Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň 2021-nji ýylyň 3-nji awgustynda çykaran 64 belgili buýrugy

Ilat ýazuwyny (synaglaýyn ilat ýazuwyny goşmak bilen) geçirmek, alnan maglumatlary toplamak we gaýtadan işlemek üçin işgärleri wagtlaýyn işe çekmegiň, olara berilýän birwagtlaýyn tölegi hasaplamagyň we tölemegiň Tertibini tassyklamak hakynda

 

“2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda çykaran 410-njy kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn: 

1. Ilat ýazuwyny (synaglaýyn ilat ýazuwyny goşmak bilen) geçirmek, alnan maglumatlary toplamak we gaýtadan işlemek üçin işgärleri wagtlaýyn işe çekmegiň, olara berilýän birwagtlaýyn tölegi hasaplamagyň we tölemegiň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu Tertip boýunça ýerine ýetirilýän işleriň umumy utgaşdyrmasyny we gözegçiligini Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasaryna - 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça Iş toparynyň başlygyna tabşyrmaly.


Başlyk S.Welbegow



Ylalaşyldy:

 

Türkmenistanyň Zähmet we

ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapow

«03» awgust 2021 ý. 

Türkmenistanyň Maliýe we

ykdysadyýet ministri M.Serdarow

«03» awgust 2021 ý. 



Türkmenistanyň Statistika baradaky

döwlet komitetiniň başlygynyň

2021-nji ýylyň 3-nji awgustynda

çykaran 64 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy

 

Ilat ýazuwyny (synaglaýyn ilat ýazuwyny goşmak bilen) geçirmek,

alnan maglumatlary toplamak we gaýtadan işlemek üçin işgärleri wagtlaýyn işe çekmegiň, olara berilýän birwagtlaýyn tölegi hasaplamagyň we tölemegiň Tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Şu Ilat ýazuwyny (synaglaýyn ilat ýazuwyny goşmak bilen) geçirmek, alnan maglumatlary toplamak we gaýtadan işlemek üçin işgärleri wagtlaýyn işe çekmegiň, olara berilýän birwagtlaýyn tölegi hasaplamagyň we tölemegiň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) Türkmenistanyň Zähmet kodeksine we “2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda çykaran 410-njy kararyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

  • 2. Şu Tertip 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny (synaglaýyn ilat ýazuwyny goşmak bilen, mundan beýläk – Ilat ýazuwy) geçirmek we maglumatlary toplamak üçin işgärleri wagtlaýyn işe çekmegiň hem-de ýerine ýetiren işleri (hyzmatlary) üçin olara berilýän birwagtlaýyn töleginiň tertibini kesgitleýär.


II bap. Ilat ýazuwyny geçirmek üçin işgärleri wagtlaýyn işe çekilmeginiň tertibi

 

  • 3. Ilat ýazuwyny geçirmek boýunça işleri (hyzmatlary) ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti (mundan beýläk – Türkmenstat) kämillik ýaşyna ýeten, ýokary ýa-da orta hünär bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlaryny işe çekmäge haklydyr. Türkmenstat bilen şu bölekde görkezilen işe çekilen raýatlaryň gatnaşyklary 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek boýunça işleri (hyzmatlary) ýerine ýetirmek üçin Şertnama (mundan beýläk- Şertnama, şu Tertibe goşundy) esasynda düzgünleşdirilýär.
  • 4. Şu Tertibiň maksatlary üçin Ilat ýazuwyny geçirmek üçin wagtlaýyn işgär diýlende ilat we ýaşaýyş jaý gory boýunça maglumatlary toplamak we gaýtadan işlemek işleri amala aşyrýan şahsa (mundan beýläk – sanaýjy) düşünilýär.

5. Sanaýjylar ilat ýazuwyna gatnaşmak üçin 45 senenama gün döwür üçin işe çekilýär.

  • 6. Ilat ýazuwyny geçirmek üçin sanaýjylaryň sany Türkmenstat tarapyndan kesgitlenilýär.
  • 7. Sanaýjy bilen baglaşylan Şertnama welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň statistika müdirlikleriniň Işgärler bölümlerinde saklanylýar.

