Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2021-nji ýylyň 2-nji martynda çykaran 52 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Bilim ministriniň

2021-nji ýylyň 2-nji martynda çykaran 52 belgili

B U Ý R U G Y

 

Mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleri geçirmegiň Düzgünnamasyny tassyklamak barada

 

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, orta mekdepleriň okuwçylarynyň okuw derslerine gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Türkmenistanyň Bilim ministrligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 8-nji fewralynda çykaran 11308-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hakynda Düzgünnama hem-de “Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary hakyndaky hem-de Döwlet umumybilim edaralary hakyndaky düzgünnamalary tassyklamak barada” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 1-nji martynda çykaran 1158-nji karary bilen tassyklanan, Döwlet umumybilim edaralary hakynda Düzgünnama laýyklykda, buýurýaryn:

1. Mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça  “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleri geçirmegiň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirliklerine, etrap, şäher bilim bölümlerine şu buýrugyň birinji bölegine laýyklykda tassyklanan Tertibiň orta mekdepleriň ýolbaşçylaryna ýetirilmegine hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça bäsleşikleriň bellenen tertipde geçirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrmaly.

3. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2016-njy ýylyň 15-nji martynda 970 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleri geçirmegiň Tertibini tassyklamak barada” Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2016-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 49 belgili buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

4. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasarlary A.Amanow we N.Taganow gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                                 O.Gurbanow

 

Türkmenistanyň Bilim ministriniň

2021-nji ýylyň 2-nji martynda

çykaran 52 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy

 

Mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça 

Altyn asyryň altyn zehinleri atly bäsleşikleri geçirmegiň

Düzgünnamasy

 

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleri geçirmegiň Düzgünnamasy (mundan beýläk-Düzgünnama) Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, orta mekdepleriň okuwçylarynyň okuw derslerine gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Türkmenistanyň Bilim ministrligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 8-nji fewralynda çykaran 11308-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hakynda Düzgünnama hem-de “Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary hakyndaky hem-de Döwlet umumybilim edaralary hakyndaky düzgünnamalary tassyklamak barada” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 1-nji martynda çykaran 1158-nji karary bilen tassyklanan, Döwlet umumybilim edaralary hakynda Düzgünnama laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilýän bäsleşikleri guramagyň we geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda yglan edilýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleriň (mundan beýläk-bäsleşik) çäginde okuw ýylynyň dowamynda okuw dersleri boýunça bäsleşikleriň dört - mekdep, etrap (şäher), welaýat (Aşgabat şäher) we umumydöwlet tapgyrlary geçirilýär.

3. Bäsleşigiň her bir tapgyrynda degişli bilim edarasynyň buýrugy bilen bäsleşikleri geçirmek üçin guramaçylyk topary döredilýär we eminler toparynyň düzümi tassyklanylýar.

4. Bäsleşikleriň mekdep tapgyrynyň ýumuşlary etrap (şäher) bilim bölümleri, etrap (şäher) tapgyrynyň ýumuşlary welaýat (Aşgabat şäher) Baş bilim müdirlikleri (mundan beýläk-Baş bilim müdirlikleri), welaýat (Aşgabat şäher) hem-de döwlet tapgyrlarynyň ýumuşlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanylýar we ol ýumuşlar bäsleşikleriň geçirilýän güni bäsleşikleriň eminler topary tarapyndan yglan edilýär.

5. Bäsleşiklere hödürlenen ýumuşlaryň berk gizlinlikde saklanmagyna her bir tapgyryň guramaçylyk topary jogapkärçilik çekýär.

6. Bäsleşikleriň jemleri guramaçylyk toparlary tarapyndan jemlenilýär hem-de netijeleri degişli bilim edaralarynyň (mekdep müdiriniň, etrap (şäher) bilim bölümleriniň, Baş bilim müdirlikleriniň, Bilim ministrliginiň) buýrugy bilen resmileşdirilýär.

7. Bäsleşikleriň jemleri her bir tapgyr tamamlanandan soňra 3(üç) günüň dowamynda jemlenmelidir we okuw dersleri boýunça indiki tapgyra gatnaşjak okuwçylaryň sanawy 10 (on) senenama gününiň dowamynda nobatdaky tapgyryň guramaçylyk toparyna iberilýär.

