“Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygynyň 2021-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda çykaran 14-iş belgili buýrugy

Demir ýoluň ýer düşegini abat saklamak boýunça Gözükdirijini

tassyklamak hakynda

 

“Demir ýol ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 6-njy maddasynyň ikinji böleginiň 2-nji bendini, 7-nji maddasyny we 26-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendini, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji martynda çykaran 1697-nji karary bilen tassyklanylan, “Türkmendemirýollary” agentligi hakynda Düzgünnamanyň ýedinji böleginiň 5-nji bendini ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Demir ýoluň ýer düşegini abat saklamak boýunça Gözükdirijini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Ý.Garajaýew  gözegçilik etmeli.

 

Başlyk                                                                         A.Atamyradow


“Türkmendemirýollary”

 agentliginiň başlygynyň

2021-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda

çykaran 14-iş belgili buýrugy bilen

 tassyklanyldy

 

Demir ýoluň ýer düşegini abat saklamak boýunça

Gözükdiriji

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Şu Demir ýoluň ýer düşegini abat saklamak boýunça Gözükdiriji (mundan beýläk-Gözükdiriji), “Demir ýol ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 6-njy maddasynyň ikinji böleginiň 2-nji bendine, 7-nji maddasyna we 26-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendine, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji martynda çykaran 1697-nji karary bilen tassyklanylan, “Türkmendemirýollary” agentligi hakynda Düzgünnamanyň ýedinji böleginiň 5-nji bendine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we otlularyň kesgitlenen tizlikde bökdençsiz hem-de howpsuz hereketini üpjün etmek üçin demir ýoluň ýer düşegine, suw sowujy, berkidiji we goraýjy desgalaryna hyzmat etmegiň tertibini we şertlerini düzgünleşdirýär.

Şu Gözükdiriji “Türkmendemirýollary” agentliginiň (mundan beýläk-agentlik) Ýol hojalygy bölüminiň Ýol we desgalar edaralary, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (mundan beýläk-paýdarlar jemgyýeti) gurluşyk-gurnama otlusy we ýol maşyn kärhanalary (mundan beýläk-potratçy guramalar) tarapyndan demir ýoluň ýer düşegini we onuň ähli böleklerini abat ýagdaýda saklamak, näsazlyklaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak we olary öz wagtynda aradan aýyrmak boýunça işleri ýerine ýetirmegiň tertibini kesgitleýär.

Şu Gözükdirijiniň talaplary demir ýol ulagynyň kärhanalarynyň, guramalarynyň, edaralarynyň (mundan beýläk-demir ýol ulagynyň kärhanalary) işgärleri, potratçy guramalar, demir ýoluň gorag zolaklarynyň çäklerindäki ýerden peýdalanyjylar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.

2. Şu Gözükdirijide ulanylýan esasy düşünjeler:

1) agentligiň ýol hojalygy bölüminiň (mundan beýläk-ýol hojalygy bölümi) ýol we desgalar edarasy-içeri önümçilik hojalygy şertlerinde işleýän demir ýol ulagynyň bölüm düzümi. Ýollary gündelik abat saklamak boýunça işleri ýerine ýetirmekde, ýol we desgalar edaralary ýol hojalygy bölüminiň esasy düzümi bolup durýar. Ýol we desgalar edarasynyň işleriniň esasy mazmuny otlularyň kesgitlenen tizlikde bökdençsiz we howpsuz hereketini üpjün etmek üçin, ýoluň ähli elementlerini abat ýagdaýda saklamakdan ybaratdyr.

2) ballast-relsleriň diregleriniň (şpal, pürs) aşagyny, gyralaryny we aralaryny, şeýle hem demir ýoluň ýer düşeginiň esasy meýdanynyň üstüni dolduryjy ürgün mineral materiallaryň (şeben, çagyl, çäge) gatlagy. Ballast ýoluň rels-şpal gözeneginiň berkligini üpjün etmek, relsleriň direglerinden düşýän basyşy kabul etmek we ony demir ýoluň ýer düşeginiň esasy meýdanyna maýyşgak geçirmek, ýoldan üsti suwlary sowmak üçin niýetlenen;

3) ballast prizmasy-adaty keseligine profile laýyklykda ýoluň ballast prizmasynyň ýagdaýyny stabilleşdirmek (sazlamak) üçin demir ýoluň ýer düşegine goýulýan ballastly demir ýoluň ýokarky gurluşynyň elementi;

4) berkidiji gurluşlar we desgalar-ulanylýan wagtynda demir ýoluň ýer düşegini üstki suwlaryň köwmeginiň, opurylmagynyň öňüni almak üçin niýetlenýär;

5) demir ýoluň ýer düşegi-demir ýoluň aşaky gurluşynyň esasy elementi, ýoluň ýokarky gurluşlaryny goýmak, hereket düzüminden we ýoluň ýokarky gurluşlaryndan agramy kabul etmek, ýoluň berkligini üpjün etmek üçin niýetlenen toprak desgalarynyň (galdyrma, gazma, nol ýerleri-demir ýoluň ýer düşeginiň gysga aralykda ýeriň üsti boýunça geçýän, gazmak ýa-da gömmek talap edilmeýän, gazmadan galdyrma geçýän ýer, ýarym galdyrma- ýarym aýyrma görnüşinde ulanylýan toprak desgasy, ýarym gazma-ýapgyt dagda tebigy topragy basgançakly kesmek bilen gurulýar) toplumy;

6) demir ýoluň ýer düşeginiň esasy meýdany-demir ýoluň ýer düşeginiň tekizlenen üsti, bir ýolly böleklerde trapesiýa görnüşinde, iki ýolly böleklerde üçburçly prizma görnüşinde gurulýar;

7) demir ýoluň sowma zolagy-demir ýollara ýanaşýan, demir ýollaryň tutýan ýa-da şeýle ýollaryň ýerleşdirilmegi üçin niýetlenilen, şeýle hem demir ýol beketleriniň, suw sowujy we berkidiji gurluşlaryň, demir ýollaryň uzaboýundaky gorag zolaklarynyň, aragatnaşyk geçirijileriniň, elektrik üpjünçilik gurallarynyň, önümçilik we başga jaýlaryň, gurluşlaryň, desgalaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň ýerleşdirilmegi üçin niýetlenilen ýer bölekleri;

8) drenaž-ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek ýa-da sowmak, şeýle hem topragyň çyglylygyny peseltmek üçin niýetlenen ýerasty ganaw ulgamy görnüşli inžener desga;

9) defekt-gurluşyň (gurluşyň böleginiň) ýa-da gurluşyň ýagdaýynyň kesgitlenen kadalara laýyk gelmezligi;

10) deformasiýa-daşky güýçleriň täsir etmeginde, gyzdyrmakda ýa-da sowatmakda, çyglygynyň üýtgemeginde we beýleki täsir etmelerde jisimiň ýagdaýynyň üýtgemegine getirýän, jisimiň (jisimiň böleginiň) görnüşiniň ýa-da ölçeginiň üýtgemegi;

11) emeli ýol desgalar-demir ýol ulagynyň päsgelçilikli ýerleri: derýalary, jarlary, jülgeleri we beýleki ýollary kesip geçmeginde gurulýan inžener desgalarynyň şertli atlandyrylyşy;

