Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çykaran 343 belgili buýrugy

Kömekçi önelge tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň hem-de olaryň ulanylmagyna bildirilýän garşy görkezmeleriň we çäklendirmeleriň tertibini tassyklamak hakynda


2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen “Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasyna laýyklykda, buýurýaryn:

1. Kömekçi önelge tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň hem-de olaryň ulanylmagyna bildirilýän garşy görkezmeleriň we çäklendirmeleriň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Ç.Agamyradow gözegçilik etmeli.


Ministr   N.Amannepesow


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş

we derman senagaty ministriniň

2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda

çykaran 343 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy



Kömekçi önelge tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň hem-de olaryň ulanylmagyna bildirilýän garşy görkezmeleriň we çäklendirmeleriň tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Şu Kömekçi önelge tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň hem-de olaryň ulanylmagyna bildirilýän garşy görkezmeleriň we çäklendirmeleriň tertibi (mundan beýläk – Tertip) 2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen “Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasyna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy hem-de kömekçi önelge tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň hem-de olaryň ulanylmagyna bildirilýän garşy görkezmeleriň we çäklendirmeleriň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Kömekçi önelge tehnologiýalaryny ulanmaga ýokary lukmançylyk bilimi bolan we bellenilen tertipde ýörite taýýarlygy geçen we saglygy goraýyş edaralarynda işleýän Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarnama alan adamlaryň hukugy bardyr.

Kömekçi önelge tehnologiýalary diýlip önelgesizligi bejermegiň usullaryna düşünilýär, olar ulanylan mahalynda, göwrede çaga galmagyň aýry-aýry ýa-da ähli tapgyrlary hem-de düwünçegiň irki ösüşi, şol sanda donorlara degişli ýa-da aýratyn şertlerde saklanylan (kriokonserwirlenen) jyns öýjükleriniň, bedeniň önelge agzalarynyň dokumalarynyň we düwünçegiň peýdalanylmagy bilen, enäniň (surrogat ene) bedeninden daşarda amala aşyrylýar. Surrogat enelik mahalynda donor düwünçegi geçirilenden soň, düwünçegi göwresinde göterýän aýal bilen tohumlandyrmak üçin jyns öýjükleri peýdalanylan geljekki ene-atanyň (ýalňyz ene ýa-da ýalňyz ata) arasynda şertnama baglaşylýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan Surrogat enelik hakyndaky şertnama (şu Tertibe 1-nji goşundy) döwlet notarial tertibinde tassyklanylýar. Surrogat enelik hakyndaky şertnama döwlet notarial edarasyna tassyklanylmagyna berilmezinden öň, bu şertnama kömekçi önelge tehnologiýalaryny ulanýan degişli saglygy goraýyş edarasy tarapyndan tikilen, sahypalanan we möhür bilen berkidilen bolmalydyr.

3. Ikisiniň hem ýazmaça razylygy bolan mahalynda är-aýalyň, şeýle hem ýüz tutan pursatynda nikada durmaýan aýalyň (mundan beýläk - är-aýal ýa-da nikada durmaýan aýal) kömekçi önelge tehnologiýalaryny ulanmaga hukuklary bardyr.

4. Kömekçi önelge tehnologiýalary ulanylan mahalynda çaganyň jynsyny saýlamaga maşgalada ikiden köp jynsy birmeňzeş çaga doglan (bolan) mahalynda rugsat berilýär.

5. Kömekçi önelge tehnologiýalarynyň ulanylandygy hakynda maglumatlar lukmançylyk syryny düzýär. Saglygy goraýyş işgärleriniň eýeleriniň razylygy bolmazdan, jyns öýjüklerini, bedeniň önelge agzalarynyň dokumalaryny we düwünçegi ulanmaga hukuklary ýokdur.


II bap. Saglygy goraýyş kömegini bermegiň tapgyrlary. Kömekçi önelge tehnologiýalary ulanmak bilen saglygy goraýyş kömegini bermek üçin är-aýaly ýa-da nikada durmaýan aýaly saýlamak


6. Raýatlara kömekçi önelge tehnologiýalary (mundan beýläk – KÖT) ulanmak ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömeginiň, ýöriteleşdirilen, şol sanda ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömeginiň çäklerinde amala aşyrylýar.

