Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2021-nji ýylyň 9-njy awgustynda çykaran 37-iş belgili buýrugy

Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnyşynyň kitaplaryny doldurmagyň, olary saklamagyň we Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwine tabşyrmagyň tertibini tassyklamak hakynda

 

2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen “Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň on birinji bölegini ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

  • 1. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnyşynyň kitaplaryny doldurmagyň, olary saklamagyň we Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwine tabşyrmagyň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ministriň orunbasary S.Jumaýewe tabşyrmaly.


                      Ministr                                                                                                                             B.Muhamedow 

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2021-nji ýylyň 9-njy awgustynda

çykaran 37-iş belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy



Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnyşynyň kitaplaryny doldurmagyň, olary saklamagyň we Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwine tabşyrmagyň tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnyşynyň kitaplaryny doldurmagyň, olary saklamagyň we Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwine tabşyrmagyň tertibi (mundan beýläk - Tertip) “Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

2. Şu Tertip raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny döwlet tarapyndan bellige almaga hukugy bolan edaralarda (mundan beýläk – RÝNÝ edaralary) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige (mundan beýläk – döwlet belligine) alnyşynyň kitaplaryny (mundan beýläk – nama kitaplar), şol sanda nama kitaplarynyň içini düzýän raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň blanklaryny (mundan beýläk – nama ýazgy) doldurmagyň, olary saklamagyň şertlerini we Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwine (mundan beýläk – RÝNÝ Merkezi arhiwi) tabşyrmagyň tertibini düzgünleşdirýär.


II bap. Nama kitaplaryny doldurmagyň tertibi


3. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almagyň gaýry usullary göz öňünde tutulmadyk bolsa, nama kitaplarynda geçirilýär.

Nama kitaby – döwlet belligine alnan nama ýazgylaryny özünde jemleýän, raýat ýagdaýynyň namalarynyň her görnüşi boýunça aýratyn ýöredilýän kitapdyr. Nama ýazgylary nama kitaplaryny düzýär.

Nama ýazgysy iki sany meňzeş, birinji we ikinji (goparylyp aýrylýan) nusgada ýazylýar. Nama ýazgyň birinji nusgasynda “birinji nusga”, ikinji nusgasynda “ikinji nusga” diýen ýazgy çaphana usulynda ýa-da tehniki serişdeleriň (kompýuteriň) ulanylmagy bilen ýazylýar.

4. Nama ýazgylaryň birinji we ikinji nusgalary birwagtyň özünde doldurylýar we şol bir tertip san bilen belgilenilýär. Gapma-garşylyk ýüze çykan halatynda, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň birinji nusgasy hakyky bolup durýar.

Nama ýazgylar kagyz we elektron görnüşlerinde düzülýär. Kagyz we elektron görnüşindäki nama ýazgylaryndaky maglumatlar gabat gelmedik halatynda, nama ýazgylaryň kagyz görnüşindäki ýazgysyndaky maglumatlar ileri tutulýar, tehniki ýalňyşlyklar muňa degişli däldir.

5. Nama ýazgysy her bir blanky boýunça aýratyn san bilen belgilenýär. Nama kitaplarynda nama ýazgylary belgilemek birinji sandan başlanýar we 1-nji ýanwardan başlap 31-nji dekabr aralygynda bir ýylyň dowamynda yzygiderli ýagdaýda ýöredilýär.

Nama ýazgynyň zaýalanan blankynyň (birinji we ikinji nusgasy) üsti çyzylýar we nama kitabynda galdyrylýar. Nama ýazgynyň zaýalanan blankyna goýulan san belgisi beýleki blanka geçirilýär hem-de ýazgy ýazylýar.

Nama ýazgylaryň blanklary golýazma usuly ýa-da tehniki serişdeleriň (kompýuteriň) ulanylmagy bilen ýazylýar. Nama ýazgylaryň blanklary gök reňkli syýa ruçka bilen aýyl-saýyl, düşnükli hatda doldurylýar, orta atylan sowallara gutarnykly jogap berilmelidir. Aýry-aýry sözleri ýazmazlyga ýa-da gysgaltmaga, şeýle hem pozup hapalamaga, süpürip aýyrmaga we zamazka bilen ýazgynyň üstüni ýapmaga ýol berilmeýär.

Nama ýazgylar doldurylan mahaly peýdalanylan gök reňkli syýa ruçkanyň hili resminamalary saklamak üçin bellenilen möhletiň dowamynda olaryň ýazgysynyň abat saklanylmagyny üpjün etmelidir.

6. Nama ýazgylary çap edilýän kagyzyň hili we olary çap etmek üçin ulanylýan printerler resminamadaky ýazgynyň abatlygyny, şeýle hem resminamanyň özüni «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenilen saklamagyň möhletiniň dowamynda abatlygyny üpjün etmelidir.

7. Nama ýazgysyny düzmek raýatyň RÝNÝ edarasyna beren arzasynyň ýa-da raýat ýagdaýynyň namasyny döwlet belligine almak barada habar bermäge borçly edaranyň arzasynyň, döwlet belligine almaga degişli wakalary (faktlary) tassyklaýan resminamalaryň esasynda hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda şahsyýeti tassyklaýan resminamanyň esasynda amala aşyrylýar.

