeksi), 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we Türkmenistanyň gümrük çägine gelýän ýerinde, bu çäkden gidýän ýerinde halkara gatnawyny amala aşyrýan deňiz gämileriniň (mundan beýläk - Gämiler) hem-de ol Gämiler arkaly gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň (mundan beýläk - ulaglar) gümrük gözegçiliginiň, şeýle hem gümrük taýdan resmileşdirilmeginiň tertibini kesgitleýär.

2. Şu Tertibiň maksatlary üçin ulanylýan düşünjeler:

1) gümrük edarasy - Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçirilýän gözegçilik-geçiriş ýerinde (mundan beýläk - Geçiriş ýeri) hereket edýän, iş zolagynda Gämileriň hem-de ol Gämiler arkaly gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň we ulaglaryň gümrük gözegçiligi we gümrük taýdan resmileşdirilmegi amala aşyrylýan, şeýle hem ol işleriň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň (mundan beýläk - Gulluk) başlygy tarapyndan tassyklanýan Düzgünnamasynda göz öňünde tutulan gümrük nokady;

2) Port - deňiz porty ýa-da port nokady;

3) Topar - Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 26-njy fewralynda çykaran 2339-njy buýrugyna laýyklykda, gümrük edarasynyň harby gullukçysyndan, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärinden hem-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysyndan ybarat bolan, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bilelikdäki gümrük gözegçiligini we gümrük taýdan resmileşdirmegi amala aşyrýan topar.

4) ulaglar - ýolagçylary we harytlary halkara gatnawy boýunça gatnatmak-daşamak üçin ulanylýan islendik awtoulag serişdesi (tirkegleri, ýarym tirkegleri we gatyşyk ulaglary hem goşmak bilen), demir ýol ulag düzüminiň birligi ýa-da konteýnerler, şeýle hem ulaglar bilen bilelikde äkidilýän bolsa, öndüriji tarapyndan olarda göz öňünde tutulan ätiýaçlyk şaýlary, esbaplar, enjamlar we öndüriji tarapyndan göz öňünde tutulan gaplaryndaky ýangyç-ýaglaýjy materiallar we ýangyç;

5) Ýükler - harytlar we (ýa-da) ulaglar;

Şu Tertipde ulanylýan başga düşünjeler Gümrük kodeksinde hem-de Deňiz gatnawynyň kodeksinde kesgitlenen manylarda ulanylýar.

3. Türkmenistanyň gümrük çägine gelýän ýerinde we bu çäkden gidýän ýerinde Gämiler hem-de Ýükler babatda, serhet, gümrük, arassaçylyk, weterinariýa, fitosanitariýa, ulag we döwlet gözegçiliginiň beýleki degişli görnüşleri (mundan beýläk - döwlet gözegçiligi) amala aşyrylýar.

4. Gäminiň döwlet gözegçiliginiň ýeri, serhet, migrasiýa we gümrük edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça, Gäminiň görnüşine we aýratynlyklaryna, Portda Ýükleri geçirmegiň we ýolagçylara hyzmat etmegiň tehnologiýasyna, şeýle hem Portuň gurluşyna, onuň çäginiň bölekleriniň häsiýetnamasyna görä, Portuň administrasiýasy tarapyndan kesgitlenilýär.

5. Gämileriň döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň nobatlylygy, Gämileriň kapitanlaryndan (Gämileriň eýelerinden ýa-da olaryň ygtyýarly wekillerinden) Gäminiň gelmegi (gitmegi) baradaky habaryň gowşan wagtyna laýyklykda, Portuň administrasiýasy tarapyndan meýilleşdirilýär.

6. Günüň dowamynda birwagtda döwlet gözegçiligi amala aşyrylmaga degişli Gämileriň sany, döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralar bilen ylalaşylmagy boýunça, Portuň administrasiýasy tarapyndan kesgitlenilýär.

7. Şu Tertibiň düzgünleri harytlaryň we ýolagçylaryň halkara gatnawynda ulanylmaýan deňiz (derýa) gämilerine, harby gämilere hem-de Türkmenistanyň deňiz portlarynyň arasyndaky gämi gatnawyna (kabotaž) degişli däldir.


II bap. Gümrük gözegçiliginiň umumy kadalary


8. Gämiler we Ýükler Gümrük kodeksinde göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde hem-de şu Tertipde bellenilen kadalara laýyklykda gümrük taýdan resmileşdirilmäge hem-de gümrük gözegçiligine degişlidir.

9. Türkmenistanyň gümrük çägine gelýän we bu çäkden gidýän ýerlerinde Gämileriň hem-de Ýükleriň gümrük gözegçiligi, olar babatda amala aşyrylýan döwlet gözegçiliginiň bir bölegi bolup durýar.

10. Gümrük gözegçiligi geçirilende saýlamak ýörelgesinden ugur alynýar we Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek üçin ýeterlik bolan gümrük gözegçiliginiň görnüşleri ulanylýar.

11. Gümrük gözegçiligini we gümrük taýdan resmileşdirmegi tizleşdirmek maksady bilen, Portuň administrasiýasy gümrük edarasyna Gämiler we Ýükler barada elektron görnüşde deslapdan maglumat berilmegini üpjün edýär. Maglumatlar deslapdan daşaýjy ýa-da onuň agenti (deňiz agenti), deňiz dellaly tarapyndan berilýär.

12. Gäminiň Porta girmezinden öň, deslapdan berlen maglumatlar boýunça Gämide Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi gadagan edilen harytlaryň bardygy ýüze çykarylan ýagdaýynda, bu barada gümrük edarasy haýal etmän Portuň administrasiýasyna habar berýär.