12) galdyrma-demir ýol ulgamynyň gurulmaly ugry boýunça, ýeriň üstünde ýoluň ýokarky gurluşlaryny goýmak üçin taslama belligine çenli, pes ýerlerde, köprüleriň, ýol geçirijileriň golaýynda gurulýan toprak desgasy; 

13) gazma-demir ýol ulgamynyň gurulmaly ugry boýunça ýoluň ýokarky gurluşlaryny goýmak üçin artyk topragy aýyrmak bilen taslama belligine çenli çuňlaşdyrylan toprak desgasy;

14) gorag desgalary-demir ýoly oňaýsyz tebigy täsir etmelerde goramak üçin niýetlenen hemişelik ýa-da wagtlaýyn gurluşlar we desgalar;

15) gorag zolaklary-iki tarapynda hem sowma zolaklaryna ýanaşýan we demir ýol ulagynyň obýektleriniň, şol sanda süýşýän topragyň çäklerinde we çäge syrgynlaryna hem-de beýleki zyýanly täsirlere duçar bolýan çäklerde ýerleşýän demir ýol ulagynyň obýektleriniň bitewiligini, berkligini we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, çäklerinde ýer bölekleriniň (olaryň belli bir bölekleriniň) peýdalanylmagynyň aýratyn düzgüni bellenilýän çäkleri;

16) rels-hereket düzüminiň tigirleriniň hereketini ugrukdyryjy, tigirleriň täsir etmesini gös-göni kabul ediji we maýyşgak rels asty esaslara geçiriji, demir ýoluň ýokarky gurluşynyň esasy elementi;

17) suw sowujy gurluşlary we desgalary-ýagyş we daşgyn suwlaryň üstki akymyny sazlamak üçin ulanylýar (suw sowujy ganawlar we howalar, toprak gaçylary, tiz akdyryjylar, suwuň akymyny peseldiji gatlalar). Ýerasty suwlaryň akymyny sazlaýjylar (ýerasty suwlaryň derejesini peseldiji ganawlar, özakymly  howalar, turbalar). Suw ýygnaýjylar (suw ýygnaýjylar we durulandyryjylar, ol ýerden suw sorujylar arkaly suw wagtal-wagtal çabga  akdyryjy turbalara guýulýar);

18) şpal-agaç ýa-da demirbeton görnüşli, keseligine ýatyrylyp iki relsiň aşagyna ballast prizmasynyň üstüne goýulýan direg, demir ýoluň ýokarky gurluşynyň  elementi;

19) demir ýoluň ýer düşeginiň deformasiýasy-demir ýoluň ulanmak hilini peseldiji, ýer düşeginiň maýyşgak ýa-da galan görnüşiniň ýa-da ölçegleriniň üýtgemegi (çökmegi we topragynyň akmagy, esasy meýdanynyň çuňlaşmagy, pökgermeler, çuňňuldyklar, opurylma, köwülme, süýşme, zeper ýetirilme);

20) demir ýoluň ýer düşeginiň esasy meýdanynyň deformasiýasy-ballast kersenleri (şpallaryň aşagynda göze görünmeýän (gizlin) görüşinde hapalanan ballastyň emele gelmegi),  ballast holtumlary (bir ýa-da birnäçe ballast kersenleri bilen ballastyň has çalt basylyp oýulmagy netijesi), ballast oýuklary (çuňlugy 1,5-2,0 metre ýetýän ýer düşeginiň esasy meýdanynda şpallaryň aşagynda ýoluň uzaboýuna we ýapyk görnüşli çuňluklar) görnüşlerinde bolýar. Suwuň täsir etmeginde demir ýoluň ýer düşeginiň esasy meýdanynyň çuňlaşmagy, pökgermeleriň, çökmeleriň emele gelmegine, ýoluň süýşmegine sebäp bolýar;

21) demir ýoluň ýer düşeginiň pökgermesi-çygly toýunly topragyň möwsümleýin doňmagynda we doňunyň eremeginde ballast zolagynyň astynda emele gelýän deformasiýa, demir ýoluň ýer düşeginiň esasy meýdanynyň we rels birlikleriniň deň ölçegsiz ýokarlanmagyna we çökmegine sebäp bolýar;

22) ýoluň ýokarky gurluşy-hereket düzüminden agramy kabul etmek we ony ýoluň aşaky gurluşyna (ýoluň ýokarky gurluşy ýerleşýän demir ýoluň böleginiň şertli atlandyrylyşy bolup, oňa demir ýoluň ýer düşegi, köprüler, tonneller, wiaduklar degişli) geçirmek, şeýle hem relslerde tigirleriň hereketini ugrukdyrmak üçin niýetlenen demir ýoluň bölegi.

Demir ýoluň ýer düşegine hyzmat etmegiň esasy maksady-onuň ähli elementleriniň abat ýagdaýda saklanmagyny üpjün etmek, näsazlyklaryň ýüze çykmagynyň, döremegine getirýän sebäpleriniň öňüni almak, olary öz wagtynda aradan aýyrmak bolup durýar.

3. Demir ýoluň ýer düşegi we onuň gurluşlary şu Gözükdirijiniň talaplaryna, şeýle hem suw sowujy we berkidiji gurluşlaryň  tassyklanan çyzgylaryna laýyklykda abat ýagdaýda saklanylýar.

4. Agentligiň ýol hojalygy bölüminiň ýol we desgalar edaralarynda (mundan beýläk-ýol we desgalar edarasy)  demir ýoluň ýer düşeginiň durnuklylygyny üpjün ediji we zeper ýetmelerden goraýjy çyzgylary düzülýär, desgalaryň we gurluşlaryň degişli tehniki we hasaba alyş resminamalary ýöredilýär.

Demir ýoluň ýer düşeginiň ähli deformirlenýän ýerleri “Demir ýoluň ýer düşeginiň deformirlenmä garşy gurlan desgalaryny hasaba almak üçin PU-14 görnüşli hasaba alyş kitaby (mundan beýläk - PU-14 görnüşli kitaby)” atly şu Gözükdirijä 1-nji goşunda (mundan beýläk-şu Gözükdirijä 1-nji goşundy) we “Durnuksyz ýa-da deformirlenýän demir ýoluň ýer düşegini hasaba almak üçin PU-9 görnüşli pasport (mundan beýläk - PU-9 görnüşli pasport)” atly şu Gözükdirijä 2-nji goşunda laýyklykda ýöredilýär.

5. Ýol we desgalar edaralarynyň başlyklary, olaryň orunbasarlary, işçi bölümçeleriniň ýolbaşçylary, uly ýol ussalary, demir ýoluň ýer düşegi boýunça ýol ussa, topar ýolbaşçylary, demir ýollary we emeli desgalary gözden geçirijileri, gözegçilik etmegi özüne ynanylan işgärler demir ýoluň ýer düşeginiň we onuň gurluşlarynyň ýagdaýyny anyk öwrenýärler we yzygiderli barlaýarlar, olary ýokary hilde abat saklaýarlar we otlularyň  hereket howpsuzlygyny üpjün edýärler.

Kyn inžener-geologiki şertlerde hem-de durnuksyz we deformirlenýän obýektlerde ýerleşen demir ýoluň ýer düşeginiň böleklerindäki suw sowujy we berkidiji  gurluşlaryň abat ýagdaýda saklanmagyna aýratyn üns berilmelidir.

