Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2021-nji ýylyň 28-nji iýunynda çykaran 68-Ö belgili buýrugy

Ortaça zähmet hakyny hasaplamagyň tertibiniň aýratynlyklary hakynda Gözükdirijini tassyklamak barada

 

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 131-nji maddasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilem, buýurýaryn:

1. Ortaça zähmet hakyny hasaplamagyň tertibiniň aýratynlyklary hakynda Gözükdirijini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary H.Taçjanowa gözegçilik etmeli.


Ministr M.Sylapow


 

Ylalaşyldy:

Türkmenistanyň Maliýe we

ykdysadyýet ministri   M.N.Serdarow

«28» iýun 2021ý.

 

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş

taýdan goramak ministriniň

2021-nji ýylyň 28-nji iýunynda

çykaran 68-Ö belgili buýrugy bilen

tassyklandy


Ortaça zähmet hakyny hasaplamagyň tertibiniň aýratynlyklary hakynda Gözükdiriji

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Şu Ortaça zähmet hakyny hasaplamagyň tertibiniň aýratynlyklary hakynda Gözükdiriji (mundan beýläk – Gözükdiriji) Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň (mundan beýläk – Kodeks) 131-nji maddasyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de ortaça zähmet hakynyň möçberini hasaplamagyň göz öňünde tutulan ähli ýagdaýlarynyň aýratynlyklaryny kesgitleýär.

2. Şu Gözükdiriji guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, şol sanda Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän daşary ýurtly ýuridik şahslarda, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslarda – hususy telekeçilerde (mundan beýläk – iş beriji) ortaça zähmet hakyny hasaplamagyň ýeke-täk tertibini belleýär.


II bap. Ortaça zähmet haky hasaplananda hasaba alynýan tölegler


3. Ortaça zähmet haky hasaplananda degişli iş berijide zähmete hak tölemegiň ulgamynda göz öňünde tutulan tölegleriň ähli görnüşleri, olaryň çeşmelerine bagly bolmazdan hasaba alynýar. Ol töleglere şu aşakdakylar degişlidir:

1) işlenen wagt üçin işgäre tarif möçberi (aýlyk zähmet haky) boýunça hasaplanan zähmet haky;

2) işgäre potratlaýyn bellenen nyrhlar boýunça ýerine ýetiren işi üçin hasaplanan zähmet haky;

3) işgäre önümleri ýerlemekden (işleri ýerine ýetirmekden, hyzmatlary etmekden) alnan girdejiden ýerine ýetiren işi üçin göterimlerde hasaplanan zähmet haky;

4) pul däl görnüşinde berlen zähmet haky (önüm, haryt ýa-da hyzmat görnüşindäki hasaplaşyk);

5) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaksiýalarynda we sungat edaralarynda şol redaksiýalaryň we edaralaryň sanawlaýyn düzümde durýan işgärlerine hasaplanan galam haky we (ýa-da) awtorlyk (sahna goýulma) sylaglamasynyň möçberi (nyrhy) boýunça olaryň zähmetine tölenýän töleg;

6) hünär bilimi edaralarynyň mugallymlaryna okuw ýylynda kesgitlenenden ýokary we (ýa-da) peseldilen ýyllyk iş ýüki üçin hasaplanylan, wagtyna bagly bolmazdan okadan sagatlaryna hasaplanan zähmet haky;

7) hasaplanylan wagtyna bagly bolmazdan, zähmete hak tölemegiň ulgamynda şertlendirilen öňki senenama ýylynyň döwrüniň tamamlanmagy bilen gutarnykly hasaplanan zähmet haky;

8) hünär başarnygy, hünär derejesi (zähmet derejesi), köp wagtlyk gulluk ýyllary (iş döwri), daşary ýurt dilini bilmegi, döwlet syryny özünde jemleýän resminamalar bilen işlemegi, kärleriň (wezipeleriň) utgaşdyrylmagy we wagtlaýyn ýok işgäriň borçlarynyň ýerine ýetirilendigi üçin zähmete hakyň tölenilmegi, hyzmat edýän çäginiň giňeldilmegi, ýerine ýetirilýän işleriň möçberiniň artmagy, topara ýolbaşçylyk etmegi üçin tarif möçberine, aýlyk zähmet hakyna (wezipe zähmet hakyna) goşmaça hak we töleg;

