"Programma önümini sertifikatlaşdyrmagyň Tertibini tassyklamak hakynda” “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2021-nji ýylyň 17-nji awgustynda çykaran 253-iş belgili buýrugy

Programma önümini sertifikatlaşdyrmagyň Tertibini 

tassyklamak hakynda


2020-nji ýylyň 14-nji martynda kabul edilen “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasyna hem-de 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasynyň 8-nji bendiniň “a” kiçi bendine, 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda kabul edilen “Algoritmleriň, elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hukuk taýdan goralyşy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, buýurýaryn:

1. Programma önümini sertifikatlaşdyrmagyň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmen standartlar maglumat merkezi Türkmenistanyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna şu buýrugyň birinji böleginde görkezilen tertibiň kabul edilendigi barada habar bermeli hem-de gyzyklanýan taraplaryň ýüz tutmalary esasynda agzalan tertibiň zerur bolan nusgalary bilen bellenilen tertipde üpjün etmek boýunça degişli işleri geçirmeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary B.Klyçew we Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikatlaşdyryş bölümiň başlygy gözegçilik etmeli.


 Başlyk M. Hojagulyýew

 


 

 

Programma önümini sertifikatlaşdyrmagyň 

Tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Şu Programma önümini sertifikatlaşdyrmagyň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) 2020-nji ýylyň 14-nji martynda kabul edilen “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasyna, 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasynyň 8-nji bendiniň “a” kiçi bendine hem-de 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda kabul edilen “Algoritmleriň, elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hukuk taýdan goralyşy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy hem-de Türkmenistanda öndürilen we daşary ýurt döwletlerinden getirilýän programma önümlerini sertifikatlaşdyrmagyň tertibini kesgitleýär.

2. Şu Tertibiň talaplary programma önümini sertifikatlaşdyrmak işine gatnaşyjy bolan eýeçiligiň we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ýuridik şahslar hem-de görkezilen işi amala aşyrýan fiziki şahslar üçin hökmanydyr.

3. Şu Tertipde ulanylýan düşünjeleriň manysy «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» we «Algoritmleriň, elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hukuk taýdan goralyşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda kesgitlenilýär, şeýle hem şu Tertibiň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) arza beriji – “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyna (mundan beýläk – Gulluk) programma önümini sertifikatlaşdyrmak üçin ýüz tutýan fiziki we ýuridik şahslar;

2) programma önümi - ulanyjylara, sarp edijilere ýerlemek maksady bilen elektron göterijide ýa-da internet tory arkaly iberilýän taýyn programma tehniki serişdeleri we enjamlary (EHM programmalary we beýleki kompýuter enjamlary üçin programmalar) hem-de programma üpjünçiligi.


II bap. Türkmenistanda öndürilen programma 

önümini sertifikatlaşdyrmagyň tertibi

 

4. Türkmenistanda öndürilen programma önümini sertifikatlaşdyrmak üçin Arza beriji tarapyndan Gulluga degişlilikde şu aşakdaky görkezilen resminamalar berilmelidir:

Türkmenistanda öndürilen programma önümi bolan programma üpjünçiligi üçin:

a) arza;

b) ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs - hususy telekeçi (mundan beýläk - hususy telekeçi) üçin:

pasportynyň ýa-da onuň şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy;

hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alnandygy baradaky şahadatnamanyň nusgasy;

eger hususy telekeçi ynanylan wekiliň üsti bilen hereket edýän bolsa - ynanylan wekiline berlen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde tassyklanan ynanç hatynyň asyl nusgasy;

ç) ýuridik şahs üçin:

esaslandyryş resminamalarynyň nusgalary;

Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň Ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky Şahadatnamanyň nusgasy;

onuň ynanylan wekiline berlen şol ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň goly we möhri bilen tassyklanan ynanç hatynyň asyl nusgasy;

d) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynda programma önüminiň bellige alnandygy barada resminamanyň nusgasy;

e) amala aşyrýan işiň görnüşlerine baglylykda talap edilýän degişli ygtyýarnamanyň nusgasy;