 

III bap. Ilat ýazuwynyň dowamynda alnan maglumatlary aýan etmezlik hakynda sanaýjylaryň borjy


8. Sanaýjylaryň her biri bilen şahsy jogapkärçiligi we ilat ýazuwynyň dowamynda alnan maglumatlary aýan etmezlik hakynda Türkmenstat tarapyndan bellenen tertipde taýýarlanan we tassyklanan borçnama baglaşylýar.

9. Türkmenstat Ilat ýazuwyny geçirmek üçin tassyklanan ýazuw kagyzlarynda görkezilen maglumatlardan başga artykmaç maglumatlary almaklygyň gadagandygyny sanaýjylaryň dykgatyna ýetirmelidir.

10. Gol çekişilen borçnamalary hereket edýän kanunçylyga laýyklykda saklamaklyk welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň statistika müdirlikleriniň başlyklarynyň üstüne ýüklenýär.

 

IV bap. Ilat ýazuwyna taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça işleriň guramaçylygy 

 

  • 11. Ilat ýazuwynyň başlanmagyndan öň Türkmenstat sanaýjylar bilen ilat ýazuwyny geçirmegiň we ýazuw resminamalaryny doldurmagyň tertibi boýunça okuw sapaklary geçirilýär, şol okuw sapaklarynda degişli gollanma resminamalary öwredilýär.
  • Sanaýjylar öz gezeginde Ilat ýazuwynyň geçirilýän döwründe ýazuwyň geçirmeginiň maksady we wezipesi barada ilat bilen düşündiriş işleri geçirmelidirler.
  • 12. Ilatdan soraşma elektron göterijileriň (planşet) kömegi arkaly geçirilýär. Käbir ýagdaýlarda (planşetiň hatardan çykmagy we ş.m.) soraşma kagyz göterijilerde amala aşyrylyp, soňra ýazuw kagyzlaryndaky maglumatlar planşete ýa-da kompýutere geçirilýär.
  • 13. Sanaýjylar Şertnama laýyklykda şahsy planşetleri kabul edip alýarlar we onuň abatlygyna şahsy jogapkärçilik çekýärler.
  • 14. Ilat ýazuwy tamamlanandan soň sanaýjylar ýazuw resminamalaryny we planşetleri abat ýagdaýda etrabyň (şäher) statistika bölüminiň ýazuw resminamalarynyň we planşetleriň saklanyşyna jogapkär hünärmenine tabşyrmalydyr.

V bap. Wagtlaýyn ýazuw işgärlerine berilýän birwagtlaýyn tölegiň hasaplamagyň we tölemegiň tertibi


15. Sanaýjy hökmünde işe çekilen raýatlara Ilat ýazuwy döwründe ýerine ýetiren işi üçin birwagtlaýyn töleginiň möçberi Sanaýjy bilen Türkmenstatyň arasynda baglaşylan şu Tertibiň üçünji böleginde görkezilen Şertnamada taraplaryň ylalaşmagy arkaly kesgitlenilýär. Şunda, birwagtlaýyn töleginiň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen zähmet hakynyň iň pes möçberinden pes bolmaly däldir.

16. Şu Tertibiň on bäşinji böleginde bellenen birwagtlaýyn tölegi Sanaýjy tarapyndan borçlanylan Ilat ýazuwy işleriniň tamamlanmagyndan, ýazuw resminamalaryň we tehniki serişdeleriniň tabşyrylmagyndan soň 10 (on) iş gününiň dowamynda Türkmenstat tarapyndan amala aşyrylmaga degişlidir.

17. Töleg nagt däl görnüşde Sanaýjynyň şahsy hasabyna (plastik kartyna) geçirmek arkaly amala aşyrylýar.


Ilat ýazuwyny (synaglaýyn ilat ýazuwyny goşmak bilen)

geçirmek, alnan maglumatlary toplamak we gaýtadan

işlemek üçin işgärleri wagtlaýyn işe çekmegiň, olara berilýän

birwagtlaýyn tölegi hasaplamagyň we tölemegiň Tertibine

goşundy

 

2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek (synaglaýyn ilat ýazuwyny goşmak bilen)  boýunça işleri (hyzmatlary) ýerine ýetirmek üçin 

№ _____ ŞERTNAMA


«___» __________ 202__ý.