9) zähmet şertleri boýunça goşmaça haklar, şol sanda işiň aýratyn häsiýeti üçin, zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply) zähmet şertleri bolan işler üçin, gijeki wagtdaky iş üçin, dynç alyş we işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günleri ýerine ýetirilen işler üçin goşmaça haklar, iş wagtyndan daşary ýerine ýetirilen iş üçin töleg, kadalaşdyrylmadyk iş güni üçin hasaplanan hak;

10) bilim edaralarynyň mugallymçylyk işgärlerine synp ýolbaşçysynyň işini ýerine ýetirendigi üçin goşmaça töleg;

11) zähmete hak tölemegiň ulgamynda göz öňünde tutulan pul sylaglary we haklary;

12) alymlyk derejeleri we alymlyk atlary üçin goşmaça tölegler;

13) degişli iş berijide ulanylýan zähmet haky boýunça tölegleriň beýleki görnüşleri.

4. Islendik iş düzgüninde işgäriň ortaça zähmet hakyny hasaplamak oňa töleg pursadynyň öň ýanyndan gelýän on iki senenama aý üçin hakyky hasaplanan zähmet hakyndan we hakyky işlenilen wagtyndan ugur alnyp geçirilýär. Şunda senenama aýy diýip degişli aýyň 1-den 30-y (31-i) (fewral aýynda 28-i (29-y) aralygy hasaba alynýar.

Rugsatlaryň tölegini hasaplamak we ulanylmadyk rugsatlaryň öwezini dolmak üçin ortaça gündelik zähmet haky soňky on iki senenama aýy üçin hasaplanylýar.


III bap. Ortaça zähmet haky hasaplananda hasaba alynmaýan tölegler


5. Ortaça aýlyk zähmet haky hasaplananda hasaplaşyk döwründen wagt, şeýle hem şol wagt üçin hasaplanyp goşulan puluň jemi aýrylýar. Olara şu aşakdakylar degişlidir:

1) çagany naharlamak üçin berilýän arakesmelerden başga, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda işgäriň ortaça zähmet haky saklanyp galan bolsa;

2) işgär wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça ýa-da göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluny alan bolsa;

3) işgär iş berijiniň günäsi bilen ýa-da iş berijä we işgäre bagly bolmadyk sebäpler boýunça boş durlandygy bilen baglanyşykly işlemedik bolsa;

4) işgäre on sekiz ýaşa çenli maýyplygy bolan çagany terbiýeleýändigi üçin goşmaça tölegli dynç günleri berlen bolsa;

5) işgär Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ýagdaýlarda zähmet hakynyň doly ýa-da bölekleýin saklanyp galmagy bilen işden boşadylan bolsa.

6. Ortaça zähmet haky hasaplananda “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasynyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan tölegler hasaba alynmaýar.

7. Ortaça zähmet haky hasaplananda Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 270-nji maddasynda bellenilen esasy iş bilen utgaşdyrma boýunça zähmet haky hasaba alynmaýar.

8. Eger-de, işgäriň hasaplaşyk döwründe ýa-da hasaplaşyk döwründen geçýän döwürde hakyky hasaplanan zähmet haky ýa-da hakyky işlenen günleri ýok bolsa ýa-da ol döwür şu Gözükdirijiniň bäşinji bölegine laýyklykda hasaplaşyk döwründen aýrylýan wagtdan ybarat bolsa, ortaça zähmet haky hasaplaşyk döwri bilen deň öňünden gelýän döwür üçin hakyky hasaplanylan zähmet hakynyň jeminden ugur alnyp kesgitlenilýär.