8. Bäsleşikleriň mekdep, etrap (şäher), welaýat (Aşgabat şäher) we umumydöwlet  tapgyrlarynyň geçirilmeli wagtlary hem-de umumydöwlet tapgyrynyň geçirilmeli ýerleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýrugy bilen, mekdep we etrap (şäher) tapgyrynyň geçirilmeli ýerleri etrap (şäher) bilim bölümleriniň buýrugy bilen, etrap (şäher) bilim bölümleriniň ýok ýerinde, welaýat (Aşgabat şäher) Baş bilim müdirlikleriň, welaýat (Aşgabat şäher) tapgyrynyň geçirilmeli ýerleri bolsa, welaýat (Aşgabat şäher) Baş bilim müdirlikleriň buýrugy bilen kesgitlenilýär.

9. Bäsleşikler - nazary we amaly mazmunly iki tapgyrda geçirilýär we okuwçylar olaryň ikisine hem gatnaşdyrylýar. Okuw dersleriniň özboluşlylygyna görä nazary we amaly tapgyra hödürlenjek ýumuşlar aýratyn bukjalara salynýar.

10. Bäsleşikleriň nobatdaky tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylar käbir sebäplere görä bäsleşige gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda, degişli guramaçylyk toparynyň habarnamasy esasynda, nobatdaky tapgyryň guramaçylyk toparynyň ygtyýar bermegi bilen, yz ýanyndaky orna mynasyp bolan okuwçylar olaryň ornuna gatnaşdyrylyp bilner.

11. Bäsleşiklere hödürlenen ýumuşlar, beýanlar, ýeňijileriň sanawy, gatnaşan okuwçylaryň işleri degişli bilim edaralarynda (mekdepde, etrap (şäher) bilim bölümlerinde, Baş bilim müdirliklerinde, Bilim ministrliginde) 1 ýyl saklanylmalydyr.


II bap. Okuw dersleri boýunça yglan edilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleri guramak we geçirmek


12. Bäsleşikleriň birinji mekdep tapgyry 6-11(12)-nji synplarda şu Düzgünnamanyň 1-nji tablisasynda görkezilen okuw dersleri boýunça dekabr aýynda geçirilýär (bellik: G-geçirilýär)

1-nji tablisa

T/b

Okuw dersleri

Bäsleşigiň geçirilýän synplary

6

7

8

9

10

11

12

1.

Türkmen dili we edebiýat

G

G

G

G

G

G

G

2.

Rus dili

G

G

G

G

G

G

G

3.

Iňlis dili

G

G

G

G

G

G

G

4.

Taryh

G

G

G

G

G

G

G

5.

Geografiýa

G

G

G

G

G

G

G

6.

Matematika

G

G

G

G

G

G

G

7.

Informatika

G

G

G

G

G

G

G

8.

Fizika, astronomiýa


G

G

G

G

G

G

9.

Biologiýa

G

G

G

G

G

G

G

10.

Himiýa

 


G

G

G

G

G


Bäsleşikleriň guramaçylykly we hil taýdan ýokary derejede geçirilmegine, okuwçylary bäsleşikleriň mekdep tapgyryna taýýarlamaklyga mekdep ýolbaşçylary hem-de görkezilen okuw dersleriniň mugallymlary jogapkärdirler.

Bäsleşikleriň geçirilmeli gününe çenli mekdep mugallymlary tarapyndan okuwçylaryň ukyplaryna, isleglerine we taýýarlyklaryna görä, okuwçylaryň bäsleşigiň mekdep tapgyryna gatnaşjak okuw dersleri hem-de her okuw dersi boýunça okuwçylaryň sany kesgitlenilmelidir.

Degişli okuw dersleri boýunça mekdep tapgyrynda I we II orna mynasyp bolan 8-12-nji synp okuwçylary bäsleşigiň etrap (şäher) tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýarlar, 6-7-nji synp okuwçylary bäsleşikleriň diňe mekdep tapgyryna gatnaşyp, etrap(şäher) tapgyryna gatnaşmaýarlar.