6. Demir ýoluň ýer düşeginiň ähli durnuksyz ýa-da deformirlenýän ýerleri, aýratyn hem kyn inžener-geologiki, gidrologiki, gidrogeologiki we howa şertlerinde ýerleşýän ýerlerine (süýşgün, opurylma, köwülmä, sile we beýleki oňaýsyz täsirlere duçar bolýan bölekleri) ýol we desgalar edaralary tarapyndan ýörite döredilen demir ýoluň ýer düşegini barlaýan topar yzygiderli gözegçilik etmelidir.

Görkezilen bölekler boýunça gözegçiligiň we barlaglaryň esasynda her ýyl  ýol we desgalar edaralary tarapyndan demir ýoluň ýer düşegine we onuň desgalaryna gözegçilik etmek,  olary abat saklamak boýunça  zerur bolan çäreleri görkezmek bilen inžener-geologiki hasabatlar düzülýär, şeýle hem işleriň göwrümi we ýerine ýetirilmeli möhleti kesgitlenýär. Hasabatlar demir ýoluň ýer düşegini abatlamak we abat saklamak boýunça işleri meýilleşdirmek üçin ýol hojalygy bölümine hem-de ýol we desgalar edarasyna berilýär.

7. Demir ýoluň ýer düşegini we onuň gurluşlaryny abat saklamak boýunça işler şu Gözükdirijiniň talaplaryna laýyklykda gurnalýar we ýerine ýetirilýär.

Demir ýoluň ýer düşeginiň durnuklylygyny üpjün etmek we berkitmek boýunça çäreler ulanylýan kadalaşdyryjy resminamalara, deformasiýa garşy konstruksiýalaryň albomlaryna laýyklykda, pökgerme deformasiýaly ýerlerinde, şeýle hem pökgerme böleklerde ýer düşeginiň esasy meýdanyny abatlamak boýunça tehniki görkezmeleri we ýer düşeginiň turba geçirijileri bilen kesişýän ýerinde pökgermeleriň öňüni almak boýunça usuly görkezmelerini hasaba almak bilen işlenip taýýarlanylýar.

Demir ýoluň ýer düşegini berkitmek we goramak, täze desgalary gurmak boýunça işler ýerine ýetirilende, önümçilikde we işleri kabul etmekde  tehniki şertleriň talaplary berjaý edilýär.

Potratçy guramalar tarapyndan ýerine ýetirilýän işlere tehniki gözegçilik etmek, demir ýoluň ýer düşegi boýunça ussa tarapyndan ýa-da ýol we desgalar edarasynyň başlygynyň buýrugy bilen bellenen işgärler tarapyndan amala aşyrylýar.

8. Demir ýoluň ýer düşegine we onuň gurluşlaryna hyzmat edýän ähli işgärler desgalary ýokary hilde abat saklamak, materiallary tygşytly harçlamak, mehanizmleri we gurallary aýawly ulanmak, desgalaryň ähli elementleriniň gulluk ediş möhletini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrýar.

Ýol hojalygy bölüminiň demir ýoluň ýer düşegini barlaýan toparynyň işgärleri demir ýoluň ýer düşegine, onuň gurluşlaryna hyzmat etmek we olary abatlamak boýunça öňdebaryjy tejribäni yzygiderli öwrenýärler we önümçilige ornaşdyrýarlar.

9. Demir ýoluň ýer düşeginiň abat ýagdaýda saklanmagy demir ýoluň ýer düşeginiň, onuň suw sowujy we berkidiji gurluşlarynyň meýilnama esasynda, näsazlyklaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça abatlamak işlerini ýerine ýetirmek arkaly üpjün edilýär. Bu işler gündelik abat saklamak  we düýpli abatlamak işlerini hem öz içine alýar.

10. Demir ýoluň ýer düşeginiň we onuň gurluşlarynyň gündelik abat saklamak işleri bütin ýylyň dowamynda, şol sanda  demir ýoluň tutuş uzynlygynda demir ýoluň ýer düşegini abatlamak işleri ýa-da demir ýollary wagtly-wagtynda abatlamak işleri ýerine ýetirilýän böleklerde ýerine ýetirilýär.

11. Demir ýoluň ýer düşegini we onuň gurluşlaryny gündelik abat saklamak we abatlamak boýunça işleri ýerine ýetirmek ýol we desgalar edaralarynyň şu toparlarynyň üstüne ýüklenýär:

1) demir ýoly gündelik abat saklamak boýunça toparyna-ýol we desgalar edarasynyň ýol ussasynyň (mundan beýläk-ýol ussasy) ýolbaşçylyk etmeginde, ulanylmagy netijesinde ýüze çykýan uly bolmadyk zeper ýetmeleri aradan aýyrmak;

2) ýol we desgalar edarasynyň ýöriteleşdirilen toparyna-uly ýol ussasynyň ýolbaşçylyk etmeginde, demir ýoluň ýer düşegini gündelik abat saklamak we abatlamak boýunça  işlerini ýerine ýetirmek;

3) ýol we desgalar edarasynyň ýöriteleşdirilen toparyna ýa-da mehanizmleşdirilen göçme toparyna-uly ýol ussasynyň ýolbaşçylyk etmeginde, kyn inžener-geologiki, gidrologiki, gidrogeologiki we howa şertlerine baglylykda demir ýoluň ýer düşegini (süýşgüne, opurylma, köwülmä, sile we beýleki oňaýsyz täsirlere duçar bolýan bölekleri) abat saklamak we abatlamak boýunça işleri ýerine ýetirmek;

4) paýdarlar jemgyýetiniň  ýol maşyn kärhanasynyň ýöriteleşdirilen toparyna-işçi bölüminiň başlygynyň ýolbaşçylygynda, ýoly abatlamak işleriniň meýilnamasy boýunça demir ýoluň ýer düşegini abatlamak işlerini ýerine ýetirmek;

5) ýol maşyn kärhanasynyň hem-de ýol we desgalar edarasynyň bölümçelerine, aýratyn taslamalar boýunça uly obýektlerde, ýol we desgalar edarasynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylyk etmeginde, demir ýoluň ýer düşegini abatlamak boýunça işleri ýerine ýetirmek.

 

II bap. Demir ýoluň ýer düşegini gündelik abat saklamak

 

12. Demir ýoluň ýer düşegini gündelik abat saklamak işleri, onuň ýagdaýyna gözegçilik etmek, näsazlyklaryň ýüze çykmagynyň sebäbini öwrenmek we olary aradan aýyrmak, şeýle hem  demir ýoluň ýer düşeginiň we onuň gurluşlarynyň abat ýagdaýyny üpjün edýän işleri ýerine ýetirilmekden durýar. 

13. Demir ýoluň ýer düşegine we onuň gurluşlaryna şulary öz içine alýan berk gözegçilik guralýar:

1) yzygiderli gözegçilik;

2) gündelik gözden geçirmek;

3) döwürleýin gözden geçirmek;

4) ýörite barlaglar we gözegçilik.

14. Demir ýoluň ýer düşegine, onuň berkidiji, goraýjy we suw sowujy gurluşlaryna yzygiderli gözegçilik etmegi demir ýollary we emeli desgalary gözden geçirýän işgärler, topar ýolbaşçylary, demir ýoluň ýer düşegi boýunça ýöriteleşdirilen toparlaryň ýolbaşçylary tarapyndan “Demir ýoluň ýer düşegini we onuň gurluşlaryny barlamagyň, gözden geçirmegiň we möhletleriniň düzgünleri” atly şu Gözükdirijä 3-nji goşunda (mundan beýläk-şu Gözükdirijä 3-nji goşundy) laýyklykda amala aşyrylýar.