13. Gäminiň gümrük gözden geçirmesi, resminamalaryň we maglumatlaryň barlagy hem-de gümrük taýdan resmileşdirilmegi Gäminiň döwlet gözegçiligi üçin göz öňünde tutulan wagtyň dowamynda amala aşyrylýar.

14. Gäminiň gümrük gözden geçirmesi amala aşyrylanda, Gümrük gözegçiliginiň maksatlary üçin deňiz gämisiniň şübheli hasap edilýän ýerlerine (şu Tertibe 1-nji goşundy) üns berilýär. Şonda zerur bolan ýerler Gäminiň komanda düzümindäki jogapkär şahs tarapyndan, onuň jogapkärçiliginde gözden geçirilmegi üçin açylyp görkezilýär.

Gäminiň gümrük gözden geçirmesiniň dowamynda, Topar agzalary tarapyndan tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň berjaý edilmegi hökmanydyr.

15. Gämileriň gümrük gözegçiligi:

1) deslapdan berlen maglumatlara laýyklykda, olarda Türkmenistanyň kanunçylygynda, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda Türkmenistana getirilmegi ýa-da Türkmenistandan alnyp gidilmegi gadagan edilen harytlaryň bardygyny çak etmäge düýpli esaslar bolmasa, şol sanda töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny peýdalanmagyň netijesinde Gäminiň gümrük gözden geçirmesini we gümrük barlagyny amala aşyrmagyň zerurlygy ýok hasap edilen;

2) Gäminiň duralgada durýan wagty ekipaž agzalarynyň ählisiniň Gäminiň bortunda boljakdygy mälim edilen ýa-da ekipaž agzalarynyň Gämiden düşmegi we yzyna gaýdyp barmagy, olaryň diňe gümrük gözegçiliginden geçmegi arkaly mümkin bolan;

3) Geçiriş ýerlerinde ilatyň saglygyna köpçülikleýin zyýan ýetirip biljek islendik hadysalar ýüze çykan ýagdaýynda gözegçiligiň aýratyn we has güýçlendirilen goşmaça görnüşleri ýola goýlan mahalynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda, Gäminiň bortunda ýa-da Gäminiň bortuna barmazdan, gämi duralgasyndan gözegçiligiň «gümrük syn etmesi» görnüşiniň üznüksiz alnyp barylmagy bilen, gözegçiligiň «resminamalary we maglumatlary barlamak» görnüşini ulanmak bilen tamamlanyp bilner.

16. Portuň çäginiň gümrük taýdan resmileşdirmegiň geçirilýän, gümrük operasiýalarynyň amala aşyrylýan ýerlerini, Ýükleriň düşürilýän we düşürilip ýüklenilýän, olaryň gözden geçirilýän we barlanylýan ýerlerini, wagtlaýyn saklanylýan we ýeri üýtgedilende hereket edýän ýerlerini hem-de gümrük gözegçiligi astynda bolýan harytlary daşaýan ulag serişdeleriniň durýan ýerlerini öz içine alýan tutuş bölegi gümrük gözegçiligi zolagy bolup durýar.

Portuň çäginde gümrük gözegçiligi zolagy Gümrük kodeksiniň 311-nji maddasyna hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda 1295 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Gümrük gözegçiligi zolaklaryny döretmegiň we belgilemegiň tertibini hem-de olar üçin talaplary tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda çykaran 153 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Gümrük gözegçiligi zolaklaryny döretmegiň we belgilemegiň tertibine hem-de olar üçin talaplara laýyklykda döredilýär.

17. Ýükleriň gümrük barlagy diňe gümrük gözegçiligi zolaklarynda amala aşyrylyp bilner.

18. Gämilerde gatnadylýan raýatlar, şol sanda ekipaž agzalary, ýolagçylar, sürüjiler, degişli döwlet gözegçiliginiň amala aşyrylmagy bilen, Portuň çägindäki Geçiriş ýeriniň raýatlary geçirmek üçin ýöriteleşdirilen ýerlerinden geçirilýär. Raýatlaryň harytlarynyň (goşlarynyň) gümrük gözegçiligi we gümrük taýdan resmileşdirilmegi, gümrük serhedinden harytlaryň fiziki şahslar tarapyndan geçirilmegi boýunça Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda bellenilen düzgünlere laýyklykda amala aşyrylýar.

19. Portda Gäminiň durýan ýeriniň üýtgedilmegine, Gämiden katerleriň we halas ediş gämileriniň (şlýupkalar) suwa goýberilmegine hem-de Gämä başga ýüzüji serişdeleriň gapdallanmagyna gümrük edarasynyň rugsady bilen ýol berilýär.


III bap. Gümrük taýdan resmileşdirmegiň umumy kadalary


20. Gümrük taýdan resmileşdirmek gümrük edarasynyň ýerleşýän ýerinde onuň iş wagtynda geçirilýär.

21. Deklarantyň, Portuň ýa-da başga dahylly şahsyň delillendirilen ýüz tutmasy boýunça gümrük taýdan resmileşdirmek geçirilen mahalyndaky aýratyn gümrük operasiýalary, şu Tertibe laýyklykda, gämi duralgasynda duran wagty Gäminiň bortunda, gämi duralgasynda ýa-da Portuň çäginiň başga ýerlerinde ýörite enjamlaşdyrylyp gurnalan jaýlarda we iş wagtyndan başga wagtda geçirilip bilner.