7. KÖT-lary ulanmagyň görkezijilerini anyklamak we önelgesizligiň sebäbini kesgitlemek şu aşakdaky tertipde amala aşyrylýar:

1) endokrin we owulýator statusyna baha bermek (prolaktiniň derejesini anyklamak; gandaky gonadotropin we steroid gormonlary, ýatgynyň we döremäniň ultrasesli transwaginal barlamasy);

2) ýatgy ýollarynyň geçirijiligini we kiçi çanak agzalarynyň (laparoskopiýa usuly bilen) ýagdaýlaryna baha bermek, eger-de aýal laparoskopiýa garşy bolsa, barlamanyň başga usullary - gisterosalpingografiýa, kontrastly ehogisterosalpingoskopiýa bilen ýerine ýetirilip bilner;

3) endometriýanyň ýagdaýyna (ýatgynyň ultrasesli transwaginal barlagy), gisteroskopiýa we ýatgynyň dokumalarynyň biopsiýasyna baha berlip bilner;

4) är-aýalyň ýa-da nikada durmaýan aýalyň eýakulýat barlagynda spermatozoidlaryň agglýutinasiýasy ýüze çykanda, spermatozoidlaryň goşulan antiglobulin reaksiýasy geçirilýär (MAR-TEST);

5) erkekde we aýalda urogenital ýokançlarynyň barlygyny barlamak.

8. Önelgesizligiň sebäbini anyklamagyň möhleti 3-6 aýdyr.

9. Önelgesizligiň sebäbi anyklanandan soňky, laparoskopiýa we gisteroskopiýa, düzedişler, owulýasiýanyň stimulýasiýasy we erkegiň önelgesizlik faktorynyň bejerişini öz içine almak bilen, geçirilen bejergi täsirsiz diýip hasaplanan ýagdaýynda, är-aýala ýa-da nikada durmaýan aýala KÖT-laryny ulanmak arkaly bejergi geçirilmäge ýollanylýar. Ýaşy 35-den ýokary bolan aýallar lukmanlaryň lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň netijesi bilen KÖT-lar ulanyp bejergi almaga möhletinden öň ýollanylyp bilner.

10. KÖT-laryň meýilnamasyny taýýarlamakda, ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini bermek basgançagynda KÖT-laryny ulanmaga otnositel we absolýut garşylyklaryny anyklamak üçin erkekde we aýalda şu aşakdaky barlaglar geçirilýär:

1) ganda öçügsi treponema bolan antitelalary anyklamak;

2) adamyň immunodefisit wirusyna (mundan beýläk – AIW) bolan M,G klasly antitelalary, ganda bolan ýönekeý gerpes wirusyny we SMW anyklamak;

3) jyns agzalarynyň aerob we fakultatiw anaerob mikroorganizmlere, kandida görnüşli kömeleklere bölýän mikroskopik barlaglary;

4) hlamidiýa, mikoplazma we ureaplazma mikrobiologik barlagy.

11. Aýallarda şu aşakdaky barlaglar geçirilýär:

1) ganyň umumy barlagy, ganyň umumy biohimiki barlagy, koagulogramma (gemostaz ulgamyň nazara tutulýan barlagy);

2) peşewiň umumy barlagy (seljermesi);

3) ganda gyzylja (krasnuha) wirusyna M,G klasly antitelalary boýunça anyklama;

4) jynsy akyndynyň mikroskopik barlagy;

5) ýatgynyň boýunjagazynyň sitologiýa barlagy;

6) kiçi çanaklaryň agzalarynyň ultrasesli barlama;

7) öýkeniň flýuorografiýasy (12 aýyň dowamynda şu barlagdan geçmedik aýallar üçin);

8) elektrokardiogrammalary hasaba almak;

9) terapewt-lukmanyň kabuly (gözegçilik, maslahat).

12. Ýaşy 35-den ýokary bolan aýallara mammografiýa barlagy geçirilýär. Ýaşy 35-e çenli aýallara süýt mäzleriniň ultra sesli barlagy geçirilýär, ultrasesli barlagyň netijesinde süýt mäzleriniň patologiýasynyň alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda mammografiýa barlagy geçirilýär.

13. Anamnezdäki (şol sanda ýakyn garyndaşlarynda) ösüşinde nesilden geçýän kemçilikler we hromosom keselleri bolan aýallara hem-de ilkinji amenoreýadan ejir çekýän aýallara genetik-lukmanyň gözegçiligi (maslahaty) we hromosom jübütleriniň barlagy bellenýär.