15. Ýol we desgalar edarasynyň başlygy demir ýoluň ýer düşeginiň durnuksyz ýerlerini gözden geçirmegiň möhletini, zerur bolsa  üznüksiz gözegçiligini belleýär.

Otlularyň üznüksiz we howpsuz hereketine howp döredýän süýşgüne, opurylma, köwülmä, sile we beýleki oňaýsyz täsirlere duçar bolýan demir ýoluň ýer düşeginiň böleklerini barlamagyň we gözegçilik etmegiň tertibini, her bir bölek boýunça ýol we desgalar edaralarynyň beren maglumatlary boýunça ýol hojalygy bölümi tarapyndan Gollanma işlenilip taýýarlanylýar we  agentligiň başlygynyň orunbasary tarapyndan tassyklanýar.

16. Demir ýoluň ýer düşeginiň, berkidiji, goraýjy we suw sowujy desgalaryň abat ýagdaýda saklanmagyna gözegçilik edýän işgärler kemçilikleri ýüze çykarmak bilen, desgalary abat ýagdaýda saklamak boýunça zerur işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini guraýar.

17. Demir ýoluň ýer düşeginiň, berkidiji, goraýjy we suw sowujy desgalaryň ähli elementleri gözden geçirilýär we ýörite desgalara drenaž gurluşlaryna, suw serpikdiriji guýulara, gatlalara, çalt akdyryjy desgalara, tutujy direg diwarlaryna, kenar berkidiji desgalara aýratyn üns berilmelidir.

18. Ýol ussalary ýol toparlarynyň iki hepdelik iş tertibini düzende şu Gözükdirijiniň otuz dördünji böleginde görkezilen demir ýoluň ýer düşegini abat saklamak boýunça işleri göz öňünde tutmalydyr.

Kemçilikleri we zeper ýetirmeleri aradan aýyrmak üçin ýörite bölümçeler tarapyndan ýerine ýetirilmeklige degişli işleri, ýol we desgalar edaralarynyň demir ýollary düýpli abatlamak işleriniň meýilnamasynda göz öňünde tutulýar.

Görkezilen işler ýerine ýetirilýänçe, ýol we desgalar edarasy otlularyň hereket howpsuzlygyny üpjün edýän ähli gaýragoýulmasyz işleri ýerine ýetirýär.

19. Gözden geçirmekligi amala aşyrýan işgärler tarapyndan, yzygiderli gözden geçirmeleriň netijelerini, ýüze çykarylan kemçilikleri we ýerine ýetirilmeli abatlamak işleriniň göwrümini görkezmek bilen şu Gözükdirijä 1-nji goşundyda bellenen hasaba alyş kitabynda degişli ýazgylar edilýär.

20. Demir ýoluň ýer düşegini we onuň desgalaryny gündelik gözden geçirmekligi ýol ussalar, demir ýoluň ýer düşegi boýunça ussalar we uly ussalar tarapyndan, topar ýolbaşçylarynyň we demir ýoluň ýer düşegi boýunça ýöriteleşdirilen toparlaryň gatnaşmagynda ýerine ýetirilýär. Şunda ilkinji nobatda dessine aradan aýyrmak talap edýän kemçilikler anyklanýar, gaýragoýulmasyz abatlamak işleriniň göwrümi kesgitlenýär, desgalaryň abat ýagdaýda saklanmagyna yzygiderli gözegçilik etmegiň ýerine ýetirilişi we gözegçiligi amala aşyrýan ähli işgärler, şol sanda işleriň ýolbaşçysy işleri ýerine ýetirmekde zähmeti goramagyň talaplaryny berjaý etmek boýunça gözükdiriji okuwyny geçmäge borçludyr.

Gündelik gözden geçirmekde, şeýle hem zeýkeşleriň, çabga we joşgun suwlarynyň geçiriliş  aýratynlyklaryna gözegçilik edilýär.

21. Gözden geçirmekligi ýerine ýetiren işgärler tarapyndan gündelik gözegçilikleriň netijelerini, ýüze çykarylan näsazlyklary beýan etmek we zerur işleriň göwrümini görkezmek bilen şu Gözükdirijä 3-nji goşunda laýyklykda ýollary, desgalary we ýol gurluşlaryny barlamagyň netijeleriniň ýazgysy PU-28 görnüşli kitabyna (mundan beýläk-PU-28 görnüşli kitaby), PU-9 görnüşli pasportyna we PU-14 görnüşli kitabyna ýazgy edilýär. Ýol we desgalar edarasynyň başlygy ýa-da onuň orunbasary PU-28 görnüşli kitabyny her çärýekde barlaýar.

22. Demir ýoluň ýer düşegini, onuň berkidiji, goraýjy we suw sowujy desgalaryny, demir ýoluň ýer düşeginiň ýagdaýyna baglylykda ýol hojalygy bölüminiň başlygynyň kesgitlän möhletlerinde, ýöne bir ýylda azyndan iki gezek ýaz paslynda  (gar eränden soň we  ýaz ýagyşlarynyň ýagýan döwri başlamazdan öň), güýz paslynda ýol we desgalar edarasynyň başlygy, onuň emeli ýol desgalary boýunça orunbasary ýa-da baş inženeri, aýratyn ýagdaýlarda köpri ussalary bilen bilelikde wagtal-wagtal gözden geçirýärler.

Demir ýoluň ýer düşeginiň durnuksyz ýerlerini hem-de kyn drenaž berkidiji we goraýjy desgalary ýol hojalygy bölüminiň işgärleriniň uly we jogapkärçiligi has ýokary bolan desgalary ýol hojalygy bölüminiň başlygy, onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda barlanýar. Şeýle desgalaryň sanawy agentligiň başlygynyň orunbasary tarapyndan tassyklanýar.

Demir ýollarynyň süýşgüne, opurylma, köwülmä duçar bolýan  kyn böleklerinde berkidiji we goraýjy desgalary (agentligiň başlygynyň tassyklan sanawnamasy boýunça) ýylda azyndan bir gezek ýol hojalygy bölüminiň  başlygy we onuň orunbasarlary gözden geçirýär.

23.  Wagtal-wagtal gözden geçirmede demir ýoluň ýer düşeginiň, berkidiji, goraýjy we suw sowujy desgalaryň umumy ýagdaýy zerur ýagdaýda gurallary ulanmak bilen  beýleki ölçeglerini anyk barlamak amala aşyrylýar. Şeýlelik-de, defektler ýüze çykarylýar, olaryň ýüze çykmagynyň sebäpleri anyklanýar, zerur bolan öňüni alyş we abatlamak işleriniň meýilnamasy düzülýär, öň ýerine ýetirilen işleriň, gözegçilik etmegiň doly we ýokary hilde ýerine ýetirilendigi barlanýar, şeýle hem geljekde gözegçilik etmegiň tertibi kesgitlenýär.