13. Bäsleşikleriň ikinji etrap (şäher) tapgyry şu Düzgünnamanyň 2-nji tablisasynda görkezilen okuw dersleri boýunça 9-11(10-12)-nji synplarda ýanwar aýynda, 8-9-njy synplarda mart aýynda geçirilýär.

 2-nji tablisa

T/b

Okuw dersleri

Bäsleşigiň geçirilýän synplary

8

9

10

11

12

1.

Türkmen dili we edebiýat

G

G

G

G

G

2.

Rus dili

G

G

G

G

G

3.

Iňlis dili

G

G

G

G

G

4.

Taryh

G

G

G

G

G

5.

Geografiýa

G

G

G

G

G

6.

Matematika

G

G

G

G

G

7.

Informatika

G

G

G

G

G

8.

Fizika, astronomiýa

G

G

G

G

G

9.

Biologiýa

G

G

G

G

G

10.

Himiýa

G

G

G

G

G


Etraplarda (şäherlerde) mekdepleriň sany 30-dan köp bolan ýagdaýynda bäsleşikleriň etrap (şäher) tapgyryndan öň, etrabyň (şäheriň) mekdepleriniň bölekler (zonalar) boýunça bäsleşiklerini geçirmeklige Baş bilim müdirliklerine ygtyýar berilýär.

Degişli okuw dersleri boýunça bäsleşigiň etrap tapgyrynda 1-nji, 2-nji we 3-nji orna mynasyp bolan 9-11(10-12)-nji synp okuwçylar bäsleşigiň welaýat (Aşgabat şäher) tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýarlar, 8-9-njy synp okuwçylary bäsleşikleriň diňe mekdep we etrap (şäher) tapgyryna gatnaşyp, bäsleşigiň welaýat (Aşgabat şäher) tapgyryna gatnaşmaýarlar.

14. Bäsleşigiň welaýat (Aşgabat şäher) tapgyrynda şu Düzgünnamanyň 3-nji tablisasynda görkezilen okuw dersleri boýunça 9-11(10-12)-nji synp okuwçylarynyň arasynda fewral-mart aýlarynda geçirilýär.

3-nji tablisa

T/b

Okuw dersleri

Bäsleşigiň geçirilýän synplary

 9 (10)

 10 (11)

 11(12)

1.

Türkmen dili we edebiýat

G

G

G

2.

Rus dili

G

G

G

3.

Iňlis dili

G

G

G

4.

Taryh

G

G

G

5.

Geografiýa

G

G

G

6.

Matematika

G

G

G

7.

Informatika

G

G

G

8.

Fizika, astronomiýa

G

G

G

9

Biologiýa

G

G

G

10

Himiýa

G

G

G

Geçen okuw ýylynda welaýat (Aşgabat şäher) bäsleşiginiň 1-nji derejeli diplomlary bilen sylaglanan 10-njy (11-nji) synp okuwçylaryna degişli okuw dersleri boýunça, mekdep, etrap (şäher) tapgyrlaryna gatnaşmazdan bäsleşigiň
3-nji welaýat (Aşgabat şäher) tapgyryna gatnaşmaga hukuk berilýär.

Okuw dersleri boýunça bäsleşigiň welaýat (Aşgabat şäher) tapgyrynda 1-nji, 2-nji we 3-nji orna mynasyp bolan 10-11(11-12)-nji synp okuwçylary bäsleşikleriň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.

15. Bäsleşikleriň dördünji tapgyry- umumydöwlet bäsleşigi şu Düzgünnamanyň 4-nji tablisasynda görkezilen okuw dersleri boýunça 10-11(11-12)-nji synplaryň okuwçylarynyň arasynda aprel aýynda geçirilýär.

4-nji tablisa

T/b

Okuw dersleri

Bäsleşigiň geçirilýän synplary

10 (11)

11(12)

1.

Türkmen dili we edebiýat

G

G

2.

Rus dili

G

G

3.

Iňlis dili

G

G

4.

Taryh

G

G

5.

Geografiýa

G

G

6.

Matematika

G

G

7.

Informatika

G

G

8.

Fizika, astronomiýa

G

G

9.

Biologiýa

G

G

10.