8. Nama ýazgysy düzülende, onuň hemme sütünlerine ýazgy girizmek üçin doly maglumat bolmadyk ýagdaýynda, sütünlerde kese çyzyk goýulýar. Şu ýagdaýda nama ýazgynyň esasynda berilýän raýat ýagdaýynyň namasynyň döwlet belligine alnandygy hakynda şahadatnamanyň (mundan beýläk – raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasy) degişli sütünlerinde hem kese çyzyk goýulýar.

9. Nama ýazgylaryň blanklary kagyz görnüşinde çaphana usulynda çap edilende A4 ölçegli kagyz sahypasynda ikitaraplaýyn çap edilýär.

Nama ýazgylary elektron görnüşde düzülip, kagyz görnüşinde çap edilende nama ýazgylaryň görnüşlerine laýyklykda A4 ölçegli kagyz sahypasynda ikitaraplaýyn çap edilýär.

Nama ýazgylar nama kitaba ýygnalanda, olaryň daşy A4 ölçegli galyň kagyz (karton) bilen örtülen bolmalydyr.

10. Nama ýazgy elektron görnüşde düzülende “Times New Roman” şriftiň görnüşi we aşakdaky ölçeglerdäki şriftler ulanylýar:

1) adaty garaldylan galyň harplar bilen (14 şrift) - nama ýazgysynyň adyny we onuň belgisini girizmek üçin;

2) adaty garaldylan galyň harplar bilen (13 şrift) – familiýany, ady, atasynyň adyny girizmek üçin;

3) adaty harplar bilen (13 şrift) – çaga hakynda maglumat, onuň kakasy we ejesi hakynda maglumat, nika baglaşýanlar we nika bozýanlar (erkek, aýal) hakynda maglumat, ölen adam hakynda maglumat, atalygy anyklanylýan çaga, ejesi we atalygy anyklaýan adam hakynda maglumat, perzentlige alynýan we alýanlar hakynda maglumat, familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilendigi hakynda maglumat (üýtgedilmänkä, üýtgedilenden soň) girizmek üçin;

4) adaty harplar bilen (13 şrift) - ähli girizilýän beýleki maglumatlary girizmek üçin.

11. Nama ýazgylar elektron görnüşinde düzülip, kagyz görnüşinde çap edilende nama ýazgynyň haýsy hem bolsa bir setiriniň ölçegleri setiri kesgitlenen şrift ölçegi bilen doldurmaga mümkinçilik bermeýän halatlarynda, berlen setir üçin şriftiň ölçegini kiçeltmäge rugsat berilýär, emma berlen şrift kesgitlenilen ölçegden iki bentden köp kiçeltmäge ýol berilmeýär. Eger-de setiri doldurmak üçin şriftiň ölçegi kesgitlenen ölçegden iki bent kiçeltmek ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, maglumatlary «Bellikler üçin» diýen setirinde görkezmäge ýol berilýär.

12. Kagyz görnüşinde nama ýazgynyň ýüz tarapynyň çep gyrasynyň ini we arka tarapynyň sag gyrasy nama ýazgylaryň, soňra hem nama kitaplaryna kitap görnüşine salmak (tikmek) mümkinçiligini üpjün etmek üçin azyndan 20 mm bolmalydyr.

Kagyz görnüşinde nama ýazgynyň ýüz tarapynyň sag gyrasynyň ini we arka tarapynyň çep gyrasy nama ýazgylara üýtgetmeleri, goşmaçalary we (ýa-da) düzedişleri girizmek üçin azyndan 30 mm bolmalydyr.

13. Nama ýazgylaryň her bir setirindäki ýazgylar birnäçe setirlerden ybarat bolup biler. Setirleriň sany setiriň beýikligi we ulanylýan şriftiň ölçegi arkaly kesgitlenilýär.

14. Çyzyjak bilen birleşdirilen çylşyrymly sözlerden başga sözler bir setiriň çäginden setirden-setire geçirilmegine ýol berilmeýär.

15. Nama ýazgy ýüz tutýan tarapyndan okalmalydyr we nama ýazga ol, nama ýazgyny ýazan işgär, şeýle hem wezipeli adam tarapyndan gol çekilmelidir hem-de möhür bilen berkidilmelidir.

Nama ýazgy RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysy ýa-da onuň wezipesini ýerine ýetirýän hünärmen tarapyndan ýazylan mahaly, şol işgär tarapyndan nama ýazgynyň “ýazgyny ýazan hünärmeniň familiýasy, ady, atasynyň ady” we “RÝNÝ edaranyň ýolbaşçysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady” diýen setirlerinde gol çekilýär.

16. Nama ýazgynyň “RÝNÝ edaranyň ýolbaşçysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady” diýen setirinde RÝNÝ edaranyň ady we ýolbaşçysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady görkezilýär.

17. RÝNÝ edaranyň nama ýazga gol çeken ýolbaşçysy, nama ýazgynyň esasynda berilýän raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasyna gol çekýär we möhür bilen berkidýär.

18. RÝNÝ edaranyň möhüri, möhüriň galdyran yzynyň nama ýazga goluny çekýän şahsyň wezipesiniň ady görkezilen bir bölege gabat gelýän, düşnükli, ýazgysy okalýan görnüşde basylmalydyr. Goluň özüne möhüriň galdyran yzy gabat gelmeli däldir.


