Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň, «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygynyň 2021-nji ýylyň 13-nji iýulynda çykaran 76/156-iş belgili bilelikdäki buýrugy

Demir ýol ulag serişdeleri arkaly Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlary we konteýnerleri gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibini tassyklamak hakynda

 

2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 28-nji maddasyna, 2015-nji ýylyň 28-nji fewralynda kabul edilen «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, demir ýol ulag serişdeleri arkaly Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlary we konteýnerleri gümrük taýdan resmileşdirmegi kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýarys:

1. Demir ýol ulag serişdeleri arkaly Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlary we konteýnerleri gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň we «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygynyň orunbasarlary gözegçilik etmeli.

3. Şu buýrugy degişli şahslaryň dykgatyna ýetirmeli.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük 

gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew 

 

«Türkmendemirýollary»

agentliginiň başlygy A.Atamyradow

 


Ylalaşyldy:

Türkmenistanyň Döwlet serhet 

gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew

«13» iýul 2021 ý.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş 

we derman senagaty ministri N.Amannepesow

«13» iýul 2021 ý.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük

gullugynyň başlygynyň,

«Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygynyň

2021-nji ýylyň 13-nji iýulynda

çykaran 76/156-iş belgili bilelikdäki

buýrugy bilen tassyklandy



Demir ýol ulag serişdeleri arkaly Türkmenistanyň gümrük

serhedinden geçirilýän harytlary we konteýnerleri

gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Demir ýol ulag serişdeleri arkaly Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlary we konteýnerleri gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibi (mundan beýläk - Tertip) 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň (mundan beýläk - Gümrük kodeksi) 28-nji maddasyna, 2015-nji ýylyň 28-nji fewralynda kabul edilen «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we demir ýol ulag serişdeleri (mundan beýläk - Ulaglar) arkaly Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň (mundan beýläk - harytlar), konteýnerleriň gümrük gözegçiliginiň hem-de olary gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibini kesgitleýär.

2. Şu Tertibiň maksatlary üçin ulanylýan düşünjeler:

1) barylmagy bellenilen gümrük edarasy - içerki gümrük üstaşyry gümrük amalynyň ýa-da gümrük üstaşyry gümrük düzgüniniň tamamlanýan gümrük edarasy;

2) daşaýyş resminamalary - harydyň ýany bilen iberilýän resminamalar, ýagny gümrük serhedinden geçirilýän we Türkmenistanyň gümrük çäginde gümrük gözegçiliginde daşalýan harytlara degişli bolan we olaryň ýany bilen iberilýän ulag (daşaýyş), täjirçilik we gümrük resminamalary;

3) ekspeditor - Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda ulag ekspedisiýasynyň şertnamasy boýunça hereket edýän şahs;

4) gümrük gözegçiliginiň zolagy - gümrük taýdan resmileşdirmegi geçirmek, gümrük operasiýalaryny amala aşyrmak, ýükleri düşürmek, düşürip ýüklemek, ýüklemek, Ulaglary we ýükleri gözden geçirmek hem-de barlamak, ýükleri wagtlaýyn saklamak hem-de ondan-oňa geçirmek maksatlary üçin, Gümrük kodeksiniň 311-nji maddasyna hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda 1295 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Gümrük gözegçiligi zolaklaryny döretmegiň we belgilemegiň tertibini hem-de olar üçin talaplary tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda çykaran 153 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Gümrük gözegçiligi zolaklaryny döretmegiň we belgilemegiň tertibine hem-de olar üçin talaplara laýyklykda döredilen gümrük gözegçiliginiň zolagy;

5) içerki gümrük edarasy - iş zolagynda Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçirilýän gözegçilik-geçiriş ýeri (mundan beýläk - Geçiriş ýeri) bolmadyk, ýükleriň gümrük gözegçiligini we gümrük taýdan resmileşdirilmegini amala aşyrýan gümrük edarasy;

6) konteýner - Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän, harytlary halkara gatnawy boýunça daşamak üçin ulanylýan islendik konteýner, şeýle hem konteýner bilen bilelikde äkidilýän bolsa, öndüriji tarapyndan olarda göz öňünde tutulan ätiýaçlyk şaýlary, esbaplar, enjamlar we öndüriji tarapyndan göz öňünde tutulan gaplaryndaky ýangyç-ýaglaýjy materiallar we ýangyç;

7) serhetýaka demir ýol bekedi - Ulaglar we ýükler babatda Geçiriş ýerinde ýük we gümrük amallaryny amala aşyrýan demir ýol bekedi ýa-da razýezdi;

8) serhetýaka gümrük edarasy - Geçiriş ýerinde ýa-da oňa iň golaý ýerleşýän, Ulaglaryň we ýükleriň Türkmenistanyň gümrük çägine gelýän we (ýa-da) bu çäkden gidýän ýerinde gümrük gözegçiligini hem-de gümrük taýdan resmileşdirilmegini amala aşyrýan gümrük edarasy;

9) täjirçilik resminamalary - Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna ýa-da iş dolanyşygynyň adatlaryna laýyklykda daşary söwda we başga iş amala aşyrylan mahalynda peýdalanylýan we kanunyň, taraplaryň ylalaşygynyň ýa-da iş dolanyşygynyň adatlarynyň hereketine laýyklykda harytlaryň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen baglanyşykly geleşikleriň amala aşyrylmagyny tassyklamak üçin peýdalanylýan hasap-faktura (inwoýs), ýükläp ugradyş we gaplaýyş listleri we başga resminamalar;

10) Topar - Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 26-njy fewralynda çykaran 2339-njy buýrugyna laýyklykda:

a) içerki gümrük edarasynda hereket edýän, gümrük edarasynyň harby gullukçysyndan, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärinden;

b) serhetýaka gümrük edarasynda hereket edýän, gümrük edarasynyň harby gullukçysyndan, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärinden hem-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysyndan ybarat bolan, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bilelikdäki gümrük gözegçiligini we gümrük taýdan resmileşdirmegi amala aşyrýan topar;

11) ugradylyş gümrük edarasy - içerki gümrük üstaşyry gümrük amalyna ýa-da gümrük üstaşyry gümrük düzgünine laýyklykda iş zolagynda ýükleriň Ulaglar arkaly daşalmagy başlanýan gümrük edarasy;

12) üstaşyr deklarasiýasy - daşary ýurt harytlaryny içerki gümrük üstaşyry amalyna we gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirmek we bu harytlary Türkmenistanyň gümrük çägi boýunça daşamak (geçirmek) üçin zerur bolan maglumatlar görkezilýän, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 13-nji iýulynda 1245 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 20-nji maýynda çykaran 64 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibine laýyklykda doldurylan resminama;

13) ýükler - harytlar we konteýnerler.

Şu Tertipde ulanylýan başga düşünjeler Gümrük kodeksinde hem-de «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen manylarda ulanylýar.