22. Ýük ýüklemek-düşürmek işlerini geçirmek we Gämilere, ýolagçylara, Ýüklere hyzmat etmek maksatlary üçin zerur bolan ýagdaýlarda, deklarantyň, Portuň ýa-da başga dahylly şahsyň delillendirilen ýüz tutmasy boýunça, Gämileriň we harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi Türkmenistanyň kontinental şelfinde ýerleşen emeli adalaryndaky, desgalaryndaky we gurluşlaryndaky gämi duralgalarynda hem-de reýdlerde amala aşyrylyp bilner.

23. Gämileriň gelmeginiň we gitmeginiň hem-de Geçiriş ýerinde Ýükleriň gümrük taýdan resmileşdirilmegi Topar tarapyndan amala aşyrylýar.

24. Gäminiň gümrük gözegçiligi Gäminiň bortuna barmazdan geçirilýän ýagdaýlarynda, gümrük taýdan resmileşdirmek Gäminiň bortuna barmazdan amala aşyrylyp bilner.

25. Gümrük taýdan resmileşdirmekde ulanylýan gümrük edarasynyň möhürçeleri resminamalara gümrük edarasynyň harby gullukçysynyň belgili şahsy möhri bilen bilelikde, basylan senesini, olary basan harby gullukçynyň familiýasyny görkezmek arkaly goýulýar we Toparyň beýleki agzalarynyň familiýalary görkezilip, möhürleriniň basylmagy, olaryň möhürleri bolmadyk ýagdaýlarynda gollarynyň goýulmagy bilen berkidilýär.

Gümrük taýdan resmileşdirmekde resminamalara ýazmaça bellikler gümrük edarasynyň harby gullukçysynyň belgili şahsy möhri bilen bilelikde, basylan senesini, belligi ýazan harby gullukçynyň familiýasyny görkezmek arkaly goýulýar we Toparyň beýleki agzalarynyň familiýalary görkezilip, möhürleriniň basylmagy, olaryň möhürleri bolmadyk ýagdaýlarynda gollarynyň goýulmagy bilen berkidilýär.

Topar agzalaryndan başga şahslar tarapyndan goşmaça bellikler edilmeginiň mümkinçiligini aradan aýyrmak maksady bilen, Topar tarapyndan resminamalara goýlan möhürçeleriň, möhürleriň we ýazmaça bellikleriň daşyna üznüksiz çyzyk aýlanyp bilner.

Toparyň resminamalara möhürçeleriň, möhürleriň we ýazmaça bellikleriň goýulmagyna esas bolan çözgüdiniň ýatyrylan ýagdaýynda, resminamalardaky degişli möhürçeleriň, möhürleriň we ýazmaça bellikleriň üstüne atanaklaýyn çyzyk çyzylýar.

26. Alnyp gidilýän ulaglar we olarda daşalýan harytlar, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen, Geçiriş ýerlerinde Türkmenistanyň gümrük çäginden gidýän ulag serişdelerini we olarda daşalýan harytlary gümrük taýdan resmileşdirmegiň düzgünlerine laýyklykda, Gämä ýüklenmezden öň, gümrük taýdan resmileşdirilýär.

Alnyp gidilýän Harydyň mukdary onuň Gämä ýüklenenden soň kesgitlenilýän ýagdaýlarynda, şeýle Harydyň gümrük taýdan resmileşdirilmegi ýük ýüklemek işleri tamamlanandan soň amala aşyrylýar.

27. Gämiler we ulaglar babatda, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda 1358 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Ulag serişdeleriniň giriş we çykyş deklarasiýalaryny doldurmagyň tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 27-nji maýynda çykaran 62 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Ulag serişdeleriniň giriş we çykyş deklarasiýalaryny doldurmagyň tertibine laýyklykda, ulag serişdeleriniň giriş we çykyş deklarasiýalary resmileşdirilýär.

28. Harytlar içerki gümrük üstaşyry amalyna ýa-da gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilende, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 13-nji iýulynda 1245 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 20-nji maýynda çykaran 64 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Üstaşyr deklarasiýasy doldurmagyň tertibine laýyklykda, üstaşyr deklarasiýasy resmileşdirilýär.

29. Resmileşdirilen ulag serişdeleriniň giriş we çykyş deklarasiýasy hem-de üstaşyr deklarasiýasy Gullugyň utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyna girizilýär.

30. Döwlet gözegçiliginiň weterinariýa, fitosanitariýa we beýleki görnüşlerine degişli harytlar babatda gümrük taýdan resmileşdirmek diňe şeýle gözegçiligi amala aşyrýan degişli ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşylandan soň tamamlanylyp bilner.


IV bap. Gämileriň Türkmenistanyň gümrük çägine gelmegi


31. Portuň administrasiýasy Gäminiň Porta girmegine rugsat berýär hem-de Gäminiň gelýän ýeri we wagty barada döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralara deslapdan habar berýär.

32. Ýük alyp gitmek üçin gelýän Ýüksüz Gäminiň Porta girmegine rugsat berlende, Portuň administrasiýasy, Toparyň Ýükleme tabşyryknamasyny resmileşdirmegi bilen, alnyp gidilmegi üçin niýetlenen harytlaryň we (ýa-da) ulaglaryň Gämä ýüklenilmegine gümrük edarasy tarapyndan berlen rugsady göz öňünde tutýar.