§1. Nama ýazgylara maglumatlaryň girizilmegi

 

19. Nama ýazgynyň ýokarky çep gyrasynda raýat ýagdaýynyň namasyny döwlet belligine alýan RÝNÝ edaranyň doly ady görkezilýär ýa-da RÝNÝ edaranyň doly ady ýazylan möhürçe goýulýar.
20. Nama ýazgy doldurylanda, onuň düzülen wagty (gün, aý, ýyl), güni san bilen görkezilýär (iki belgi), aýyň ady söz bilen, ýyl san (dört belgi), soňra “ýyl” söz bilen görkezilýär (mysal üçin “12 fewral 2021 ýyl.”)

Eger-de, san 1-den 9-a çenli görkezilen bolsa, onda çep tarapynda 0 (nol) goýulýar (mysal üçin “01 fewral 2021 ýyl.”) .

Wagty barada doly maglumatlar bolmadyk halatynda aşakdaky maglumatlar görkezilýär:

1) gün barada maglumat bolmadyk halatynda aý görkezilýär, ýyl sanlar bilen (dört belgi), soňra “ýyl.” söz bilen görkezilýär (mysal üçin “ ___ fewral 2021 ýyl.”);

2) ölümiň wagty belli bolmadyk halatynda, ölüm döwlet belligine alnanda “Ölen wagty” diýen setirinde kese çyzyk goýulýar.

21. Nama ýazgynyň “Familiýasy, ady we atasynyň ady” diýen setirleri pasport (ýa-da onuň ornuny tutýan resminama) laýyklykda doly ýazylýar.

22. “Doglan ýeri”, “Ölen ýeri” diýen setirleri doldurylanda bar bolan dolandyryş-çäk bölünişigi boýunça görkezilýär we maglumatlar aşakdaky yzygiderlikde ýazylýar: döwleti, welaýaty (welaýat hukukly şäher), etraby (etrap hukukly şäher), etrapdaky şäheri, şäherçesi (geňeşligi), obasy.

“Doglan ýeri” diýen setiri doldurylanda, maglumatlar doglan ýeri baradaky maglumaty görkezilýän şahslaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryň we maglumatlary girizmäge esas bolan beýleki resminamalaryň esasynda girizilýär.

Daşary ýurduň çäginde çaga doglanda ýa-da şahs aradan çykan halatynda, dogluş we ölüm hakynda nama ýazgylarda “Doglan ýeri” we “Ölen ýeri” diýen setirlerinde maglumatlar görkezilen resminamalara laýyklykda görkezilýär. Şu ýagdaýda ölen ýeriniň döwletiniň görkezilmegi hökmandyr.

23. “Hemişelik ýaşaýan ýeri” diýen setiri doldurylanda ýazgyda duran ýeri boýunça maglumatlar aşakdaky yzygiderlilikde görkezilýär: döwleti, welaýaty (welaýat hukukly şäheri), etraby (etrap hukukly şäheri), etrapdaky şäheri, şäherçesi (geňeşligi), obasy, köçesi (kiçi etrapça, geçelge we ş.m.), jaýy, öýi we näçinji ýyldan bäri hemişe ýaşaýar;

“Hemişelik ýaşaýan ýeri” diýen setiri daşary ýurt raýatlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň esasynda doldurylýar. Şunuň bilen bilelikde daşary ýurt döwletiň ady hökmany ýagdaýda görkezilýär.

“Hemişelik ýaşaýan ýeri” diýen setiri doldurylan mahaly nama ýazgy düzülýän adamyň hemişelik ýaşaýan ýeri ýok bolsa, nama ýazgyda köplenç ýaşaýan ýeri görkezilýär.

24. “Pasportyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamanyň) maglumatlary” diýen setirinde şular görkezilmelidir:

1) resminamanyň ady, tapgyry (bar bolan halatynda), belgisi;

2) resminamany beren edaranyň ady;

3) resminamanyň berlen wagty.

25. “Raýatlygy” diýen setirinde özi babatda nama ýazgysy düzülýän şahsyň raýaty bolan döwletiniň ady pasport (ýa-da onuň ornuny tutýan resminama) boýunça görkezilýär. Eger raýatlygy görkezilmedik bolsa, kese çyzyk goýulýar.

“Milleti” diýen setiri nama ýazgy doldurylýan şahs babatda pasport (ýa-da onuň ornuny tutýan resminama) boýunça görkezilýär. Eger milleti görkezilmedik bolsa, kese çyzyk goýulýar.

26. “Bilimi”, “Umumy çagalary hakynda maglumat”, “Nirede we kim bolup işleýär” diýen setirleri arza berýän şahsyň arzada görkezen maglumatlary esasynda ýa-da sözünden ýazylýar.

Arza bilen ýüz tutan şahsyň umumy çagasy bolmadyk halatynda, “Umumy çagalary hakynda maglumat” diýen setirinde “ýok” sözi ýazylýar. Umumy çagalary bolan halatynda, çagalaryň sany, atlary we doglan ýyly görkezilýär.

«Nirede we kim bolup işleýär» hem-de «Nirede we kim bolup işledi» diýen setirlerinde kärhananyň, edaranyň, guramanyň we ş.m. ady, wezipesi ýa-da ýerine ýetirýän işi, işlemeýän bolsa, işlemeýändigi görkezilýär. Harby gullukçylar babatda harby bölümiň ýa-da edaranyň belgisi görkezilýär.

«Ata-enesiniň pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamanyň) maglumatlary» hem-de «Ýüzlenen raýatyň familiýasy, ady, atasynyň ady, goly we pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamanyň) maglumatlary» we ş.m. setirlerinde resminamanyň ady, berlen wagty (tapgyry we belgisi) we beren edaranyň ady görkezilýär.