3. Döwlet gözegçiliginiň weterinariýa, fitosanitariýa we beýleki görnüşlerine degişli harytlar babatda gümrük taýdan resmileşdirmek diňe şeýle gözegçiligi amala aşyrýan degişli ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşylandan soň tamamlanylyp bilner.


II bap. Ýükleri gümrük gözegçiligi astynda daşamagyň şertleri


4. Gümrük taýdan resmileşdirmegi tamamlanylmadyk ýük, ugradylyş gümrük edarasyndan barylmagy bellenilen gümrük edarasyna çenli, gümrük gözegçiligi astynda daşalýar.

Harytlar ýük iberijiniň ýa-da daşaýjynyň we (ýa-da) gümrük plombasynyň goýulmagy bilen gümrük gözegçiligi astynda daşalýar, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda plombalar goýulman daşamaga ýol berilýän harytlaryň sanawy muňa degişli däldir.

Gümrük edaralarynyň wezipeli adamlarynyň Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň çäklerinde gümrük gözegçiligi astynda daşalýan ýükler babatda kabul edýän çözgütleri demir ýol ulagynyň işgärleri üçin hökmany bolup durýar.

5. Ýükleri gümrük gözegçiligi astynda daşamak, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyny, şol sanda şu Tertibi berjaý etmek bilen, Türkmenistanyň demir ýol ulagy hakynda kanunçylygyna we Ulaglarda halkara ýük daşamalary baradaky Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, «Türkmendemirýollary» agentliginiň düzüm birlikleri (mundan beýläk - daşaýjy) tarapyndan amala aşyrylýar.

6. Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän, bu çäkden alnyp gidilýän we üstaşyr geçirilýän harytlar üçin, olary barylmagy bellenilen gümrük edarasyna eltmegiň möhletlerini görkezmek bilen, daşaýjy üstaşyr deklarasiýasyny ugradylyş gümrük edarasyna berýär.

7. Ugradylyş gümrük edarasy Gümrük kodeksiniň 45-nji maddasyna laýyklykda ýükleriň içerki gümrük üstaşyry amalyna ýa-da gümrük üstaşyry gümrük düzgünine laýyklykda daşalmagyna rugsat berýär.

8. Ýükleri daşamaga kabul eden daşaýjy şol ýükleri daşaýyş resminamalary bilen bilelikde, ugradylyş gümrük edarasy tarapyndan bellenilen möhletde niýetlenilen demir ýol bekedine eltmäge borçludyr.

Eger, ýükler hakykatda awariýa, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri ýa-da olaryň eltilmegine päsgelçilik döredýän başga ýagdaýlar netijesinde barylmagy bellenilen gümrük edarasyna eltilip bilinmese, daşaýjy ýükleriň abatlygyny üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmäge, ýakyndaky gümrük edarasyna bu ýagdaýlar we ýükleriň ýerleşýän ýeri hakynda haýal etmän habar bermäge, şeýle hem gümrük edarasynyň talaby boýunça ýükleri ýakyndaky gümrük edarasynyň ýerleşýän ýerine ýa-da gümrük edarasy tarapyndan görkezilen başga ýere geçirmäge ýa-da olaryň daşalmagyny üpjün etmäge (eger Ulaga zeper ýeten bolsa) borçludyr.

Daşaýjylaryň ýa-da başga şahslaryň şu bölekde kesgitlenilen çäreleri görmegi bilen baglanyşykly çykdajylarynyň öwezi gümrük edaralary tarapyndan dolunmaýar.

9. «Türkmendemirýollary» agentliginiň demir ýol beketleri, niýetlenilen demir ýol bekedine çenli daşamagyň we saklamagyň kadaly şertlerinde tebigy könelme ýa-da azalma netijesinde üýtgän ýagdaýlaryndan başga, harytlary gaplanyşyny ýa-da ýagdaýyny üýtgetmezden eltmäge hem-de daşaýyş resminamalaryny bermek bilen, iş zolagynda niýetlenilen demir ýol bekedi ýerleşýän gümrük edarasyna ýükleriň eltilendigi barada habar bermäge borçludyr.

10. Demir ýol ulagynyň işgärleriniň gümrük gözegçiligi astynda daşalýan ýükleri gümrük edaralarynyň rugsady bolmazdan ýük alyja ýa-da başga şahslara bermäge hukugy ýokdur.

11. Daşary ýurt harytlary barylmagy bellenilen gümrük edarasyna eltilmedik halatynda daşaýjy ýa-da, eger ekspeditor tarapyndan içerki gümrük üstaşyryna rugsat alnan bolsa, ekspeditor Gümrük kodeksine laýyklykda getiriliş gümrük paçlaryny, salgytlary tölemäge borçludyr.

Eger harytlar awariýanyň, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýok bolan ýa-da ýiten ýa-da daşamagyň (ulagly daşamagyň) kadaly şertlerinde harytlaryň tebigy azalýan halatynda, daşaýjy we ekspeditor gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi üçin jogapkärçilik çekmeýär.

 

III bap. Gümrük gözegçiliginiň umumy kadalary


12. Ýükler Gümrük kodeksinde göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde gümrük gözegçiligine hem-de gümrük taýdan resmileşdirilmäge degişlidir.

13. Gümrük gözegçiligi geçirilende saýlamak ýörelgesinden ugur alynýar we Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek üçin ýeterlik bolan gümrük gözegçiliginiň görnüşleri ulanylýar.

14. Serhetýaka gümrük edarasynda ýüklerde Türkmenistanyň kanunçylygynda, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda Türkmenistana getirilmegi ýa-da Türkmenistandan alnyp gidilmegi gadagan edilen harytlaryň bardygyny çak etmäge düýpli esaslaryň bolmadyk ýagdaýlarynda, ol ýükler babatda gümrük gözegçiligi gözegçiligiň «resminamalary we maglumatlary barlamak» hem-de «harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük gözden geçirmesi» görnüşlerini ulanmak bilen tamamlanyp bilner.

15. Ýükleriň gümrük gözegçiligi we olary gümrük taýdan resmileşdirmek demir ýol beketleriniň işiniň guramaçylyk we tehnologik arabaglanyşykly barşynda şeýle gözegçilik etmek we resmileşdirmek üçin bellenilen, gümrük edaralary bilen ylalaşylan möhletlerde geçirilýär.

16. Gümrük gözegçiligini we gümrük taýdan resmileşdirmegi tizleşdirmek maksady bilen, daşaýjy ýa-da ekspeditor gümrük edarasyna ýükler barada elektron görnüşde deslapdan maglumat berilmegini üpjün edýär.

17. Otly düzümi Türkmenistanyň çägine gelmezinden öň, deslapdan berlen maglumatlar boýunça Ulaglarda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi gadagan edilen harytlaryň bardygy ýüze çykarylan ýagdaýynda, bu barada gümrük edarasy haýal etmän serhetýaka demir ýol bekedine habar berýär.