24. Wagtal-wagtal gözden geçirmede ýaz we çabga suwlarynyň kadaly akymyna päsgelçilik döredip  biljek emeli ýol desgalaryň direglerine suwuň urulmagy we demir ýoluň ýer düşeginiň ýuwulmagyna getirip  biljek, demir ýoluň sowma zolagynda gurulan ýa-da gurulýan jaýlar, awtomobil ýollary, gatlalar, howuzlar, senagat suwlary durlaýjy howuzlary, üsti açyk çukurlary, ganawlar gözden geçirilýär.

25. Seýsmiki ýerlerde wagtal-wagtal gözegçiligiň netijelerini PU-9 görnüşli pasportyna, PU-14 görnüşli kitabyna we  PU-28 görnüşli kitabyna ýazgy edilýär. 

26. Ýol hojalygy bölüminiň ýolbaşçylary tarapyndan gözden geçirmeler ýerine ýetirilende demir ýoluň ýer düşeginiň we onuň gurluşlarynyň ýagdaýyna baha bermek, näsazlyklary ýüze çykarmak we olary aradan aýyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak bilen bilelikde emeli ýol desgalaryň ýagdaýyna we saklanyşyna gözegçiligiň guralyşy, bellenilen tehniki resminamalaryň ýöredilişi, öňki gözden geçirmeleriň netijesinde ýüze çykarylan kemçilikleriň öz wagtynda aradan aýrylyşy, ýerine ýetirilen abatlaýyş işleriniň hil derejesi barlanýar hem-de demir ýol böleginiň  ulanyş tertibi (otlularyň hereket tizligi, gözegçilik çäreleri) kesgitlenilýär.

27. Otlularyň hereket howpsuzlygyna howp salýan näsazlyk ýa-da demir ýoluň ýer düşeginiň deformasiýasy ýüze çykarylan halatynda, haýal etmän hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler kabul edilýär, otlularyň hereket tizligini çäklendirmek hem-de demir ýoluň ýer düşegini abatlamak boýunça zerur işler doly ýerine ýetirilýänçä, üznüksiz gözegçilik etmek bilen bir wagtda demir ýoluň ýer düşegini abatlamak boýunça az göwrümdäki işleriň ýerine ýetirilmegi guralýar.

28. Demir ýoluň ýer düşegini we onuň gurluşlaryny ýaz paslynda gözden geçirmegiň netijelerine, olary abat saklamak we abatlamak işlerini gowulandyrmak boýunça zerur çärelere her bir ýol we desgalar edarasy boýunça ýol hojalygy bölüminiň başlygy, agentligiň başlygynyň orunbasary seredýär.

Demir ýoluň ýer düşegini we onuň gurluşlaryny güýz paslynda gözden geçirmegiň netijelerine, olary abat saklamak we abatlamak işlerini gowulandyrmak boýunça zerur çärelere hem-de ýaz suwlaryny geçirmeklige taýýarlamak boýunça çärelere, ýol hojalygy bölüminiň başlygy seredýär we zerur çäreleri  agentligiň başlygynyň orunbasaryna tassyklamaklyga berýär.

29. Kyn inžener-geologiki şertlerde ýerleşýän demir ýoluň ýer düşeginiň durnuksyz ýerlerinde, şeýle hem uly böleginde süýşgüne, opurylma, köwülmä, sile we beýleki oňaýsyz täsirlere duçar bolýan  böleklere yzygiderli gözegçiligi ýörite döredilýän ýol hojalygy bölüminiň demir ýoluň ýer düşegini barlaýan topary amala aşyrýar. Emma bu gözegçilik yzygiderli gündelik gözegçiligiň we wagtal-wagtal gözden geçirmeleriň ýerini  çalyşmaýar.

Demir ýoluň ýer düşeginiň we desgalaryň ýörite barlagy geçirilende inžener-geologiki we ýol hojalygy bölüminiň demir ýoluň ýer düşegini barlaýan topary tassyklanan zerur çäreler esasynda şulary berjaý edýär:

1) optiki gurallary ulanmak bilen surata düşürmek;

2)  demir ýoluň ýer düşeginiň we onuň düýbüni burawlamak, arassalamak we ýagdaýynyň üýtgemegini barlamak bilen, demir ýoluň ýer düşeginiň ähli gurluşlaryny (berkidiji, goraýjy we suw sowujy desgalaryny) yzygiderli anyk gözden geçirmek;

3) näsazlyklary we kemçilikleri anyklamaklygy hem-de demir ýoluň ýer düşeginiň saklanyş hilini, tehniki resminamalaryň dogry ýöredilişini we ýerine ýetirilen işleriň hil derejesini  barlamak.

Gözden geçirmegiň we barlamagyň möhletini, olary ýerine ýetirmegiň tertibini ýol hojalygy bölüminiň başlygy tassyklaýar.

Barlagyň netijeleri boýunça teklipleri göz öňünde tutmak bilen hasabat düzülýär, ýerinde ýol we desgalar edarasyna otlularyň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri kabul etmek barada ýazmaça görkezme berilýär.

30. Demir ýoluň ýer düşeginiň bitewiliginiň bozulmagy mümkin bolan durnuksyz ýerlerinde ýol hojalygy bölüminiň, şeýle hem ýol we desgalar edarasynyň ýolbaşçylary demir ýoluň ýer düşeginiň deformasiýalaryna, onuň üstündäki demir ýoluň ýagdaýyna ýerasty suwlaryň akymyna, topragyň çyglylyk derejesiniň üýtgemegine gözegçilik edilmegini guraýarlar, bu gözegçiligiň maksady otlularyň hereket howpsuzlygyna howp salýan demir ýoluň ýer düşeginiň we onuň desgalarynyň deformasiýasynyň öňüni almak, näsazlyklaryň ýüze çykmagynyň sebäplerini has-da takyklamakdan ybarat bolup durýar.

Ýoluň ýokarky gurluşlarynyň uly näsazlyklarynyň ýüze çykmagy, toprak üýşmeginiň jaýryk atyp bölünmegi bilen birlikde bolup geçýän demir ýoluň ýer düşeginiň deformasiýalary çalt güýçlenen ýagdaýynda, ýol we desgalar edarasynyň başlygynyň  görkezmesi esasynda, bu ýerlerde degişli berkitmek işlerini ýerine ýetirmek bilen yzygiderli gözegçilik ýola goýulýar. Şeýle ýagdaýlarda demir ýollara we emeli ýol desgalara gözegçilik  etmek üçin ýörite nokatlar döredilýär.

Gözegçilik etmegiň göwrümi, häsiýeti we  otlularyň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça şertler ýol we desgalar edarasynyň başlygy tarapyndan düzülýän we ýol hojalygy bölüminiň başlygy tarapyndan tassyklanan Gollanmada kesgitlenýär.

31. Her ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýa görä ýol we desgalar edarasynyň tehniki pasportynda gözden geçirişleriň, inžener-geologiki barlaglaryň, gurally gözegçilikleriň esasynda demir ýoluň ýer düşeginiň uly we ýapgytlaryň dikligi boýunça  bellenilen kadalardan tapawutlanýan ýerler, şeýle hem pökgermelere, akyp we ýuwulyp gitmelere, opurylmalara we beýleki deformasiýalara duçar bolýan ýerler hasaba alynýar.

32. Ýol we desgalar edaralarynda we ýol hojalygynda gözden geçirişleriň ähli delilnamalary, demir ýoluň ýer düşeginiň inžener-geologiki barlaglarynyň we oňa gözegçilik etmegiň materiallaryny, şeýle hem demir ýoluň ýer düşeginiň berkidiji, goraýjy, suw sowujy desgalaryň, aýratyn hem ýerasty we demir ýoluň ýer düşeginiň astynda gizlin ýerleşen desgalaryň ählisiniň belgileri bolýar. 