ä) programma üpjünçiliginiň düýp kodlary barada elektron göterijilere geçirilen maglumat;

f) sertifikatlaşdyrylmaga hödürlenýän programma önümler bir atdan köp bolan halatynda ýa-da programma önümi barada maglumat uly möçberde bolanda arzanyň ýany bilen goşulýan ýöriteleşme;

g) programma önümi bolan programma üpjünçiligi barada maglumatnama (şu

Tertibe goşundy);

h) programma önümiň hil delilnamasy, ýagny programma üpjünçiliginiň hilini standartlar bilen tassyklaýan delilnama;

i) programma önüminiň tehnologiki reglamenti (tehniki şerti);

j) arza berijiniň (ýuridik şahs üçin –onuň işgärleriniň) iş tejribesi, ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgileri, bilimi hakynda resminamalar barada maglumatlary;

ž) programma üpjünçiligi ýazylan enjamlaryň sanawy;

k) Programma önüminiň bahasyny tassyklaýan resminama;

l) sertifikatlaşdyrmak boýunça hyzmatlar üçin tölegiň tölenendigini tassyklaýan resminama;

2) Türkmenistanda öndürilen programma önümi bolan tehniki serişdeleri we enjamlary üçin:

a) arza;

b) ýuridik şahs üçin - esaslandyryş resminamalarynyň, Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň we onuň ynanylan wekiline berlen şol ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň goly we möhri bilen tassyklanan ynanç hatynyň asyl nusgalary;

ç) fiziki şahs üçin:

hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alnandygy baradaky şahadatnamanyň nusgasy;

onuň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy;

eger ynanylan wekiliň üsti bilen hereket edýän bolsa - ynanylan wekiline berlen ynanç hatynyň asyl nusgasy;

d) amala aşyrýan işiň görnüşlerine baglylykda talap edilýän degişli ygtyýarnamanyň nusgasy;

e) sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän programma önümi bolan tehniki serişdeler we enjamlar bir atdan köp bolan halatynda ýa-da tehniki serişdeler we enjamlar barada maglumat uly möçberde bolanda arzanyň ýany bilen goşulýan ýöriteleşmesi;

ä) tehniki serişdäniň we enjamyň hil delilnamasy;

f) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 24-nji maýynda çykaran 1236-njy karary bilen tassyklanan, Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary taslamagyň, işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň, gurnamagyň (oturtmagyň), edinmegiň, ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtlardan getirmegiň tertibi hakynda Düzgünnama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan berilýän rugsatnamanyň nusgasy;

g) Programma önümi bolan tehniki serişdäniň we enjamyň tehnologiki reglamenti (tehniki şerti);

h) sertifikatlaşdyrmak boýunça hyzmatlary üçin tölegiň tölenendigini tassyklaýan resminamasy.

Şu bölekde hem-de şu Tertibiň beýleki böleklerinde bellenen Arza beriji tarapyndan tabşyrylmaga degişli resminamalaryň nusgalary 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda şaýatlyk edilmäge degişlidir.

Şu bölekde görkezilen resminamalardaky maglumatlaryň takyklygyna jogapkärçilik Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Arza beriji çekýär.

5. Arza beriji tarapyndan resminamalar döwlet dilinde beýan edilen görnüşde tabşyrylmalydyr. Eger, Arza beriji tarapyndan tabşyrylýan resminama daşary ýurt dilinde beýan edilen bolsa, onuň ýanyna Türkmenistanyň çägindäki terjime edaralary tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanan döwlet diline terjime edilen görnüşiniň goşulmagy hökmanydyr.

6. Gulluk şu Tertibiň dördünji böleginde görkezilen resminamalary kabul edip, Türkmenistanda öndürilen programma önümleri bolan programma üpjünçiligi we tehniki serişdeleri hem-de enjamlary degişlilikde sertifikatlaşdyrmak boýunça degişli işleriň geçirilmegi üçin Gullugyň Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikatlaşdyryş bölümine (mundan beýläk - Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölüm) Gullugyň degişli ýolbaşçysynyň ýazmaça tabşyrygy (rezolýusiýa) bilen geçirilýär we bu barada Gullukda ýöredilýän degişli hasaba alyş kitaplarynda degişli ýazgylar edilýär.