18. Topar gümrük gözegçiliginiň maksatlary üçin, Ulaglaryň we konteýnerleriň açylmadyk ýagdaýlarynda hem, olara goşmaça gümrük plombalaryny goýup biler.

19. Ýükleriň gümrük barlagy diňe gümrük gözegçiligi zolaklarynda amala aşyrylyp bilner.

20. Harytlaryň hakykatda awariýa, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri ýa-da olaryň eltilmegine päsgelçilik döredýän başga ýagdaýlar netijesinde barylmagy bellenilen gümrük edarasyna eltilip bilinmedik halatynda, ol ýagdaýlar barada habary alan gümrük edarasy hadysanyň häsiýetine, harydyň hiliniň ýitiş derejesine we ulag serişdesiniň tehniki ýagdaýyna baglylykda, gümrük gözegçiligini üpjün etmek üçin zerur çäreleri kesgitleýär.

21. Ýükleriň gümrük gözden geçirmesiniň dowamynda, Topar agzalary tarapyndan tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň berjaý edilmegi hökmanydyr.


IV bap. Gümrük taýdan resmileşdirmegiň umumy kadalary


22. Gümrük taýdan resmileşdirmek gümrük edarasynyň ýerleşýän ýerinde, Geçiriş ýerinde ýa-da demir ýol bekedinde ýörite enjamlaşdyrylyp gurnalan jaýlarda amala aşyrylýar.

23. Gümrük taýdan resmileşdirmek gümrük edarasynyň iş wagtynda Topar tarapyndan geçirilýär.

24. Gümrük taýdan resmileşdirmekde ulanylýan gümrük edarasynyň möhürçeleri resminamalara gümrük edarasynyň harby gullukçysynyň belgili şahsy möhri bilen bilelikde, basylan senesini, olary basan harby gullukçynyň familiýasyny görkezmek arkaly goýulýar we Toparyň beýleki agzalarynyň familiýalary görkezilip, möhürleriniň basylmagy, olaryň möhürleri bolmadyk ýagdaýlarynda gollarynyň goýulmagy bilen berkidilýär.

Gümrük taýdan resmileşdirmekde resminamalara ýazmaça bellikler gümrük edarasynyň harby gullukçysynyň belgili şahsy möhri bilen bilelikde, basylan senesini, belligi ýazan harby gullukçynyň familiýasyny görkezmek arkaly goýulýar we Toparyň beýleki agzalarynyň familiýalary görkezilip, möhürleriniň basylmagy, olaryň möhürleri bolmadyk ýagdaýlarynda gollarynyň goýulmagy bilen berkidilýär.

Topar agzalaryndan başga şahslar tarapyndan goşmaça bellikler edilmeginiň mümkinçiligini aradan aýyrmak maksady bilen, Topar tarapyndan resminamalara goýlan möhürçeleriň, möhürleriň we ýazmaça bellikleriň daşyna üznüksiz çyzyk aýlanyp bilner.

Toparyň resminamalara möhürçeleriň, möhürleriň we ýazmaça bellikleriň goýulmagyna esas bolan çözgüdiniň ýatyrylan ýagdaýynda, resminamalardaky degişli möhürçeleriň, möhürleriň we ýazmaça bellikleriň üstüne atanaklaýyn çyzyk çyzylýar.

25. Konteýnerleriň gümrük taýdan resmileşdirilmegi Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda 1358 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Ulag serişdeleriniň giriş we çykyş deklarasiýalaryny doldurmagyň tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 27-nji maýynda çykaran 62 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Ulag serişdeleriniň giriş we çykyş deklarasiýalaryny doldurmagyň tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.

26. Üstaşyr deklarasiýasy hem-de ulag serişdeleriniň giriş we çykyş deklarasiýasy gümrük edarasyna daşaýjy tarapyndan berilýär. Daşaýjy ol resminamalary gümrük edarasyna bermekde gümrük dellallarynyň hyzmatyndan peýdalanyp biler.

Resmileşdirilen üstaşyr deklarasiýasy hem-de ulag serişdeleriniň giriş we çykyş deklarasiýasy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyna girizilýär.

27. Döwlet gözegçiliginiň weterinariýa, fitosanitariýa we beýleki görnüşlerine degişli harytlar babatda gümrük taýdan resmileşdirmek diňe şeýle gözegçiligi amala aşyrýan degişli ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşylandan soň tamamlanylyp bilner.


V bap. Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlary gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibi


28. Ýükleriň gümrük gözegçiligi, serhetýaka demir ýol bekediniň Türkmenistanyň gümrük çägine gelýän Ulaglaryň we ýükleriň gümrük serhedinden hakykatdan geçirilendigi baradaky habarnamasyny serhetýaka gümrük edarasynyň kabul eden pursatynda başlanýar. Serhetýaka demir ýol bekediniň işgärleri wagonlary kabul ediş-tabşyryş wedomostyny (mundan beýläk - wedomost) we daşaýyş resminamalary bermek bilen, daşary ýurtdan ýükleriň gelmegi barada gümrük edarasynyň wezipeli adamlaryny habardar etmäge borçludyr. Harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek, serhetýaka gümrük edarasyna Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçýän harytlar babatda resminamalar berlen pursatynda başlanýar.

Serhetýaka gümrük edarasynda hereket edýän Topar wedomostlaryň iki nusgasyna resminamalary kabul etmegiň wagty, gümrük gözden geçirmesiniň başlanmagy, gümrük gözden geçirmesiniň tamamlanmagy we resminamalaryň serhetýaka demir ýol bekediniň işgärlerine gaýtarylyp berilmegi barada bellik edýär.

29. Topar we serhetýaka demir ýol bekediniň işgäri demir ýol bekediniň işiniň guramaçylyk we tehnologik arabaglanyşykly barşyna görä bellenilen, gümrük edarasy bilen ylalaşylan möhletlerde, kabul edilýän Ulaglaryň sanyny we belgilerini, plombalaryň abatdygyny, açyk ýagdaýda hereket edýän düzümde harytlaryň abat saklanmagyny we şuňa meňzeşleri barlaýar. Şeýle barlaglar geçirilen mahaly ýüze çykarylan ähli laýyk gelmezlikler barada, serhetýaka demir ýol bekediniň işgärleri tarapyndan Umumy görnüşli delilnama we ylalaşyklar bilen göz önünde tutulan halatlarda Täjirçilik delilnamasy düzülýär. Ol delilnamalarda demirýol bekediniň ýolbaşçysynyň we degişliligi boýunça barlaga gatnaşan iki sany işgäriniň, Topar agzalarynyň atlary, familiýalary görkezilýär hem-de olaryň gollary goýulýar. Delilnamalaryň bir nusgasy gümrük edaralaryna berilýär.

30. Topar şu Tertibiň ýigrimi sekizinji böleginde görkezilen resminamalary barlaýar we gelen otly düzümini gümrük edarasynyň Türkmenistanyň gümrük çägine gelýän otly düzümleriniň wagonlary kabul ediş-tabşyryş wedomostlaryny bellige alyş kitabynda (şu Tertibe 1-nji goşundy) bellige alýar.