Demir ýoluň ýer düşegini gündelik abat saklamak boýunça şu aşakdaky işler ýerine ýetirilýär:

1) kersenleriň we oýuklaryň düýbüniň aşagyndan çygly toýunlary aýyrmak we suw geçiriji topraklara çalyşmak;

2) demir ýoluň ýer düşeginiň esasy meýdanyndan suwlary sowmak;

3) ýoly ballast gatlagyna galdyrmak;

4) demir ýoluň ýer düşeginiň ýapgytlyklaryny berkitmek we timarlamak;

5) demir ýoluň ýer düşeginiň düýbünde ýerasty suwlary sowmak, ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek.

33. Demir ýoluň ýer düşegini, berkidiji, suw sowujy we goraýjy desgalary abat saklamaklygy üpjün etmek maksady bilen, gündelik abat saklamak işlerinde demir ýoluň ýer düşeginiň we onuň gurluşynyň deformasiýalaryna getirip biljek näsazlyklaryň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça işler ýerine ýetirilýär.

34. Demir ýoluň ýer düşeginiň kadaly ulanyşyny üpjün etmek üçin demir ýoly gündelik abat saklamak boýunça işleri ýerine ýetirýän topar şu işleri ýerine ýetirýär:

1) demir ýoluň ýer düşeginiň gyralaryny timarlamak;

2) demir ýoluň ýer düşeginiň galdyrmalarynyň we gazmalarynyň ýapgytlarynda emele gelen jaýryklary aradan aýyrmak;

3) ýol hojalygynyň desgalaryny we suw üpjünçilik desgalaryny buzuň hem-de ýaz we çabga suwlarynyň geçmegine taýýarlamak boýunça işlenilip düzülen çärelere laýyklykda demir ýoluň ýer düşeginiň  we suw sowujy desgalaryň aýry-aýry bozulmalaryny abatlamak;

4) suw sowujy desgalarda suwuň ýüzüni tutan doňlary aýyrmak;

5) suwuň päsgelçiliksiz akymyny üpjün etmek üçin ganawlary, ýaplary we suw sowujy ganawlary arassalamak;

6) suw sowujy desgalardaky gyrymsy we beýleki agaçlary çapyp aýyrmak.

35. Demir ýoluň ýer düşeginiň we onuň desgalarynyň kadaly ulanyşyny üpjün etmek üçin, demir ýoluň ýer düşegine hyzmat etmek boýunça ýöriteleşdirilen toparlar şu işleri ýerine ýetirýär:

1) berkitmek üçin kabul edilen gurluşlary ulanmak bilen jaýryklary, köwülýän ýerleri, oýlary aradan aýyrmak;

2) galdyrmalaryň we gazmalaryň ýapgytlyklaryny berkidiji gurluşlary, suw sowujy desgalaryň düýbüni, gyralaryny öz wagtynda abatlamak;

3) garyň eräp akýan döwrüne çenli pes durnukly galdyrmalaryň we gazmalaryň ýapgytlaryny gardan arassalamak;

4) suw geçiriji desgalaryň akyş ugurlaryny arassalamak;

5) suwuň akmagyna päsgelçilik döretmez ýaly galdyrmalaryň we gazmalaryň ýapgytlyklaryna düşen hapa ballasty arassalamak;

6) suwuň päsgelçiliksiz akmagy üçin gyrymsy we beýleki agaçlary çapmak bilen ganawlary, suw sowujylary, gaçynyň daşyndaky garymlary arassalamak;

7) gatlalarda, çalt akdyrylýan ýerlerde demir ýoluň ýer düşeginden suwuň aýrylmagyny üpjün etmek hem-de demir ýolda we suw sowujy desgalarda  suw saklanmaz ýaly ýüzüji hapalary (çöp-çalamlar, gury ot) aýyrmak;

8) demir ýoluň ýer düşegini we onuň gurluşlaryny ýaz suwlaryny we joşgunlary geçmeklige öz wagtynda taýýarlamak;

9) suw sowujy desgalarda, drenaž desgalarynyň çykyş agzynda suwuň ýüzüni tutan doňlary aýyrmak;

10) demir ýoluň golaýynda köwmeleriň ýüze çykmagynyň we demir ýoluň ýer düşegine tarap ulalmagynyň öňüni almak;

11) garyň eremeginde suw ganawlarynyň we garymlaryň dolup daşmagy mümkin bolan ýerlerine gözegçilik etmek we suwlaryň demir ýola çykmazlygy üçin, ýerinde zerur möçberde gerekli materiallar (çuwallar, haltalar, tagtalar, daşlar) bilen üpjün etmek;

12) drenaž desgalarynyň ýagdaýyna we işine yzygiderli gözegçiligi alyp barmak hem-de şol bir wagtyň özünde suw akdyrylýan howuzlary, gözden geçiriji guýulary, zeýkeşleriň gözbaşlaryny we çykyş agyzlaryny, ýaplary, sil ýollaryny we suw sowujy garymlary arassalamak;

13) gyş paslynda gözden geçiriş guýularyny we zeýkeşleriň agzyny, ýerasty suwlary saklaýjylary ýylylyk bilen goramak, tomus paslynda bolsa ýelletmek üçin tutuk gapaklary gözenekler bilen çalyşmak;

14) gaçylary tekizlemek hem-de şol bir wagtyň özünde köwülýän ýerleri, çukurlary we çöketlikleri düzetmek we berkidijileri dikeltmek;

15) ýeriň üstüne çykýan ýokarky böleginde gorizontal güýçleri kabul ediji keseligine diwarlaryň sement örtügini wagtal-wagtal abatlamak hem-de  gyralarynyň we demir ýoluň ýer düşeginiň ýapgydynyň jaýryklaryny abatlamak;

16) deňizde suwdan goraýjy diwarlarda we beýleki demir-beton desgalarda şu aşakdaky işleri ýerine ýetirmek:

a) örmeleriň ýa-da betonlaryň dargamagynyň we owranmagynyň öňüni almak;

b) ýygnama beton diwarlaryň jaýryklaryny we öýjüklerini aýyrmak;

ç) diwaryň golaýyndaky çykyş yşlaryň hapalardan gömülmeginiň öňüni almak;

d) temperatura seplemelerini hapalardan arassalamak, ýüz örtügini dikeltmek.

Süýşgüne, opurylma, köwülmä, sile we beýleki oňaýsyz täsirlere duçar bolýan, şeýle hem kyn inžener-geologiki şertlerde ýerleşen böleklerde demir ýoluň ýer düşegini abat saklamak boýunça ýöriteleşdirilen toparlaryň üstüne ýüklenýän işleriň sanawy we göwrümi “Kyn inžener-geologiki şertlerde demir ýoluň ýer düşegini abat saklamaklyga bildirilýän goşmaça talaplar” atly şu Gözükdirijä 4-nji goşundyda  we “Demir ýoluň ýer düşeginde has köp ýüze çykýan zeperlenmeler we deformirlenmeler” atly şu Gözükdirijä 5-nji goşundyda görkezilen düzgünleri we görkezmeleri hasaba almak bilen, ýol we desgalar edarasynyň başlygy tarapyndan demir ýoluň ýer düşeginiň her bir bölegi üçin aýratyn kesgitlenýär hem-de ýol hojalygy bölüminiň başlygy tarapyndan tassyklanýar.