27. “Bellikler üçin” diýen setirinde gaýtadan berlen raýat ýagdaýynyň şahadatnamalaryň belgileri we berlen wagty, nama ýazgynyň aýratyn statusy barada bellik etmäge esas bolan resminamanyň maglumatlary hem-de kanunçylykda bellenilen beýleki halatlar görkezilýär. Her bir girizilen bellik täze setirden başlanýar. Girizilen maglumatlar RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysynyň goly we degişli RÝNÝ edarasynyň möhüri bilen tassyklanylýar.

“Bellikler üçin” diýen setirinde raýat ýagdaýynyň namasy döwlet belligine alynmagy notarial tertipde tassyklanan ynanç haty esasynda geçirilende, ynanç hatyny beren edaranyň ady, berlen wagty we reýestr belgisi görkezilýär.

28. Nama ýazgynyň öň tarapynyň ýokarky sag gyrasynda (nama ýazgynyň belgisi we wagty barada maglumatlaryň görkezilýän ýeriniň deňinde, bu maglumatlardan sag tarapda) nama ýazgynyň aýratyn statusy, ýazgynyň statusynyň üýtgemegi ýa-da nama ýazgynyň subýektiniň aýratyn hukuk çäklendirmeleri barada aşakda görkezilenleriň degişlisi görkezilip bellikler ýazylýar:

1) ýazgy ýatyryldy;

2) ata-enelik hukugyndan mahrum edildi;

3) ata-enelik hukugy dikeldildi;

4) dogluş hakynda täze nama ýazgy düzüldi;

5) ýazgy hakyky däl diýlip ykrar edildi;

6) nika bozuldy.

Şu bölegiň birinji, dördünji we bäşinji bentlerinde görkezilen halatlarda, nama ýazgynyň ýokarsynda bellik ýazylýar hem-de nama ýazgynyň üsti kese çyzyk bilen çyzylýar, görkezilen bellik ýazgyny ýatyran adam we wezipeli adam tarapyndan gol çekilmelidir hem-de möhür bilen berkidilmelidir. Şol bir wagtyň özünde kagyz görnüşinde düzülen nama ýazga bellik, el bilen gyzyl syýa bilen ýazmak arkaly, elektron görnüşinde girizmek arkaly ýa-da möhürçe basmak bilen ýerine ýetirilip bilner. Bellik girizilendigi barada “Bellikler üçin” diýen setirinde bellik etmegiň esasy görkezilýär.

29. Nama ýazgylary nama kitaplaryna jemlenilýär. Nama kitabynyň ýüz tarapynda:

nama ýazgynyň görnüşi boýunça doly ady;

nama kitabyň ýüz tarapynyň çep tarapynda: haýsy ýyllar üçin nama ýazgylaryň jemlenendigi, nama ýazgylaryny döwlet tarapyndan bellige alan edaranyň ady;

nama kitabyň ýüz tarapynyň sag tarapynda nama kitabynyň başlanan wagty we gutaran wagty;

namalaryň ýazgylary__belgisinden__belgisine çenli; sahypalaryň sany;

ýetmeýän nama ýazgylaryň belgileri görkezilýär.


§2. Nama ýazgylara üýtgetmeleriň, goşmaçalaryň we

(ýa-da) düzedişleriň girizilmegi


30. Nama ýazgylara üýtgetmeleriň, goşmaçalaryň we (ýa-da) düzedişleriň girizilmegi, elektron usulda, kagyz ýüzünde bolsa golýazma görnüşinde ýerine ýetirilýär. Şunda, elektron görnüşindäki nama ýazgylara girizilen üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler kagyz görnüşinde düzülen nama ýazgysynyň tekstine gabat gelmelidir.

31. Nama ýazgylara üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizilende nama ýazgynyň üsti ilkibaşdaky ýazgyda okap bolar ýaly edilip kese çyzyk bilen, çyzylmalydyr. Täze maglumatlar degişli nama ýazga girizilýär, şeýle-de öňki ýazgynyň üsti çyzylyp, şol ýazgynyň ýokarsynda ýerleşdirilen setirde boş ýeriň barlygyna baglylykda ýazylýar ýa-da nama ýazgynyň ýüz tarapynyň sag gyrasynyň we arka tarapynyň çep gyrasynda nama ýazga üýtgetmeleri, goşmaçalary we (ýa-da) düzedişleri girizmek üçin goýulan (30 mm bolmalydyr) ýerde ýazylýar.

Nama ýazgynyň birinji we ikinji nusgalarynyň arka tarapynyň “Üýtgetme, goşmaça we (ýa-da) düzediş girizmäge esas:” diýen setirinde düzedişleriň girizilmeginiň esasyny we wagtyny görkezmek bilen ýazgy ýazylýar. Nama ýazgylara esaslandyrylmadyk we tassyklanmadyk üýtgetmeleriň, goşmaçalaryň we (ýa-da) düzedişleriň girizilmegine ýol berilmeýär.

Üýtgetmeleriň, goşmaçalaryň we (ýa-da) düzedişleriň girizilmegi el bilen ýazmak arkaly ýerine ýetirilip bilner.

Girizilen maglumatlar, üýtgetmeleri, goşmaçalary we (ýa-da) düzedişleri girizen hünärmeniň we RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysynyň gollary we degişli RÝNÝ edarasynyň möhüri bilen berkidilýär.