9. Eger-de işgäriň hasaplaşyk döwründe, hasaplaşyk döwrüniň başlanmagyna çenli we ortaça zähmet haky saklanyp galmagy bilen bagly ýagdaýyň ýüze çykmagyna çenli hakyky hasaplanylan zähmet haky ýa-da hakyky işlenen günleri bolmadyk ýagdaýynda, ortaça zähmet haky oňa bellenilen tarif möçberinden, aýlyk zähmet hakyndan (wezipe zähmet hakyndan) ugur alnyp kesgitlenilýär.


IV bap. Ortaça zähmet hakyny hasaplamagyň aýratynlyklary


10. Ortaça zähmet haky hasaplananda şu aşakdaky ýagdaýlarda ortaça gündelik zähmet haky ulanylýar:

1) rugsatlary tölemek we ulanylmadyk rugsatlaryň öwezini pul bilen dolmak üçin;

2) iş wagtyny jemläp hasaba almak düzgüninden başga, Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlar üçin. Şunda işgäriň ortaça zähmet haky, gündelik zähmet hakyny tölege degişli döwürdäki günleriň (senenama, iş günleriň) sanyna köpeltmek arkaly kesgitlenilýär.

11. Rugsatlary tölemek we ulanylmadyk rugsatlaryň öwezini pul bilen dolmak üçin ortaça zähmet haky hasaplanylýan ýagdaýlardan başga, ortaça gündelik zähmet haky hasaplananda şu Gözükdirijiniň on ýedinji böleginde göz öňünde tutulan höweslendirmeleri we sylaglary goşmak bilen hasaplaşyk döwründe işlenilen günler üçin hakyky hasaplanan zähmet hakynyň jemini şol döwürde hakyky işlenilen günleriň sanyna bölmek ýoly bilen hasaplanylýar.

12. Senenama günlerinde berilýän rugsatlary tölemek we ulanylmadyk rugsatlaryň öwezini pul bilen dolmak üçin ortaça gündelik zähmet haky, hasaplaşyk döwri üçin hakyky hasaplanylan zähmet hakynyň jemini 12 (on ikä) we aýdaky ortaça senenama günleriniň sanyna (29,7) bölmek arkaly hasaplanylýar.

Eger-de hasaplaşyk döwründe bir ýa-da birnäçe aýlar doly işlenilmedik ýa-da ondan şu Gözükdirijiniň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan wagt aýrylan bolsa, onda ortaça gündelik zähmet haky hasaplaşyk döwri üçin hakyky hasaplanyp çykarylan zähmet hakynyň jemini doly senenama aýlarynyň sanyna we doly däl senenama aýlarynyň senenama günleriniň sanyna köpeldilen ortaça aýdaky senenama günleriniň (29,7) sanyna bölmek arkaly hasaplanylýar.

Doly däl senenama aýyndaky senenama günleriniň sany ortaça aýdaky senenama günleriniň (29,7) sanyny şol aýyň senenama günleriniň sanyna bölmek we şol aýda işlenilen wagta gabat gelýän senenama günleriniň sanyna köpeltmek ýoly bilen kesgitlenilýär.

13. Iş günlerinde berilýän rugsatlaryň tölegi üçin, şeýle hem ulanylmadyk rugsatlaryň öwezini dolmak üçin ortaça gündelik zähmet haky iş hepdesinde hakyky hasaplanyp çykarylan zähmet hakynyň jemini senenama boýunça iş günleriniň sanyna bölmek ýoly bilen kesgitlenilýär.

14. Doly däl iş wagtynda (doly däl iş hepdesinde, doly däl iş gününde) işlenilende rugsatlary tölemek we ulanylmadyk rugsatlaryň öwezini dolmak üçin ortaça gündelik zähmet haky şu Gözükdirijiniň on ikinji we on üçünji böleklerine laýyklykda kesgitlenilýär.

