Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2021-nji ýylyň 9-njy awgustynda çykaran 38-iş belgili buýrugy

Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny döwlet belligine almaga hukugy bolan edaralarynda raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine alnyşynyň kitaplaryny we beýleki resminamalary saklamagyň möhletleri

we olary döwletiň saklamagyna tabşyrmagyň tertibini tassyklamak hakynda


2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen “Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň on birinji bölegini ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny döwlet belligine almaga hukugy bolan edaralarynda raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine alnyşynyň kitaplaryny we beýleki resminamalary saklamagyň möhletleri we olary döwletiň saklamagyna tabşyrmagyň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2004-nji ýylyň 31-nji maýynda 308 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan “Türkmenistanyň RÝNÝ bölümlerinde raýat ýagdaýynyň namalaryny hasaba alyş kitaplaryny saklamagyň şertleri we olary döwletiň saklamagyna tabşyrmagyň tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2004-nji ýylyň 28-nji maýynda çykaran 22 ÖB belgili buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasary S.Jumaýewe tabşyrmaly.


                  Ministr                                                                                                                                         B.Muhamedow


Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2021-nji ýylyň 9-njy awgustynda

çykaran 38-iş belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny döwlet belligine almaga hukugy bolan edaralarynda raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine alnyşynyň kitaplaryny we beýleki resminamalary saklamagyň möhletleri we olary döwletiň saklamagyna tabşyrmagyň tertibi

 

1. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny döwlet belligine almaga hukugy bolan edaralarynda raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine alnyşynyň kitaplaryny we beýleki resminamalary saklamagyň möhletleri we olary döwletiň saklamagyna tabşyrmagyň tertibi (mundan beýläk - Tertip) “Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy hem-de raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny döwlet belligine almaga hukugy bolan edaralarda (mundan beýläk - RÝNÝ edaralary) raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine alynyş kitaplaryny (mundan beýläk – nama kitaplar) we beýleki resminamalary saklamagyň möhletlerini kesgitleýär hem-de olary döwletiň saklamagyna tabşyrmagyň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Şu Tertibiň düzgünleri RÝNÝ edaralary tarapyndan ýerine ýetirilmäge degişlidir.

3. RÝNÝ edaralarynda nama kitaplar we beýleki resminamalar Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny döwlet belligine almaga hukugy bolan edaralarynda raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine alnyşynyň kitaplaryny we beýleki resminamalary saklamagyň möhletleriniň sanawynda (mundan beýläk – Sanaw, şu Tertibiň 1-nji goşundysy) görkezilen möhletlerde saklanylýar.

Sanawda käbir wagtlaýyn saklanylmaly resminamalaryň möhletleri goýlan seljeriş - barlag toparyň (SBT) belgisi, şeýle kysymdaky resminamalaryň bir böleginiň ylmy-taryhy ähmiýetiniň bardygyny we döwlet tarapyndan saklanylmaga berilmelidigini aňladýar. "SBT" belgisi bolan işler olaryň düzüminden hemişelik saklanylmaga degişli resminamalary kesgitlemek üçin hem-de bölüp aýyrmak maksady bilen sahypama-sahypa barlanylyp görülýär.

Şolaryň düzüminden bölünip alnan hemişelik saklanylýan resminamalar bir kysymly işlere birleşdirilýär we özbaşdak işler hökmünde resmileşdirilýär.

Hemişelik saklanylýan resminamalaryň ýazgysy dört nusgada düzülýär we düzüji tarapyndan gol çekilýär hem-de RÝNÝ edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýar.

4. Işleriň we resminamalaryň saklanylmaly möhletiniň hasaby olaryň iş önümçiligi tamamlanylan ýyldan soň gelýän 1-nji ýanwaryndan geçirilýär. Mysal üçin, 2020-nji ýylda iş önümçiligi tamamlanan işleriň saklanylmaly möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlanýar.