33. Türkmenistanyň gümrük çägine gelen Gäminiň kapitany, gümrük gözegçiliginiň maksatlary üçin, Topara şu resminamalary berýär:

1) Geliş gämi resminamalary:

a) baş deklarasiýa;

b) ýük deklarasiýasy;

ç) ekipaž agzalarynyň sanawy;

d) Gäminiň azyk gory barada resminama (Gäminiň bortunda ekipaž agzalary tarapyndan sarp edilmegi üçin niýetlenen iýmit önümleriniň sanawy we möçberleri görkezilen resminama);

e) ekipaž agzalarynyň gymmatlyklarynyň sanawy ýa-da Gulluk tarapyndan bellenilen tertipde we görnüşde her ekipaž agzasy üçin aýratyn doldurylan ýolagçy gümrük deklarasiýasy;

ä) ýolagçylar barada maglumat;

2) Ugradylyş (daşary ýurt) Portunda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralar tarapyndan resmileşdirilen gidiş gämi resminamalary;

3) ýük resminamalary:

a) konosament (ýa-da ýüküň daşamak üçin kabul edilendigini tassyklaýan deňiz ýanhaty);

b) ýük manifesti;

ç) täjirçilik resminamalary – hasap-faktura (inwoýs), ýükläp ugradyş we gaplaýyş listleri, çekler, sertifikatlar we başga täjirçilik resminamalary;

d) gümrük resminamalary - ugradylyş we üstaşyr Portlarda resmileşdirilen gümrük resminamalary (şeýle resminamalar bar bolan ýagdaýlarda);

4) goşmaça berilmegi Gäminiň kapitany tarapyndan maksada laýyk hasap edilen, Gämi we Ýükler barada maglumatlary özünde saklaýan başga resminamalar.

34. Gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin geliş gämi resminamalary, Topara, her biriniň iki sany asyl nusgalarynda sene görkezilip hem-de Gäminiň kapitanynyň goly we Gäminiň möhri bilen tassyklanylyp, iki sany birmeňzeş toplumda berilýär.

35. Ugradylyş Portunda resmileşdirilen gidiş gämi resminamalarynyň berilmezligi, Gäminiň gelmegini gümrük taýdan resmileşdirmekden hem-de onda daşalýan Ýükler babatda gümrük amallaryny we ýük düşürmek işlerini geçirmekden ýüz öwürmek ýa-da ol amallaryň (işleriň) geçirilmegini togtatmak üçin esas bolmaýar.

36. Gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin ýük resminamalary, Topara, konosament (ýa-da ýüküň daşamak üçin kabul edilendigini tassyklaýan deňiz ýanhaty) we ýük manifesti her biriniň dört sany asyl nusgalarynda sene görkezilip hem-de Gäminiň kapitanynyň goly we Gäminiň möhri bilen tassyklanylyp, beýleki ýük resminamalary dört sany nusgalarda, ýagny dört sany birmeňzeş toplumda berilýär.

Ýüksüz Gämiler üçin ýük resminamalary düzülmeýär.

37. Resminamalar berlenden soň, Topar tarapyndan Gäminiň gümrük gözden geçirmesi hem-de resminamalaryň we maglumatlaryň barlagy amala aşyrylýar.

38. Daşary ýurt Gämisiniň gümrük gözden geçirmesi amala aşyrylanda, gümrük gözegçiliginiň maksatlary üçin, Topar şu harytlaryň:

1) temmäki önümleriniň we alkogolly içgileriň (Gäminiň Portda duran wagty sarp edilip bilinjeklerinden başga);

2) derman serişdeleriniň (ilkinji kömegiň gapyrjagyndakylardan başga);

3) gelen Portunda düşürilmegi göz öňünde tutulmadyk harytlaryň ýerleşýän jaýlaryna gümrük plombalaryny we möhürlerini ýa-da başga kybaplaýyş serişdelerini goýup biler.

39. Gäminiň gümrük gözden geçirmesiniň we (ýa-da) resminamalary we maglumatlary barlamagyň netijesinde, Topar Ýükleriň düşürilmegine rugsat bermek barada ýa-da Ýükleriň düşürilmegini gadagan etmek barada çözgüt kabul edýär.

40. Ýükler babatda gümrük gözegçiligi üçin zerur bolan ähli resminamalaryň berilmedik we (ýa-da) Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmasynyň bolan ýagdaýlarynda, Topar ol Ýükleriň düşürilmegini gadagan etmek barada çözgüt kabul edip biler, şu Tertibiň otuz bäşinji böleginde görkezilen ýagdaý muňa degişli däldir.

41. Gäminiň gümrük gözden geçirmesi hem-de resminamalaryň we maglumatlaryň barlagy tamamlanandan soň, Gäminiň gelmeginiň we Ýükleriň gümrük taýdan resmileşdirilmegi geçirilýär.

42. Gäminiň gelmeginiň gümrük taýdan resmileşdirilmegi:

1) baş deklarasiýa gümrük edarasynyň «Porta geldi (gitdi)_____ Ýük _____Toparyň düzümi ____ Barlagyň baş. wagty ____ Barlagyň tam. wagty _______» atly belgili möhürçesiniň goýulmagy;

2) baş deklarasiýadan başga geliş gämi resminamalary basylan senesiniň görkezilmegi bilen gümrük edarasynyň harby gullukçysynyň belgili şahsy möhrüniň goýulmagy hem-de Toparyň beýleki agzalarynyň familiýalarynyň görkezilmegi bilen möhürleriniň basylmagy, möhürleriniň bolmadyk ýagdaýlarynda gollarynyň goýulmagy arkaly amala aşyrylýar.