31. Ýükleriň gümrük gözden geçirmesiniň hem-de resminamalary we maglumatlary barlamagyň netijesinde, Topar şu çözgütleriň birini kabul edýär:

1) harytlary gümrük gözegçiligi astynda barylmagy bellenilen gümrük edarasyna ibermek barada;

2) harytlaryň gümrük gözegçiligini geçirmek we olary gümrük taýdan resmileşdirmegi tamamlamak barada;

3) harytlary we olaryň resminamalaryny saklamak ýa-da goşmaça barlaglary geçirmek barada;

4) harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna gaýtarmak barada.

Harytlary gümrük gözegçiligi astynda barylmagy bellenilen gümrük edarasyna ibermek baradaky çözgüt, harytlar babatda gümrük gözegçiligi üçin zerur bolan ähli resminamalaryň berlen, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmasy bolmadyk, harytlaryň gümrük serhedinden Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegi bilen geçirilýändigine şübhe döremedik we Geçiriş ýerinde harytlary gümrük taýdan resmileşdirmegi tamamlamak barada dahylly şahsyň ýüz tutmadyk ýagdaýlarynda kabul edilýär.

Harytlaryň gümrük gözegçiligini geçirmek we olary gümrük taýdan resmileşdirmegi tamamlamak baradaky çözgüt, harytlar babatda gümrük gözegçiligi üçin zerur bolan ähli resminamalaryň berlen, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmasy bolmadyk, harytlaryň gümrük serhedinden Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegi bilen geçirilýändigine şübhe döremedik we Geçiriş ýerinde harytlary gümrük taýdan resmileşdirmegi tamamlamak barada dahylly şahsyň ýüz tutan ýagdaýlarynda kabul edilýär.

Harytlary we olaryň resminamalaryny saklamak ýa-da goşmaça barlaglary geçirmek baradaky çözgüt, harytlar babatda gümrük gözegçiligi üçin zerur bolan ähli resminamalaryň berilmedik we (ýa-da) Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmasynyň bolan ýagdaýlarynda, şeýle hem harytlaryň gümrük serhedinden Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegi bilen geçirilýändigine şübhe dörän ýagdaýlarynda kabul edilip bilner.

Harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna gaýtarmak baradaky çözgüt, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi gadagan edilen harytlar babatda hem-de Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi çäklendirilen harytlar babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda bellenilen talaplar we şertler berjaý edilmedik ýagdaýlarynda kabul edilýär.

32. Harytlary gümrük gözegçiligi astynda barylmagy bellenilen gümrük edarasyna ibermek barada çözgüt kabul edilen ýagdaýynda, üstaşyr deklarasiýasynyň resmileşdirilmegi bilen, harytlar içerki gümrük üstaşyry amalyna ýerleşdirilýär. Şonda halkara daşamalary mahalynda harytlary daşamagyň şertnamasynyň bardygyny we mazmunyny tassyklaýan hem-de harydyň ýany bilen iberilýän demir ýol-ulag resminamasynyň (mundan beýläk - ýanhat) asyl nusgasynda gümrük edarasynyň «Gümrük ýüki________ plombalar astynda ______ orundan ybarat ýük ______ gümrük edarasyna gowuşmaly IÜR-niň belgisi ___________» atly belgili (mundan beýläk - ugrukdyryjy) möhürçesi we «Gümrük ýüki» atly möhürçesi goýulýar.

Harytlaryň gümrük gözegçiligini geçirmek we olary gümrük taýdan resmileşdirmegi tamamlamak barada çözgüt kabul edilen ýagdaýynda, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda bellenilen düzgünlere we möhletlere laýyklykda gümrük taýdan resmileşdirmek işleri geçirilip, harytlaryň goýberilmegi (şertli goýberilmegi) amala aşyrylýar.

Harytlary we olaryň resminamalaryny saklamak ýa-da goşmaça barlaglary geçirmek baradaky çözgüt, şeýle çözgüdiň kabul edilmegi üçin esasy görkezmek bilen, ýanhatyň asyl nusgasynda harydyň adynyň aşagynda gümrük edarasynyň «Goýbermek gadagan» atly belgili möhürçesini goýmak bilen tassyklanylýar.

Harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna gaýtarmak baradaky çözgüt, gaýtarylmagy üçin esasy görkezmek bilen, ýanhatyň asyl nusgasynda harydyň adynyň aşagynda gümrük edarasynyň «Iberijä gaýtarylmaga degişli» atly belgili möhürçesini goýmak bilen tassyklanylýar.

33. Döwlet gözegçiliginiň weterinariýa we fitosanitariýa görnüşlerine degişli Harytlaryň şeýle gözegçiligi amala aşyrýan degişli ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşylmagy barada Toparyň çözgüdi, ýanhatda gümrük edarasynyň «Weterinar gullugyna. Karantin gullugyna görkezmeli» atly belgili möhürçesiniň goýulmagy bilen tassyklanylýar.

34. Toparyň harytlary we olaryň resminamalaryny saklamak ýa-da goşmaça barlaglary geçirmek baradaky çözgüdi wagtlaýyn häsiýetli bolup, goşmaça maglumatlaryň öwrenilmegi we (ýa-da) goşmaça gümrük barlagyny geçirmek maksady bilen kabul edilýär. Şunda harytlary we olaryň resminamalaryny saklamak ýa-da goşmaça barlaglary geçirmek möhleti 10 (on) iş gününden artyk bolup bilmez.

Goşmaça maglumatlaryň öwrenilmegi we (ýa-da) goşmaça gümrük barlagy tamamlanandan soň, Topar şu Tertibiň otuz birinji böleginiň 1-nji, 2-nji we 4-nji bentlerinde görkezilen çözgütleriň birini kabul edýär.

35. Harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna gaýtarmak baradaky çözgüt, dahylly şahsyň delillendirilen ýüz tutmasy boýunça, çözgüdiň kabul edilmegi üçin sebäp bolan kemçilikleriň düzedilen ýagdaýlarynda (mysal üçin: zerur bolan rugsatnamanyň, ygtyýarnamanyň alynmagy, öň berilmedik resminamalaryň berilmegi, berlen maglumatlarda ýalňyşlyklaryň bardygy anyklanylyp, olaryň düzedilmegi we başgalar), gümrük edarasynyň we wekili Topar agzasy bolup durýan beýleki döwlet gözegçilik edaralarynyň Geçiriş ýerinde hereket edýän düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary ýa-da olaryň ýerine galan şahslar bilen ylalaşylmagy bilen, Topar tarapyndan ýatyrylyp bilner. Şeýle ýagdaýda Topar şu Tertibiň otuz birinji böleginiň

1-nji, 2-nji we 3-nji bentlerinde görkezilen çözgütleriň birini kabul edýär.

36. Niýetlenilen demir ýol bekedine gelip gowşan gümrük gözegçiligindäki harytlar gümrük gözegçiligi zolaklarynda ýerleşdirilýär.

Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ýagdaýlarda, harytlaryň aýry-aýry toparlary Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we «Türkmendemirýollary» agentliginiň bilelikdäki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilen demir ýol beketlerine eltilip bilner.

37. Niýetlenilen demir ýol bekediniň işgäri barylmagy bellenilen içerki gümrük edarasyna daşaýyş resminamalaryny bermek bilen, daşary ýurtdan ýükleriň gelip gowşandygy barada gümrük edarasynyň wezipeli adamlaryny habardar etmäge borçludyr.

38. Niýetlenilen demir ýol bekedinden harytlaryň gelip gowşandygy baradaky habary we daşaýyş resminamalaryny alan barylmagy bellenilen içerki gümrük edarasynda hereket edýän Topar, şu Tertibiň ikinji böleginiň 12-nji bendinde görkezilen Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibine laýyklykda, içerki gümrük üstaşyry amalynyň tamamlanmagyny resmileşdirýär. Şonda Topar tarapyndan harytlaryň ýanhatlaryna gümrük edarasynyň «Ýük gowuşdy» atly belgili möhürçesi goýulýar. Ulaglary we konteýnerleri açmak we harytlaryň gümrük barlagyny geçirmek şu Tertibiň X babynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Daşaýjy Türkmenistanyň çägine wagtlaýyn getirilýän daşary ýurt konteýnerleri, Türkmenistanyň çäginde olara ygtyýarlyk edýän şahs resmi taýdan kesgitlenilenden soň, gümrük edarasynyň rugsady esasynda berýär.

39. Barylmagy bellenilen içerki gümrük edarasynda hereket edýän Topar gelip gowşan harytlary hem-de daşaýjy we ýük alyjy tarapyndan berlen, gümrük gözegçiligi üçin zerur bolan resminamalary, maglumatlary barlaýar, şeýle hem Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda bellenilen düzgünlere we möhletlere laýyklykda, gümrük taýdan resmileşdirmek işlerini geçirip, harytlaryň goýberilmegini (şertli goýberilmegini) amala aşyrýar.


VI bap. Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän harytlary

gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibi

 

40. Içerki gümrük edarasynda hereket edýän Topar, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda bellenilen tertipde, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegini göz öňünde tutýan gümrük düzgünlerine laýyklykda harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek bilen, olaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegine rugsat bermek barada çözgüdi kabul edýär. Toparyň çözgüdi ýanhatyň «Gümrükhananyň belligi» diýen öýjüginde gümrük edarasynyň «Gümrük ýüki» atly möhürçesini we «Goýbermäge rugsat berildi» atly belgili möhürçesini goýmak bilen tassyklanylýar. Şol ýanhatda, gümrük edarasynyň belgili möhürçesiniň ýanynda ýük gümrük deklarasiýasynyň belgisi, gümrük plombasynyň belgisi we sany görkezilýär.

41. Topar tarapyndan üstaşyr deklarasiýasynyň resmileşdirilmegi bilen, içerki gümrük üstaşyryna rugsat berilýär we harytlar serhetýaka gümrük edarasyna iberilýär. Şunda gümrük taýdan resmileşdirilen daşaýyş resminamalary, harytlaryň daşamaga kabul edilmegi üçin ugradylyş demir ýol bekedine berilýär.

42. Serhetýaka demir ýol bekediniň işgärleri harytlaryň demir ýol bekedine gelendigi barada, wedomosty we daşaýyş resminamalaryny bermek bilen, serhetýaka gümrük edarasyny habardar etmäge borçludyr.

43. Serhetýaka gümrük edarasynda hereket edýän Topar wedomostlaryň iki nusgasyna resminamalary kabul etmegiň wagty, gümrük gözden geçirmesiniň başlanmagy, gümrük gözden geçirmesiniň tamamlanmagy we resminamalaryň serhetýaka demir ýol bekediniň işgärlerine gaýtarylyp berilmegi barada bellik edýär.

44. Topar gümrük gözegçiligini amala aşyrandan soň, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegine rugsat bermek barada gutarnykly çözgüdi ýa-da harytlary we olaryň resminamalaryny saklamak we (ýa-da) goşmaça barlaglary geçirmek barada çözgüt kabul edýär.

45. Harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegine rugsat bermek barada gutarnykly çözgüt, harytlar babatda gümrük gözegçiligi üçin zerur bolan ähli resminamalaryň berlen, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmasy bolmadyk, harytlaryň gümrük serhedinden Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegi bilen geçirilýändigine şübhe döremedik ýagdaýynda kabul edilýär. Şunda wedomostyň iki nusgasyna gümrük edarasynyň «Goýbermäge rugsat berildi» atly belgili möhürçesi goýulýar we daşaýyş resminamalary harytlaryň ýany bilen alnyp gidilmegi üçin serhetýaka demir ýol bekedine gaýtarylyp berilýär. Harytlar bilen bilelikde gelip gowşan üstaşyr deklarasiýasy gümrük edarasynda galýar.

Harytlary we olaryň resminamalaryny saklamak ýa-da goşmaça barlaglary geçirmek baradaky çözgüt, serhetýaka demir ýol bekedine goşmaça seljerişi geçirmek zerur bolan harytlar gelip gowşan halatynda, harytlar babatda gümrük gözegçiligi üçin zerur bolan ähli resminamalaryň berilmedik we (ýa-da) Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmasynyň bolan ýagdaýlarynda, şeýle hem harytlaryň gümrük serhedinden Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegi bilen geçirilýändigine şübhe dörän ýagdaýlarynda kabul edilýär. Şunda şeýle çözgüdiň kabul edilmegi üçin esasy görkezmek bilen, ýanhatyň asyl nusgasynda harydyň adynyň aşagynda gümrük edarasynyň «Goýbermek gadagan» atly belgili möhürçesi goýulýar. Goşmaça barlaglaryň netijesi boýunça, barlagyň sebäbini görkezmek bilen, Topar tarapyndan gümrük barlagynyň delilnamasy düzülýär we şol delilnamada Topar agzalarynyň we serhetýaka demir ýol bekediniň işgäriniň atlary, familiýalary görkezilýär hem-de gollary goýulýar. Gümrük barlagynyň delilnamasynyň bir nusgasy serhetýaka demir ýol bekedine berilýär.

Harytlar saklanylan mahaly goşmaça barlaglary geçirmek mümkin bolan gysga möhletlerde, ýöne saklanylan senesinden başlap 10 (on) iş gününden gijä galynman tamamlanmalydyr.

46. Harytlaryň Ulaglara ýüklenilmegi olaryň alnyp gidilýän serhetýaka gümrük edarasynyň iş zolagynda amala aşyrylan ýagdaýynda, harytlar şu Tertibiň kyrkynjy we kyrk bäşinji böleklerine laýyklykda gümrük taýdan resmileşdirilmegi bilen, Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilip bilner.

