Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2021-nji ýylyň 3-nji fewralynda çykaran MB-07 belgili buýrugy

“Kärhanalaryň, binalaryň we desgalaryň meýdançalarynyň we çäkleriniň haýatlaryny taslamagyň kadalary” atly TGK 2.01.10-2021 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda


Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, şähergurluşyk, binagärlik we gurluşyk çygrynda döwlet kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, buýurýaryn:

1. “Kärhanalaryň, binalaryň we desgalaryň meýdançalarynyň we çäkleriniň haýatlaryny taslamagyň kadalary” atly TGK 2.01.10-2021 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary A.Geldiýew gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                                R. Gandymow


Türkmenistanyň Gurluşyk we

 binagärlik ministriniň

2021-nji ýylyň 3-nji fewralynda

çykaran MB-07 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy

 

Kärhanalaryň, binalaryň we desgalaryň meýdançalarynyň we çäkleriniň haýatlaryny taslamagyň kadalary” atly TGK 2.01.10-2021 belgili 

Türkmenistanyň gurluşyk kadalary.

 

1. Şu “Kärhanalaryň, binalaryň we desgalaryň meýdançalarynyň we çäkleriniň haýatlaryny taslamagyň kadalary” atly TGK 2.01.10-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň esasy wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Kadalaryň düzgünleriniň berjaý edilmegi pudaklaýyn tabynlygyna, guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan gurluşyk işi bilen meşgullanýan ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üçin hökmany bolup durýar.

Şu Kadalar täze gurulýan we durky täzelenýän dürli maksatly kärhanalaryň, binalaryň we desgalaryň meýdançalarynyň we çäkleriniň haýatlarynyň (mundan beýläk-haýatlar) taslanylmagyna degişlidir.

Haýatlaryň taslamalary düzülende Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan tassyklanylan beýleki degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryň we kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplary hem berjaý edilmelidir.

Şu Kadalar ýörite görnüşli haýatlarynyň we gorag zolaklarynyň taslanylmagyna degişli däldir.

2. Haýatlar diňe binagärlik meýilleşdiriş binalarynyň talaplaryny göz öňünde tutup,  kärhanalaryň, binalaryň we desgalaryň ulanyş we gorag şertleri boýunça talap edilýän halatlarynda taslanylmalydyr.

Haýatyň beýikligi 2 metrden ýokary bolmaly däldir.

Haýatlary şu aşakdaky ýagdaýlarda gurmak gadagan edilýär:

1) girelgeleri goralýan önümçiligi bir ýa-da birnäçe binada ýerleşýän (gymmat bahaly materiallar saklanylýan açyk görnüşli ammarlary we ýerüsti tehnologiki ulag-aragatnaşyk ammarlary bolmadyk) kärhanalar üçin;

2) meýdançanyň umumy daşky haýatynyň çäklerinde binalaryň we desgalaryň aýratyn meýdançalary üçin, tehniki howpsuzlygyň talaplary ýa-da sanitariýa kadalary boýunça daşyna haýat aýlamak zerur bolan meýdançalardan başgalarynda (açyk elektrobeketler, eti öndürýän, gaýtadan işleýän kärhanalaryň karantinleri we izolýatorlary we şuňa meňzeşler);

3) kärhanalary geljekde ulaltmak üçin ätiýaçlykda saklanylýan çäklerde;

4) dag jynslaryny gazyp alýan we dag jynslaryny özleşdirýän senagatynyň kärhanalary üçin (şahtalaryň, kesikleriň, gymmatly däl gazylyp alynýan magdanlary işleýän dolduryjy fabrikalaryň, dag halas ediş nokatlarynyň meýdançalarynda);

5) karýerler (partlama işleri amala aşyrylýan meýdançalardan başgalary) we magdan hem-de magdan däl (boksitler, daşlar, çagyl, çäge we başgalar) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ammarlary üçin;

6) paýlaýjy gurluşlaryň we beketleriň binalary üçin;

7) kommunikasiýa niýetli desgalar üçin (süzmek, suwaryş meýdanlary we şuňa meňzeşler);

8) gymmatly däl çig mallaryň we materiallaryň ammarlary üçin;

9) gymmatly däl çägesöw we beýleki çig mallary ýüklemek hem-de düşürmek üçin duralgalar üçin;

10) öz düzümi boýunça ilat we mallar üçin howply önümçilik gum üýşmegi üçin (tehniki howpsyzlygyň şertleri boýunça haýat talap edilýän gum üýşmeklerinden başga);

11) demir ýol duralgalary üçin (gorag, ulanyş ýa-da tehniki howpsyzlygyň şertleri boýunça haýat talap edilýän meýdanlardan başgalarynda);

12) senagat kärhanalarynyň zawodlaryň öňündäki meýdanlarda ýerleşýän kömekçi binalary we desgalary üçin;

13) ýaşaýyş jaýlary üçin;

14) dükanlar, uniwermaglar, söwda merkezleri we beýleki söwda kärhanalary üçin;

15) naharhanalar, kafeler, restoranlar we beýleki jemgyýetçilik iýmit kärhanalary üçin;

16) ilata durmuş taýdan hyzmat edýän kärhanalar üçin;

17) ýatymlaýyn şertleri bolmadyk hassahana-saglyk öýleriniň, raýatlaryň lukmançylyk gözegçiligine alynmagy (dispanserler) we beýleki saglygy goraýyş edaralary üçin;

18) aýry sport-sagaldyş merkezleri üçin (sport zallary, ýapyk ýüzmek üçin howuzlar we şuňa meňzeşler);

19) dolandyryş binalary üçin;

20) teatrlar, medeniýet öýleri, medeniýet köşkleri, kinoteatrlar we beýleki tomaşa jaýlary üçin.

3. Haýatlaryň taslamalarynda ulanyş we döwrebap estetiki talaplara gabat gelýän, senagat önümçiliginde amatly gurnawlaryny göz öňünde tutmak gerekdir.

4. Kärhanalaryň, binalaryň we desgalaryň haýatlarynyň görnüşi we beýikligi atly şu Kadalaryň goşundysyna laýyklykda kabul etmelidir.

5. Düzgün bolşy ýaly, haýatlary meýdançanyň serhedinde ýerleşýän binalaryň fasadlarynyň ugrundan gurmaly däldir, bu ýagdaýda haýat diňe binalaryň arasyndaky boşluklarda göz öňünde tutulmalydyr.

6. Haýatlaryň ýerasty bölekleri suwuň we çyglylygyň täsirinden goralmalydyr. Haýatlar üçin ulanylýan torlar we simler poslamakdan goraýan örtükli bolmalydyr.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 3-nji martynda 1451 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.