32. Kagyz görnüşinde düzülen nama ýazgylara girizilýän üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler, nama ýazgy doldurylan syýa reňkinden tapawutly gyzyl syýa bilen ýerine ýetirilmelidir. Üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler birnäçe gezek girizilen ýagdaýynda – öňki girizilen üýtgetmeleriň, goşmaçalaryň we (ýa-da) düzedişleriň syýa reňkinden tapawutly ýaşyl syýa bilen ýerine ýetirilmelidir (eger soňra birnäçe gezek üýtgetmeler girizilse, beýleki reňkler ulanylyp bilner). Gel syýaly ýa-da beýleki suw esasly syýalary we beýleki reňkli syýalary ulanmaklyga ýol berilmeýär.

33. RÝNÝ Merkezi arhiwinde saklanylýan nama ýazgylara girizilen üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler kanunçylykda bellenilen resminamalar esasynda şu Tertibe laýyklykda girizilýär.


§3. Dogluş hakynda dikeldilen nama kitabyny doldurylmagynyň aýratynlyklary


34. Nama ýazgynyň dikeldilmegi ýitirilen ýa-da başga sebäpler bilen bagly tapylmadyk nama ýazgysynyň ýazylan ýa-da nama ýazgysy dikeldilýän adamyň ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edaralary tarapyndan (raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnan ýeri belli bolmadyk halatlarda, nama ýazgysy dikeldilýän adamyň ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edaralary tarapyndan) kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi esasynda Dogluş hakyndaky dikeldilen nama kitabyna girizmek arkaly geçirilýär.

Şu halatda Dogluş hakynda dikeldilen nama ýazgysy doldurylanda, oňa «d» harpyny goşmak bilen, tertip belgi bellenilýär hem-de bu kitabyň görnüşi doldurylanda dogluş hakynda nama kitabyndaky maglumatlar görkezilýär.

35. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň dikeldilen ýazgysy döwlet belligine alnanda RÝNÝ edarasy tarapyndan ýazgy iki nusgada ýazylýar. Dikeldilen ýazgynyň ikinji nusgasy RÝNÝ Merkezi arhiwine iberilýär.

Raýat ýagdaýynyň namalarynyň dikeldilen ýazgysynyň her bir nusgasy şol bir san bilen belgilenilýär.

Dogluş hakynda dikeldilen nama ýazgysy dogluş hakynda dikeldilen nama kitabynda ýazylýar.

Dogluş hakynda dikeldilen nama ýazgylary belgilemek birinji sandan başlanýar we bir ýylyň dowamynda yzygiderli ýagdaýda alnyp barylýar.

36. Eger çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak hakyndaky arza çaga doglan gününden başlap, bir ýylyň geçmegi bilen, ýöne ol on alty ýaşyna ýetýänçä berlen bolsa, dogluşy döwlet belligine almak Dogluş hakyndaky dikeldilen nama kitabynda ilkinji gezek bolşy ýaly umumy esaslarda, ýöne tertip sanyndan soň, dogluşy möhletiniň geçmegi bilen bellige almaklygy bellemek üçin «m.g.» diýen harplary goşmak bilen geçirilýär.


III bap. Nama kitaplary saklamagyň şertleri


37. Nama kitaplary saklamagyň şertleri şu aşakda sanalan usullar arkaly üpjün edilýär:

1) ýörite jaý bilen üpjün etmek hem-de ol jaýlarda abatlaýyş işlerini geçirmek;

2) arhiwiň jaýlaryny ýangyn söndüriji, gorag hem-de ýangyny duýduryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrmak;

3) nama kitaplary saklamak üçin ýöriteleşdirilen enjamlar (demir tekjeler, demir şkaflar we seýfler (mundan beýläk - tekjeler) bilen üpjün etmek;

4) arhiwiň jaýlarynda oňaýly temperatura-çyglylyk we ýagtylyk düzgünini döretmek, arassaçylyk-gigiýena çärelerini geçirmek.


§1. Arhiwiň jaýyna bildirilýän talaplar


38. Nama kitaplary saklamagy üpjün etmek, olar bilen iş alyp barmakda zerur şertleri döretmek üçin RÝNÝ edaralarynyň arhiwi üçin ýörite enjamlaşdyrylan jaýy bolmalydyr. Arhiw üçin ýörite jaýyň bolmadyk ýagdaýynda RÝNÝ edaranyň ýokarda duran edarasy tarapyndan RÝNÝ edaranyň ýerleşýän binasynda ýöriteleşdirilen jaý bölünip berilmelidir we nama kitaplary gulplanylýan tekjelerde saklanylmalydyr.

39. Işgärleriň iş otaglary arhiw otagyndan bölünen bolmalydyr. Iş otaglarynyň arasy bölünmedik halatynda arhiw otagy ýörite diwarlar bilen bölünmelidir.

40. Arhiw jaýynyň birinji gatynyň penjiresine demir gözenek tutulýar. Arhiw otaglary üçin ýöriteleşdirilmedik üçek we ýerzeminleri ulanylmagyna ýol berilmeýär.

Arhiw jaýyny ýangyndan goramak meselesinde howpsuz bolmalydyr, olar suw basmak howpundan kepillendirilmelidir. Arhiw jaýynda gaz, suw, lagym we beýleki baş turbageçirijiler bolmaly däldir.