7. Arza beriji tarapyndan Gulluga beren arzasyna goşulan şu Tertibiň dördünji böleginde görkezilen resminamalaryň gelip gowşan gününden başlap Sertifikatlaşdyryş boýunça bölüminiň uly döwlet inspektory 1 (bir) iş gününiň dowamynda arzanyň dogry doldurylyşyna, berlen resminamalaryň ýeterlikdigine, toplumlaýynlygyna seredip, olaryň doly däl ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplara laýyk gelmeýän görnüşinde tabşyrylan halatynda, Arza berijä bu resminamalary bildirilýän talaplara laýyk getirmek üçin 10 (on) iş güni möçberde möhlet bellenilýär. Arza beriji bellenen möhletde arza goşulan resminamalar barada berlen bellikleri düzedip, Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölüme tabşyrmalydyr.

8. Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölümi programma önümi bolan programma üpjünçiligi sertifikatlaşdyrmak üçin şu Tertibiň dördünji böleginiň 1-nji bendinde görkezilen resminamalaryň gelip gowşan gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda olary seljerip we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelşini barlap, arza berijä laýyklyk sertifikatyny bermek ýa-da bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edýär. Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölüm tarapyndan arza berijä laýyklyk sertifikatyny bermek hakynda çözgüt kabul edilende, laýyklyk sertifikaty iki asyl nusgada resmileşdirilip, çözgüdiň kabul edilen güni olaryň biri arza berijä berilýär, ikinji nusgasy bolsa bölümde galdyrylýar.

9. Programma önümi bolan tehniki serişdeleri we enjamlary sertifikatlaşdyrmak üçin Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölümiň uly döwlet inspektory tarapyndan sertifikatlaşdyrylmaga hödürlenen tehniki serişdäni we enjamy synag barlaghana synaglaryndan geçirilmegi üçin barlaghana ugrukdyrmasy resmileşdirilýär. Bu Ugrukdyrma esasynda synag barlaghananyň hünärmenleri 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda programma önümi bolan tehniki serişdäniň we enjamyň elektron göterijisiniň hersinden bir nusgalyk alýar we olaryň kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelşini barlaýar hem-de onuň netijileri barada degişli namalary resmileşdirýär.

Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölüm synag barlaghananyň geçiren synagynyň oňyn netijelerini alanda, şol netijeleriň gelip gowşan gününden başlap 2 (iki) iş gününiň dowamynda laýyklyk sertifikatyny iki asyl nusgada resmileşdirip, olaryň birini Arza berijä berýär, beýleki nusgasyny bolsa bölümde galdyrýar.

Laýyklyk sertifikaty Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölümiň başlygy we uly döwlet inspektory tarapyndan gol çekilip, bölümiň möhüri bilen tassyklanylýar.

Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölüm tarapyndan berlen laýyklyk sertifikatlar bellenen tertipde Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölümi tarapyndan alnyp barylýan sertifikatlaşdyrylan programma önümiň döwlet sanawynda hasaba alynýar.

Her bir programma önümine aýratynlykda synag barlaghananyň synaglarynyň netijesi we laýyklyk sertifikaty resmileşdirilýär.

10. Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölüm tarapyndan şu aşakdaky ýagdaýlarda laýyklyk sertifikatyny bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilýär:

1) Arza beriji tarapyndan Gulluga arza bilen ýüz tutan gününden başlap, şu Tertibiň dördünji böleginde görkezilen resminamalary doly däl ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplara laýyk gelmeýän görnüşinde tabşyryp, olary 10 (on) iş gününiň dowamynda düzedip tabşyryp bilinmedik ýagdaýynda;

2) programma önümi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda;

3) programma önümi bolan tehniki serişdeleri we enjamlar boýunça synag barlaghananyň beren netijeleri oňyn bolmadyk ýagdaýynda;

4) Gulluk tarapyndan hasaba alnan arzanyň Arza beriji tarapyndan seredilmän galdyrylmagyny sorap garşylyklaýyn arza ýazylan ýagdaýynda.

11. Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölüm tarapyndan şu Tertibiň onunjy böleginde bellenenleriň esasynda Arza berijä laýyklyk sertifikaty bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilende, bu barada Arza berijä 2 (iki) iş gününiň dowamynda habar berilýär, şeýle hem programma önümi ýerlemegi (ulanmagy) gadagan ediş namasy resmileşdirilýär.