Daşary ýurt Gämisi Porta gelen mahaly gümrük gözden geçirmesi amala aşyrylanda, şu Tertibiň otuz sekizinji bölegine laýyklykda, Topar tarapyndan Gämide gümrük plombalary we möhürleri ýa-da başga kybaplaýyş serişdeleri goýlan ýagdaýlarynda, bu barada Topar tarapyndan baş deklarasiýada bellik edilýär. Şunda kybaplaýyş serişdeleriniň atlary we belgileri ýazylyp görkezilýär.

43. Geliş gämi resminamalarynyň bir toplumy Gäminiň kapitanyna gowşurylýar we Gämide saklanylýar. Geliş gämi resminamalarynyň ikinji toplumy hem-de Ugradylyş Portunda resmileşdirilen gidiş gämi resminamalary, goşmaça berlen başga resminamalar Toparda galýar we saklanylmagy üçin gümrük edarasyna tabşyrylýar.

44. Gäminiň bortuna barmazdan resmileşdirilýän ýagdaýlarda, gämi resminamalary Topara daşaýjynyň agenti, deňiz dellaly tarapyndan berlip bilner.

45. Ýükleriň gümrük taýdan resmileşdirilmegi iki tapgyrda, ýagny olar Gämiden düşürilmezden öň (birinji tapgyr) we düşürilenden soň (ikinji tapgyr) amala aşyrylýar.

46. Ýükleri gümrük taýdan resmileşdirmegiň birinji tapgyrynda:

1) Ýükleriň düşürilmegine rugsat bermek baradaky çözgüt, ýük manifestine «Düşürmäge rugsat berilýär» diýen belligiň hem-de hasap-faktura (inwoýs) basylan senesiniň görkezilmegi bilen gümrük edarasynyň harby gullukçysynyň belgili şahsy möhrüniň we Toparyň beýleki agzalarynyň familiýalarynyň görkezilmegi bilen möhürleriniň basylmagy, olaryň möhürleri bolmadyk ýagdaýlarynda gollarynyň goýulmagy bilen tassyklanylýar;

2) Ýükleriň düşürilmegini gadagan etmek barada çözgüt, ýük manifestine gümrük edarasynyň «Iberijä gaýtarylmaga degişli» atly belgili möhürçesiniň goýulmagy bilen tassyklanylýar.

Resmileşdirilen ýük resminamalarynyň toplumlarynyň biri gümrük edarasyna, ikinjisi Porta, üçünjisi ýük alyja berilýär, dördünjisi Gämide galýar.

47. Gäminiň gelmegi gümrük taýdan resmileşdirilenden soň, gümrük edarasynyň Türkmenistanyň gümrük çägine gelýän deňiz gämilerini bellige alyş kitabynda (şu Tertibe 2-nji goşundy) bellige alynýar.

48. Gämiden düşürilen Ýükleriň gümrük gözegçiliginiň netijesinde, Topar şu çözgütleriň birini kabul edýär:

1) harytlary gümrük gözegçiligi astynda barylmagy bellenilen gümrük edarasyna ibermek barada;

2) harytlaryň gümrük gözegçiligini geçirmek we olary gümrük taýdan resmileşdirmegi tamamlamak barada;

3) harytlary we olaryň resminamalaryny saklamak ýa-da goşmaça barlaglary geçirmek barada;

4) harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna gaýtarmak barada.

Harytlary gümrük gözegçiligi astynda barylmagy bellenilen gümrük edarasyna ibermek baradaky çözgüt, harytlar babatda gümrük gözegçiligi üçin zerur bolan ähli resminamalaryň berlen, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmasy bolmadyk, harytlaryň gümrük serhedinden Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegi bilen geçirilýändigine şübhe döremedik we Geçiriş ýerinde harytlary gümrük taýdan resmileşdirmegi tamamlamak barada dahylly şahsyň ýüz tutmadyk ýagdaýlarynda kabul edilýär.

Harytlaryň gümrük gözegçiligini geçirmek we olary gümrük taýdan resmileşdirmegi tamamlamak baradaky çözgüt, harytlar babatda gümrük gözegçiligi üçin zerur bolan ähli resminamalaryň berlen, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmasy bolmadyk, harytlaryň gümrük serhedinden Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegi bilen geçirilýändigine şübhe döremedik we Geçiriş ýerinde harytlary gümrük taýdan resmileşdirmegi tamamlamak barada dahylly şahsyň ýüz tutan ýagdaýlarynda kabul edilýär.

Harytlary we olaryň resminamalaryny saklamak ýa-da goşmaça barlaglary geçirmek baradaky çözgüt, harytlar babatda gümrük gözegçiligi üçin zerur bolan ähli resminamalaryň berilmedik we (ýa-da) Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmasynyň bolan ýagdaýlarynda, şeýle hem harytlaryň gümrük serhedinden Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegi bilen geçirilýändigine şübhe dörän ýagdaýlarynda kabul edilip bilner.

Harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna gaýtarmak baradaky çözgüt, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi gadagan edilen harytlar babatda hem-de Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi çäklendirilen harytlar babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda bellenilen talaplar we şertler berjaý edilmedik ýagdaýlarynda kabul edilýär.