Arhiw jaýy we resminamalar bilen iş alyp barmak üçin jaý ýangyn duýduryjy, ýangyna garşy suw üpjünçiligi, ýangyn söndüriji abzallar bilen enjamlaşdyrylmalydyr, olaryň her bir arhiw jaýyna azyndan ikisi düşer ýaly edilip hasaplanylyp oturdylýar. Arhiwiň jaýlarynda peçleri we tüsse çykarlary oturtmaga ýol berilmeýär. Emeli yşyklandyryş hökmünde diňe elektrik çyralaryny ulanmaga rugsat berilýär. Çyralar, elektrik beket we paýlaýjy enjamlar ýapyk ýagdaýda bolmalydyr.

41. Arhiw jaýynyň daşky gapylary metal bilen örtülip, olaryň berk sürme gulplary bolmalydyr. Iş wagtyndan daşary olar möhürlenilmelidir.

Arhiwiň jaýy gorag-duýduryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Jaýyň içine aralaşyp boljak ýerde ýerleşýän penjirelere metaldan ýasalan, serpilip açylýan demir gözenekler oturdylýar we olar gulplanylyp, möhürlenilip goýulýar.

42. Ýangyn dörän, suw basan ýa-da beýleki tebigy betbagtçylyk bolan halatynda, şeýle hem arhiw jaýyna keseki adamlaryň girendigi ýüze çykarylan mahaly degişli edaralaryň (ýangyndan goragyň, polisiýa bölüminiň, tehniki gözegçiligiň, döwlet arhiwiniň we başgalaryň) wekilleriniň gatnaşmagy bilen nama düzülýär we arhiw nama kitaplaryny gorap saklamak üçin zerur çäreler görülýär.

43. Arhiw jaýynda şu aşakda görkezilenler gadagandyr:

  • 1) çilim çekmek;
  • 2) elektrik energiýasy bilen gyzdyrylan enjamlary ulanmak;

3) azyk önümlerini, aňsat ot alýan jisimleri we partlamak howpy bolan zatlary saklamak.

44. Arhiw jaýynda ýörite saklamagyň düzgüni bellenilýär ýagny, nama kitaplaryň has göwnejaý saklanylmagyny üpjün edýän sanitariýa-arassaçylyk şertleri, şeýle hem olar bilen iş alyp barmak üçin zerur şertler üpjün edilýär.

45. Arhiw jaýynyň howasy ýelejiredilýän ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan jaýlarynda resminamalaryň aşakdaky görnüşleriniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan göwnejaý temperatura-çyglylyk düzgüni saklanylmalydyr:

1) kagyza ýazylan (kagyz esasly) resminamalar üçin - +17°-dan +19°С - çenli çäklerinde howanyň hemişelik temperaturasyny, degişli çyglylygyny 50%-den 55%-e çenli;

2) magnit lentasyna we disklere ýazylan resminamalar üçin - +15°-dan +20С - çenli, howanyň otnositel çyglylygyny 50%-den 65%-e çenli saklamak maslahat berilýär.

Arhiw jaýynda temperaturanyň we çyglylygyň duýdansyz üýtgäp durmagyna ýol berilmeýär.

46. Arhiw jaýynda howanyň temperaturasyna we çyglylygyna gözegçilik etmek üçin termometrler, gigrometrler ýa-da psihrometrler goýulýar, şolaryň görkezijilerine laýyklykda bolsa howanyň kadaly temperaturasyny hem-de çyglylygyny üpjün etmek üçin çäreler görülýär.

Nama kitaplaryň saklanylýan tekjeleri azyndan hepde-de bir gezek ýelejiredip durulýar. Nama kitaplaryň gün şöhlesiniň göni düşmegine ýol berilmeli däldir.

47. Arhiwiň jaýlary heňiň, mör-möjekleriň, gemrijileriň peýda bolmagyny hem-de çaň-tozanyň döremegini aradan aýyrýan tertipde hem-de tämizlikde saklanylmalydyr.


§2. Arhiwiň enjamlaşdyrylyşy we nama kitaplaryň arhiw jaýlarynda ýerleşdirilişi


48. Arhiw jaýlary ýörite tekjeler bilen enjamlaşdyrylmalydyr we olar arhiw üçin bellenilen tertipde ýerleşdirilmelidir:

1) esasy geçelgeleriň ini (tekjeleriň arasy) 120 sm bolmalydyr;

2) tekjeleriň aralygy 75 sm bolmalydyr;

3) diwar bilen diwara parallel ýagdaýda duran tekjeleriň aralygy 75 sm bolmalydyr;

4) tekjeleriň öýjükleriniň beýikligi 40 sm bolmalydyr;

5) jaýyň diwary bilen tekjäniň aralygy azyndan 45 sm bolmalydyr;

6) jaýyň poly bilen aşaky tekjäniň aralygy azyndan 15 sm bolmalydyr. Goýulýan tekjeleriň gurluşy we nama kitaplaryň ölçegi göz öňünde tutulyp ýasalýar.

49. Tekjeler penjirelere we ýyladyş ulgamynyň enjamlaryna azyndan 0,6 metr daşlykda bolar ýaly ýagdaýda diwarlara perpendikulýar ýerleşdirilýär.

Arhiw jaýynyň diwarynyň beýikligi 4 metrden köp bolsa, tygşytlylyk maksady bilen tekjeler iki gat edilip üsti-üstüne goýulýar. Şunda tekjeleriň gatlarynyň aralygy berkidilip, işlemek amatly bolar ýaly, ýeňil metaldan ýasalan, eltutarly, amatly basgançaklar edilýär.