5. Nama kitaplary düzülen gününden başlap, 109 ýylyň dowamynda RÝNÝ edaralarynyň arhiwinde saklanylýar we bellenen möhletiň geçmegi bilen RÝNÝ edaralary bellenen tertipde raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň birinji nusgalaryndan ýygnalan nama kitaplary döwlet arhiwine tabşyrýarlar.

Nama ýazgylaryň ikinji nusgalaryndan ýygnalan nama kitaplary Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwinde (mundan beýläk - RÝNÝ Merkezi arhiwi) hemişelik saklanylýar.

6. Nama kitaplaryň we beýleki resminamalaryň RÝNÝ edaralaryndan döwlet arhiwlerine tabşyrylmagy RÝNÝ edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de degişli arhiw edaralarynyň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Her ýylda hemişelik saklanylmaly resminamalaryň az sany (100 işe çenli) emele gelýän RÝNÝ edaralarynda we öz işlerini bellenilen çagyrylyş möhletleriniň çäklerinde amala aşyrýan RÝNÝ edaralarynda resminamalary üç-bäş ýylda bir gezek tabşyrmaga ygtyýar berilýär.

7. RÝNÝ edaralary tarapyndan nama kitaplary we beýleki resminamalar döwlet arhiwlerine ýazgylary şu Tertibiň 2-nji goşundysynda görkezilen hemişelik saklanylmaga degişli işler boýunça ýazga laýyklykda tabşyrylýar hem-de resminamalary döwletiň saklamagyna tabşyrmak - kabul edip almak hakynda delilnamasy (şu Tertibiň 3-nji goşundysy) bilen resmileşdirilýär, ol iki nusgada düzülýär. Nama kitaplary we beýleki resminamalar bilen bilelikde hemişelik saklanylmaga degişli işler boýunça ýazgy hem-de resminamalary döwletiň saklamagyna tabşyrmak-kabul edip almak hakynda delilnama tabşyrylýar.

8. RÝNÝ edaralary nama kitaplaryny we beýleki resminamalary döwletiň saklamagyna tabşyrmagyndan öň, döwlet arhiwiniň wekili RÝNÝ edarada bu resminamalaryň barlygynyň barlagyny, olaryň ylmy-tehniki taýdan tertipleşdirilişiniň (işlenilip geçilişiniň) dogrulygyny, saklanylyşynyň fiziki hem-de arassaçylyk-gigiýena ýagdaýyny barlaýar. Nama kitaplaryna we beýleki resminamalara zeper ýetendigi ýüze çykarylan ýagdaýynda, döwlet arhiwi tarapyndan delilnama düzülýär, ýüze çykarylan zeper bolsa RÝNÝ edaralary tarapyndan düzedilýär. Zeper ýeten nama kitaplary we beýleki resminamalary düzetmäge mümkinçiligi bolmadyk halatynda bu barada delilnama düzülýär.

9. Ýazgylarda nama kitaplary we beýleki resminamalary döwlet arhiwiniň kabul edip alandygy hakynda bellik edilýär. Ýazgynyň bir nusgasy döwlet arhiwine resminamalary tabşyrmak-kabul edip almak hakynda düzülen delilnamanyň bir nusgasy bilen bilelikde RÝNÝ edarada galdyrylýar.

10. Nama kitaplary we beýleki resminamalar döwlet arhiwine tabşyrylanda, ýazgynyň jemleýji ýazgysy bilen hakykat ýüzünde tabşyrylýan işleriň arasynda tapawut ýüze çyksa, täze jemleýji ýazgy düzülip, onda tabşyrylýan işleriň hakykatda bar sany we ýok işleriň belgileri görkezilýär. Ýok işleriň belgileri nama kitaplary we beýleki resminamalary döwletiň saklanylmagyna tabşyrylanda düzülýän tabşyrmak-kabul edip almak delilnamasynda ýörite bellenilip görkezilýär, olaryň ýoklugynyň sebäpleri bolsa, delilnamanyň ýanyna RÝNÝ edaranyň goşan güwänamasynda görkezilýär.