Mundan beýläk “Buýrujy” diýlip atlandyrylýan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, öz ygtyýarlyklarynyň esasynda onuň adyndan hereket edýän ____________ welaýatynyň ýa-da Aşgabat şäheriniň statistika müdirliginiň başlygynyň ____________________wekilçiliginde, bir tarapdan we ________________________, mundan beýläk “Ýerine ýetiriji” diýlip atlandyrylýan raýat_______________ beýleki tarapdan, bilelikde “Taraplar” diýip atlandyrylýanlar, aşakdakylar hakynda 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny (synaglaýyn ilat ýazuwyny goşmak bilen) geçirmek boýunça işleri (hyzmatlary) ýerine ýetirmek üçin şu Şertnamany (mundan beýläk - Şertnama) baglaşdylar:


1. Şertnamanyň mazmuny

 

1.1. “Ýerine ýetiriji” 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny (mundan beýläk – ilat ýazuwy) geçirmek boýunça okuw geçmäge, özüne berkidilen ýazuw bölümi we sanaw uçastoklary boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny geçirmek, ýazuw resminamalaryny doldurmak boýunça gollanma laýyklykda doldurmaga, ilat ýazuwyny her bir ýaşaýyş jaýyna, ilatyň ýaşamagy mümkin bolan ýaşaýyş däl binalaryna aýlanmak arkaly amala aşyrmaga, her gün ýerine ýetiren işini sanaýjynyň ýazuw depderçesine ýazmaga, ýazuw bölüminiň başlygyna habar bermäge, doldurylan ýazuw kagyzlaryny oňa tabşyrmaga (mundan beýläk – Hyzmat) borçlanýar.

1.2. “Buýrujy” Hyzmatyň netijelerini kabul edip almaga we ýerine ýetirilen Hyzmatlar üçin şertnama laýyklykda birwagtlaýyn tölegini tölemäge borçlanýar.

1.3. “Ýerine ýetiriji” Hyzmatlary özbaşdak ýerine ýetirýär.

1.4. Hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ýeri________________________________

 (şäher/ welaýat, sanaw uçastogynyň №)

1.5. Şu Şertnama boýunça Hyzmatlary ýerine ýetirmegiň möhleti 2022-nji ýylyň 17-nji noýabryndan başlap 2022-nji ýylyň 30-njy dekabryna çenli.

1.6. Ýazuw resminamalary ýazuw bölüminiň başlygyna tabşyrylandan soň Hyzmat edildi diýlip hasap edilýär.

 

2. Taraplaryň hukuklary we borçlary


2.1. “Ýerine ýetiriji” aşakdakylara borçludyr:

2.1.1. Şu Şertnamanyň 1.1 bendinde göz öňünde tutulan Hyzmatlary doly möçberde, ýokary hilli we Şertnamanyň 1.5 bendinde bellenilişi ýaly öz wagtynda ýerine ýetirmäge;

2.1.2. Ýazuw kagyzlarynyň we beýleki ýazuw resminamalarynyň dogry we ýokary hilli doldurylmagyna jogapkärçilik çekmäge;

2.1.3. “Buýrujy tarapyndan ynanylan emläkleriň abat saklanmagyna (planşet, torba);

2.1.4. Özüne ynanylan emläkleriň ogurlanmazlygy ýa-da zaýalanmazlygy üçin zerur çäreleri görmäge we olaryň abat saklanmagyna päsgel berýän ýagdaýlar barada Buýruja ýazmaça görnüşde habar bermäge;

2.1.5. Hyzmatlarda kemçilikler ýüze çykan ýagdaýynda olary 1 (bir) senenama gününiň dowamynda aradan aýyrmaga;

2.1.6. Ýerine ýetirilen Hyzmatlar üçin birwagtlaýyn töleginiň möçberiniň geçirilmegi üçin “Buýruja” karz edaralaryndaky şahsy hasaby baradaky resminamalary (plastik kartynyň belgisi barada) tabşyrmaga.