50. Gizlin, aýratyn gymmatly işleri we berk hasabatdaky resminamalary saklamak üçin seýfler ýa-da demir şkaflar ulanylýar.

51. Arhiwde ähli nama kitaplary tekjelerde ýerleşdirilýär. Nama kitaplary ondan-oňa ýük daşalýan tigirçekli zemmerleriň üstünde saklamaga, üsti-üstüne örüp goýmaga, ýerde, penjireleriň tekjelerinde, basgançak meýdançalarynda we nama kitaplary saklamaga niýetlenmedik beýleki ýerlerde saklamaga ýol berilmeýär.

52. Elektron resminamalaryň saklanylmaly ýerini RÝNÝ edaranyň ýolbaşçysy kesgitleýär. Elektron resminamalar arhiw jaýyndan aýratyn otagda saklanylyp bilner.

Elektron resminamalary saklamagyň hökmany şertleri aşakdakylardan ybarat:

1) arhiwde elektron resminamalary saklamak, nusgasyny almak, gaýtadan döretmek, olary täze ölçeglere gaýtadan ýazmak, aragatnaşyk kanallary boýunça maglumatlary bermek we ş.m. üçin programma-apparat serişdeleriniň bolmagy;

2) maglumatdan peýdalanmaga ady kesgitlenilen peýdalanyjylaryň goýberilmeginiň üpjün edilmegi, şeýle hem maglumatdan peýdalanmaga rugsatsyz girilmeginden goramagyň üpjün edilmegi (degişli tehniki serişdeleriniň ulanylmagy arkaly);

  • 3) elektron resminamalaryň ýitirilmegine, ýok edilmegine ýa-da maglumatyň ýoýulmagyna ýol bermez ýaly saklanyş düzgüniniň üpjün edilmegi.

Elektron resminamalaryň saklanylmagy üpjün edilende, elektron resminamalary göterijileriň oňaýly saklanyş düzgünini üpjün etmek hem göz öňünde tutulýar.


IV bap. RÝNÝ Merkezi arhiwine nama kitaplaryny

tabşyrmagyň tertibi


53. RÝNÝ edarasy tarapyndan döwlet belligine alnan nama ýazgylaryň ikinji nusgalaryndan jemlenilip ýygnalan, tikilen, belgilenen we möhür bilen berkidilen nama kitaplary bellenilen tertipde nama kitaplarynyň sanawlary (mundan beýläk – sanaw, şu Tertibe 1-nji goşundy) bilen bilelikde RÝNÝ Merkezi arhiwine saklamak üçin iberilmelidir. Sanaw iki nusgada düzülmelidir hem-de RÝNÝ edarasy tarapyndan tabşyrylýan nama kitaplaryň her görnüşi boýunça yzygiderlikde görkezilmelidir. Sanaw RÝNÝ edaranyň ugradyş hatyna goşulýar.

54. RÝNÝ edaralarynda saklanylýan her bir nama kitaby barada maglumat sanawa girizilmelidir we yzygiderli ýöredilmelidir.

Nama kitaplarynyň her bir görnüşi boýunça bir ýylyň dowamynda ýöredilýän elektron görnüşindäki Nama kitaplarynyň sanawy kagyz görnüşinde çykarylyp, tikilip hasaba alyş kitaby döredilýär.

Tikilen hasaba alyş kitabynyň ähli sahypalary belgilenilip, iň soňky sahypasynyň arka tarapynda sahypalarynyň we girizilen nama kitaplarynyň umumy sany, senesi görkezilip ýazgy edilýär we RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysynyň goly goýulýar. Soňky sahypasynda tikilen ýüpleriň soňy RÝNÝ edarasynyň möhüri bilen berkidilýär.

Nama kitaplarynyň sanawynyň kagyz we elektron görnüşindäki maglumatlary gabat gelmedik ýagdaýynda, kagyz görnüşindäki maglumatlar ileri tutulýar, tehniki ýalňyşlyklaryň bar bolan halatlary muňa degişli däldir.

Nama kitaplarynyň sanawynyň ýazgylarynyň kagyz we elektron görnüşlerinde dogry ýöredilmegine RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçylary jogapkärçilik çekýärler.

55. Türkmenistanyň çäginden daşarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary tarapyndan ýygnalan, tikilen, belgilenen we möhür bilen berkidilen nama ýazgylarynyň ikinji nusgalaryndan düzülen nama kitaplary bir ýylyň geçmegi bilen, bellenilen tertipde sanaw (kagyz we elektron görnüşinde) bilen bilelikde RÝNÝ Merkezi arhiwine saklamak üçin iberilmelidir.

RÝNÝ Merkezi arhiwine berilýän nama ýazgylaryň ikinji nusgalary RÝNÝ edaralary tarapyndan ýygnalan, tikilen, belgilenen we möhür bilen berkidilen tertipde nama kitaplaryna ýygnalmalydyr. Nama kitaplary täze başlanýan ýylyň birinji çärýeginiň dowamynda RÝNÝ edaralary tarapyndan sanawlar bilen bilelikde (kagyz we elektron görnüşinde) RÝNÝ Merkezi arhiwine iberilmelidir.