Himiýa

G

G

Geçen okuw ýylynda 10-njy (11-nji) synplarda bäsleşigiň  umumydöwlet tapgyrynda 1-nji, 2-nji derejeli diplomlary bilen sylaglanan okuwçylara degişli okuw dersleri boýunça, indiki okuw ýylynda  mekdep, etrap (şäher), welaýat (Aşgabat şäher) tapgyrlaryna gatnaşmazdan bäsleşigiň umumydöwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk berilýär.

16. Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylarynyň arasynda bäsleşikleriň  birinji mekdep, ikinji etrap (şäher) we üçünji welaýat (Aşgabat şäher) tapgyrlary özbaşdak mekdebiň özünde mugallymlardan saýlanan eminler topary tarapyndan geçirilýär. Bu mekdepde bäsleşigiň üçünji welaýat (Aşgabat şäher) tapgyryny Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylyp, mekdep-internatynyň müdiri tarapyndan düzümi tassyklanan eminler topary geçirýär. Bu mekdepde bäsleşigiň üçünji welaýat (Aşgabat şäher) tapgyry Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanylan ýumuşlar boýunça geçirilýär. Bäsleşigiň üçünji welaýat (Aşgabat şäher) tapgyrynda I, II, III orunlara mynasyp bolan 10-11(11-12)-nji synp okuwçylary bäsleşigiň umumydöwlet tapgyryna gatnaşýarlar we matematika, fizika, himiýa, biologiýa, informatika okuw dersleri boýunça Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň takyk we tebigy ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdeplerinden saýlanan ýeňijiler bilen bilelikde aýratynlykda, beýleki okuw dersleri boýunça adaty orta mekdepler bilen bilelikde bäsleşýärler.

17. Aşgabat şäherindäki 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda bäsleşikleriň birinji mekdep we ikinji etrap (şäher)  tapgyrlary özbaşdak mekdebiň özünde mugallymlardan saýlanan mekdep müdiri tarapyndan düzümi tassyklanan eminler topary tarapyndan geçirýär.  Bäsleşigiň ikinji etrap (şäher) tapgyrynyň jemleri boýunça I we II orunlara mynasyp bolan, bu terbiýeçilik-okuw mekdebiniň 9-11(10-12)-nji synp okuwçylary bäsleşigiň Aşgabat şäher üçünji tapgyryna özbaşdak topar bolup gatnaşýarlar hem-de Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylary bilen bilelikde umumydöwlet bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin bäsleşýärler.

18. Başga pudaklara degişli, ýagny Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk orta mekdep-internatynyň, Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň 7-11(12-nji)-nji synp okuwçylary bäsleşigiň birinji mekdep tapgyrynyň jemleri boýunça I we II orunlara mynasyp bolanlary bäsleşikleriň ikinji etrap (şäher) tapgyryna gatnaşýarlar.

19. Bäsleşigiň guramaçylyk topary tarapyndan gazanan netijeleri boýunça bäsleşigiň umumydöwlet tapgyryna gatnaşýan okuwçylaryň 5 göterimi 1-nji, 10 göterimi 2-nji, 15 göterimi 3-nji derejeli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary bilen sylaglanylýar.

20. Degişli okuw dersleri boýunça umumydöwlet bäsleşiginiň ýeňijilerinden halkara bäsleşiklerine gatnaşmak üçin topar düzülip bilner.


III bap. Taslama (ylmy-döredijilik) bäsleşiklerini guramak we geçirmek


21. Orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda yglan edilýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleriň çäginde her okuw ýylynda 10-11(11-12)-nji synp okuwçylarynyň arasynda ynsanperwerlik-durmuş bilimleri (edebiýat, Türkmenistanyň taryhy), tebigy (himiýa, biologiýa, geografiýa), takyk (matematika, fizika, informatika) ugurly okuw dersleri boýunça taslamalar (ylmy-döredijilik) bäsleşikleri (mundan beýläk döredijilik bäsleşigi ) üç etrap (şäher), welaýat (Aşgabat şäher) we umumydöwlet tapgyrda geçirilýär.