49. Ýükleri gümrük taýdan resmileşdirmegiň ikinji tapgyrynda:

1) Harytlary gümrük gözegçiligi astynda barylmagy bellenilen gümrük edarasyna ibermek baradaky çözgüt kabul edilen ýagdaýynda, harytlar degişliligi boýunça içerki gümrük üstaşyry amalyna ýa-da gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilýär. Şonda Harydyň ýany bilen iberilýän ulag resminamasynda gümrük edarasynyň «Gümrük ýüki________ plombalar astynda ______ orundan ybarat ýük ______ gümrük edarasyna gowuşmaly IÜR-niň belgisi ___________» atly belgili möhürçesi, «Gümrük ýüki» atly möhürçesi, Türkmenistanyň gümrük çäginden üstaşyr geçirilýän harytlar babatda agzalan möhürçelerden başga-da «Üstaşyr ýük» atly möhürçesi goýulýar;

2) harytlaryň gümrük gözegçiligini geçirmek we olary gümrük taýdan resmileşdirmegi tamamlamak barada çözgüt kabul edilen ýagdaýynda, harytlaryň goýberilmegi (şertli goýberilmegi) amala aşyrylýar;

3) harytlary we olaryň resminamalaryny saklamak ýa-da goşmaça barlaglary geçirmek baradaky çözgüt, harydyň ýany bilen iberilýän ulag resminamasynda gümrük edarasynyň «Goýbermek gadagan» atly belgili möhürçesini goýmak bilen tassyklanylýar;

4) harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna gaýtarmak barada çözgüt, Harydyň ýany bilen iberilýän ulag resminamasynda gümrük edarasynyň «Türkmenistanyň çäklerinden daşary çykarylmaga degişli» atly belgili möhürçesini goýmak bilen tassyklanylýar;

5) döwlet gözegçiliginiň weterinariýa we fitosanitariýa görnüşlerine degişli harytlaryň şeýle gözegçiligi amala aşyrýan degişli ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşylmagy baradaky Toparyň çözgüdi, Harydyň ýany bilen iberilýän ulag resminamasynda gümrük edarasynyň «Weterinar gullugyna. Karantin gullugyna görkezmeli» atly belgili möhürçesiniň goýulmagy bilen tassyklanylýar;

6) ulaglar şu Tertibiň ýigrimi ýedinji bölegine laýyklykda gümrük taýdan resmileşdirilýär.

Türkmenistanyň çägine wagtlaýyn getirilýän daşary ýurt konteýnerleri, Türkmenistanyň çäginde olara ygtyýarlyk edýän şahs resmi taýdan kesgitlenilenden soň, gümrük edarasynyň rugsady esasynda, Port tarapyndan goýberilýär.

50. Toparyň harytlary we olaryň resminamalaryny saklamak ýa-da goşmaça barlaglary geçirmek baradaky çözgüdi wagtlaýyn häsiýetli bolup, goşmaça maglumatlaryň öwrenilmegi we (ýa-da) goşmaça gümrük barlagyny geçirmek maksady bilen kabul edilýär. Şunda harytlary we olaryň resminamalaryny saklamak ýa-da goşmaça barlaglary geçirmek möhleti 10 (on) iş gününden artyk bolup bilmez.

Goşmaça maglumatlaryň öwrenilmegi we (ýa-da) goşmaça gümrük barlagy tamamlanandan soň, Topar şu Tertibiň kyrk sekizinji böleginiň 1-nji, 2-nji we 4-nji bentlerinde görkezilen çözgütleriň birini kabul edýär.

51. Ýükleriň düşürilmegini gadagan etmek hem-de harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna gaýtarmak baradaky çözgütler, dahylly şahsyň delillendirilen ýüz tutmasy boýunça, çözgüdiň kabul edilmegi üçin sebäp bolan kemçilikleriň düzedilen ýagdaýlarynda (mysal üçin: zerur bolan rugsatnamanyň, ygtyýarnamanyň alynmagy, öň berilmedik resminamalaryň berilmegi, berlen maglumatlarda ýalňyşlyklaryň bardygy anyklanylyp, olaryň düzedilmegi we başgalar), gümrük edarasynyň we wekili Topar agzasy bolup durýan beýleki döwlet gözegçilik edaralarynyň Portuň çägine hereket edýän düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary ýa-da olaryň ýerine galan şahslar bilen ylalaşylmagy bilen, Topar tarapyndan ýatyrylyp bilner. Şeýle ýagdaýda Topar şu Tertibiň kyrk sekizinji böleginiň 1-nji, 2-nji we 3-nji bentlerinde görkezilen çözgütleriň birini kabul edýär.

52. Portuň bir gümrük gözegçiligi zolagynyň çäginde gümrük operasiýalaryny geçirmek maksady bilen, şol gümrük gözegçiligi zolagynyň çäginde hereket edýän gümrük edaralarynyň arasynda içerki gümrük üstaşyry amaly ulanylmaýar.


V bap. Ýük ýüklemek-düşürmek işlerini geçirmek


53. Harytlaryň düşürilmegi, ýüklenilmegi we düşürilip ýüklenilmegi bu maksatlar üçin ýörite niýetlenilen ýerlerde, gümrük edarasynyň rugsady esasynda we onuň iş wagtynda amala aşyrylýar.

Harytlaryň başga ýerlerde we (ýa-da) gümrük edarasynyň iş wagtyndan başga wagtda düşürilmegine we düşürilip ýüklenilmegine Portuň administrasiýasynyň ýüz tutmasy boýunça gümrük edarasynyň berýän rugsady esasynda ýol berilýär.

54. Harytlaryň düşürilýän we düşürilip ýüklenilýän ýerleri harytlaryň abat saklanylmagy üpjün ediler ýaly hem-de ýük operasiýalarynyň geçirilmegine gatnaşmaýan şahslar ýanyna aralaşyp bilmez ýaly gurnalmalydyr we enjamlaşdyrylmalydyr.

55. Portda ýük operasiýalaryny amala aşyrýan şahsyň ýüz tutmasy boýunça, Gämiden düşürilýän harytlar wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirilmezden, görkezilen operasiýalary amala aşyrmak üçin zerur bolan möhletiň dowamynda, ýöne Gümrük Kodeksiniň 62-nji maddasynda bellenilen möhletleriň çäginde olaryň düşürilýän we düşürilip ýüklenilýän ýerinde goýlup bilner.

56. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi gadagan edilen harytlaryň Gämiden düşürilmegi gadagan edilýär.

Gämiden düşürilenden soň geçirilen gümrük gözegçiliginiň netijesinde ýüze çykarylan, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi gadagan edilen harytlar haýal etmän Gämä ýüklenilýär. Ol harytlaryň Gämi gidenden soň ýüze çykarylan ýagdaýlarynda, olar wagtlaýyn saklanylýan ýerlere ýa-da gümrük gözegçiligi zolaklary bolup durýan başga ýerlere ýerleşdirilmäge we mümkin bolan gysga wagtda Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmäge degişlidir. Şeýle harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagynyň aňryçäk möhleti, eger harytlaryň aýratyn görnüşleri babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda başga möhlet göz öňünde tutulmadyk bolsa - Gümrük kodeksiniň 62-nji maddasynda bellenilen, harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagynyň aňryçäk möhletinden uzak bolup bilmez. Bu möhlet tamamlanýança alnyp gidilmedik harytlara ygtyýarlyk etmek Gümrük kodeksiniň 39-njy babyna laýyklykda amala aşyrylýar.

57. Ulaglary Gämä ýüklemegiň yzygiderliligi, Portuň we Gäminiň tehnologik aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, Port we Gämi administrasiýalary tarapyndan özara ylalaşylyp kesgitlenilýär.

58. Türkmenistanyň gümrük çäginden gidýän Gämilere Ýükleriň ýüklenilmegine gümrük edaralarynyň garşylygy bolmadyk halatlarynda rugsat berilýär. Gümrük edarasynyň ylalaşygy Port tarapyndan deslapdan resmileşdirilip berilýän Ýükleme tabşyryknamasyna gümrük edarasynyň «Ýüklemäge rugsat berildi» atly belgili möhürçesiniň ýa-da ýazmaça belligiň goýulmagy bilen tassyklanylýar.

Ýükleme tabşyryknamasy ýük iberijileriň ýüz tutmasy boýunça Port tarapyndan zerur bolan sanda deňizde ýükleri daşamagyň halkara kadalaryna laýyklykda taýýarlanylýar.

Ýükleme tabşyryknamasynyň bir nusgasy gümrük edarasynda galýar we gözegçilik resminamasy hökmünde ulanylýar.

Harytlaryň häsiýetli aýratynlyklaryny (suwuk, ürgün we şuňa meňzeşler), olar babatda gümrük taýdan resmileşdirmegiň tamamlanmagyny, Gäminiň kabul edip biljek Ýüküniň mukdaryny deslapdan kesgitlemegiň we ýüklenilýän Ýüküň mukdaryny kesgitlemegiň aýratynlyklaryny nazarda tutup, gümrük edarasy Toparyň gatnaşmazlygynda Ýükleriň Gämä ýüklenilmegini amala aşyrmaga rugsat bermäge haklydyr.

59. Ýük ýüklemek-düşürmek işleri togtadylan ýagdaýynda, bu barada Portuň administrasiýasy haýal etmän gümrük edarasyna habar berýär.

60. Ýük ýüklemek-düşürmek işleri Portuň we Gäminiň tehnologik aýratynlyklaryny nazara almak bilen, tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň berjaý edilmegi arkaly, Port tarapyndan amala aşyrylýar. Ýük ýüklemek-düşürmek işleriniň netijesi boýunça, deňizde ýükleri daşamagyň halkara kadalaryna laýyklykda, Port we Gämi administrasiýalarynyň arasynda baş delilnama resmileşdirilýär.

61. Harytlar ýitirilen ýa-da gümrük edaralarynyň rugsady bolmazdan üçünji bir şahslara berlen halatynda, ýük operasiýalaryny amala aşyrýan şahs, Gümrük kodeksine laýyklykda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegine jogapkärçilik çekýär.


VI bap. Gämileriň Türkmenistanyň gümrük çäginden gitmegi


62. Ýük ýüklemek işleri hem-de Ýükleriň gümrük taýdan resmileşdirilmegi tamamlanandan soň, Gäminiň Türkmenistanyň çäginden gitmäge taýýardygy barada Gäminiň kapitanynyň habary esasynda, Portuň administrasiýasy Gäminiň döwlet gözegçiligini geçirmegiň we Gäminiň gitmegini resmileşdirmegiň wagty barada döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralara habar berýär.

63. Gäminiň döwlet gözegçiligi başlamazdan öň, Gämiden düşen ýa-da Türkmenistanyň Gämileriniň ekipaž agzalarynyň Gämä mündürilmegi hem-de ýük operasiýalaryny amala aşyrýan Port işgärleriniň Gämiden düşürilmegi Port tarapyndan üpjün edilýär.