47. Serhetýaka gümrük edarasynda Türkmenistanyň gümrük çäginden gidýän otly düzüminiň gümrük gözegçiligi hem-de ýükleriň gümrük taýdan resmileşdirilmegi tamamlanandan soň, otly düzümi Topar tarapyndan gümrük edarasynyň Türkmenistanyň gümrük çäginden gidýän otly düzümleriniň wagonlary kabul ediş-tabşyryş wedomostlaryny bellige alyş kitabynda (şu Tertibe 2-nji goşundy) bellige alynýar.

 

VII bap. Üstaşyr harytlary gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibi


48. Üstaşyr harytlarynyň gümrük gözegçiligi we olary gümrük taýdan resmileşdirmek şu Tertibiň V babynda bellenilen, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlary gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.

49. Üstaşyr harytlary Türkmenistanyň gümrük çägine gelýän ýerinden olaryň bu çäkden gidýän ýerine çenli daşamak gümrük gözegçiligi astynda amala aşyrylýar.

50. Harytlary gümrük gözegçiligi astynda barylmagy bellenilen gümrük edarasyna ibermek barada çözgüt kabul edilen ýagdaýynda, üstaşyr deklarasiýasynyň resmileşdirilmegi bilen, harytlar gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilýär. Şonda ýanhatyň asyl nusgasynda gümrük edarasynyň ugrukdyryjy möhürçesi hem-de «Gümrük ýüki» we «Üstaşyr ýük» atly möhürçeleri goýulýar.

51. Niýetlenilen demir ýol bekedinden harytlaryň gelendigi baradaky habary we daşaýyş resminamalaryny alan barylmagy bellenilen serhetýaka gümrük edarasynda hereket edýän Topar, şu Tertibiň ikinji böleginiň 12-nji bendinde görkezilen Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibine laýyklykda, gümrük üstaşyry gümrük düzgüniniň tamamlanmagyny resmileşdirýär. Şonda Topar tarapyndan harytlaryň ýanhatlaryna gümrük edarasynyň «Ýük gowuşdy» atly möhürçesi goýulýar.

52. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda gümrük taýdan resmileşdirilmegi geçirilip bilinmejek ýa-da üstaşyry gadagan edilen üstaşyr harytlary serhetýaka demir ýol bekediniň işiniň tehnologik ülňüsinde bellenilen möhletde daşary ýurtlara gaýtarylyp berilmäge degişlidir.

Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda üstaşyr geçirilmegi üçin Türkmenistanyň döwlet edaralary tarapyndan rugsatnama berilmegi bellenilen harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden üstaşyr geçirilmegine, diňe degişli rugsatnamalar serhetýaka gümrük edarasyna berlenden soň rugsat berilýär.

53. Üstaşyr harytlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy bilen daşalýandygy barada çak etmäge ýeterlik esas bar bolan ýagdaýynda, olar alnyp gidilýän ýolunyň islendik nokadynda Topar tarapyndan gözden geçirilip ýa-da barlanyp bilner. Şeýle harytlary gözden geçirmek ýa-da barlamak demir ýol ulagynyň işgäriniň gatnaşmagynda, gümrük nokadynyň ýolbaşçysy ýa-da onuň ornuny tutýan adamynyň rugsat bermegi bilen geçirilýär. Harytlaryň gümrük barlagy şu Tertibiň X babynda görkezilen tertipde amala aşyrylýar.


VIII bap. Harytlar başga salga iberilen mahaly gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibi


54. Gümrük gözegçiligi astyndaky harytlary ýük alyjynyň ýa-da niýetlenilen demir ýol bekediniň üýtgedilmegi bilen başga salga ibermek, demir ýol beketleri tarapyndan, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

55. Harytlary başga salga ibermek baradaky çözgüt, iş zolagynda şol harytlar bolan gümrük edarasynyň rugsat bermegi bilen, demir ýol ulagynyň jogapkär işgäri tarapyndan resmileşdirilýär.

56. Başga salga ibermegi resmileşdirmek üçin, harytlar babatda ygtyýarlyklary bolan şahs, şu Tertibiň elli bäşinji böleginde görkezilen gümrük edarasyna, harytlary başga salga ibermek barada arzany we harytlary başga salgy boýunça degişli niýetlenilen demir ýol bekedine ibermegiň zerurlygyny tassyklaýan resminamalary bermäge borçludyr.

57. Harytlar başga salga iberilende şu Tertibiň elli bäşinji böleginde görkezilen gümrük edarasynda hereket edýän Topar:

1) ugradylyş we barylmagy bellenilen gümrük edaralaryna harytlaryň gelip gowşandygy we olaryň başga salga, başga gümrük edarasyna iberilýändigi barada habar berýär;

2) daşaýjy tarapyndan berlen üstaşyr deklarasiýasyny resmileşdirýär;

3) ýanhatyň asyl nusgasyndaky ugradylyş gümrük edarasynyň ýa-da serhetýaka gümrük edarasynyň ugrukdyryjy möhürçesini hakyky däl ýagdaýa getirýär we täzeden ugrukdyryjy möhürçäni goýýar;

4) barylmagy gaýta bellenilen gümrük edarasyna çenli harytlaryň gümrük gözegçiligi astynda eltilmegine gözegçilik edýär.

58. Ugurdan bir ýanhat boýunça gidýän aýry-aýry wagonlary başga salga ibermäge harydyň ýerleşýän ýerindäki gümrük edarasynyň rugsat bermegi bilen ýol berilýär.


IX bap. Harytlar Ulagdan düşürilip başga ulag serişdelerine ýüklenilen mahaly gümrük gözegçiliginiň we gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibi

 

59. Harytlary ulag serişdeleriniň bir görnüşinden düşürip başgasyna ýüklemek, iş zolagynda şol düşürip ýüklemek işleri geçirilýän gümrük edarasynyň gözegçiligi astynda amala aşyrylýar.

60. Türkmenistanyň ýük alyjylarynyň adyna gelip gowuşýan harytlary Ulagdan düşürip başga Ulaglara ýa-da ulag serişdeleriniň başga görnüşine ýüklemek, ýük alyjynyň ýa-da onuň ygtyýarly wekiliniň, demir ýol bekediniň we gümrük edarasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda, täze ýanhatyň düzülmegi we onuň asyl nusgasynda gümrük edarasynyň ugrukdyryjy möhürçesini we «Gümrük ýüki» atly möhürçesini goýmak bilen amala aşyrylýar. Şunda haryda degişli öňki ýanhatyň asyl nusgasy täze ýanhata çatylýar hem-de barylmagy bellenilen gümrük edarasyna çenli üstaşyr deklarasiýasy resmileşdirilýär.