15. Iş wagtyny jemläp hasaba almak düzgüninde işleýän işgäriň ortaça zähmet haky hasaplananda, rugsatlary tölemek we ulanylmadyk rugsatlaryň öwezini dolmak üçin ortaça zähmet haky hasaplanandakydan başga ýagdaýlarda, ortaça sagatlaýyn zähmet haky ulanylýar.

Ortaça sagatlaýyn zähmet haky şu Gözükdirijiniň on ýedinji böleginde göz öňünde tutulan höweslendirmeleri we sylaglary hasaba almak bilen, hasaplaşyk döwründe işlenilen sagatlar üçin hakyky hasaplanylan zähmet hakynyň jemini şol döwürde hakyky işlenilen sagatlaryň sanyna bölmek ýoly bilen hasaplanylýar. Şunda ortaça zähmet haky ortaça sagatlaýyn zähmet hakyny tölege degişli döwürde işgäriň iş tertibi boýunça iş sagatlarynyň sanyna köpeltmek arkaly hasaplanylýar.

16. Gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşler boýunça orta we ýokary hünär bilimi edaralarynda, şol sanda daşary ýurt döwletlerinde önümçilikden aýrylmazlyk şertinde okaýan işgärlere berilýän tölegli rugsatlary tölemek üçin ortaça zähmet haky hasaplananda bilim edarasy tarapyndan berilýän hata (çakylyga) laýyklykda şular ýaly rugsatlaryň döwrüne gabat gelýän ähli senenama günleri (işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günlerini goşmak bilen) tölenilmäge degişlidir.


V bap. Ortaça zähmet haky hasaplananda hasaba alynýan höweslendirmeler we sylaglar

 

17. Ortaça zähmet haky hasaplananda şu aşakdaky höweslendirmeler we sylaglar hasaba alynýar:

1) hasaplaşyk döwründe hakyky hasaplanylan, ýöne hasaplaşyk döwrüniň her aýyndaky her bir görkeziji üçin bir gezekden köp bolmadyk aýma-aý höweslendirmeleri we sylaglary;

2) höweslendirmeleriň hasaplanan wagtyna garamazdan, öňki senenama ýylynyň wakalary üçin, ýyllyk işiň jemleri boýunça höweslendirme, köp wagt işläni (iş döwri) üçin we beýleki işler üçin höweslendirmeler.

18. Eger-de hasaplaşyk döwrüne gabat gelýän wagt doly işlenilmedik ýa-da ondan şu Gözükdirijiniň bäşinji bölegine laýyklykda wagt aýrylan bolsa, hasaplaşyk döwründe işlenilen wagta deň ölçegli ortaça zähmet haky hasaplananda, hasaplaşyk döwründe hakyky işlenilen wagt üçin hasaplanan höweslendirmelerden (aýma-aý, çärýekleýin we başgalar) başga höweslendirmeler we sylaglar hasaba alynýar.

19. Eger işgär höweslendirme we sylag hasaplanylýan iş döwrüni doly işlemedik bolsa we olar işlenilen wagta deň ölçegli hasaplanan bolsa, ortaça zähmet haky hasaplananda olar şu bölekde bellenen tertipde hakyky hasaplanan pullaryň jeminden ugur almak bilen hasaba alynýar.


VI bap. Aýlyk zähmet haklary ýokarlananda ortaça zähmet hakyny hasaplamak


20. Iş berijide tarif möçberleri, aýlyk zähmet haklary (wezipe zähmet haklary) ýokarlananda, işgärleriň ortaça zähmet haky şu aşakdaky tertipde hasaplanylýar:

1) eger ýokarlandyrma hasaplaşyk döwründe geçirilen bolsa, onda ortaça zähmet haky hasaplanylanda hasaba alynýan we ýokarlandyrmanyň öňünden gelýän döwür üçin hasaplaşyk döwründe hasaplanylan tölegler, tarif möçberleriniň, aýlyk zähmet haklarynyň (wezipe zähmet haklarynyň) soňky ýokarlandyrma bellenilen aýyndaky tarif möçberini, aýlyk zähmet hakyny (wezipe zähmet hakyny) hasaplaşyk döwrüniň her aýyndaky bellenilen tarif möçberlerine, aýlyk zähmet haklaryna (wezipe zähmet haklaryna) bölmek bilen hasaplanyp çykarylýan koeffisiýente ýokarlandyrylýar;