22. Döredijilik bäsleşikleriň mekdep, etrap (şäher), welaýat (Aşgabat şäher) we umumydöwlet  tapgyrlarynyň geçirilmeli wagtlary hem-de umumydöwlet tapgyrynyň geçirilmeli ýerleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýrugy bilen, etrap (şäher) tapgyrynyň geçirilmeli ýerleri etrap (şäher) bilim bölümleriniň buýrugy bilen, etrap (şäher) bilim bölümleriniň ýok ýerinde, welaýat (Aşgabat şäher) Baş bilim müdirlikleriň,  welaýat (Aşgabat şäher) tapgyrynyň geçirilmeli ýerleri bolsa, welaýat (Aşgabat şäher) Baş bilim müdirlikleriň buýrugy bilen kesgitlenilýär.

23. Taslama (ylmy-döredijilik) işi bilen meşgullanýan zehinli okuwçylary ýüze çykarmak, olary ylmy-agtaryş işlerine gönükdirmek ders mugallymlarynyň, mekdep ýolbaşçylarynyň wezipesidir. Şeýle okuwçylary saýlamak we olaryň işlerini bäsleşigiň etrap (şäher) tapgyryna hödürlemek maksady bilen her ýylyň dekabr aýynda mekdeplerde 10-11(11-12)-nji synp okuwçylarynyň ylmy-amaly maslahaty geçirilýär. Maslahatyň hödürnamasy bilen her mekdepden ynsanperwerlik-durmuş bilimleri (edebiýat, Türkmenistanyň taryhy), takyk (matematika fizika, informatika), tebigy (himiýa, biologiýa, geografiýa) ugurlaryň hersinden diňe tapawutlanan bir, jemi 3 sany taslama (ylmy-döredijilik) iş bäsleşigiň etrap (şäher) tapgyryna iberilýär.

24. Bäsleşikleriň etrap (şäher), welaýat (Aşgabat şäher) we umumydöwlet tapgyrlarynda okuwçylar öz taslama (ylmy-döredijilik) işlerini eminler toparynyň öňünde goraýarlar.

25. Bäsleşikleriň etrap (şäher), welaýat (Aşgabat şäher) tapgyrlaryna hödürlenen işler ugurlar boýunça saýlanylyp, bu bäsleşikleriň guramaçylyk toparlary tarapyndan etrap (şäher), welaýat (Aşgabat şäher)  bäsleşikleriniň geçirilmeli gününden bir hepde öň tanyşmak üçin eminler toparynyň garamagyna hödürlenilýär.

26. Etrap (şäher) bilim bölümleri tarapyndan etrap (şäher) döredijilik bäsleşigini geçirmek üçin guramaçylyk topary döredilýär we ugurlar boýunça eminler toparynyň düzümi kesgitlenilip, etrap (şäher) bilim bölümleriniň müdirleriniň, ýok ýerinde  welaýat (Aşgabat şäher) Baş bilim müdirlikleriň buýrugy bilen resmileşdirilýär.

27. Etrap (şäher) bäsleşiginiň geçýän güni eminler topary tarapyndan işleriň ylmylygy, täzeçilligi, durmuşda ulanmak mümkinçilikleri we okuwçylaryň bu işleri gorap biliş ukyplary nazara alnyp, her ugur boýunça I,II,III orunlar kesgitlenilýär.

28. Etrap (şäher) bäsleşiginiň netijeleri boýunça eminler topary tarapyndan bäsleşigiň jemleri jemlenilýär hem-de netijeleri etrap (şäher) bilim bölümleriniň ýok ýerinde  welaýat (Aşgabat şäher) Baş bilim müdirlikleriň buýrugy bilen resmileşdirilýär.

29. Welaýat (Aşgabat şäher) tapgyryna ynsanperwerlik-durmuş bilimleri, takyk, tebigy ugurlaryň hersinden etrap (şäher) tapgyrynda I, II we III orunlary eýelän 3 iş, jemi 9 iş gatnaşdyrylýar.

30. Welaýat (Aşgabat şäher) Baş bilim müdirlikleri tarapyndan welaýat (Aşgabat şäher) taslama (ylmy-döredijilik) bäsleşigini geçirmek üçin guramaçylyk topary döredilýär we ugurlar boýunça eminler toparynyň düzümi kesgitlenilip, buýruk bilen resmileşdirilýär.