64. Gäminiň kapitany gümrük gözegçiliginiň maksatlary üçin, Topara şu resminamalary berýär:

1) Gidiş gämi resminamalary:

a) baş deklarasiýa;

b) ýük deklarasiýasy;

ç) ekipaž agzalarynyň sanawy;

d) Gäminiň azyk gory barada resminama (Gäminiň bortunda ekipaž agzalary tarapyndan sarp edilmegi üçin niýetlenen iýmit önümleriniň sanawy we möçberleri görkezilen resminama);

e) ekipaž agzalarynyň gymmatlyklarynyň sanawy ýa-da Gulluk tarapyndan bellenilen tertipde we görnüşde her ekipaž agzasy üçin aýratyn doldurylan ýolagçy gümrük deklarasiýasy;

ä) ýolagçylar barada maglumat;

2) Gelen Portunda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralar tarapyndan resmileşdirilen geliş gämi resminamalary;

3) ýük resminamalary:

a) konosament (ýa-da ýüküň daşamak üçin kabul edilendigini tassyklaýan deňiz ýanhaty);

b) ýük manifesti;

ç) täjirçilik resminamalary – hasap-faktura (inwoýs), ýükläp ugradyş we gaplaýyş listleri, çekler, sertifikatlar we başga täjirçilik resminamalary;

d) gümrük resminamalary;

4) goşmaça berilmegi Gäminiň kapitany tarapyndan maksada laýyk hasap edilen, Gämi we Ýükler barada maglumatlary özünde saklaýan başga resminamalar.

65. Gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin gidiş gämi resminamalary, Topara, her biriniň iki sany asyl nusgalarynda sene görkezilip hem-de Gäminiň kapitanynyň goly we Gäminiň möhri bilen tassyklanylyp, iki sany birmeňzeş toplumda berilýär.

66. Ýük resminamalary, Ýükler gümrük taýdan resmileşdirilenden soň Gäminiň kapitanyna berilýän ýük resminamalaryndan ybarat bolýar we gümrük gözegçiligi üçin Topara berilýär.

Ýüksüz Gämiler üçin ýük resminamalary düzülmeýär.

67. Resminamalar berlenden soň, Topar tarapyndan Gäminiň gümrük gözden geçirmesi hem-de resminamalaryň we maglumatlaryň barlagy amala aşyrylýar.

Daşary ýurt Gämisi Porta gelen mahaly gümrük gözden geçirmesi amala aşyrylanda, gümrük gözegçiliginiň maksatlary üçin Topar tarapyndan Gämide goýlan gümrük plombalary we möhürleri ýa-da başga kybaplaýyş serişdeleri Topar tarapyndan ýa-da onuň rugsady esasynda ekipaž agzalary tarapyndan aýrylýar.

68. Gäminiň gümrük gözden geçirmesiniň hem-de resminamalaryň we maglumatlaryň barlagynyň netijesinde Gäminiň gitmegine Topar tarapyndan garşylygyň bolmadyk ýagdaýynda, Gäminiň gitmeginiň gümrük taýdan resmileşdirilmegi geçirilýär.

69. Gäminiň gitmeginiň gümrük taýdan resmileşdirilmegi:

1) baş deklarasiýa gümrük edarasynyň «Porta geldi (gitdi)_____ Ýük _____Toparyň düzümi ____ Barlagyň baş. wagty ____ Barlagyň tam. wagty _______» we «Gäminiň gitmegine gümrük edaralarynyň garşylygy ýok» atly belgili möhürçeleriniň goýulmagy;

2) baş deklarasiýadan başga gidiş gämi resminamalary basylan senesiniň görkezilmegi bilen gümrük edarasynyň harby gullukçysynyň belgili şahsy möhrüniň goýulmagy hem-de Toparyň beýleki agzalarynyň familiýalarynyň görkezilmegi bilen möhürleriniň basylmagy, möhürleriniň bolmadyk ýagdaýlarynda gollarynyň goýulmagy arkaly amala aşyrylýar.

70. Gidiş gämi resminamalarynyň bir toplumy we ýük resminamalary Gäminiň kapitanyna gowşurylýar. Gidiş gämi resminamalarynyň ikinji toplumy hem-de geliş gämi resminamalary, goşmaça berlen başga resminamalar Toparda galýar we saklanylmagy üçin gümrük edarasyna tabşyrylýar.

71. Gäminiň gitmegi gümrük taýdan resmileşdirilenden soň, gümrük edarasynyň Türkmenistanyň gümrük çäginden gidýän deňiz gämilerini bellige alyş kitabynda (şu Tertibe 3-nji goşundy) bellige alynýar.

72. Gäminiň Portdan çykyp gitmegine rugsat gümrük, serhet we migrasiýa edaralarynyň garşylygy bolmadyk ýagdaýynda, Port kapitany tarapyndan berilýär.


VII bap. Jemleýji düzgünler


73. Gäminiň döwlet gözegçiligini geçirmek we Gäminiň gelmegini ýa-da gitmegini resmileşdirmek üçin döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralaryň wekilleriniň edaralaryndan Gämä hem-de Gämiden edaralaryna ulagly eltilmegi Port tarapyndan üpjün edilýär.

74. Gämileriň ekipaž agzalaryny azyklyk we hojalyk harytlary bilen üpjün etmek, deňizde ýükleri daşamagyň halkara kadalaryna hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Port ýa-da daşaýjynyň agenti, deňiz dellaly tarapyndan amala aşyrylýar.

75. Gümrük edaralarynyň wezipeli adamlarynyň kanuny çözgütleri, hereketleri bilen taraplara ýetirilip bilinjek ýitgileriň öwezi gümrük edaralary tarapyndan dolunmaýar.

76. Gämileriň gämi we ýük resminamalary Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda, şeýle hem Deňiz gatnawynyň kodeksiniň salgylanýan Klassifikasion jemgyýetiň talaplaryna gabat gelmelidir we onuň gözegçiligi Portuň administrasiýasy tarapyndan amala aşyrylýar.

77. Gämileriň we Ýükleriň gümrük gözegçiligi hem-de gümrük taýdan resmileşdirilmegi bilen bagly şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 9-njy awgustynda 1497 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.