12. Laýyklyk sertifikaty 6 (alty) aý möhlet bilen berilýär. Bu möhlet Arza berijiniň arzasy esasynda uzaldylyp bilner.


III bap. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän

taýyn programma önümini sertifikatlaşdyrmagyň tertibi


13. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän programma önümi sertifikatlaşdyrmak üçin Arza beriji tarapyndan Gulluga degişlilikde şu aşakdaky görkezilenler berilmelidir:

1) Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän programma önümi bolan programma üpjünçiligi üçin:

a) arza;

b) ýuridik şahs üçin:

onuň esaslandyryş resminamalarynyň “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda şaýatlyk edilen nusgasy;

Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň Ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky Şahadatnamanyň nusgasy;

onuň ynanylan wekiline berlen şol ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň goly we möhri bilen tassyklanan ynanç hatynyň asyl nusgasy;

ç) ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs - hususy telekeçi (mundan beýläk - hususy telekeçi) üçin:

pasportynyň ýa-da onuň şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy;

hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alnandygy baradaky şahadatnamanyň nusgasy;

eger hususy telekeçi ynanylan wekiliň üsti bilen hereket edýän bolsa - ynanylan wekiline berlen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde tassyklanan ynanç hatynyň asyl nusgasy;

d) amala aşyrýan işiň görnüşlerine baglylykda talap edilýän degişli ygtyýarnamanyň nusgasy;

e) eger-de programma önümi elektron göterijide Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen bolsa gümrük edaralary tarapyndan berilýän delilnamanyň nusgasy (gümrük barlagynyň namasynyň ýa-da harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ýere ýerleşdirilendigi hakynda delilnamanyň nusgasy), programma önümi internet tory arkaly iberilen bolsa arza berijiniň programma önümiň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen senesini görkezmek bilen tassyklaýjy haty;

ä) şertnamanyň (programma önümi Türkmenistana şertnama boýunça getirilen ýagdaýynda) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellenilen tertipde bellige alnan (hereket edýän kanunçylyga laýyklykda şeýle bellige alynmaga degişli bolsa) we tassyklanan nusgasy;

f) inwoýsyň nusgasy ýa-da hasap-fakturanyň nusgasy (programma önümi internet ulgamy arkaly iberilen bolsa elektron poçta ýa-da faksimil arkaly iberilen hasap-fakturanyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde tassyklanan nusgasy);

g) Programma önümi barada maglumatnama (şu Tertibe goşundy);

h) öndüriji tarapyndan programma üpjünçiliginiň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgalary;

i) sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän programma önümler bir atdan köp bolan halatynda ýa-da programma önüm barada maglumat uly möçberde bolanda arzanyň ýany bilen goşulýan ýöriteleşmesi;

j) Programma önümiň hil delilnamasy;

ž) Programma önümiň tehnologiki reglamenti (tehniki şerti);

k) Arza berijiniň we onuň işgärleriniň şahsy maglumatlary;

l) Programma önümiň bahasyny tassyklaýan resminamasy;

m) sertifikatlaşdyrmak boýunça hyzmatlary üçin tölegiň tölenendigini tassyklaýan resminamasy.

2) Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän programma önümi bolan tehniki serişdeleri we enjamlary üçin:

a) arza;

b) ýuridik şahs üçin - esaslandyryjy resminamalaryň, Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň, onuň ynanylan wekiline berlende wekiline berlen ynanç hatynyň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgalary;

ç) fiziki şahs üçin - hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda resminamanyň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgasy we onuň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy, onuň ynanylan wekiline berlende wekiline berlen ynanç hatynyň bellenilen tertipde tassyklanan nusgasy;

d) amala aşyrýan işiň görnüşlerine baglylykda talap edilýän degişli ygtyýarnamanyň nusgasy;

e) gümrük edaralary tarapyndan berilýän delilnamanyň nusgasy (gümrük barlagynyň namasynyň ýa-da harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ýere ýerleşdirilendigi hakynda delilnamanyň nusgasy);