2) eger ýokarlandyrma ortaça zähmet hakynyň saklanyp galmagy bilen bagly ýagdaýyň gelmegine çenli hasaplaşyk döwründen soň bolan bolsa, onda hasaplaşyk döwri üçin hasaplanan ortaça zähmet haky ýokarlandyrylýar;

3) eger ýokarlandyrma ortaça zähmet hakynyň saklanyp galýan döwründe bolan bolsa, onda bellenilen döwrüň tamamlanmagyna çenli tarif möçberiniň, aýlyk zähmet hakynyň (wezipe zähmet hakynyň) ýokarlanan senesinden ortaça zähmet hakynyň bölegi hem ýokarlandyrylýar;

4) iş berijide tarif möçberleri, aýlyk zähmet haklary (wezipe zähmet haklary) ýokarlanan ýagdaýynda tarif möçberlerine, aýlyk zähmet haklaryna (wezipe zähmet haklaryna) aýma-aý tölegleriň sanawy üýtgeýär we olaryň möçberleri, ortaça zähmet haky täze bellenilen tarif möçberlerini, aýlyk zähmet haklaryny (wezipe zähmet haklaryny) we aýma-aý tölegleri öň bellenilen tarif möçberlerine, aýlyk zähmet haklaryna (wezipe zähmet haklaryna) we aýma-aý töleglere bölmek ýoly bilen hasaplanan koeffisiýentlere ýokarlandyrylýar.

21. Ortaça zähmet haky ýokarlandyrylanda ululyklaryň çäginde (göterim, galyndysyz bölünijilik (esse) tarif möçberlerine, aýlyk zähmet haklaryna (wezipe zähmet haklaryna) bellenilen tölegleri aýyrmak bilen, tarif möçberlerine, aýlyk zähmet haklaryna (wezipe zähmet haklaryna) kesgitlenen möçberdäki (göterimler, galyndysyz bölünijilik) tarif möçberler, aýlyk zähmet haklar (wezipe zähmet haklaryna) hasaba alynýar.

Ortaça zähmet haky ýokarlananda, ortaça zähmet haky hasaplananda hasaba alynýan üýtgewsiz möçberlerde kesgitlenen tölegler ýokarlanmaýar.

22. Eger-de mejbury boş bolnan wagty iş berijide tarif möçberleri, aýlyk zähmet haklary (wezipe zähmet haklary) ýokarlandyrylan bolsa, mejbury boş bolnan wagty tölemek üçin hasaplanan ortaça zähmet haky ýokarlandyrylan koeffisiýente ýokarlandyrylmaga degişlidir. Şunda ortaça zähmet haky işgäriň işe dikeldilenden soň hakyky işe başlan senesinden işgäre bellenilen tarif möçberini, aýlyk zähmet hakyny (wezipe zähmet hakyny) hasaplaşyk döwründe bellenilen tarif möçberlerine, aýlyk zähmet haklaryna (wezipe zähmet haklaryna) bölmek ýoly bilen hasaplanýar.

Şunda, kesgitlenen we üýtgewsiz möçberlerde bellenilen tölegler üçin şu Gözükdirijiniň ýigrimi birinji böleginde bellenilen tertip hereket edýär.

23. Hasaplaşyk döwründe doly iş wagtynda işlän we zähmet kadalaryny (zähmet borçlaryny) doly ýerine ýetiren işgäriň ortaça aýlyk zähmet haky Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen iň pes zähmet hakyndan pes bolmaly däldir.


VII bap. Jemleýji düzgünler


24. Ortaça zähmet hakyny hasaplamak bilen bagly ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

25. Şu Gözükdirijiniň kadalarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

26. Şu Gözükdiriji bilen düzgünleşdirilmedik gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda 1492 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.