14. Endokrin bozulmalar ýüze çykanda, endokrinolog-lukmanyň gözegçiligine (maslahatyna) ýollanylýar, şeýle hem galkan görnüşli we jübüt galkan görnüşli, böwrek we böwrek üsti mäzleriň ultra sesli barlagy geçirilýär.

15. Aýallaryň ärlerine (aýal bilen nikada durman bilelikde ýaşaýan erkege) eýakulýat barlagy geçirilýär.

16. Hirurgik bejergi talap edýän kiçi çanak agzalarynyň kemçiligi ýüze çykanda, aýala ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegi berilýän tapgyrda laparoskopiýa we gisteroskopiýa geçirilýär. Gidrosalpinks bar bolan ýagdaýynda tubektomiýa geçirilýär.

17. Mono we bipolýar koagulýasiýa täsiri goşulanda-da, daşky durky üýtgemeýän ýumurtgajyklara hiç hili şikes ýetmeli däldir.

18. Laparoskopiýa geçirilende, subseroz we interstisial miomatoz düwünleri ýüze çykanda, olaryň ýerleşişi we ölçegi (4 sm. uly) göwreliligiň gidişine erbet täsir edýän bolsa, olary aýyrýarlar. Gisteroskopiýa geçirilende submukoz miomatoz düwünler we endometriýa polipleri ýüze çykanda gisterorezektoskopiýa geçirilýär.


III bap. Ekstrakorporal tohumlandyrmany ulanmagyň tertibi, KÖT-laryň esaslandyrylan meýilnamasy (ekstrakorporal tohumlanmasy)

 

19. Ekstrakorporal tohumlanmasynyň (mundan beýläk - EKT) esaslandyrylan meýilnamasy şu aşakdaky görkezijiler boýunça geçirilýär:

1) keseliň kesgidi goýlan wagtyndan 9-12 aýyň dowamynda aýal we erkegiň önelge işiniň bozulmagy endoskopiýa we gormonal düzetme usullaryny ulananda-da, bejerip bolmaýan önelgesizlik boýunça;

2) EKT-ny ulanmazdan, göwrelilik bolmaýan keseller boýunça;

3) Kömekçi önelge tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň garşy görkezmeleriniň sanawy (mundan beýläk – Sanaw, şu Tertibe 2-nji goşundy) boýunça.

20. EKT-nyň meýilnamasy şu aşakdaky çäkler boýunça ulanylýar:

1) owarial rezerwiň peselmegi boýunça (ultrasesli ýumurtgalyklaryny we ganda antimýuller gormon derejesini barlamak esasynda);

2) EKT-nyň meýilnamasy boýunça bejeriş işleri täsirsiz bolan ýagdaýlar we donor hem-de kriokonserwirlenen jyns öýjükleriň we embrionlaryň ulanylmagy, şeýle hem Surrogat ene bolmak boýunça görkezijide (şu Tertibe 3-nji goşundy) görkezilendäki ýagdaýlar boýunça;

3) aýallarda jyns bilen baglanyşykly nesilden geçýän keselleri boýunça (gemofiliýa, Dýuşeniň beden etiniň distrofiýasy, ihtioz, X-hromosomy bilen bagly, Şarko Mari nerw amiontrofiýasy we ş.m.) (genetik-lukmanyň netijeleri esasynda hususy oositleri ulanyp EKT-nyň meýilnamasyny geçirmek mümkindir).

21. Esaslandyrylan meýilnamasy geçirilýän är-aýala ýa-da nikada durmaýan aýala kömekçi önelge tehnologiýalar ulanylanda, olaryň Kömekçi önelge tehnologiýalarynyň ulanylmagyna ýazmaça razylygy (şu Tertibe 4-nji goşundy) alynýar hem-de Kömekçi önelge tehnologiýalar ulanylanda hassanyň ambulator (stasionar) kartasyna Goşmaça sahypa (şu Tertibe 5-nji goşundy) laýyklykda lukmançylyk kartasyna goşmaça sahypa doldurylýar.