ä) gümrük deklarasiýasynyň nusgasy (tehniki serişde we enjam internet ulgamy arkaly iberilen bolsa gümrük deklarasiýasy talap edilmeýär);

f) şertnamanyň (tehniki serişde we enjam Türkmenistana şertnama boýunça getirilen ýagdaýynda) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellenilen tertipde bellige alnan (hereket edýän kanunçylyga laýyklykda şeýle bellige alynmaga degişli bolsa) we onuň bellenilen tertipde tassyklanan nusgasy;

g) inwoýsyň ýa-da hasap-fakturanyň nusgasy;

h) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 24-nji maýynda çykaran 1236-njy karary bilen tassyklanan, Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary taslamagyň, işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň, gurnamagyň (oturtmagyň), edinmegiň, ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtlardan getirmegiň tertibi hakynda Düzgünnama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan berilýän rugsatnamanyň nusgasy;

i) sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän tehniki serişdeler we enjamlar bir atdan köp bolan halatynda ýa-da programma önüm barada maglumat uly möçberde bolanda arzanyň ýany bilen goşulýan ýöriteleşmesi;

j) tehniki serişdäniň, enjamyň we programma önümiň hil delilnamasy;

ž) Programma önümiň tehnologiki reglamenti (tehniki şerti);

k) Arza berijiniň we onuň işgärleriniň şahsy maglumatlary;

l) tehniki serişdäniň, enjamyň we programma önümiň bahasyny goşmak bilen umumy bahasyny tassyklaýan resminamasy;

m) sertifikatlaşdyrmak boýunça hyzmatlary üçin tölegiň tölenendigini tassyklaýan resminamasy.

14. Arza beriji tarapyndan resminamalar döwlet dilinde beýan edilmelidir. Arza berijiler resminamalary daşary ýurt dilinde tabşyryp bilerler, şunda olaryň ýanyna Türkmenistanyň çägindäki terjime edaralary tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanan döwlet dilindäki terjimesi goşulýar.

15. Gulluk şu Tertibiň on üçünji böleginde görkezilen resminamalary kabul edip, Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän programma önümi gurnalan programma üpjünçiligi we tehniki serişdeleri hem-de enjamlary degişlilikde sertifikatlaşdyrmak boýunça degişli işleriň geçirilmegi üçin Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölümine ýazmaça tabşyryk (rezolýusiýa) goýlup geçirilýär. Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölüm bu barada Gulluk tarapyndan ýöredilýän degişli hasaba alyş kitabynda ýazgy edýär.

16. Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölümi programma önümi bolan programma üpjünçiligi sertifikatlaşdyrmak üçin, şu Tertibiň on üçünji böleginiň 1-nji bendinde görkezilen resminamalaryň gelip gowşan gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda olary seljerip we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelşini barlap, arza berijä laýyklyk sertifikatyny bermek ýa-da bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edýär. Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölüm tarapyndan arza berijä laýyklyk sertifikatyny bermek hakynda çözgüt kabul edilende, laýyklyk sertifikaty iki nusgada resmileşdirilip, çözgüdiň kabul edilen gününden olaryň biri arza berijä berilýär, beýleki ikinji nusgasy bolsa bölümde galdyrylýar.

Arza beriji tarapyndan işlenip düzülen programma üpjünçiligi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna laýyk ýazylan bolmalydyr.

17. Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölümi programma önümi bolan tehniki serişdelerini we enjamlary sertifikatlaşdyrmak üçin, şu Tertibiň on üçünji böleginiň 2-nji bendinde görkezilen resminamalaryň gelip gowşan gününden başlap, 1 (bir) iş gününiň dowamynda arzanyň dogry doldurylyşyna, berlen resminamalaryň ýeterlikdigine, toplumlaýynlygyna seredip, bu tehniki serişdeleriň we enjamlaryň barlaghana synagyndan geçirilmegi üçin şol bölümiň uly döwlet inspektoryna ugrukdyrýar. Uly döwlet inspektory tarapyndan programma önümi bolan tehniki serişdäni we enjamy synag barlaghana synaglaryndan geçirmek üçin barlaghana ugrukdyrmasy resmileşdirilýär. Bu Ugrukdyrma esasynda synag barlaghananyň hünärmenleri 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda programma önümine degişli tehniki serişdäniň we enjamyň elektron göterijisiniň hersinden bir nusgalyk alýar we olaryň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelşini barlaýar hem-de onuň netijeleri barada degişli namalary resmileşdirýär.

Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölüm synag barlaghananyň geçiren synagynyň oňyn netijelerini alanda, şol netijeleriň gelip gowşan gününden başlap, 2 (iki) iş gününiň dowamynda laýyklyk sertifikatyny iki asyl nusgada resmileşdirip, olaryň birini Arza berijä berýär, beýleki ikinji nusgasyny bolsa bölümde galdyrýar.

Laýyklyk sertifikaty Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölümiň uly döwlet inspektory we başlygy tarapyndan gol çekilip, bölümiň başlygynyň möhri bilen tassyklanylýar.

Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölüm tarapyndan berlen laýyklyk sertifikatlar bellenen tertipde Sertifikatlaşdyryş bölümi tarapyndan alnyp barylýan sertifikatlaşdyrylan programma önümiň döwlet sanawynda hasaba alynýar.

Her bir programma önümine aýratynlykda synag barlaghananyň netijesi we laýyklyk sertifikaty resmileşdirilýär.

18. Eger programma önümi bir buýrujy üçin getirilip, programma önümi diňe buýrujynyň obýektinde ornaşdyrylandan soň, synag geçirmek mümkinçiligini berýän bolsa, programma önümiň test synagy ornaşdyrylýan ýerinde geçirilmelidir.

Sertifikatlaşdyrmak boýunça işleriň barşynda nusgalyk almaga gidilmegi, test synag geçiriljek ýerine gidilmegi, test synagyň degişli namasynyň Gulluga eltilmegi Arza beriji tarapyndan üpjün edilýär.

19. Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölüm tarapyndan şu aşakdaky ýagdaýlarda laýyklyk sertifikatyny bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilýär:

1) Arza beriji tarapyndan Gulluga arza bilen ýüz tutan gününden başlap, şu Tertibiň on üçünji böleginde görkezilen resminamalary doly däl ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplara laýyk gelmeýän görnüşinde tabşyryp, olary 10 (on) iş gününiň dowamynda düzedip getirip bilmedik ýagdaýynda;

2) programma önümi kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda;

3) programma önümi bolan tehniki serişdeleri we enjamlar boýunça synag barlaghananyň beren netijeleri oňyn bolmadyk ýagdaýynda;

4) Gulluk tarapyndan hasaba alnan arzanyň Arza beriji tarapyndan seredilmän galdyrylmagyny sorap garşylyklaýyn arza ýazylan ýagdaýynda.

20. Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölüm tarapyndan şu Tertibiň on dokuzynjy bölegine laýyklykda Arza berijä laýyklyk sertifikaty bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilende, bu barada Arza berijä 2 (iki) iş gününiň dowamynda habar berilýär, şeýle hem programma önümi ýerlemegi (ulanmagy) gadagan ediş namasy resmileşdirilýär.

21. Laýyklyk sertifikaty 6 (alty) aý möhlet bilen berilýär. Bu möhlet Arza berijiniň arzasy esasynda uzaldylyp bilner.

22. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän programma önümi sertifikatlaşdyrylanda programma önümiň hilini tassyklaýan daşary ýurt sertifikatlaryny ýa-da programma önümiň barlaghana synaglarynyň netijelerini ykrar etmegiň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2021-nji ýylyň 25-nji iýunynda 1482 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan “Önümi sertifikatlaşdyrmagyň Tertibini tassyklamak hakynda” “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2021-nji ýylyň 17-nji maýynda çykaran 161-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, Önümi sertifikatlaşdyrmagyň Tertibiniň VI babyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

IV bap. Jemleýji düzgünler

 

23. Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölümiň uly döwlet inspektory we synag geçiren barlaghana hünärmeni taýýarlanan programma önümiň eýesiniň awtorlyk hukugynyň bozulmagyna ýol beren halatynda, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

24. Arza beriji sertifikatlaşdyrmak babatyndaky işleriň (şol sanda daşary ýurt döwletiniň sertifikatlaryny ykrar etmek) netijelerine garamazdan sertifikatlaşdyrmak bilen baglanyşykly ähli çykdajylary bellenen tertipde, Gulluk tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşmak arkaly tassyklanan nyrhnamalara laýyklykda töleýär. Sertifikatlaşdyrmak üçin tölege test synaglar üçin tölegler hem girýär. Synaglaryň tölegleri programma önüminiň aýratynlygyna baglylykda sarp edilen wagta görä nyrhnama esasynda tölenýär.