56. Kagyz görnüşinde düzülen nama ýazgylar (nama ýazgylaryň her bir görnüşi boýunça aýratynlykda) ýylyň dowamynda nama kitabyna jemlenilýär. Nama kitabynyň sahypalarynyň belgilenilişi her bir nama ýazgysynyň görnüşine görä aýratynlykda we yzygiderlikde senenama ýylynyň dowamynda ýerine ýetirilýär. Her bir kitapda senenama ýylynyň çäklerinde bir görnüşli nama ýazgylary 250 sahypa çenli ýygnalýar. Nama ýazgylaryň ikinji nusgalaryndan nama kitaba ýygnalan nama ýazgylaryň sahypa sany senenama ýylynyň dowamynda düzülen nama ýazgynyň soňky belgisine deň bolmalydyr.

RÝNÝ edarasynda we RÝNÝ Merkezi arhiwinde saklanylýan bir ýylyň dowamynda düzülen nama ýazgylar köp bolmadyk halatynda birnäçe ýyllar boýunça nama kitaplary birikdirilmäge ýol berilýär.

57. Nama kitaplary tassyklanan görnüşe laýyklykda degişli baş sahypasy (nama kitabyň birinji sahypasy) bilen başlanylýar. Nama kitaplary hökmany tertipde sahypalanylýar. Sahypanyň san belgisi nama ýazgynyň ýokarky sag burçunda, ýazga degmän, gara galam bilen yzygiderlikde belgilenilýär.

Baş sahypadan soň nama kitabyň mazmuny (şu Tertibe 2-nji goşundy) resmileşdirilýär. Mazmunynda elipbiý tertibinde nama ýazgysy düzülen şäherleriň, etraplaryň, geňeşleriň, obalaryň ady we şolaryň RÝNÝ bölümleri tarapyndan düzülen ýazgylar ýerleşýän nama kitabyň sahypalarynyň belgisi görkezilýär. Kitabyň ahyrynda aýratyn arassa sahypada tassyklaýjy ýazgysy ýazylýar, şonda bolsa san we harp bilen kitabyň umumy sahypalarynyň sany görkezilýär. Tassyklaýjy ýazgysyna RÝNÝ bölüminiň müdiri gol çekmelidir we möhür basylmalydyr.

Nama kitabyna goşulýan mazmunynyň ýokarky sag burçunda nama ýazgynyň şertli belgisi (indeksi) goýulýar.

Nama ýazgylarynyň görnüşleri boýunça şertli belgileri (indeksi):

1 - dogluş hakynda nama ýazgysy we dogluş hakynda dikeldilen nama ýazgysy;

2 - ölüm hakynda nama ýazgysy;

3 - nika baglaşylandygy hakynda nama ýazgysy

4 - nikanyň bozulandygy hakynda nama ýazgysy;

5 - perzentlige alynmagy hakynda nama ýazgysy;

6 - atalygyň anyklanylandygy hakynda nama ýazgysy;

7 - familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilendigi hakynda nama ýazgysy.

58. Nama kitaplaryna zeper ýetendigi ýüze çykarylan ýagdaýynda, RÝNÝ edarasy tarapyndan delilnama düzülýär. Ýüze çykarylan zeper bolsa RÝNÝ edarasy tarapyndan düzedilýär. Zeper ýeten nama kitaplary we beýleki resminamalary düzetmäge mümkinçiligi bolmadyk halatynda bu barada RÝNÝ edarasy tarapyndan delilnama düzülýär.

59. Nama kitaplary tabşyrylanda, sanawyň ýazgysy bilen hakykat ýüzünde tabşyrylýan nama kitaplary ýa-da nama ýazgylary arasynda tapawut ýüze çyksa, ýok nama kitaplary ýa-da nama ýazgylary barada düzülen tabşyrmak-kabul edip almak delilnamasynda bellenilip görkezilýär, olaryň ýoklugynyň sebäpleri bolsa, delilnamanyň ýanyna goşulýan RÝNÝ edarasy tarapyndan düzülen güwänamada görkezilýär.

60. RÝNÝ edaralary tarapyndan nama kitaplary RÝNÝ Merkezi arhiwine tabşyrylanda hem-de islendik görnüşde ondan-oňa geçirilen halatynda, olaryň abat saklanylmagyny ygtybarly üpjün edýän ätiýaçlyk çäreleri görülýär. Şundan ugur alnyp ulanyljak ulag serişdeleri saýlanylyp alynýar.

Nama kitaplary jaýyň daşyna diňe gaplara gaplanylan ýagdaýda hem-de üsti ýapyk ulag bilen çykarylýar.

Nama kitaplary ulagly daşalanda torbalara-haltalara salnyp ýa-da gaplara gaplanylyp äkidilýär. Şonda gaty kagyz bilen berk ýüp ulanylyp, ýüpüň aşagynda karton kagyz bölegi goýulýar.

Uzak aralyklara, köp günlük ýola daşalýan nama kitaplaryň daşyna suw geçirmeýän zatlar geýdirilip, gapyrjaklarda ýerleşdirilýär.

61. RÝNÝ edaralarynyň wezipeli adamlary we işgärleri şu Tertibe laýyklykda öz üstlerine ýüklenen borçlary we bellenilen talaplary ýerine ýetirmedik halatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

62. Şu Tertibiň RÝNÝ Merkezi arhiwiniň işine degişli bolan düzgünleri RÝNÝ Merkezi arhiwi tarapyndan gollanmaga degişlidir.

63. Şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk düzgünler Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 19-njy awgustynda 1500 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.