31. Welaýat (Aşgabat şäher) bäsleşiginiň netijeleri boýunça eminler toparynyň beýanlary esasynda guramaçylyk topary bäsleşigiň jemini jemleýär hem-de netijeleri welaýat (Aşgabat şäher) Baş bilim müdirlikleriniň buýrugy bilen resmileşdirilýär.

32. Bäsleşigiň welaýat (Aşgabat şäher) tapgyrynda  her ugur (ynsanperwerlik-durmuş bilimleri, tebigy we takyk) boýunça I, II we III orunlar kesgitlenilýär.

33. Bäsleşigiň welaýat (Aşgabat şäher) tapgyrynda ynsanperwerlik-durmuş bilimleri, takyk, tebigy ugurlaryň hersinden I, II we III orun alan 3 iş, jemi 9 iş bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşdyrylýar.

34. Bäsleşikleriň jemleri her bir tapgyr tamamlanandan soňra 3 günüň dowamynda jemlenmelidir we okuw dersleri boýunça indiki tapgyra gatnaşjak okuwçylaryň sanawy 10 senenama günüň dowamynda nobatdaky tapgyryň guramaçylyk toparyna iberilýär.

35. Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary bäsleşikleriň etrap (şäher), welaýat (Aşgabat şäher) tapgyrlaryna gatnaşmazdan umumydöwlet tapgyryna gatnaşýarlar. Bu mekdepden her ugur boýunça 3 jemi 9 iş gatnaşdyrylýar.

36.Aşgabat şäherindäki 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň okuwçylary bäsleşikleriň etrap tapgyryna gatnaşmazdan, bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyryna gatnaşýarlar hem-de Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylary bilen bilelikde umumydöwlet bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin bäsleşýärler.

37. Taslama (ylmy-döredijilik) işi bir ýa-da iki okuwçy tarapyndan ýerine ýetirilip bilner.

38. Bäsleşigiň umumydöwlet tapgyryny geçirmek üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýrugy bilen ugurlar boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanylýar.

39. Eminler toparynyň beýanlary esasynda guramaçylyk topary tarapyndan bäsleşikleriň jemleri jemlenilýär hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýrugy bilen resmileşdirilýär.

40. Gazanan netijeleri boýunça, bäsleşigiň umumydöwlet tapgyrynda her ugur boýunça ýerine ýetirilen taslama işlerine bäsleşigiň guramaçylyk topary tarapyndan bir sany I orun, bir sany II orun, iki sany III orun, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň okuwçylarynyň ýerine ýetiren taslama (ylmy-döredijilik) işlerine her ugur boýunça ýokarda görkezilen tertibe laýyklykda aýratynlykda orun berilýär.


IV bapOkuw dersleri boýunça yglan edilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşiklere gatnaşyjylary sylaglamak we bäsleşikleri maliýeleşdirmek


41. Mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleriniň görnüşleriniň (ders we taslama (ylmy-döredijilik) her bir tapgyrynyň ýeňijileri (I, II, III orunlar) Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan nusgadaky 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanylýar.

42. Bäsleşikleriň mekdep, etrap (şäher), welaýat (Aşgabat şäher) we döwlet tapgyrlaryny geçirmek bilen baglanyşykly bolan ähli çykdajylar (diplomlary ýasatmak üçin çykdajylar, gatnaşyjylaryň iýmit we ýol çykdajylary) degişli bilim edaralarynyň býujet serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Bäsleşikleriň döwlet tapgyry geçirilende diplomlary ýasatmak üçin çykdajylar Türkmenistanyň Bilim ministrligine Döwlet býujetinden bölünip berlen serişdeleriň hasabyna tölenýär.

43. Eminler toparlary hökmünde döwlet bäsleşigine çekilýän mugallymlaryň iş sapary bilen bagly çykdajylary olaryň esasy iş ýeri boýunça tölenilýär.

44. Bäsleşikleriň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryny Halkara bäsleşiklerine taýýarlamak we olary bu bäsleşiklere gatnaşdyrmak bilen baglanyşykly bolan ähli çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 26-njy martynda 1458 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.