22. EKT-nyň esaslandyrylan meýilnamasyny amala aşyrmak, şu aşakdaky basgançaklary öz içine alýar:

1) ýumurtgalyklaryň monitoring jogaby we endometriýanyň ýagdaýynyň superowulýasiýanyň stimulirlenmesiniň netijelerini nazara almak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen tertipde döwlet belligine alnan, superowulýasiýa derman serişdeleri bilen gonadotropin-rilizing gormonlar, gonadotropinler, menotropinler stimulirlenmesi, şoňa görä mukdarynyň düzümi we üýtgeşme girizme indiwidual geçirilmegini;

2) ýumurtgalygyň follikullaryndan ýumurtga öýjükleri almak amalyny transwaginal (agyrysyz usul) usulynda follikullaryň punksiýasyny ultrasesli gözegçilik barlagy bilen alyp bolar (transwaginal usuly bolmadyk ýagdaýynda oositler lararoskopiýa usuly bilen alyp bolar), aýalyň meýletin razyçylygy alnan şertinde, agyrysyzlandyrýan usuly anesteziolog-reanimatolog – lukmanyň kesgitlemegini;

3) erkegiň (ýanýoldaşynyň) ýörite taýýarlanan spermasy bilen oositleriň inseminasiýasy we embrionlaryň ösdürilmegini;

4) embrionlaryň ýatgynyň içine goýulmagy (ýatgy boşlugyna 2 embriondan köp geçirmeli däl), 3 embrion geçirme aýalyň çözgüdi bilen bejeriş işlerini alyp barýan lukmanyň oňa dowamsyz ýokary howply derejede, doly göterilmedik çagalaryň arasynda keselçilik we ýaşaýşa bolan ukybynyň pes bolýandygy barada beren doly maglumatyň esasynda kabul edilmegini.

23. Artykmaç jyns öýjükleriň (embrionlar) geljekdäki alnyp barlyş meýilnamasynyň ugry, şu jyns öýjükleri özüne degişli bolan şahsyň razyçylygyna hem-de donorlyk we kriokonserwasiýalaryň saklanyşy, möhleti görkezilen ýazmaça ylalaşygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

24. Stimulirlenen aýbaşy sikliň lýutein fazasyny goldamak, ýörite toparlara degişli derman serişdeleri bilen geçirilýär.

25. Göwreliligiň anyklanyşy ganda we peşewde horiongonadotropiniň derejesini barlamak ýoly bilen, embrionlaryň geçirilen möhletinden 12-14 senenama gününden soňra amala aşyrylýar.

26. Köp düwünçekli göwrelilik ýüze çykanda we köp düwünçekli göwrelilik bilen bagly, dogumyň we täze doglan çaganyň perinatal döwründe agyrlaşmasynyň öňüni almak maksady bilen, Embrionlaryň reduksiýasyny amala aşyrmaga meýletin ylalaşyga (şu Tertibe 6-njy goşundy) laýyklykda embrionlaryň reduksiýasy (ýaşaýyşy duruzma) amaly geçirilýär.

27. Reduksiýa boljak embrionlaryň sany bejeriji lukmanyň görkezmesi boýunça aýal tarapyndan kesgitlenýär.

28. Reduksiýa boljak we saklanjak embrionlaryň saýlanmasy, göwreliligiň 12 hepdä çenli möhleti bolan ýagdaýynda, ultrasesli barlag esasynda geçirilýär.

29. Embrionlara (transwaginal, transserwikal, transabdominal) ygtyýarlyk we olaryň ösüş usullaryny bes etmegi, her bir anyk ýagdaýda bejeriş işlerini alyp barýan lukman tarapyndan saýlanylýar.

30. Ösýän embrionlaryň sanyny kemeltmek üçin, amaly geçirmäge absolýut garşy görkezijileri dürli agzalarda ýerleşen ýiti sowuklama bolup durýar.

31. Ösýän embrionlaryň sanyny kemeltmek üçin, amaly geçirmegiň otnositel garşy görkezijileri göwreliligiň öz-özünden düşmek howpy bolup durýar.


IV bap. Oosidiň sitoplazmasyna spermatozoidyň sanjymy


34. Oosidiň sitoplazmasyna spermatozoidyň sanjymy (mundan beýläk - OSSS) üçin şu aşakdaky görkezijiler bolup durýar:

1) spermatogeneziň agyr bozulmagy;

2) eýakulýator disfunksiýasy;

3) EKT-yň öňki meýilnamasynda oosidiň tohumlanmasynyň göteriminiň (20%) pesligi ýa-da ýoklugy;

4) oositleriň sanynyň azlygy (4-den köp däl).

35. Spermatozoidlaryň hirurgik alnyş boýunça görkezijileri şular bolup durýar:

1) obstruktiw azoospermiýa;

2) eýakulýator disfunksiýa, şol sanda retrograd eýakulýasiýa.