«Türkmendemirýollary» agentligine degişli demir ýol wagonlarynda Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystan Yslam Respublikasyna üstaşyr geçirilýän ýükleri Ulagdan düşürip başga Ulaga ýüklemek, Umumy görnüşli delilnamany we wagon listini resmileşdirmek hem-de daşaýyş resminamalarynda Ulagyň täze belgisini görkezmek, şeýle hem ýanhatyň asyl nusgasynda gümrük edarasynyň ugrukdyryjy möhürçesini, «Gümrük ýüki» we «Üstaşyr ýük» atly möhürçelerini goýmak bilen, ýük alyjynyň wekili gatnaşmazdan amala aşyrylýar. Şunda barylmagy bellenilen gümrük edarasyna çenli üstaşyr deklarasiýasy resmileşdirilýär.

61. Harytlaryň Ulagdan düşürilip başga ulag serişdelerine ýüklenilen ýagdaýlary gümrük edarasynyň Demir ýol ulag serişdesinden düşürilip başga ulaglara ýüklenilýän ýükleri bellige alyş kitabynda (şu Tertibe 3-nji goşundy) bellige alynýar.

 

X bap. Harytlaryň gümrük barlagynyň hem-de gümrük plombalaryny goýmagyň we aýyrmagyň tertibi

 

62. Harytlaryň gümrük barlagy Topar tarapyndan amala aşyrylýar. Şunda harytlaryň resminamalarda görkezilen maglumatlara gabat gelýändigini barlamak, harytlary kybaplamak we gümrük edarasyna mälim edilmedik harytlary ýüze çykarmak maksady bilen, Ulaglar we aýry-aýry ýük orunlarynyň gaplary açylýar. Harytlaryň gümrük barlagynyň tamamlanan gününden başlap 10 (on) iş gününden gijä galman, harytlar we Ulaglar degişliligi boýunça barylmagy bellenilen gümrük edarasyna ugradylýar.

63. Harytlaryň gümrük barlagyny geçirmek hakyndaky çözgüt gümrük edarasy tarapyndan kabul edilýär.

64. Harytlar gümrük gözegçiligi astynda daşalan mahaly goýlan gümrük plombasy diňe Topar tarapyndan aýrylyp bilner.

65. Topar tarapyndan goýlan gümrük plombasy barada maglumat, daşaýyş resminamalarynda we üstaşyr deklarasiýasynda görkezilýär.

66. Gümrük plombasy aýrylan we gümrük barlagyny geçirmek üçin Ulaglar hem-de aýry-aýry ýük orunlary açylan ýagdaýlarynda, Topar demir ýol bekediniň işgärleriniň gatnaşmagynda gümrük barlagynyň delilnamasyny düzýär.

Gümrük barlagynyň delilnamasy üç nusgada düzülýär we şunuň ýaly paýlanylýar:

1) birinji nusgasy saklanylmagy üçin gümrük barlagyny geçiren gümrük edarasyna berilýär;

2) ikinji nusgasy demir ýol bekedine berilýär;

3) üçünji nusgasy daşaýyş resminamalarynyň ýanyna goşulýar we niýetlenilen demir ýol bekedine iberilýär.

Ulaga täze plomba Topar we (ýa-da) demir ýol bekedi tarapyndan goýulýar. Täze plomba barada maglumatlaryň görkezilmegi, şu Tertibiň altmyş bäşinji bölegine laýyklykda amala aşyrylýar.

Gümrük edarasynyň ýa-da daşaýjynyň daşaýyş resminamalarynda görkezilen täze plombalary, ýük iberijiniň ýa-da ugradylyş demir ýol bekediniň plombalaryna deňleşdirilýär.


XI bap. Awariýa ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri mahalynda gözegçilik etmek

 

67. Eger harytlar gümrük gözegçiligi astynda daşalýan mahaly Ulaglaryň näsazlygy (awariýa, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri, tehniki sebäpler) sebäpli Ulagy mundan beýläk peýdalanmak mümkin bolmasa, daşaýjy harytlaryň abatlygyny we olaryň ulanylmagyna ýol berilmezligini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görýär, ýakyndaky gümrük edarasyna bu ýagdaýlar, harytlaryň we Ulaglaryň ýerleşýän ýeri hakynda haýal etmän habar berýär, şeýle hem gümrük edarasynyň talaby boýunça harytlary düşürip başga ulag serişdesine ýükleýär we ýakyndaky gümrük edarasynyň ýerleşýän ýerine ýa-da gümrük edarasy tarapyndan görkezilen başga ýere daşamagy üpjün edýär we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda resminamalary resmileşdirýär. Şunda barylmagy bellenilen gümrük edarasynyň ýa-da serhetýaka gümrük edarasynyň gümrük gözegçiliginiň maksatlary üçin, ilkibaşdaky daşaýyş resminamalarynyň ýanyna Umumy görnüşli delilnamanyň ýa-da Täjirçilik delilnamasynyň goşmaça nusgasy goşulýar.

68. Çalt zaýalanýan harytlary mundan beýläk daşamak mümkin bolmadyk ýagdaýynda, daşaýjy bu barada ýakyndaky gümrük edarasyna habar edýär. Gümrük edarasy haýal etmän, daşaýyş resminamalaryň esasynda, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda agzalan harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin çäreleri görýär.

Howply ýükleri mundan beýläk daşamak mümkin bolmadyk ýagdaýynda, onuň netijesinde daşky gurşawa, adamlaryň janyna we saglygyna zyýan ýetirmegiň hakyky howpy abansa, daşaýjy soňundan golaýdaky gümrük edarasyna habar bermek bilen, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda şeýle ýüklere özbaşdak ygtyýarlyk edip biler.


XII bap. Wagonlar bölünip aýrylan ýagdaýynda gözegçilik etmek we ýalňyşlyk bilen iberilen harytlary gaýtaryp bermek

 

69. Bir ýanhat bilen gidýän bir ýa-da birnäçe wagon ýol ugrunda bölünip aýrylan ýagdaýynda, demir ýol bekedi bu barada Umumy görnüşli delilnamany, eger harytlar niýetlenilen ýeri boýunça iberilýän bolsa - iberiş ýol resminamasyny düzýär. Namanyň birinji nusgasy ilkibaşdaky daşaýyş resminamalarynyň ýanyna, ikinji nusgasy iberiş ýol resminamasynyň ýanyna goşulýar we üçünji nusgasy demir ýol bekedinde galýar. Wagonyň bölünip aýrylmagy barada ýanhatda we ýol resminamasynda bellik edilýär.

Serhetýaka demir ýol beketlerinde wagonlaryň iberilýän ugurlary boýunça Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna çykýan mahaly, ýanhatdaky we ýol resminamasyndaky bellikleriň, şeýle hem wagonyň belgisini, esasy ibermäniň belgisini, iberiş ýol resminamasynyň belgisini, Umumy görnüşli delilnamanyň belgisini we gümrük edaralarynyň ýanhatda bar bolan bellikleriniň mazmunyny hökman görkezmek bilen, wagonlar aýrylan demir ýol beketleriň düzen Umumy görnüşli delilnamalarynyň esasynda ilkibaşdaky daşaýyş resminamalary boýunça gelip gowuşmadyk wagonlaryň ýörite hasaby ýöredilýär. Gaýtadan ibermegiň ýanyna goşulan Umumy görnüşli delilnamanyň maglumatlary bilen deňeşdirilip görlen maglumatlaryň esasynda, harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna çykarmak gümrük edarasynyň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar.