Işleriň aýratynlyklaryna baglylykda ýöriteleşdirilen topar, degişli hünärleri bolan işçiler bilen üpjün edilýär.

36. Demir ýoluň ýer düşegini we onuň gurluşlaryny gündelik abat saklamak boýunça wahta iş usuly  boýunça ýerine ýetirilýär, bu tertip tehniki gözden geçirmeleri hasaba almak bilen, ýol we desgalar edarasynyň başlygynyň tassyklan iş meýilnamasy esasynda düzülýär.

 Ýol toparlary üçin ýarym aýlyk iş tertibini ýol ussasy topar ýolbaşçysy bilen bilelikde düzýär, demir ýoluň ýer düşegi boýunça ýöriteleşdirilen topar üçin, ýol we desgalar edarasynyň ýol ussalarynyň haýyşnamalaryny hasaba almak bilen demir ýoluň ýer düşegi boýunça ussa düzýär.

Wahta iş usulynda demir ýoluň ýer düşeginiň gurluşlaryny kadaly ulanmagyny üpjün etmek bilen bagly bolan näsazlyklary aradan aýyrmak boýunça işler hem-de meýilnamada näsazlyklaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işler göz öňünde tutulýar.

Iş tertibini ýol we desgalar edarasynyň başlygy ýa-da onuň orunbasarlary tassyklaýar.

37. Ýol we desgalar edarasynyň güýji bilen ýerine ýetirilýän demir ýoluň ýer düşeginiň we onuň gurluşlarynyň gündelik abat saklamak we abatlamak işleri boýunça işler ýol we desgalar edarasynyň başlygynyň wagtal-wagtal gözden geçirmeleri hasaba almak bilen tassyklan ýyllyk we möwsümleýin işleriň esasynda, demir ýoluň ýer düşegi boýunça ussalar tarapyndan işlenip taýýarlanylýan bir aýlyk meýilnamalar boýunça işlenip düzülýär.

38. Meýilnama boýunça abatlamak işleri ýerine ýetirilýän demir ýoluň ýer düşeginiň obýektleri, demir ýol ulagynyň kärhanalary tarapyndan hemişe gözegçilikde  saklanylýar.

Ýollarda we desgalarda işler ýerine ýetirilende otlularyň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça jogapkärçilik, işleriň ýolbaşçysynyň üstüne ýüklenýär.

39. Demir ýoluň ýer düşegini we onuň gurluşlaryny abatlamak işleri ýerine ýetirilýän wagty bar bolan desgalaryň durnuklylygy we berkligi saklanylýar, üstki suwlar öz wagtynda sowulýar, işleri ýerine ýetirmegiň tehniki şertleri we düzgünleri berjaý edilýär. Suw sowujylaryň öňüne, durnuksyz ýapgytlyklara dürli materiallary goýmaklyga ýol berilmeýär.

40. Demir ýoluň ýer düşegini dürli maksatly kommunikasiýalaryň kesip geçmegi boýunça işler ýerine ýetirilende, işleriň agentligiň baş inženeriniň beren tehniki şertleri esasynda düzülen taslamalara laýyklykda guralyşyna we ýerine ýetirilişine ýol we desgalar edarasynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýär.

 

III bap. Demir ýoluň ýer düşegini düýpli abatlamak

 

41. Demir ýoluň ýer düşegini düýpli abatlamakda şu işler ýerine ýetirilýär:

1) ýollary ätiýaçlyk abatlamagyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan işler (düýpli, orta, galdyrma);

2) aýratyn meýilnama boýunça demir ýoluň ýer düşegini we onuň gurluşlaryny abatlamak boýunça işler;

3) demir ýoluň ýer düşeginiň we onuň aýry-aýry gurluşlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, dikeltmek we çalyşmak boýunça ýa-da goşmaça berkidiji, goraýjy we beýleki desgalary gurmak boýunça işler.

Düýpli abatlamak işlerini ýerine ýetirmegiň zerurlygy we onuň göwrümi her bir aýratyn ýagdaýda demir ýol böleginiň inžener-geologiki aýratynlyklaryny, demir ýoluň ýük geçirijiligini we beýleki ýerli şertleri hasaba almak bilen, demir ýoluň ýer düşegini we onuň gurluşlaryny anyk barlamagyň esasynda kesgitlenýär.

42. Demir ýollary düýpli, orta we galdyrma abatlamakda şu işler ýerine ýetirilýär:

1) düýpli abatlamakda-ballast çöketliklerini (ballast kersenleri, oýuklary, holtumlar, oýjuklary) aradan aýyrmak bilen, suw sowujy desgalary dikeltmek we abatlamak, demir ýoluň ýer düşeginiň gyralaryny, ýapgytlyklaryny timarlamak, şeýle hem aýry-aýry ýerlerinde demir ýoluň ýer düşeginiň inini giňeltmek, suw sowujy desgalary arassalamak, goraýjy we sazlaýjy desgalary abatlamak; aýry-aýry gabarasyz ýerleri aradan aýyrmak;

2) orta abatlamakda-pökgermeleri aradan aýyrmak, demir ýoluň ýer düşeginiň gyralaryny, ýapgytlyklaryny timarlamak,  şeýle hem suw sowujy we berkidiji desgalary abatlamak, kiçi we orta emeli ýol desgalaryň hanalaryny arassalamak;

3) galdyrma abatlamakda-demir ýoluň ýer düşeginiň gyralaryny we ýapgytlyklaryny timarlamak, suw sowujy desgalary arassalamak.

43. Demir ýollary abatlamak boýunça işler ýerine ýetirilýän ýerlerinde demir ýoluň ýer düşegini düýpli abatlamaklyk paýdarlar jemgyýetiniň potratçy guramalary tarapyndan işleriň kesgitlenen göwrümi esasynda hasaplamalar boýunça ýerine ýetirilýär.

44. Demir ýoluň ýer düşegini we onuň gurluşlaryny düýpli abatlamakda şu aşakdakylar amala aşyrylýar:

1) demir ýoluň ýer düşeginiň esasy meýdanynyň, deformasiýaly (kersenleri, oýuklary, holtumlar, oýjuklary) böleklerini, ýapgytlyklarynyň, gyralarynyň  süýşgüne, köwülmä duçar bolan ýerlerini abatlamak;

2) ähli suw sowujy we drenaž desgalaryny (suw ganawlary, garymlary, çalt akdyrylýan gurluşlary, gatlalary, zeýkeşleri, ýaplary) dikeltmek we abatlamak, üsti boýunça kadaly ini we ýapgytlyk derejesi bolmadyk demir ýoluň ýer düşegini kada laýyk şekile getirmek;

3) demir ýoluň ýer düşeginiň ähli goraýjy we berkidiji desgalaryny (deňiz, direg, tutujy, berkidiji diwarlary, gaçylary, köwülmelerden goraýjy, tolkuna garşy desgalary) hem-de suwuň akymyny sazlaýjy desgalary dikeltmek we abatlamak.