36. Spermatozoidleri hirurgik alynmagynyň garşy görkezijileri dürli ýiti ýokanç keseller bolup durýar.

37. Spermatazoidleri almagyň usulyny androlog-urolog lukmany ýerine ýetirýär.

38. Embrionlary ýatgy boşlugyna geçirmezden öň, görkezijilere görä (aýalyň ýaşy 35-den ýokary, anamnezde oňat hilli embrionlary geçirmekde EKT-ň 3 ýa-da ondan köp gezekli şowsuz synanyşmasy; perde gabygynyň gurluşynyň üýtgeýşi, kriokonserwirlenen embrionlaryň ulanylyşy) öwüşgin daşly perde gabygyny (hetçing) bölmek arkaly amala aşyrmak maslahat berilýär.

39. Nesilden-nesle geçýän keselli çagalaryň dogulmak howpy ýokary bolan ýagdaýynda implantasiýadan öňki genetiki barlagyny (FISH) geçirmek maslahat berilýär.


V bap. Jyns öýjükleriniň, agzalarynyň we embrionlaryň önelge

dokumalarynyň kriokonserwasiýasy


40. Raýatlaryň öz jynsy öýjükleri, önelge agzalarynyň we embrionlarynyň dokumalaryny (mundan beýläk - biomaterial) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde öz hususy serişdeleriniň hasabyna kriokonserwasiýa etmäge we saklamaga haky bardyr.

41. Biomateriallary kriokonserwasiýa etmek boýunça görkezijileri:

1) himiýa bejeriş ýa-da şöhleli bejeriş geçirilmezinden öň, jyns öýjükleriniň, embrionlaryň we önelge agzalarynyň dokumalarynyň saklanmagynyň zerurlygy;

2) önelgesizligi bejermekde, şol sanda KÖT-laryň meýilnamalaryny geljekde ulanmak maksady bilen jyns öýjükleriniň, embrionlaryň we önelge agzalarynyň dokumalarynyň saklanmagynyň zerurlygy;

3) önelgesizligi bejermekde, şol sanda KÖT-laryň meýilnamalarynda donor jyns öýjüklerini saklamagynyň zerurlygy;

4) jyns öýjükleriniň, embrionlaryň we önelge agzalarynyň dokumalarynyň kriokonserwasiýasy we onuň saklanyşy är-aýalyň ýa-da nikada durmaýan aýalyň islegi boýunça amala aşyrylýar.

42. Ýumurtgajygyň dokumalarynyň ýa-da ýumurtgajyklardaky döremäniň kriokonserwasiýasynda spermatozoidlar bar bolan ýagdaýynda, EKT (OSSS) meýilnamasyna laýyklykda, geljekde ulanmak üçin doňdurylýar.

43. Alnan biomateriallary daşamak 36,6 – 37 С ýylylykda geçirilýär. Embriologiýa barlaghanasyna materialy onuň alnan wagtyndan 3 sagatdan gijä galman eltilmelidir.

44. Jyns öýjükleriniň, önelge agzalarynyň dokumalaryny we embrionlary doňdurmagyň we eretmegiň usullarynyň saýlanyşy şahsy tertipde (her kim üçin aýratyn – indiwidual) anyklanylýar.

45. Kriokonserwirlenen jyns öýjükleriniň, önelge agzalarynyň dokumalarynyň we embrionlaryň saklanyşy suwuk azotly ýörite bellikli gaplarda amala aşyrylýar.

46. Saglygy goraýyş edarasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kriokonserwirlenen jyns öýjükleriniň, önelge agzalarynyň dokumalarynyň we embrionlaryň saklanyşyna we olar boýunça şertleriň ýerine ýetirilişine jogapkärdir.

47. Biomaterialy äkitmäge berlende, şu aşakdaky görkezilenler bilen ugradyjy haty taýýarlamalydyr:

1) biomaterialyň görnüşini görkezmek bilen kriokonserwasiýanyň wagty;

2) är-aýalyň ýa-da nikada durmaýan aýalyň familiýasy, ady, atasynyň ady (jyns öýjükleri tohumlama üçin ulanylan erkek we aýallaryň embrionlarynyň kriokonserwasiýasy ýagdaýynda, anonim donoryň ady, familiýasy görkezilmeýär);

3) doňdurylan biomaterialyň hili;

4) biomaterialyň kriokonserwasiýasy we saklanyşy üçin gurşaw;

5) biomaterialy daşamak üçin berlen wagty;

6) biomaterialy daşamak üçin kabul eden şahsyň goly.