Iberiş ýol resminamasynyň ýanynda ilkibaşda wagonlar bölünip aýrylan demir ýol bekedi tarapyndan düzülen Umumy görnüşli delilnama bolmadyk ýa-da şol delilnamada gümrük edaralarynyň bellikleri barada maglumatlar bolmadyk ýagdaýynda, serhetýaka demir ýol bekedi şeýle gaýtadan iberme üçin özüniň Umumy görnüşli delilnamasyny düzýär, oňa harytlaryň ýany bilen gelýän ilkibaşdaky daşaýyş resminamalarynda bar bolan göçürmeleri geçirilýär we ähli resminamalary, harytlary niýetlenilen ýeri boýunça mundan beýläk daşamak baradaky meseläniň çözülmegi üçin, gümrük edarasyna berýär.

70. Daşaýjy tarapyndan resminamalary bolmadyk harytlar ýüze çykarylan we agtaryş işleriniň barşynda daşaýjy tarapyndan olaryň daşary ýurtly ýük alyja degişlidigi anyklanylan ýagdaýynda, daşaýjy:

1) iş zolagynda şol harytlar bolan gümrük edarasyna harytlaryň kime degişlidigi barada habar berýär;

2) gümrük edarasyna harytlaryň kime degişlidigini tassyklaýan agtaryş hat alyşmalaryny, Täjirçilik delilnamasynyň nusgasyny we harytlary ibermek baradaky demir ýol bekediniň ýazmaça arzasyny berýär.

Gümrük edarasy berlen arzanyň we oňa goşulan resminamalaryň esasynda, gümrük kanunçylygynyň bozulmalarynyň alamatlary bolmadyk ýagdaýynda, serhediň üsti bilen geçirilmegi üçin iberiş resminamalarynda ähli zerur bellikleri goýmak bilen, harytlary niýetlenilen ýeri boýunça ibermek barada çözgüt kabul edýär.

71. Ýalňyş iberilen harytlary gaýtaryp bermek, demir ýol bekediniň Ulagyň we konteýneriň belgisi hem-de harytlaryň ady hökman görkezilen ýazmaça ýüz tutmasy esasynda çözgüt kabul eden gümrük edarasynyň rugsady esasynda, daşaýjy tarapyndan amala aşyrylýar.


XIII bap. Ýolagçy otlularynyň gümrük gözegçiligi we gümrük taýdan resmileşdirilmegi

 

72. Ýolagçy otlularynda Ulaglar (lokomotiwler we ýolagçy, goş, poçta wagonlary, wagon-restoranlar, wagon-kafeler), fiziki we ýuridik şahslaryň harytlary gümrük gözegçiliginiň we gümrük taýdan resmileşdirmegiň obýektleri bolup durýar.

73. Ýolagçy otlularynda gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň gümrük gözegçiligi we gümrük taýdan resmileşdirilmegi Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda, Ulaglarda otlularyň durýan ýa-da hereket edýän wagtlarynda, şeýle hem Geçiriş ýeriniň jaýlarynda (barlag jaýlarynda, goşlar we poçta jaýlarynda, ammarlarda we ş.m.) amala aşyrylýar.

74. Goş we poçta wagonlarynda ýany bilen gidilmeýän goşda we poçta ugratmalarynda gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň gümrük gözegçiligi we gümrük taýdan resmileşdirilmegi şu Tertibe laýyklykda, daşaýyş resminamalary boýunça amala aşyrylýar.

75. Ýolagçy wagonlarynda ýany bilen gidilýän goşda gümrük serhedinden geçirilýän hem-de demir ýol ulagynyň işgärlerine degişli bolan harytlaryň gümrük gözegçiligi we gümrük taýdan resmileşdirilmegi, gümrük serhedinden harytlaryň fiziki şahslar tarapyndan geçirilmegi boýunça Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda bellenilen düzgünlere laýyklykda amala aşyrylýar.

76. Wagon-restoranlarda (wagon-kafelerde) ýolagçylara hyzmat etmek üçin niýetlenen harytlar, gümrük serhedinden Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

Harytlaryň ilkibaşdaky gümrük taýdan resmileşdirilmegi, ýük gümrük deklarasiýasynyň resmileşdirilmegi bilen ugradylyş gümrük edarasynda amala aşyrylýar. Ýük gümrük deklarasiýasynyň bir nusgasy, ýol ugrundaky gümrük edaralaryna görkezilmegi üçin wagon-restoranda galýar.

77. Ýolagçy otlusynyň serhetýaka demir ýol bekedinde durýan wagty, gümrük gözegçiligi we gümrük taýdan resmileşdirmek üçin ýeterlikli bolmak ýörelgesi we gümrük edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça, serhetýaka demir ýol bekediniň ýolbaşçysy tarapyndan bellenilýär. Gümrük edaralary bellenilen wagtyň dowamynda otlularyň gümrük gözegçiliginiň we gümrük taýdan resmileşdirilmeginiň amala aşyrylmagy üçin jogapkärçilik çekýärler.

78. Demir ýol ulagynyň işgärleri, gümrük edaralary tarapyndan berlen maglumatlaryň esasynda, öňde duran gümrük gözegçiligi we gümrük taýdan resmileşdirmegiň esasy düzgünleri barada demir ýol menzillerinde we ýolda ýolagçylara habar berýärler.


XIV bap. Jemleýji düzgünler


79. Jenaýat we (ýa-da) administratiw hukuk bozulma edilmeginiň guraly ýa-da jenaýat işi we (ýa-da) administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça maddy subutnamalar hökmünde alnan ýükler, jenaýat işi we (ýa-da) administratiw hukuk bozulma boýunça önümçilik gozgalandan soň, Ulagdan düşürilmäge hem-de gümrük edarasynyň wagtlaýyn saklanylýan ammaryna ýerleşdirilmäge degişlidir. Gümrük edarasynyň wagtlaýyn saklanylýan ammary bolmadyk ýagdaýynda, ol ýükler gümrük gözegçiligi zolagyndaky başga ammarlara ýerleşdirilip bilner.

80. Özleriniň hukuk bozulmany eden pursatynda wezipe borçlaryna Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda hem-de ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegi Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň üstüne ýüklenilen Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda bellenilen talaplary üpjün etmek girýän wezipeli adamlar, gümrük kadalarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik çekýärler.

81. Gümrük edaralarynyň wezipeli adamlarynyň kanuny çözgütleri, hereketleri bilen taraplara ýetirilip bilinjek ýitgileriň öwezi gümrük edaralary tarapyndan dolunmaýar.

82. Ýükleriň gümrük gözegçiligi hem-de gümrük taýdan resmileşdirilmegi bilen bagly şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 16-njy awgustynda 1498 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.