Nama kitaplary we beýleki resminamalary döwletiň saklamagyna tabşyrýan RÝNÝ edarasy ýok nama ýazgylary (işleri) gözläp tapmak boýunça çäreleri görmäge borçludyr.

11. RÝNÝ edarasy nama kitaplary we beýleki resminamalary döwlet arhiwine ilkinji gezek tabşyranda, RÝNÝ edarasy hakyndaky taryhy güwänama berilýär. Nama kitaplary we beýleki resminamalary soňra tabşyrylan mahalynda bolsa, RÝNÝ edaranyň adynda, ýerine ýetirýän wezipelerinde, düzüminde, tabynlygynda bolup geçen üýtgetmeler hem-de döwletiň saklamagyna berlen nama kitaplaryň we beýleki resminamalaryň düzümi hakynda ozalky berlen taryhy güwänama goşmaça düzülýär.

12. Nama kitaplary we beýleki resminamalary döwletiň saklamagyna taýýarlamak (ylmy-tehniki taýdan tertipleşdirmek) we bermek, olary daşamak bilen baglanyşykly degişli RÝNÝ edarasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

RÝNÝ edaralarynda saklamak we ýok etmek üçin resminamalary, döwlet arhiwlerine kabul edilmäge degişli hemişelik saklanylýan resminamalary seçip almak, iş önümçiligi tamamlanylan işleri sahypama-sahypa barlap görmek bilen geçirilmelidir. Resminamalaryň özüni gözden geçirmezden, diňe işleriň sözbaşlary boýunça gymmatlylygyň seljermesini geçirmäge ýol berilmeýär.

Hemişelik ýa-da uzak möhleti saklanylmaga seçilip alnan işler arhiw talaplaryna laýyklykda resmileşdirilýär hem-de teswirlenilýär.

13. Resminamalary saklamagyň möhletlerini kesgitlemek hem-de olary saklamaga we ýok etmäge saýlap almagy guramak hem-de geçirmek üçin RÝNÝ edaralarynda hemişelik işleýän seljeriş topary döredilýär. Şol toparyň düzümine RÝNÝ edaralaryň işgärleriniň biriniň ýolbaşçylygynda olaryň hünärmenleri, şeýle hem degişli arhiw edarasynyň wekili girýärler. Seljeriş topary tarapyndan hemişelik ýa-da uzak möhletleýin saklamak üçin saýlanyp alnan resminamalara, bellenilen talaplara laýyklykda ýazgy edilýär. Hemişelik saklanylmaga alnan resminamalaryň ýazgylary (ýazgylaryň ýyllyk bölümleri) 4 nusgada düzülýär, olara seljeriş toparynyň mejlislerinde garalýar, tassyklamak (ylalaşmak) üçin degişli döwlet arhiwiniň SBT-ine iberilýär, soňra RÝNÝ edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanýar. Döwlet arhiwiniň SBT-y tarapyndan tassyklanan (ylalaşylan) ýazgynyň bir nusgalygy RÝNÝ edarasynda galdyrylýar, üç nusgasy bolsa gözegçilik ediş resminamalary hökmünde döwlet arhiwine berilýär. Şol üç nusgasy ýazgy boýunça resminamalary döwletiň saklamagyna kabul etmek amala aşyrylýar. Işgärler boýunça uzak möhletleýin saklamaga alynýan resminamalaryň ýazgylary 3 nusgada düzülip, degişli döwlet arhiwiniň SBT-y bilen ylalaşylýar we RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanýar. Işgärler boýunça ýazgynyň iki nusgasy gözegçilik ediş nusgalary hökmünde döwlet arhiwine berilýär we şol nusgalyklar boýunça raýatlaryň durmuş-hukuk häsiýetli ýüztutmalary amal edilýär.