48. Är-aýalyň ýa-da nikada durmaýan aýalyň ýazmaça arzasy esasynda kriokonserwirlenen jyns öýjükleri, önelge agzalarynyň dokumalary we embrionlary olaryň özlerine berilýär.


VI bap. Donor oositleriň ulanylmagy


49. 18 ýaşdan 35 ýaşa çenli bolan, beden we psihiki taýdan sagdyn, saglygy goraýyş – genetik barlagyndan geçen aýallaryň oositleriň donory bolmaga haky bardyr. Oositleriň donorlary gizlin däl bolşy ýaly, gizlin donor hem bolup bilýär.

50. KÖT-laryň meýilnamasynda oositleriň donorlaryny ulanmagyň görkezijileri:

1) tebigy menopauzalar, ýumurtgajyklaryň wagtyndan öň igleme sindromy, rezist ýumurtgajyklaryň sindromy, owarioektomiýa, radio ýa-da himiýa bejergi, genetik kesellerden soňky ýagdaýlary şertlerinde oositleriň ýoklugy;

2) EKT (OSSS) meýilnamasyny gaýtadan şowsuz geçirilmegine synanyşma (3 we ondan köp), ýumurtgajyklaryň superowulýasiýasynyň stimulýasiýasyna ýeterlikli däl jogap bermegi hem-de birnäçe gezek embrionlaryň pes hili, olaryň geçirilmegi göwrelilige eltmeýändigi we owarial rezerwiň peselmegi bolup durýar.

51. Oositleriň donorynyň dergisi esasynda, Oositler donorynyň şahsy kartasy (şu Tertibe 7-nji goşundy) doldurylýar.

52. Donor oositlerini ulanyp KÖT-lary geçirilende superowulýasiýa we ýumurtgajygyklaryň follikul punksiýasy ýumurtga öýjüklerini toplamak aýal donorlarda geçirilýär. Donordan oositleri almagyň garşy görkezijileri, Kömekçi önelge tehnologiýalary ulanmaga garşy görkezijileriniň sanawyna girizilen donor aýalda bar bolan keseller bolup bilýär.

53. Oositleriň donorlygy donor aýalyň meýletin ylalaşykly we onuň oositleriniň beýleki näsag üçin ulanmaga razylyk bermegi esasynda amala aşyrylýar.

54. Akuşer-ginekolog lukman EKT-laryň her bir synagyndan öň, saglygy goraýyş barlagyny geçirýär we barlagyň meýilnamasyna laýyklykda barlaghana barlaglarynyň öz wagtynda geçirilişine we netijelerine gözegçilik edýär.

55. Oositleriň donorlaryna şu Tertibiň onunjy-on altynjy böleklerine laýyklylda barlag geçirilýär.


VII bap. Donor spermasynyň ulanylyşy

 

56. 18 ýaşdan 35 ýaşa çenli bolan, beden we ruhy taýdan sagdyn, saglygy goraýyş – genetik barlagyndan geçen erkekleriň sperma donory bolmaga haky bardyr. Sperma donorlary gizlin däl bolşy ýaly, gizlin donor hem bolup bilýär.

57. Donor spermalaryny ulanyp, EKT-ny geçirmek boýunça görkezijileri:

1) erkegiň (partnýor) spermasyny ulanmak bilen, geçirilen EKT-nyň (OSSS) meýilnamasynyň netijesizligi;

2) aýallarda jynsy jübütiniň ýoklugy;

3) erkekde (jynsy jübütinde) azoospermiýa, erkekde (jynsy jübütinde) nesil keselleri.

58. Sperma donorlygy erkek-donoryň kliniki, laboratoriýa, saglygy goraýyş-genetik barlaglaryndan soňky ylalaşygy bar bolan ýagdaýynda amala aşyrylýar.

59. Sperma donoryna degişli maglumatlar Sperma donorynyň şahsy kartasyna (şu Tertibe 8-nji goşundy) laýyklykda doldurylýar.

60. Donor saýlamak çärelerini (gizlin bolan ýagdaýlarynda) ýeňletmek üçin, sperma donorynyň daşky maglumatlary görkezilen (boýy, agramy, gözüniň reňki, saçynyň reňki, gulak we burnunyň sekli we başgalar), şeýle hem donoryň saglygy goraýyş, saglygy goraýyş - genetik barlaglarynyň netijeleri, jynsy we milleti görkezilen donor sanawy düzülýär.