Görkezilen işler kada boýunça demir ýol ulagynyň meýilnamalaryna laýyklykda, potratçy guramalaryň mehanizmleşdirilen göçme we birikdirilen toparlary tarapyndan gözden geçirmeleriň materiallary ýa-da taslama boýunça düzülen çenlik-maliýe hasaplamalary boýunça ýerine ýetirilýär.

Demir ýoluň ýer düşegini we onuň gurluşlaryny düýpli abatlamakda göwrümi uly bolmadyk işleri, ýoly gündelik abat saklamak boýunça işleri ýerine ýetirýän toparyň ýerine ýetirmegine ýol berilýär. Her bir ýol we desgalar edarasynyň demir ýoluň ýer düşegini abat saklamaklygy guramagyň tertibini ýol hojalygy  bölüminiň başlygy tassyklaýar.

45. Demir ýoluň ýer düşeginiň we onuň gurluşlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, dikeltmek we çalyşmak boýunça şu işler ýerine ýetirilýär:

1) deformasiýa garşy aýry-aýry konstruktiw gurluşlaryny (30% göwrümde we  ondan köp) dikeltmek ýa-da çalyşmak;

2) kyn inžener-geologiki şertlerde demir ýoluň ýer düşeginiň durnuklylygyny we goragyny üpjün edýän goşmaça desgalary (suw sowujy, berkidiji, goraýjy, sazlaýjy we beýleki desgalary) gurmak.

46. Demir ýoluň ýer düşegini we onuň gurluşlaryny düýpli abatlamak işlerini meýilleşdirmek, demir ýoluň ýer düşeginiň ýagdaýy barada ýol we desgalar edarasynyň tehniki pasportyndaky maglumatlary, wagtal-wagtal gözden geçirmeleriň netijeleriniň hem-de öňki gözden geçirmeleriň we barlaglaryň maglumatlarynyň esasynda amala aşyrylýar.

Meýilnamada çykdajylary az sarp etmekligi we materiallary has netijeli ulanmaklyk göz öňünde tutulmalydyr.

47. Demir ýoluň ýer düşegini abatlamak işleriniň tehniki resminamalary işlenip taýýarlananda, onuň düzümine işleri guramagyň taslamasy goşulýar.

48. Demir ýoluň ýer düşeginiň esasy meýdanyny abatlamakda ýoluň ýokarky gurluşynyň aýrylmagy talap edilýän bolsa, bu işler dowamlylygy 4 (dört) sagat berlen wagtda (otlularyň hereketiniň ýapylmagynda),  düýpli abatlamak işlerinde ýerine ýetirilýär. Ýerine ýetirmek üçin otlularyň hereket tertibinde wagt göz öňünde tutulmadyk işleri,  otlularyň hereketiniň pes ýygylygynda, gysga möhletleýin berlen wagtda ýerine ýetirilýär.

49. Demir ýoluň ýer düşegini berkitmek boýunça ýerine ýetirilen abatlamak işleri we täze gurlan desgalaryň taslama-çenlik resminamasyna laýyklykda potratçy guramalar tarapyndan ýol we desgalar edarasyna şu aşakdaky resminamalar berilýär:

1) ýerine ýetiriji çyzgylary;

2) gizlin işler boýunça delilnamalary;

3) göwrüm görkezijileri;

4) desgalaryň konstruktiw detallarynyň pasportlaryny;

5) ýerine ýetirilen işleriň görnüşleriniň ýazgysy girizilen kitaby.

Gizlin işleri, şol işleriň delilnamalary boýunça barlanýar. Abatlamak işleri geçirilen demir ýoluň ýer düşegini we onuň gurluşlaryny kabul etmekde delilnamalar  resmileşdirilýär.

Abatlamak boýunça işler uly göwrümde ýerine ýetirilende, desgalaryň konstruktiw gurluşlarynyň taýýarlygy boýunça ýerine ýetirilen işleri, delilnama düzmek bilen  tapgyrlaýyn  kabul etmeklige ýol berilýär.

Delilnama işleri demir ýol ulagynyň potratçy guramalary ýerine ýetirende-ýol we desgalar edarasynyň başlygy ýa-da onuň orunbasary we potratçy gurnamasynyň wekili, işleri ýol we desgalar edarasy ýerine ýetirende-ýol we desgalar edarasynyň başlygy ýa-da onuň orunbasary we demir ýoluň ýer düşegi boýunça ussa gol çekýär.

Ýerine ýetirilen işleri kabul etmek, demir ýol ulagynyň gurluşygy tamamlanan desgalaryny kabul etmek we ulanmaga girizmek boýunça düzgünlere laýyklykda ýol we desgalar edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

50. Tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrylanda, aýratyn ýagdaýlarda (suw basýan, süýşgün, opurylma ýerlerden) demir ýoly täze belgisine çykarmak boýunça işleri ýerine ýetirmeklige rugsat berilýär; şeýle ýagdaýda işleri özbaşdak taslamalar boýunça demir ýol ulagynyň kärhanalarynyň güýji bilen ýerine ýetirilýär. Tehniki resminamalary, tölegleri resmileşdirmek we işleri kabul etmek täze gurluşyklarda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.


IV bap. Durnuksyz böleklerde demir ýoluň ýer düşegini we desgalaryny abat saklamak boýunça Gollanmalara girizilen esasy düzgünler


51. Durnuksyz böleklerde demir ýoluň ýer düşegini (süýşgün, gaýa-opuryşykly, karst gatlakly we beýleki ýerlerde) abat saklamak ýol we desgalar edaralary tarapyndan işlenilip taýýarlanylan we agentligiň ýol hojalygy bölüminiň başlygy tarapyndan tassyklanylan Gollanmada bellenilýär.

Gollanma demir ýol böleginiň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen işlenip taýýarlanylýar we şulary öz içine alýar:

1) abat saklamak boýunça aýratyn tertibi bellenilen, durnuksyz demir ýoluň ýer düşeginiň ýerleşen böleginiň uzynlygyny;

2) demir ýoluň ýer düşeginiň durnuksyzlygyna getirýän sebäplerini, deformasiýalaryň ýüze çykyş häsiýetini görkezmek bilen bölegiň inžener-geologiki we gidrogeologiki şertlerini;

3) ulanmagyň we ýörite barlaglary we gözegçilikleri geçirmegiň bellenilýän tertibini;

4) barlaglary we gözegçilikleri geçirmegi guramaklygyny (jogapkär işgärleri, gurally gözegçilik usullaryny, barlag ulgamlaryny görkezmek bilen);

5) demir ýoluň ýer düşegini we onuň gurluşlaryny saklamak we abatlamak boýunça işleri ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen we ýol toparlary tarapyndan ýerine ýetirilmeli işleriň görnüşlerini we göwrümini;

6) durnuksyz bölek boýunça hereketi amala aşyrmagyň tertibini (tizligi çäklendirmek, lokomotiwleriň maşinistlerine hüşgärli bolmak barada duýduryşlary bermek);

7) deformasiýalar güýçlenen ýagdaýlarynda gözegçiligi we dikeldiş işlerini ýerine ýetirmegiň tertibini;

8) barlaglaryň we ýerine ýetirilýän işleriň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen tehniki howpsuzlygy berjaý etmek boýunça esasy düzgünlerini.

52. Demir ýoluň ýer düşeginde has köp ýüze çykýan zeperlenmeler we deformirlenmeler şu Gözükdirijiniň 5-nji goşundysynda göz öňünde tutulandyr.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 23-nji fewralynda 1444 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.