2.2. “Ýerine ýetirijiniň” aşakdakylara hukugy bardyr:

2.2.1. Şu Şertnamanyň 1.1. bendinde göz öňünde tutulan Hyzmatlary Şertnamanyň 3.1. bendinde göz öňünde tutulan tölegiň möçberiniň saklanyp galmagy şertinde möhletinden öň ýerine ýetirmäge;

2.2.2. Şu Şertnamanyň 1.1. bendinde görkezilen Hyzmaty ýerine ýetirmek üçin degişli şertler we serişdeler bilen üpjün etmekligi talap etmäge;

2.2.3. Şu Şertnamanyň 3.1. bendinde göz öňünde tutulan tölegiň öz wagtynda tölenilmegini talap etmäge.

2.3. “Buýrujy” aşakdakylara borçludyr:

2.3.1. “Ýerine ýetirijiniň” Hyzmatlary öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmegi üçin degişli şertleri döretmäge;

2.3.2. Ýerine ýetirilen Hyzmatlary özi ýa-da wekiliniň üsti bilen kabul etmäge;

2.3.3. Şu Şertnamanyň 3.1. bendinde göz öňünde tutulan tölegleri öz wagtynda tölemäge;

2.3.4. Birwagtlaýyn töleginden Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tutumlary tutmaga.

2.4. “Buýrujyny” aşakdakylara hukugy bardyr:

2.4.1. “Ýerine ýetirijiniň” Hyzmatyna päsgelçilik döretmezden, onuň işi ýerine ýetirişine gözegçilik etmäge.

2.4.2. “Ýerine ýetiriji” tarapyndan şu Şertnamanyň 1.1. bendinde görkezilen Hyzmaty ynsaply ýerine ýetirmezligi ýüze çykan halatynda, Şertnamany möhletinden öň birtaraplaýyn ýatyrmaga.


3. Ýerine ýetirilen işlere hak tölemegiň tertibi 

 

3.1. Şu Şertnamanyň şertlerine laýyklykda “Ýerine ýetirijiniň” Hyzmaty _________________ (________) manatdan ybaratdyr.

(hat bilen)

3.2. “Buýrujy” şu Şertnamanyň 3.1. bendinde görkezilen birwagtlaýyn tölegini ýazuw resminamalaryny we tehniki serişdelerini doly tabşyrandan soň 10 (on) iş gününiň dowamynda “Ýerine ýetirijiniň” şu Şertnamada görkezilen şahsy hasabyna (plastik kart) pul serişdelerini geçirmeklik arkaly töleýär.


4. Taraplaryň jogapkärçiligi

 

4.1. Şu Şertnama boýunça borçlar ýerine ýetirilmese ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmese Taraplar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçiligi çekýärler.

4.2. Garaşsyz bilermenleriň netijenamasynyň esasynda tebigy betbatçylyk hadysasynyň ýa-da öňüni alyp bolmaýan güýçleriň täsiri netijesinde “Ýerine ýetiriji” özüne ynanylan emläge ýeten zyýanyň (zelel) öwezini dolmakdan boşadylýar.

4.3. Taraplaryň arasynda jedeller ýüze çykan halatynda olary özara gepleşikler tertibinde çözmek üçin ähli tagallalary edýärler.

4.4. Şertnamany ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly dörän jedeller babatynda, olar özara gepleşikler tertibinde çözüp bolmadyk halatynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.

 

5. Beýleki şertler

 

Şu Şertnama birmeňzeş ýuridik güýji bolan iki sany asyl nusgada taýýarlanyp, olaryň biri “Ýerine ýetirijide”, beýlekisi bolsa “Buýrujyda” saklanylýar.

 

6. Taraplaryň salgysy we bank rekwizitleri


“Buýrujy”:


“Ýerine ýetiriji”:




(edaranyň ady)

 

(familiýasy, ady)




Ýuridik salgysy:


Ýaşaýan ýeriniň salgysy:









Pasporty







(tapgyry, belgisi, kim tarapyndan we haçan berlen)




Hasabat hasaby_________________


Şahsy hasaby ___________________




Bank edarasy ______________


Bank edarasy ______________




Telefony ______________________


Telefony ______________________




Faksy__________________________






Elekton poçtasynyň salgysy


Elektron poçtasynyň salgysy














(Familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

(goly)

 

(Familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

(goly)

"___"__________ 202____ ý.


"___"__________ 202____ ý.

















Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 18-nji awgustynda 1499 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.