61. Sperma donorlaryna şu Tertibiň onunjy-on bäşinji böleklerine laýyklykda barlag geçirilýär.

62. Diňe kriokonserwirlenen donor spermasynyň gaýtadan alynmagy (kriokonserwasiýadan 6 aýdan soň), donoryň otrisatel barlagynyň netijesinde ganda solak treponema, M,G AIW-1, AIW-2 klasly antitel, B, C gepatit wiruslara antitel anyklananda ulanmaga rugsat berilýär.


VIII bap. Donor embrionlarynyň ulanylyşy


63. Donorçylyk üçin embrionlary donoryň oositlerini donor spermasy bilen tohumlandyrma netijesinde alyp bolar.

64. Donorçylyk maksady bilen, är-aýalyň ýa-da nikada durmaýan aýalyň ikitaraplaýyn ýazmaça ylalaşygy bolan ýagdaýynda geçirilen EKT–dan soň galan embrionlary ulanyp bolar.

65. Kriokonserwasiýa geçirmäge dogry gelmeýän we kriokonserwirlenen donor embrionlaryny ulanmaga rugsat berilýär.

66. Resipientlere donor embrionlary ulanylanda, olara donoryň daşky keşbi barada, şeýle hem donorlaryň saglygy goraýyş, saglygy goraýyş - genetik barlagynyň netijeleri esasynda, jynsy we milleti barada Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maglumat berilmelidir.

67. Donorlaryň embrionlaryny ulanyp EKT geçirmek boýunça görkezijiler:

1) jübütlerde öz jynsy öýjükleriniň ýokdugy;

2) nesilden geçýän keselleriniň ýokary derejede ösmek howpy;

3) pes hilli embrionlaryň birnäçe gezek alynmagy, olaryň geçirilmeginiň göwrelilige eltmedik ýagdaýlary (EKT–nyň 3 ýa-da ondan köpräk synanyşygy).

68. Embrion donory bolan aýallara şu Tertibiň onunjy-on altynjy böleklerine laýyklykda barlag geçirilýär.


IX bap. Äriň ýa-da donoryň spermasy bilen emeli inseminasiýa etmek


69. Donoryň döli bilen emeli inseminasiýa (mundan beýläk - EI) geçirmek boýunça görkezijiler şu aşakdakylardan ybarat bolup durýar:

1) äri tarapyndan spermatogeneziň agyr bozulyşy we eýakulýator seksual bozulma nesilden geçýän keselleriniň emele gelmeginiň ýokary töwekgelçiligi;

2) aýal tarapyndan jyns ýoldaşynyň ýok bolmagy.

70. Donoryň döli bilen EI-ny geçirmegi diňe kriokonserwirlenen döli ulanmak bolýar.

71. Äriniň döli bilen EI-ny geçirmek şu aşakdakylardan ybarat bolup durýar:

1) äri tarapyndan subfertil döl eýakulýator seksual bozulmagy;

2) aýal tarapyndan serwikal nemiň önelgesizligi, waginizm.

72. Äriniň döli bilen EI-ny geçirmekde natiw, öňünden taýýarlanan ýa-da kriokonserwirlenen döli ulanmak mümkin bolýar.

73. Aýallarda EI-ny geçirmek üçin ulanmagyň garşylyklarynda görkezilen keselleriniň (ýagdaýy) bar bolmagy we iki ýatgy turbalarynyň ýapyk bolmagy.

74. EI-ny geçirmek üçin çäklendirme, onuň gaýtadan geçirilmeginiň şowsuz bolmagy (3 gezekden köp) bolup durýar.

75. Äriniň (ýoldaşynyň) ýa-da donoryň dölini almagyň kararyny lukman tarapyndan äriniň (ýoldaşynyň) ýa-da donoryň dölini almagyň artykmaçlyklary we kemçilikleri barada, eýakulýatyň sanly we hilli häsiýetleri barada maglumat berilmeginiň esasynda är-aýal ýa-da nikada durmaýan aýal çözýär.

76. EI-ny ulanmak baradaky gözükdirijilere laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen tertipde döwlet belligine alnan, derman serişdeleri ulanmak arkaly EI tebigy döwürde, şeýle hem owulýasiýany we superowulýasiýany stimulirlemegi ulanyp bolar.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda 1521bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.