14. Ýazgylar RÝNÝ edarasy tarapyndan tassyklanandan soňra, tassyklanylan ýazgylarda görkezilen möhletlere laýyk gelýän döwür üçin wagtlaýyn saklanylýan resminamalary ýok etmäge ygtyýar berilýär. Hemişelik saklamaga degişli resminamalaryň ýazgylary tassyklananda degişli döwür üçin beýleki resminamalary hem ýok etmegiň mümkindigi barada RÝNÝ edarasy tarapyndan karar çykarylmadyk bolsa, saklanylmaly möhletleri Sanawda «SBT» diýen bellikli resminamalary, şeýle hem Sanawda göz öňünde tutulmadyk resminamalary ýok etmeklik arhiw edarasy bilen ylalaşylmalydyr.

15. Ýok etmäge tassyklanylan resminamalar delilnama boýunça gaýtadan ulanylýan gurama berilýär. Şol resminamalary hojalyk hajatlary üçin ulanmak gadagandyr.

Hemişelik saklanýan resminamalaryň ýazgylaryny RÝNÝ edarasy tarapyndan deslapdan tassyklanmazdan (resminamalary döwlet arhiwine tabşyrýan guramalar üçin) ýok etmeklik, ýakmaklyk, şeýle hem resminamalary saklamagyň Sanawynda bellenilen möhletleriň bozulmagy kanuny bozmaklyk hasaplanýar we jogapkärçilige çekilýär. Her bir RÝNÝ edarasy saklamagyň möhletleriniň sanawyny düzýär we tassyklaýar.

16. Döwlet arhiwinde saklanylýan raýat ýagdaýynyň nama ýazgylaryna üýtgetmeleri, goşmaçalary we (ýa-da) düzedişleri birinji nusgasyny düzen RÝNÝ edarasy tarapyndan girizilýär. RÝNÝ edarasy üýtgetmeleri, goşmaçalary we (ýa-da) düzedişleri girizmek üçin nama ýazgynyň nusgasyny bermek barada haýyşnama bilen döwlet arhiwine ýüz tutýar, nama ýazgynyň nusgasy gelip gowşanyndan soňra, raýat ýagdaýynyň nama ýazgysyna üýtgetmeleri, goşmaçalary we (ýa-da) düzedişleri girizip, degişli raýat ýagdaýynyň şahadatnamasyny we/ýa-da güwänamany berýär hem-de degişli üýtgetmeleri, goşmaçalary we (ýa-da) düzedişleri girizmek barada habarnamalary döwlet arhiwine we RÝNÝ Merkezi arhiwine iberýär. Döwlet arhiwi we RÝNÝ Merkezi ahiwi RÝNÝ edarasy tarapyndan iberilen habarnama laýyklykda, degişli raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryna üýtgetmeleri, goşmaçalary we (ýa-da) düzedişleri girizilýär.

17. Döwlet arhiwinde saklanylýan raýat ýagdaýynyň nama ýazgylary babatda raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnandygy hakynda şahadatnamalaryň gaýtadan berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda RÝNÝ Merkezi arhiwi tarapyndan geçirilýär. Eger, degişli raýat ýagdaýynyň nama ýazgylary RÝNÝ Merkezi arhiwinde ýok bolsa, RÝNÝ Merkezi arhiwi tarapyndan döwlet arhiwinden delilhaty we raýat ýagdaýynyň nama ýazgysynyň nusgasy talap edilýär we onuň esasynda degişli raýat ýagdaýynyň şahadatnamasy we/ýa-da güwänama ýazylyp berilýär.

18. Şu Tertibiň RÝNÝ Merkezi arhiwiniň işine degişli bolan düzgünleri RÝNÝ Merkezi arhiwi tarapyndan gollanylmaga degişlidir.

Şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk düzgünler Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 19-njy awgustynda 1501 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.