25. Arza berijileriň sertifikatlaşdyrmak boýunça işleriň netijeleri bilen ýa-da Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölümiň kabul eden çözgütleri bilen razy bolmadyk halatynda 10 (on) iş gününiň dowamynda Gullugyň Appelýasiýa toparyna arza bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Appelýasiýa topary arzanyň barlagynyň netijeleri boýunça Arza berijä 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi görnüşde habar berýär.

26. Şu Tertipde göz öňüne tutulan programma önümi sertifikatlaşdyrmak boýunça resminamalary seljermek hem-de seljermeler boýunça netijeleri kabul etmek işleri Gullugyň kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

27. Arza beriji arzada we programma önümi boýunça görkezilýän maglumatlaryň dogrulygy, şeýle hem önümiň bahasynyň anyklygy üçin doly jogapkärçilik çekýär.

28. Şu ýagdaýlarda Gulluk sertifikatlaşdyrylan programma önüminiň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklygy boýunça jogapkärçiligi çekmeýär:

1) Sertifikatlaşdyrmak boýunça bölümiň beren laýyklyk sertifikatynyň hereket ediş möhleti geçenden soňra;

2) eger arza beriji ýa-da programmany ulanyjy laýyklyk sertifikatynyň möhletiniň dowamynda programma önümine üýtgetmeler, goşmaçalar (täzelese) girizse ýa-da ony talaba laýyk ulanmasa.

29. Sertifikatlaşdyrmak boýunça işlere gatnaşýan taraplar şu Tertibiň bozulmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekilýärler.

30. Şu Tertipde düzgünleşdirilmedik kadalar Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2021-nji ýylyň 25-nji iýunynda 1482 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan “Önümi sertifikatlaşdyrmagyň Tertibini tassyklamak hakynda” “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2021-nji ýylyň 17-nji maýynda çykaran 161-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan Önümi sertifikatlaşdyrmagyň Tertibine hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda düzgünleşdirilýär.



Programma önümini sertifikatlaşdyrmagyň

Tertibine goşundy


Türkmenstandartlary baş döwlet gullugynyň Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikatlaşdyryş bölümi üçin programma üpjünçiligi barada

 

MAGLUMATNAMA

 

 

 

..... /..... /20..... №: 1-_______

 

1.Programmanyň ady:    

2.Programmanyň wersiýasy:    

3.Programmanyň ýazylan senesi:  

4.Programmanyň ýazylan dili:  

5.Programmanyň gurulmazyndan öňki göwrümi we gurulandan soňky göwrümi (byte):  

6.Programmanyň ýerine ýetirýän wezipesi:  

7.Programma haýsy standartyň talaplaryna laýyk ýazylan:  

8.Programmanyň ýazylan ýeri (edara, firma doly ady):  

9.Programmany ýazan adamyň ady, familiýasy, işleýän ýeri we wezipesi:  

10.Öň nahili programmalary ýazyp gördi we nirelerde ulanylýar:  

11.Habarlaşmak üçin telefon belgisi, elektron poçta:  

12.Goşmaça maglumatlar:  

13.Talap edilýän resminamalar: Programmanyň düýp kody (исходный код), Ulanyş düzgünleri, tehniki talaplary, tehniki düşündirişi, Testing programmasy (awtomat test ulgamy).

 

14.Programmanyň wersiýasy täzelenen ýagdaýynda meýletin barlagdan geçirilip biler.

 

Maglumatnamany dolduran şahsyň ady, familiýasy, işleýän ýeri wezipesi:  

 

 

Maglumatnamanyň doldurylan senesi: Goly:

 

 / /20   


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 31-njy awgustynda 1502 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.